OL GÜNLER...
Kakasy Artyk bagşynyň frontdan iberen hatyny ömrüni mugallymçylyk kärinde ötürip, bäş-on ýyllykda hormatly dynç alyşa çykan Seýit aga könelen sandygynyň düýbünde ýygşyryp goýupdy. Ony kakasyndan ýadygärlik saklap ýördi. Ýogsam ondan bäri aradan är ömri wagt geçipdi. Bu günki gün bagşynyň adyny göterýän agtygynyň agtyklary hem adam bolup ýetişipdi. Seýit aga wagtal-wagtal gözlerine äýnegini dakynyp, şu günlerem saralyp giden şol hatdaky käbir harplary öçeňkirläp ugran setirlerini öwran-öwran gaýtalap diýen ýaly okaýardy. Ondaky wakalaram, atlary getirilýän adam atlaram, şol döwrüň ýaşaýyş-durmuşam oňa bütinleý tanyşdy. Ýöne indiki össürimler üçin bu haty okamagam, diňlemegem, ondaky sargyt-nesihatlaram edil Seýit aga täsir edişiçe täsir etmeýärdi. Bu haty ele alanda, Seýit mugallymyň çagalygynda başyndan geçirenleri göz atuwyndan kino lentasy ýaly geçip durdy. Uruş döwrüniň açlygyny-ýalaňaçlygyny gözi bilen görüp, egni bilen çeken oglanyň bu zatlar kalbyna ornap, gerdenine hemişelik agyrlyk berip otyrdy. Şonuň üçin bolsa gerek, düýnki baran gelin toýunda bisarpa tutulýan nahardyr çörek böleklerine gözi düşende, beýleki ýaşulular ýaly, olam saklanyp bilmän janygypdy: „Munyňyz bolanok, çöregiň bir owuntyjygyny hem zaýalamaň, bolmanda mallaryňyza, towuklaryňyza eltip beriň, depeletmäň. Çörek özüni harlany sylaýan däldir” diýse-de diýdi welin, ýöne öýe gelensoň, hiç kese syr bildirmän, kemiş-kemiş aglapdy.
Bu gün-ä hiç ýerigem gitmedi, asyl gitmäge meýlem etmedi. Ýogsam, ir bilen ony hem Käbä baryp haç parzyny berjaý edip gelen Aşyraly mollanyň uly ili ýygnap berýän toý sadakasyna çagyryp gidipdiler.
Ol ertirlik namazyny okap bolansoň, howla çykdy. Bu mahal gelni Göwher sygyr sagyp gelýän eken. Ol gaýyn özüne baş egip salam berdi. Seýit aga-da:
- Gurgunmy gelin, aman-sag ördüňizmi?--diýdi.
Gelni hem „Hawa” diýen äheňde başyny yralap deňinden geçiberjek bolanda, Seýit aga ony saklady.
- Öten agşam Guwa ejäniň öýüniň waý-waýy ýatmady-la. Habar tutmaly ekeniňiz. Näme bolupdyr?—diýip sorady.
Göwher bäş ýaşlyja ogly Ýagmyry ýanyna çagyrdy-da, gulagyna pyşyrdady. Ýagmyr ejesinden eşidenini daşyndan gaýtalady:
- Ata, ejem Guwa ejelere gidip geldim diý diýýä. Agtygy hozdan ýykylypdyr, agyrysyna çydaman uwlaýar diý diýýär.
- Döwükmi, çykykmy, doktor çagyrmaly ekenler-dä!
Göwher ýene-de oglunuň gulagyna pyşyrdady. Ýagmyr:
- Ejem ýene-de ataňa, wiý size, doktor gelipdir diý diýýä. Döwülen ýeri ýokmuşyn, çykygyny salypdyr eken diý diýýä.
- Şükür, döwük bolmasa, başgasy bilen oňuşsa bor.
Ol şondan soň öýe girdi, ertirlik edindi. Bu günem sandykdaky ozal üç burç edilip eplenilen, indem eplengi ýerleri gyýym-gyýym bolup saralyp giden hatly kagyzy eline aldy. Gözüne äýnegini dakdy. Hatyň başky hal-ahwal soraşylýan ýerinden soňky jümleleri okady:
“Gülsenem, ur-tut ýola düşmeli boldum. Gördüň-ä, çagalar bilen ine-gana sagbollaşmaga-da maý bermediler. Indem maňa gulak goý. Bilýänsiň, dogry aýak kilwana iki çuwal bugdaý bergimiz bardyr. Men bergili bolup galmaýyn. Ornuna ýeke gulak eşegimizi berip goýber. Ol öňem şony sorap ýördi. Eşegiň gaňňasyny welin alyp galyň. Ol täze ýylda ýük urmaga ýarajak kürresine gerek bor...”.
Seýit mugallym kiçiliginden kakasynyň hatyndaky dograýak diýilýäniniň Meretgeldiň kakasy Annamuhammetdigini bilýärdi. Hatda ýaş-ýeleňleriň köpüsi degirmençiň başga adynyň bardygynam bilenokdy. Annamuhammet ilkinjileriň hatarynda urşa giden meýletinçilerden biridi. Aýagyndan ok degip maýyp bolubam oba gaýdyp gelipdi. Onuň ok degen aýagy gös-göni bolup galypdy, saga-sola eplenmeýärdi. Onsoň ýörände-de şol aýagyny öňe oklap-oklap diýen ýaly ýöremeli bolýardy. Obadaşlarynyň oňa dogry aýak adyny bermekleriniň düýp sebäbi hem şoldy. Munuň üçin Annamuhammet hiç kimden gaty görübem duranokdy, bireýýäm öwrenişibem gidipdi. Ol uruşdan soň köpden bäri işledilmän ulanyşdan galan köne degirmeni ýöredip başlapdy. Bereketem tapdy. Ol obanyň sarpalanýan adamsy bolup, bu günki gün onuň gol doly maşgalasy bardy.
Ol hatyň yzyny okamaga durdy: „Ýadyňdamy, Selbi ejä-de indi köp wagtlardan bäri buşluk üçin bir kişilik keteni bergiň bardy. Ýatakdaky toklyny geçen ýerine satyň-da, puluň ujundan oňa hem bir ketenilik mata alyp berjek bol. Şeýtmeseňiz, menem bu ýerde ynjalman. Size-de alla ýetir. Çagalary hor etmejek bol. Ýene bir zady bek belle, mellekde biten ir-iýmişleri öňkilerimiz ýaly, zaýalaman ýygnaň. „Ýazyň ýuwundysy gyşa gatykdyr”, olaryň gerekmejegi bolmaz. Igdäniň unuň ornuny tutjagy ikuçsyzdyr. Senem öňki tabşyryşym ýaly, erik kişdesiniň gaýnadylan suwundan ertirlerine ajöze içiber, ýürek agyryňa peýdasy deger. Gyşyň aladasyny ýaz etmelidir. Özüňden artygyny goňşy-golamlaň çagalaryna,ýetim-ýesirlere paýlaň, sogap bolar. Indi nägehan urşam uzak gidip durmaz. Duşman barha yza çekilýär. Ähli zat allanyň yradasy bilen bolýandyr. Perwerdigär ýol berse, enşalla, ýakyn wagtlarda gana suwsan paşist leşgerlerini derbi¬dagyn ederis. Öýlerini başyna ýumrarys, ýurdunda ýumurtga togalabermeli ederis. Guşuň gözünden urýan Tüşi mergenem, goňşy obaly meşhur awçy Durdy Gajar-da, göreşde tutuş Ahaly baglan Ökge pälwanam şu ýerde. Haýynlar bizden rehim-şepagada garaşmasynlar. Üç gerçek üç ýerden öňümizden çykan duşmanyň ýon damaryndan tutaga-da, baý bagyrtmak bagyrdatýandyrys-ow!...”.
Hatyň şu ýerini ilkinji gezek okanda: ”Nejislere geregem şol. Guwa ýeňňäniň ýeke oglunam şolar öldüripdir” diýip, Seýit aga kakasy bilen ýüzbe-ýüz durup gürleşýän ýaly, ýumrugyny mäkämden-mäkäm gysyp, basybalyjy haýynlara zemzen haýbatyny urupdy. Şonuň üçinem ol her agşam, her gündiz şol aýylganç döwre dolanyp barýardy. Asla o günler hakydasyndan çykmaýardy.
