18:46 Öli gyzjagaz | |
ÖLI GYZJAGAZ
Goşgular
Açyñ gapyñyzy, gapy kakýan men. "Men" diýýänim bu dünýäden giden gyz. Agtarmañ, gözüñiz saýgarmaz meni, ölenleri gören adam ýok heniz. Meniñ ölen ýerim Hirosimadyr. Ýyllar geçýär, emma gözlerim ýaşly. Ýedi ýaşymdadym, şindem ýedimde, köpelmeýär ölen çaganyñ ýaşy. Ilki saçym köýdi, soñ gözüm çürşdi, ot gübürdän wagty gögüñ ýüzünde. Küle öwrüläýdim, tozap ýörün men, Tozap ýörün dünýäniñ dag-düzünde. Maña çörek, tüwi ýa gant gerek däl, Küle öwrülen gyz iýmit iýermi? Ine, şu jarnama her kim gol çeksin, ýangyndan saklamak üçin ýerini. Jarnama gol çekiñ, ähli adamlar! Indi hiç bir çaga ýanmasyn otda. Gol çekiñ, çagalar bagtly bolsunlar, çagalar çörek däl, iýsinler gant-da. 1956 ý. Nazym HIKMET. Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |