21:53 Oguz türkmenleriniñ harby jemgyýeti | |
OGUZ TÜRKMENLERINIÑ HARBY JEMGYÝETI
Taryhy makalalar
Türkmenler gadymy türki halklardan baş alyp, onuñ ýaýraýşy biziñ eramyzyñ ikkinji asyrlaryndan başlanýar. Olaryñ urug begleri we taýpa serdarlary HAN diýlip atlandyrylypdyr. Han saýlamak däbi örän dabaraly geçirilipdir: urugyñ ýa-da taýpanyñ belli adamlary hanlyga göteriljek adamy keçä salyp, dokuz gezek günüñ daşyndan (oduñ bolmaly) aýlapdyrlar. Soñra ata mündürip, boýnundan ýüp salyp, berk gysypdyrlar. Käwagtam ýüpi azrak goýberip, ondan näçe ýyl han boljagyny sorapdyrlar. Handan soñky birinji adama ÝABGU diýlipdir. Oña şalyk sürýän taýpanyñ agzalaryndan biri saýlanýar. Ýöne ýabgunyñ tagt mirasdary bolmaga hukugy bolmandyr. Mirasdara TEGIN diýilýär. Tegin haýsy wezipede işlese-de, mirasdar bolmaga oña hiç kim päsgelçilik döredip bilmändir. Dolandyrýan oblasty hemişelik bolan şazada ŞAD derejesi dakylypdyr. Ilatyñ beýleki galan bölegi ORDALARA bölünipdir. Ordanyñ ähli düzümi harbylaşdyrylýar. Halkyñ içinden ordada gulluk etmek üçin ýörite adamlar çagyrylýar. Olara BUDUNLAR, ýagny esgerler, komandirlerine bolsa BEGLER diýilýär. Bu sistema ähli türki harby düzümlere giñden ýaýradylypdyr. Ordanyñ goşunlary TOLOS /gündogar/ we TARDUŞ /günbatar/ diýlen iki ganata bölünýär. Umuman alanyñda, ähli türki halklar GUNLAR diýlip atlandyrylýar. Taýpa birlikleri OK, ýagny, OGUZLAR diýlip bellenilýär. VI-VIII asyrlarda türki taýpalaryñ arasynda TEGINLER, ELTEBERLER, TARKANLAR, ŞADLAR, TADUNLAR diýen ýaly atlar giñden ýaýrapdyr. GARAHAN TÜRKMENLERINIÑ ýokary basgançaklaryny Kaganlar, ilkinjiler /il hanlary/ eýeläpdir. Urug-taýpanyñ başynda durana ILBAŞY, aýratyn wekilleri bolsa TAMGA HAN, ARSLAN HAN, ŞARAF EDDIN diýlip atlandyrylypdyr. Ýokary hukugy bolsa BEGLER BEGI /begleriñ öñüne düşüji/, ULUG BEG /begleriñ beýigi/ eýeläpdir. Golastynda dolandyrýan şalygy bar bolana bolsa BOGRA HAN diýlipdir. Syrderýa oguzlarynyñ ýokary häkimine ÝABGU diýip at beripdirler. Özüniñ syýasy we sosial tebigatyna görä, oguz döwletleri has gadymy bolsalar-da, irki feodal gurluşdan daşda bolupdyr. Olarda harby-demokratik gurluşdan ösüp ýetişen jemgyýetçilik institutlary saklanyp galypdyr. Ýabgunyñ hökümeti urug-taýpa serdarlarynyñ maslahatyna daýanypdyr. Döwletde goşuny ähli harby maslahatlara gulak asýan SÝUBAŞI dolandyrypdyr we hökümetde örän wajyp rol oýnapdyr. Bu ady Togrulbegiñ babasy Dukak ibn Seljuk hem göteripdir. XI ㅡ XII asyryñ çeşmelerinde hanlarda we beglerde gullukda bolanlara ㅡ hakyna tutmalara UGUŞLAR, tertip-düzgüne seredýänlere ÝIGITLER, şahsy tabynlygyndakylara HAS ÄRLER, şeýle-de bendilige düşenlere GUL ÄR we GUL KIŞI diýilýändigi ýatlanyp geçilýär. Mundan başga-da GULLAR /harby ýesirler/ bolupdyr. Oguz jemgyýetinden bölünen seljuk türkmenlerinde ÝABGU eýýäm diñe miras hökmünde geçirilipdir. Bu ady Togrulbegiñ daýysy Musa alypdyr. Seljuk imperiýasynda sosial-syýasy köpbasgançaklylygyñ ýokary basgançaklaryny TARHANLAR, BAÝGU, HANLAR, INALLAR, ILEK, BEGLER eýeläpdirler. Erkin obşinaçylara Ärler diýlipdir. Şeýle-de feodal rysarlar /DIKHAN/ diýen gadymy hormatly at hem bolupdyr. Dikhanlara bagyşlanan ýörite däp-dessurlar hem bolupdyr. Seljuk han-begleriniñ ýokary soweti geñeş diýlip atlandyrylýar. Inal mirasdarlarynyñ hossarlary /ATABEGLER/ derejeli harby naçalniklerden bolupdyr. Seljuklarda ýokary ''premýer-ministr'' wezipesini WEZIRLER, şonuñ ýaly-da ATA HOJALAR eýeläpdir. Ata hojalar /jenaplaryñ atasy/ wezirler bilen deñ derejede görlüpdir. Mundan başga-da YNANÇ we SAGUN ýaly horatly we harby atlar bolupdyr. Seljuk türkmenleriniñ häkimleriniñ aýallary HATYN adyny alypdyrlar. Olar köşk durmuşyny dolandyrmakda uly rol oýnapdyr. BOZ OK we ÜÇOK diýlip atlandyrylan iki ganata bölünen ilkinji seljuk goşunlary üýtgeşmelere sezewar bolýar. Şeýlelikde, seljuk soltanlarynyñ /arap ady/ ýokary dolandyryjylarynyñ dru£inaçylary GULAM, ÇAKYR, HOJADAŞ, OGLAN ady bilen hereket edipdir. Adat hukuklarynyñ ýazylmadyk düzgünlerine gözegçilik etmekde we maşgala hem-de taýpa agzalaryny durnuklaşdyrmakda TÖRE uly ähmiýete eýe bolupdyr. Yslam dininiñ öñünde aýratyn tapawutlanan türkmen häkimlerine we harby naçalniklerine ''Saklawyñ we diniñ ýarany'' hem-de ''Diniñ daýanjy'' diýlen derejeler berlipdir. Harbylaşdyrylan türkmen jemgyýeti gulluk etmäge ýaşlaryñ juda köp sanlysyny çekipdir. Olar gündogar häkimleriniñ NÖKERLERI hasap edilipdir. Soñky orta asyrlarda Hywa türkmenleri hemişelik hereket edýän han goşunlarynda /Goşun, sipahi/ we meýletin hereket goşunda /çerik/ gulluk edipdirler. Han derejesi ýörite ÝARLYK, PERMAN bilen bellenipdir. Türkmenlerde HANLAR HANY diýen dereje hem bolupdyr. XVI-XIX asyrlarda barly türkmenleriñ arasynda BEG, HAN, EMIR, BAÝ, ATALYK, IŞIK AGASY, DADHA, PERWANAÇY, KETHUDA, BAŞLYK, WEKIL, BAGŞY, SERDAR, BAHADUR /BATYR/, ALP, PÄLWAN ýaly derejeler has hem ýörgünli bolupdyr. Uly bolmadyk bölümleriñ harby naçalnikleri MÜÑBAŞY, ÝÜZBAŞY, ONBEGI diýlip atlandyrylypdyr. Ruhanylyk babatda-da molla, kazy, işan, sopy, hoja, şyh, hajy, ýaly derejelere bölünipdir. Tarhanlar ýeñilliklerden peýdalanypdyrlar. XVIII-XIX asyrlarda Türkmen jemgyýetiniñ sosial gurluşynyñ esasy formasy oba bolupdyr. Oba esasan birnäçe garyndaş maşgaladan ybaratdyr. Soñabaka diñe maşgala garyndaşlygynda durman, hojalyk gatnaşyklary ㅡ territorial gelip çykyşlar boýunça hem birleşipdirler. Öwez GÜNDOGDYÝEW Taryh ylymlarynyñ kandidaty Esger. 13.11.1997 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |