11:52 Ogluma ýazan hatlarym / 7-nji hat | |
7. Salam, eziz perzendim!
Pedagogika we edep-terbiýe
Senden kiçijik hatjagaz aldym, menem saňa şonuň ýaly kiçijik hat bilen jogap berýärin. Sen tranzistor priýomnigini satyn alar ýaly kyrk bäş manat pul soraýarsyň. Hemme studentde diýen ýaly tranzistor bar diýip ýazýarsyň. Gerek zat üçin hiç haçan pul gysganylmaýar, ýöne tranzistor satyn almagy men saňa gös-göni gadagan edýärin. Sebäbi, ine, şu. Tranzistorlar uly iliň keseline öwrülip barýar. Meniň seniň ýanyňa baranym, ikimiziň bagda bolanymyz ýadyňdadyr. Ajaýyp bag göm-gök deňiz ýaly bolup otyr, ýöne onda guş-gumry ýok. Olary tranzistorlar kowup çykarypdyrlar. Gijesi- gündizi diýmän her agajyň aşagyndan uwlaýan, iňňildeýän, üýrýän sesler eşidilýär. Her kimiň tranzistoryny beýlekiňkiden çasly aýtdyrasy, öz tranzistoryny mazamlasy gelýär. Ne ümsümlik, ne-de tebigatyň owazy duýulýar (sen, munuň nämedigini bilýärmiň? Munuň özi ýapraklaryň pyşyrdysydyr. Gün çykyp duran günler agaçlar bir hili owaz edýärler, şemally howa-da bolsa başga hilli seslenýärler, tupandan öňki ümsümlik hem aýdym aýdýar). Basym obada-da kiçijik baglary tranznstorlar eýelärmikä diýýän. Bir gezek bazar güni men tokaýa tebigatyň owazyny diňlemäge gitdim. Otuň üstüne gyşaranymam şoldy welin, jazyň uwwuldysy gulagyma geldi... Sen baýany gowy çalýarsyň ahyryn, näme indi boş wagtlaryň baýan çalasyň gelenokmy? ÝA bolmasa skripka çalmany öwren, sebäbi seniň birgeňsi ukybyň bar. Skripka satyn alda, şony çalmany öwren. Tranzistory bolsa ýatdan çykar. Orta hem uly ýaşly şäher ýaşaýjylary üçin bu kiçijik ýaşijekler gargyş siňen zada öwrüldiler: äpişgäni açjak gümanyň ýok – şobada iňňildili, şagyrdyly sesler gulagyňy kamata getirýär. Tranzistordan iň bolmanynda adamlary sylamak üçin bir ýüz döndermek gerek. Göz önüne getirip gör, bazar güni müňlerçe adam tokaýa, baglara gezelenje çykýar. Eger bar kişide tranzistor bolsa, nähili bolardy? Dynç almaklyk dowzaha öwrülerdi. Beýle özgerişlige öz paýyňy goşmak gerek däl. Meni häzirki ýaşlaryň käbir böleginiň ruhy baýlyklara, aýratyn-da saza alan-aldylykly garaýşy diýseň biynjalyk edýär. Olaryň skripka ýa-da gopuz çalmany, aýdym aýtmany öwrenesleri gelenok. Plýonka ýazylan saz bolsa armanlary ýok. Knopkany basdygyň, saz çalnyp dur, okamak-öwrenmek gerek däl, pikir etmek gerek däl. Beýdip ýörseň, zehiniň kütelenini duýman galarsyň. Tomus gelseň, tebigatyň sazyny, tomsuň güneşli gününiň sazyny, agşam şapagynyň sazyny, ýyldyzly iýul gijesiniň sazyny, ýapraklaryň gaýmalap gaçyşynyň tukat sazyny diňlemege gideris. Hakykatdanam, sen torgaýyň jürrüldisini ýatdan çykaraýdyňmy, siz ony bütin klas bolup diňlemek üçin ekin meýdanyna giderdiňiz? 45 manat iberýärin. Skripka we özbaşdak öwrenilýän kitap satyn al. Ökünmersiň. Eger skripka çalmany öwrenesiň gelmese, ol pula sungat baradaky kitaplary satyn al. «Ukrain sungatynyň taryhynyň» birinji tomuny alyp bilmän galaýma, ol basym çap bolup çykmalydyr. Janyň sag, wagtyň hoş bolsun. Seni bagryma basyp, ogşaýaryn. Kakaň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |