Oňatlyga eltýän ýol
Men onuň bilen eýýäm gör näçinji gezek duşuşýardym. Ikiçäklikdäki beýle duşuşyklar köplenç garaşylmadyk ýagdaýda bolup geçýärdi.
Öňler onuň keşbi göze ýakymlydy. Şonuň üçinem oňa kesesinden guwanardym. Onuň öz nuranalygyny saklamagyna mümkingadar ýardam bererdim. Ol hem maňa hoşamaýlyk ederdi. Islendik halatda ýüz tutsam, başyna baran işimiň bähbitli hem müşgil taraplary babatda saýhally maslahatlar bererdi.
Bu arkalaşykly gatnaşyk meniň durmuşda öz ornumy tapmak üçin edýän birgiden aladalarymyň, arzuw-isleglerimiň amala aşmagyna her näme-de bolsa goltgudy. Elbetde, men oňa ähli babatda geňeşibem duramokdym. Ýa-da bolmasa onuň maňa öwüdini elmydama berjaý etmegi-de hökmanlyk hasaplamokdym.
Käbir tutumlarymy ol oňlanokdy. Şonda menden bimakul işim üçin berk hasabat soraýardy. Men «Nätjek-dä, şeýle ýagdaý boldy...» diýip oňýardym. Ol çytylýardy. Meniň etmişime gynanmakdan ýaňa sussupeslige düşýärdi. «Indikide beýtmejek bol» diýip öwüt berýärdi. «Men seniň oňat adam bolmagyňy isleýärin» diýýärdi.
Onuň oňat adam bolmak babatdaky ülňüsi meniň ýadymdady: mertlik, halallyk, söze ygrarlylyk, belent mertebelilik, salyhatlylyk we şuňa meňzeş gowy häsiýetler.
Ikimiziň aramyzdaky bu mähirli gatnaşyga begenýärdim. Tanyş-bilişlerim biz babatda gürrüň edenlerinde onuň päkdigini agzaýardylar. Bu maňa hoş ýaraýardy.
Şeýdip durmuş dowam edýärdi. Soňabaka ol menden hasabat soramasyny ýygjamlatdy. Muňa meniň özümi salyhatsyz alyp barmagym, bähbit aramagym, aldawçylyga ýüz urmagym, halallykdan daş düşmegim, ýeneki bimakul işler etmegim, häsiýetimde dörän ýakymsyzlyklar sebäp bolýardy.
Onuň oňat adam bolmak babatdaky ülňüsi elbetde ýadymdady. Ol ülňini entek çagalyk ýyllarymdan başlap enem-atam hem gulagyma guýupdy. Şeýle-de bolsa, säwlik goýberýärdim. Şonda ol meni juda utandyrýardy. Adamçylykdan daş düşüp barýandygymy ýatladýardy.
Men bolsa özümi aklamaga çalyşýardym. Köplerden gowudygymy, orta gürpden ýokarda durýandygymy tekrarlaýardym. Aňrybaş oňat adam bolmagyň asla mümkin hem däldigi, muňa durmuşdaky nogsanlyklaryň sebäpdigi, töwerege görä bolmalydygy barada käbir kişilerden eşiden pikirimi aýdyp onuň hasabatyndan gaçybatalga gözleýärdim. Meni goldamagyny isleýärdim.
Soňabaka ol hasabat soramasyny azaltdy. Asla seýrek duşuşyp başladyk. Indi onuň keşbi «Aý, boljagy boldy...» diýip, menden göwni geçene meňzeýärdi. Özem gödeňsileşip, öňki nuranalygy ýitip, ýowuzlyk, ýasamalyk aralaşan, mendäki ýaramaz ýoňlar oňa hem ýokaşan ýalydy.
Men onuň tüýsüniň üýtgänine gynanýardym. Ol hakda indi öňki öwgüli sözleri aýdanokdylar. «Zaýalanypdyr...» diýýärdiler. Bu baha meniň hem abraýymy pese gaçyrýardy.
Onuň ozalky derejesini ýitirmegine özümiň günäkärdigimi bilýärdim. Ol meniň durmuşda aýak alşymdan bähre tapýardy. Maňa juda ynanýardy. Özüni elmydama goraryn, aýap saklaryn öýdýärdi. Men bolsa oňa ikilik etdim...
Indi onuň öňki şadyýanlygy, durmuşa ynamy ýokdy. Adamlara hem şübheli çemeleşýärdi. Olardan ýagyrniçligiňi tütedýän haýsydyr bir hile-mekirlige, ýamanlyga garaşýardy.
Ol käte bir ýadyma düşende, «Men ony ýitiren bolmaýyn...» diýip alada galýardym. Onuň bardygyny, meni terk etmändigini bilip, begenýärdim.
Soňky döwürde ol köp uklaýardy. Ylla diýersiň, gaflat ukusyna uçran ýalydy.