***
Şol günem „Akjagül ejäniň ogly gelipdir!“ diýen habar uruşdan ýaňa lagar düşen uly oba ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Obanyň garry-gurtusy diýmän, maýyby-müjrübi diýmän, ýerden ýöräni Akjagül ejelere eňdi. Akjagül eje obanyň gündogar çetinde suwagy ýykylyşyp ugran pessejik jaýda ýeke özi ýaşaýardy. Onuň kiçiräjik howlusy bardy. Ýöne bir özüniň girip-çykýan bu howlysynyň içi bitertipdi, içgysdyryjydy, ulanyşdan galan arabaň döwük tigirleridir eşek gaňňasam, ýüp örülýän çarhydyr soky daşam her ýerde, her ýerde çalam-çaş bolup ýatyrdy. Akjagül ejäniň uruşdan ozal çarwalykda dowar sagyp, ýaýyk ýaýan tulumy hem gatan gurbaga ýaly, gözgyny halda, guran armyt agajynyň çöňňelen pudagynda asyl-asyl bolup durdy.“Ynha, oglum geler, özüne täze jaýam gurunar, howlynam tertibe salar“ diýýärdi. Şonuň üçinem ol howlyň hiç bir zadyna el degirmezdi.
Seýit bilen jigisi Bossan dagylar bu ýere ylgaşlap baranlarynda, howlyň içi-daşy eýýäm aýal-ebtatdyr oglan-uşakdan, garry-gurtulardan dolupdy.
Nowruzhan esger eşigindedi. Bir aýagyny öňe uzadyp, ortada otyrdy, gapdalynda-da diwara söýelgi duran iki sany pişegi bardy. Hemmeler onuň üstüne ary çozan ýaly çozupdy. Her dürli sowallar bilenem onuň üstüni gömüpdiler.
„Akjagül eje, gözüňiz aýdyň. Ogluňyz gelipdir!“.„Gözüňiz aýdyň-da, gözüňiz aýdyň! Ýarym-ýaş bolup, gözlerin gyňajynyň ujy bilen süpürýän Akjagül eje-de:
- Sag boluň, taňryýalkasyn, hemme gidenlerem aman-sag gelsinler—diýip, ýetişibildiginden olara jogap berýärdi.
- Nowruzhan daýy, garry enem baryp gaýt, kakaňy görmedimikä diýýä, diýip aňrybaşdan bir oglanjyk gygyrdy.
--Nowruzhan jan, oglum, Döwlet jan bilen bir günde gidipdiňiž, ondan welin hat-habar ýok.
- Daýy, haçan uruş gutarar?
- Polat kakama ýüň jorap iberipdim, gowuşdymyka?
Nowruzhan bu sowallara jogap bermedi, asyl jogap bererden ejiz gelýärdi. Gözlerinde peýda bolan düwme-düwme gözýaşlaryny töwerekdäkilerden üçürdiklejek bolup çalyşdy. Bokurdagy dykyn alyp birbada gepläp bilmedi.
- Nowruzhan daýy, Nowruzhan daýy meniň kakam haçan geler?—diýip, Seýit Nowruzhana has golaý süýşdi.
Nowruzhan alkymynda özüne naýynjar bakyp duran hortaň oglanjygyň baýyny sypady. Soňam:
- Köşek, men seni tanamadym—diýdi.
- Bi Artyk bagşynyň dogmasy, Seýit. Bagşyny ikinji gezek fronta ugradanymyza bir ýyl dagy boluberendir. Hat gelmesem kesildi duruberdi—diýip, häliden bäri mähelläň aňry çetinde palçyk sekiniň üstünde aýagyny gyşardybyrak oturan Gojaly agsak gürrüňe goşuldy.
Nowruzhan birneme demini dürsedi-de, pessaýlap gepledi.
