14:32 Ömür beýany | |
ÖMÜR BEÝANY
Pedagogika we edep-terbiýe
Däli dünýä ýañ salyp, adam jahana inýär. Azan aýdylyp, at dakylýar. Emedekleýär. Ýörjen-ýörjen bolup, ençeme gezek ýykylyp-sürüşýär. Aýak üstüne galýar. Gadam urup başlaýar. Muña çaga begenýär, ene-atasyna guwanýar. "Iki aýakly - iki günde" diýip, pederleriñ pähimli sözüni öwran-öwran gaýtalaýar. Ýuwaş-ýuwaşdan ýalançy dünýe adamzada barha gözel görnüp, albaý bulap, aldap gaçarmyş. Adam "häli ýetdim, şindi ýetdim" diýip, ony ýadaman-ýaltanman, ýel ýaly kowalarmyş. Emma bu dünýäniñ alyna aldananyny adam pahyr ýany ýere ýetende bilýär. Hawa-da ýalançy dünýä! Zelili şahyryñ: Bir owadan gyza meñzäp, Näz bilen aldady meni" - - diýşi ýaly, baş bulaýan bolarly. Hernä, bolsa-da, sazlaşykly dünýede ýaşamakdan gyzykly zat ýok. Her bir ynsan ýetmişi arka atyp, segseni sermäp başlanda yzynda galan ömür ýoluna ser salýan bolsa gerek. Bende durmuşyñ muşakgatly ýyllaryny, begençli günlerini ýatlaýar. Ol haýsy gylyk-häsiýetiñ jan saglygyna zeper ýetirip, ömür tanapyna gylyç syrýandygyna çenli ýetikdir. Ýalñyz baş her dürli duýgulardan hyryn-dykyn doludyr. Ýöntemrägem bolsa, hakykaty ýatlalyñ. Adam pahyr añyrsyndan bärsiniñ ýakyndygyny añynda aýlaýar. Allatagalanyñ jany amanat berendigine düşünýär. Sanalgysy dolan pursady amanady tabşyrmalydygyna boýun bolýar. Şa ýa geda bol, baý ýa garyp bol, parhy bolmaz, ajaldan gutuljak gümanyñ ýokdur. Bu Allatagalanyñ ynsanlara deñ garaýandygynyñ alamatydyr. Pany dünýäniñ ynsanyñ başyna inderen sazlaşykly oýnunyñ çetini añladyk edeliñ. Aýdyljak bolunýan oýlanmalaryñ süýr depesine çykalyñ. Ol hem adamyñ ömür beýanydyr. Ýagty jahana indiñmi, yzyñda yz galdyrmagy arzuw edip, ony kalbyñ töründe mäkäm ornaşdyryp, ýüregiñ başyna doga edip dakynsañ, özüñden at-da galar, abraý-da. Ozallar keramatly ahunlar ýigrimi ýyldan agarak talyp bolup, arap-pars elipbiýinden başlap, "Rownak", "Mugtasar" ýaly kitaplary çykypdyrlar. Keremli Kurana doly amal edipdirler. Pirlerden pata alypdyrlar. Pirler boljagy-geljegi öñünden bilýän weliler bolupdyrlar. Olardan çykýan ahundyr sopularyñ bihaly bolmandyr. "Pire gol ýapan sopy" diýilmegi-de ýöne ýere ýerden däl bolsa gerek. Ol ahundyr sopulardan yz hem galdy, at hem. Olaryñ ömür beýany ýazgylarsa ýatlanylýar. Günbatar türkmenlerde ene topraga duwlanyp ýatan keramatly ahunlaryñ ençemesi bar. Olardan Gara ahun, Hakberdi ahun, Arazguly ahun, Mäter ahun, Elýas ahun ýalylaryñ ençemesini ýatlasa bolar. "Keramatly ahunlar kim üçin ýaşapdyrlar? Kim üçin göz köklerine agram salypdyrlar?" diýen soraglary öñümizde keserdip goýsak, ömür beýanynyñ many-mazmunyna dogry düşünsek gerek. Elbetde, ahunlar il-gün üçin ýaşadylar. Ömürlerini yslam dinimw bagyş etdiler. Hüjrelerde talyplara tälim berdiler, hakyky mollalary ýetişdirdiler, olara pata berdiler. Ahundyr mollalar il-günüñ ölüsini-dirisini gowşurdylar. Hata bolanlaryñ ýas düşeginde ýedisi geçýänçä, Keremli Kuranyñ sürelerini öwran-öwran çykdylar. Gamgyn göwünlere hemaýat berdiler. Öwüt-nesihaty giñden ýaýdylar. Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soñ, keramatly, çagyrsañ ýetişikli öwlüýäleriñ başladynda salnan metjitler barmak büküp sanardan agdykdyr. Metjit Allatagalanyñ ýerdäki öýi hasaplanýar. Şeýle metjitler bilen bir hatarda keramatly ahunlaryñ hatyrasyna salnam metjitler-de azlyk edenok. Biziñ ýurdumuzyñ köp ýerlerinde metjitler jemgyýetçilik edaralary, daýhan birleşikleri, haýyr-sahawatçylygy niýet edýän barjamly adamlar tarapyndan salyndy we salynýar. "Ölüsini sylan baý bolar, dirisini sylan beg bolar" diýen pähimi ýüreginde beslän aga-iniler birigip, bu işden çetde galmadylar. Olaryñ ady mydamalyk il arasynda galar, geljek döwürlerde-de ýatlanar ýörer. Manyly ömrüñ beýany hasaplanar. Balkanda baýlar köp. Muna il-gün begenýär. Olaryñ ýaşaýan obalaryndaky, şäherlerindäki ýetim-ýesirlere, garyp-gasarlara delalatlary degýär. Ýeter-ýetmezlikde ogul öýerip, gyz çykarjaklara, aýralyk oduny çekýänlere bereketli ellerini uzadýarlar. Çagalar öýlerine hemaýat berýärler. Bedew baýramçylygynda öz hasabyna ummasyz köp harç edip, toý-sadakasyny uludan tutul, abraýly at çapyşygyny geçirýän baý-da bar. Ýöne olar welaýatda öten-geçwn ahunlaryñ hatyrasyna metjit saldyrmakda has-da ileri dursalar, ömür beýanyna sogaply sözleri ýazardylar. Gyzylarbat etrabynyñ Paraw obasynda ýaşap geçen Arazguly ahun bilen Mäter ahuna duldegşir edip, parawlylar öñräkler iki hüjräni çig kerpiçden salypdylar. Ol hüjreleriñ diwarlary häli-bu güne çenli somalyşyp dur. Balkandaky baýlar güýç birikdirip, Paraw obasyna iki metjit saldyrsalar, abraýlary agyzdan-agza geçip, at gazanardylar. Olaryñ ömür beýanlary ýyllary agdaryp, asyrlara ýeterdi, ýalançyda yzlary galardy. Biz ajaýyp döwürde ýaşaýarys. Munuñ gadyr-gymmatyny ölçemäge ölçeg, aýtmaga söz ýeter ýaly däl. Gadymdan gelýän türkmeniñ ýörelgelerine, däp-dessurlaryna, yrymlaryna, pähim-paýhasyna giñ ýol açyldy. Ol ýol aýdyñ ak ýoldur. Halal zähmetiñ bilen baýabermeli. Mal-garadan salgyt alynmaýar. Ýöne biz şu ýerse pitre, zekat ýaly parzlarymyz barada unutmaly däldiris. Baş pitre barada gürrüñ ýok. Aýallar adamsynyñ gazanjyndan Kompartiýanyñ deminiñ dag ýarýan ýyllarynda-da ýylba-ýyl sypdyrman pitrelerini berdiler. Ýöne adamlar maldan zekat bermegi unutmaga golaýladylar. Başga ýerlerde nähilidigini bilemok welin, biziñ welaýatymyzda maldan zekat berýänlerden bermeýänleri agdyklyk edýärmikä diýýärin. Türkmen iliniñ arasynda "Baý-da baýa berer, Hudaý-da baýa" diýen bir söz bar. Şahsy pikirime görä, "Ýetim-ýesirlere, garyp-gasarlara degerli kömek bersin" diýip, Hudaý baýlara mal-gara, baýlyk joşýan bolsa gerek. Şonuñ üçin mal-garadan, gyzyl-kümüşden edilen sep-şaýlardan, haly-palasdan hüşür-zekat bermeklik borç hasap edilipdir. Maldan zekat bermek pygamber döwründen başlanypdyr. Şonuñ üçinem biziñ her birimiz zekat ýaly parzymyzy unutmaly däldiris. Adam ýaşaýar. Onuñ geçen menzili gitdigiçe uzaýar. Şol menzili il-güne edilen sahawatly işler bilen bezemek ynsan durmuşynda iñ bir arzyly maksat bolup durýar. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|