- Biz bu ýerden, oglanlar bolup toparlanyşyp ugranam bolsak, aňyrda aýry-aýry bölümlere bölüp, herimizi bir ýerik ugratdylar. Üç ýyllap oduň içinde boldum, soňky ýarym ýylymy bolsa keselhanalarda geçirdim. Şu döwürde ynanyň, ýekeje obadaşyma-da duşmadym. Artyk bagşa welin duşdum. Çep golundan ýeňil ýaralanan eken. Doly gutulyp, ýene-de biziň bilen sagbollaşyp fronta gitdi. Onuň aňyrda-da şol bir wäşiligi, degişgenligi. Bir gep tapyp, gülmejegem güldürerdi. Şol gezegem bizi: „Doly eke atly bir obadaşymyz bar, aýak üstünde-de, ýöräp barýarka-da, hemişe mürgüläp, irkilip barýandyr. Ony urşa alsalar işiň gaýtdygy biläýiň, ýany bilen ýörite bir adam gitmese bolmaz. Ýogsam, ol bir ýerde uklap galar. Ol ukladygy işler pyrryk, gulagynyň düýbünde top atylsa-da oýanjak gümany ýok, duranja bir Arap Reýhanyň bar-da!“ diýip güldürdi.
Onuň aýtmagyna görä, söweşde artillerist esgerleriniň görkezen aýratyn batyrgaýlygy üçin olaryň hersini bir aý möhlet bilen öýlerine görme-görşe ugradypdyrlar. Şeýdibem obada bolup gidipdir. Obamyzyň halys çolaryp galandygyny, näçe adamdam öldi hatynyň gelendigini, çagajyklaryň bir garny aç, bir garny dok, tamdyrdyr ojaklarda çörek bişirilmän, möýleň kerepleriniň goş basyp ýatan kürenlerine öwrülendiginem Artyk bagşydan eşitdim.
--Hawa, hawa, oglum, Artyk bagşy dogry aýdypdyr —diýip, Gojaly agsak onuň gürrüňini tassyklady.—Ähli aýdanlary dogrudyr. Saňa bir wakany gürrüň berýin. Öňki ýyl atam pahyr dünýäden gaýdansoň, onuň belli gününe degsin edeýin diýip bäş-üç adam çagyrmakçy boldum. Bir toklyny soýup nahar atarmakçydyk. Görsek, duz haltada duz ýok. Öýme-öý aýlandyk. “Özüňde bolmadyk, älemde ýok” diýleni. Men beýle bolar öýdüp asla pikir etmesem näme.
“Togsan dürli tagam bolsa gaşyňda,
Ne lezzet içinde duz hem bolmasa” diýip,
Magtymguly atamyzam örän jaýdar belläpdir. Ynan, oglum, on-on bäş öýli bolup oturýan tutuş obamyzda nahara atarlyk bir çümmük duz tapylmady. Henizem uly iliň göbek enesi Sapar mama alnymyzdan diräýdi, o dünýäsi bolsun pahyryň. Uruşdan ýeňiş bilen gaýdyp geljek oglunyň geler gününde nahar atarmaly bor öýdüp bir käseçe duzy ýygnapjyk goýan eken. Gysganman baryny berdi görgüli. Şonda uly oba oňa alkyş aýtdy. Ýalňyz oglunyň ýowdan aman-sag gaýdyp gelmegini diledi. “Uruş meň çak edişimdem uzaga çekdi, balalarym. Oglum dolanyp gelýänçä, belki duzam köpeler. Al, sadakaňy sow!” diýdi. Wah, ýatan ýeri ýagty bolsun. Soňky demine çenli garaşyk etdi, gözlerini gapa diken pahyr nury öçeňkirläp, ýagty jahan bilen müdimilik hoşlaşyp barýan nazaryny gapa dikip ýatdy. Ahyrynda-da: „Eje jan, men geldim!” diýip, işikden ätlejek perzendiniň ýoluna garap gözlerini ýumdy. Wah, “Dereksiz ýitdi” ogly aman-sag gaýdyp geldem-le welin, onuň özi görmän gitdi-dä!
Indi-indiler-ä nahar duzy dükanlara-da gelip ugrady. Ýogsam, baran adama, Jebeliň gaýrasynda depe-depe bolubam ýatyrdy-la. “Gedaýçylyga-da gurp gerek” diýilýäni, aramyzda şoňa-da baryp gelere ýarajak adam tapylmady.
Ara böwşeňlik düşdi. Ony ýene-de Gojaly agsagyň özi bozdy.
- Seniň Artyk bagşy diýýäniň uruşdan öňem daýhan adamdy. Çeşme suwunyň oba bakan akyp gidýän ugruny özleşdirip, ol ýerde onlarça üzüm nahallaryny oturtmaga ýaltanmady. Bir günem gelinbarmakdyr kişmiş üzümleri bolsady ekilen ýaly hasyla durdy. Artyk bagşy şonda ýaltanman-ýadaman, şol üzümlerden öýme-öý hojalyklara paýlap, il-günüň sagbolsunlaryny, alkyşlaryny aldy. Ol obadaşlarynyň, il-günüň aladasy bilen ýaşady.
Kiçijikliginden aýdym aýtmaga höwesekdi. Ýetginjek mahallarynda belent daglaryň başyna çykyp, joşup aýdym aýdan mahalynda, onuň sesini biziň Çukurýurt obamyzda eşidip oturmalydy. Özi-de köplenç çynaryň kölgesinde oturyp ir ertirden tä iňrik garalýança, aýdyma zowladar durardy. Bagşynyň bilbil owazly sesi bardy, şonuň üçin „Ol aýdym aýdanda, bagdaky bilbiller birhowa saýramasyny goýup, onuň üýtgeşik owazyna maýyl bolup oturarmyşyn“ diýerdiler. Bagşy soňky gezek gidende ýany bilen dutaryny hem alyp gitdi.
- Hawa, Gojaly aga, menem şony diýjekdim. Ol keselhanada ýatan esgerleriň öňünde gazma dutaryny ýaňlandyryp: ”Maral zeýrendi”, “Galdy arkaç, Aýnam“, „Neýläýin“, „Saba boldy“, „Ýar gyrmyzy geýinipdir“, „Sen-sen“, „Tä men gelinçäm“, „Garry gadyrdany salma gözüňden“, “Dostmämmet“ atly aýdymlaryny hem uly joşgun bilen aýdyp, hezil berdi.Obama aýlanyp giden ýaly boldum.
-- Bagşyň ikilenç oba gelşem üýtgeşik boldy. Il-günüň agyr gerdeninden musallat bolup ýagan şol aýylganç urşuň iň bir haý-haýly günleriniň birinde fronta giden Artyk bagşynyň oba gaýdyp gelmegi bulutsyz gün ýyldyrym çakana döndi. Ony görüp, her kes özüçe pikir ýüwürtdi. Dogrusy, „Ýaşlyk edip gaçyp gaýdan bolaýmasa-da biridir?“, „El-aýagam sag, görnüp duran ýarasam ýok“, „Diýseňem-ä bu işiň içinde bir iş bar“ diýip pikir edenem boldy. Görüp otursak, bu düýbünden başga ekeni.Biz muny bagşynyň öz agzyndan eşitdik.
Bir günem rugsada gelen Artyk bagşyny idäp merkezden bir adam geldi. Ol ýurduň bagşy-sazandalardan düzülýän türkmen artistleriniň göçme toparynyň düzülýändigini, munuň üçin Artyk bagşyny ýörite gözläp gelenligini aýtdy.“Tüweleme, örän ýakymly, şirinden labyzly owazyň bar. Özüň ýaly bagşy-sazandalar bize näçe diýseň gerek. Bizde häzir her bir bagşy-sazanda hasapda dur. Senem bize goşul. Döwletiň bize tabşyran işem örän jogapkärli. Öňinçä özüň bilen bir maslahatlaşaýyn diýdim. Göwneseň bolany, topar ýolbaşçymyz bilen gürleşmek meň bilen. Gaýdyp eliňe ýarag almaly bolmarsyň. Esgerleň ruhuny götermek üçin ählimiz bir adam ýaly güýç-gaýratymyzy gaýgyrman işläris“ diýdi.
Artyk bagşy welin ol adamyň teklibini makul bilmedi. “Men söweşjeň türkmen ýigitlerime, harby serkerdelerime dutarym bilen gelerin, siziň öňüňizde aýdym-saz hem edip bererin diýip söz berdim. Men olara ikilik edip bilmen, lebzimde duraryn. Olaryň gözleri ýolumdadyr, olary kyn günlerinde ýeke taşlap bilmerin. Tüweleme, olaryň ählisem mert, başlary belent, ruhlary beýik ýigitler. Söweşe gitmeli bolnanda-da, toýa gidýän ýaly, bezenip-beslenip gidýärler. Watany eliňe ýarag alyp goramakdan mukaddes zat bolup bilmez. Onsoňam uruşda bir adam, bir adam ahyryn. „Ýatanyň üstüne turan gelmesin“ diýýändir, türkmen aga. Özleri geldimi, özlerem almytlaryny almaly bolar. Biz o nejislere göz görkezmeli. Olaryň iň soňky leşgerine çenli ýurdumyzdan kowup, öz sürenlerine dykmasak,ýüregimiz ynjalmaz“ diýdi.
--Ine, oglum, seniň şular ýaly gerçek, watansöýer, namysjaň kakaň bar -- diýip, Seýdiň tahýalyja başyny sypalan Gojaly agsak bagşy bilen baglanyşykly gürrüňini ýene-de dowam etdirdi.— Bagşyny ikilenç fronta ugratmak üçin ähli dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary, obaň uly-kiçisi bolup onuň öýüne ýygnandyk.Şonda bagşynyü gujagynda bäş ýaşlyja ýegeni Döwletgeldijik hem bardy. Ol daýysynyň dyzynda oturan ýerinden dutaryň sapyna ýapyşyp, ony goýbermän birsyhly çekeläp otyrdy. Muňa gözi düşen Artyk bagşy onuň tahýaly başyny sypady. Soňam: „Meň düşbüje ýegenjigim. Seniňem bagşy bolasyň gelýärmi? Sabyr et, gaýdyp geldigim, söz berýän, saňa saz çalyp, aýdym aýtmagy özüm öwrederin“ diýdi-de, onuň ýaňaklaryndan taýly gezek ogşady.
- Maňa-da „Gam çekme, ynha oba bararsyň, seni obaň iň gözel gyzlarynyň birine öýärler. Gol doly çagaňyz bolar. Sen bagtly ata borsuň“ diýen Artyk bagşy boldy. A men bolsam: „Meniň ýaly bir aýagy dyzyndan ýok adama kim barar?!“ diýdim. Şonda näme diýdi diýseňizläň: „Obada erkek göbekli galan däldir. Bardygyň, töweregiň gyzyl-çyzyldan dolar. Saýlap seçeniň özüňki bor“ diýip, göwnümi göterdi.
--Dogry aýdypdyr, oba-kentlerde kileň aýal-ebtat, ýaş-ýeleň, garry-gurty adamlar galdy diýmeseň, eli tüpeň tutanlar Watan goragyna gitdi. Kimsi çagyrylypdy, kimsi meýletin gitdi. Maýyp-müjrüp bolup, ýaralanyp gaýdyp gelenler hem obada gol gowşuryp oturanok. Güýçleriniň ýetdiginden kolhoz işlerine kömek berýärler. Biziň gelin-gyzlarymyzy durmuş garratdy, indi oraga-da olar gidýär, gazy gazmalam bolsa şolar, guýy gazmalam bolsa. Görgüliler özleriniň zenan maşgaladyklaryny hem unutdylar. Olaryň arasynda uzakly gün işden surnugyp, agşamlaryna çagalara sapak öwredýänlerem bar. Maňa-da sen ýaşuly adam oturyber diýýärler. Şükür, sekiz onluga girsem-de, men henizler eprut garry däl ahyryn, aňym-huşum ýerinde, güýjüm-gaýratym barka men gyrada oturyp bilmen diýýän. Garradym diýip artyk endişelemäň peýdasy ýok, müň gaýgy bir iş bitirmez diýýän.Birküç gün dem-dynç al, saňa-da laýyk bir iş taparys. Belki dükanyň hasap-hesibini ýöredersiň.
--Sag boluň, Gojaly aga! Ýene-de azajyk tagapyl ediň, uruş basym gutarar. Kyn günler yzda galdy. Duşman günsaýyn, sagatsaýyn barha yza çekilýär. Diňe bir yza çekilmegem däl, biziň zarbymyza çydaman, topar-topar bolup, ýesir düşübem başladylar. Enşalla, Watan üçin şehit bolanlarymyzyň ruhy nur içinde ýaşar. Lap edip aýtdygym däl, az galdy, örän az galdy. Esasy zat, ruhdan düşmeli däl. Urşa giden kakalarymyz, doganlarymyz, ogullarymyz basym gaýdyp gelerler, özlerem ýeňiş bilen gelerler!Ýene-de asuda, parahat, bol-elin durmuşda el-ele berip ýaşarys.
Nowruzhanyň bu sözlerinden soň sowal bermäge milt eden bolmady. Her kes sesini çykarman otyrdy.
Gojaly agsak ýerinden turmak üçin hasasyna söýendi.
--Duruň, duruň, adamlar, öýmüzden agzy gury çykmaň!—Akajgül eje oturanlaryň uludan-kiçisine bir gysym igde paýlap çykdy.—Alyň, alyň, hemmäňize-de ýeter.
Ilkinji bolup bir gysym igde alan alty-ýedi ýaşlaryndaky egni ýamaly köýneklije, baş açyk, aýak ýalaňaç, ýüz-gözüne tudanaň garasy çyrşalan bir gyzjagaz sen-men ýok, howlydan çykdy-da, hemmeden öň öýlerine bakan waz ýasady. Özi-de sesiniň ýetdiginden: “Eje, eje, urşa gidenler ýeňiş bilen gelýärler diýýär! Ura! Kakamyň getiren ýeňşini hiç kime bermerin, ony men, özüm aljak!”—diýip, ylgaşlap gitdi.
Şo pille-de Bekiniň goşa ýabyly arabasy howlyň deňinde saklandy. Arabakeş arabadan aýaklary düýrülgi bir maşal goýny göterip diýen ýaly ýere düşürdi. Yzýany bilenem ýarym bogdak çemesi bugdaýly haltany getirip howlyň iç ýüzünde, daşa diräp goýdy.Soňam:
- Akjagül eje, ynha, bu zatlary size kolhoz başlygy Petde aga ugratdy. Özem derhal toýa başlasynlar diýdi—diýip gygyrdy.
Bu habara aňka-taňka bolan Akjagül eje eli igdeli ylgaşlap köçä çykdy. Ýöne arabakeş eýýäm bu ýerden ugrapdy. Şonuň üçinem: „Bizi sylany alla sylasyn“ diýip, uzak wagtlap onuň yzyndan garap galdy.
--Adamlar!—Goçgar agsak töwereginde oturanlara garap, olaryň hersine bir ýumuş tabşyrmak bilen boldy: --Süleýman, Meret hany siz howla esewan boluň. Ortada çaşyp ýatan zat bolmasyn, tämizläň, ojagy dikeldiň. Aýnabat, Gurbangözel, Bossan gyzym, sizem içerini-daşaryny syryň-süpüriň, arassalaň. Seýit jan, oglum, senem kyn görme-de, bugdaýy eşege ýükläp bereli, degirmene göter. Degirmen işläp durandyr. Dogry aýak daýyňa-da aýt, Akjagül ejäniň ogly gelipdir diý. Toý edýäs diý. Uny binobat üwäp bersin diýdi diý. Gelinler çörek bişirmeli bor. Janlynam soýmaly. Boluň, boluň-a, durmaň, haýdaň. Menem Dostaly bagşy bilen gürleşeýin. Goý, olam gelip birki heň gaçyryp bersin. Toýuň toý şekilli bolsa ýagşy!
Oglanlar derhal işe girişdi. Her kes özüne tabşyrylan işe ýapyşdy. Bu işlere başga adamlaram goşuldy. Sähel salymda howlyň içi-daşy birkemsiz süpürilip tämizlendi. Şol gün Akjagül ejäniň darajyk howlusy öňküsinden has giňän ýaly boldy.
Hekaýalar