Oýananda onuň keşbi nuranalaşyp, birwagtkylary ýaly, örän ykjamlyk bilen hasabat soraýardy. Men bolsa günälerimi owunjak ýagşylyklaryma bukup, özümiň oňatlaşyp barýandygyma ony ynandyrmaga çalyşýardym. Ol şonda «Sen beýdip meni aldap bilmersiň!» diýýärdi. «Gör, ahyr, men sen zerarly görk-görmekden düşdüm, päkligimi ýitirdim» diýýärdi.
Men onuň başky keşbini ýatlaýaryn. Maňa meňzeýärdi. Häzir hem şeýledi. Ýöne meniň görmek islemeýän, halys bedroýlaşan keşbime çalym edýärdi.
Men oňa «Şundan şeýläk diňe oňatlyga ymtylaryn» diýýärin. Ol «Sözüň sözmi?» diýip soraýar. Men «Hawa» diýýärin. Ýöne meniň beýdip söz berşim gör näçinji gezekdi. Eňaşaklygyna düşýän adamyň badyny saklamasynyň kyn bolşy ýaly, meniňem indi aňrysy düzüwli däl, ýöne özüne bijaý imrindirýän bähbitlerden daş durmam, özümi saklamam kyndy. Häsiýetim edim-gylymyma görä pese gaçyp, durmuşyň düýbündäki hapa lüýge bulaşanlaryňka meňzäp barýardy.
Birnäçe ýyl mundan ozal, entek özüme oňat adam diýdirýän döwürlerim düýşümde uçardym. Hakyt guş kibi, şeýle ýeňillik bilen. Meniň bu uçuşyma ejem-kakam, dostlarym, tanyş-bilişler guwanyşyp serederdi.
Indi bolsa meniň düýşlerim yzgytsyzdy. Haýsydyr bir geçmesi kyn batgalykdan nirädir gidip barýardym. Ol batgalyk üst-başymy hapalapdy. Aýagymdaky köwüşlerimi sogrup, alyp galypdy. Juda ýadaw hem lapykeçdim.
Batgalygyň süňňüme ornan ýakymsyz ysyna ýüregim bulanýardy, başym aýlanýardy. Şol hiç bir iňlär-siňeksiz ýerde ýykylyp, ýitip gitmekden gorkýardym.
Özem beýle düýşler dowamlydy, her gije diýen ýaly gaýtalanýardy. Batgalygyň aňrysy-bärsi görünmeýärdi. Käte ejemiňdir kakamyň men zerarly gussa aralaşan ýüzlerini görýärdim. Olar batgalygyň üstüni örten hüýtgara hem hyýrsyz bulutlaryň arasyndan ak guwlar kibi parlap çykyp, maňa «Adam boljak bol!» diýip, gygyryşyp gözden ýitýärdiler.
Men oýananymsoň düýşümde gören bu ahwalymyň pikirini edip, «Dünýäden öten ejem-kakam pahyryň ruhlary hem men sebäpli birahat bolýar» diýip gussa batyp oturýardym.
Şonda ýüregim atygsap, pähimli geňeşdarym ýadyma düşýärdi. Ony oýarýardym. Gören düýşümi gürrüň berýärdim. Ol «Ikimiziň düýşlerimiz kybapdaş» diýýär. Men ondan «Bu müşgil ýagdaýdan çykalga barmy?» diýip soraýaryn. Ol «Elbetde bar!» diýýär. «Onuň üçin sen maňa hasabat bereniňde, aldawa ýüz urmajak bol» diýýär. «Men saňa hasabat bermekden gorkýaryn» diýýärin. Ol «Iň gorkunç hem aýgytly hasabat öňde – dünýäden öteniňde. «Bu nähili adamdy?» diýlip soralanda bolar. Oňa çenli puryja bar, ömrüň dowam edýär. Mundan beýläk diňe oňatlyga ymtyl!» diýýär. Men «Indi giç dälmi?» diýýärin. Ol «Düzeljek üçin hiç haçan giç däl» diýýär.
Şu sözleri aýdanda onuň men zerarly ýitiren keşbine nuranalyk çaýylýardy, gözünde umyt otjagazlary uçganaklaýardy. «Men seni ýene-de gynanmaly ederin öýdüp gorkýaryn» diýýärin. «Erkiňi tijäp, özüňi ele al, şeýtseň sen meni begendirersiň» diýýär.
Ahyrsoňy men onuň öwüdine eýerdim. Ähli yhlasymy jemläp oňatlyga ymtyldym. Beýtmek kyndy. Ýöne ýakymlydy.
Ine-de, men düýşümde batgalygyň soňuna çykdym. Surnukmakdan ýaňa aýak üstünde zordan durýardym.
Ol ýerde ösüp oturan täsin agajyň aşagynda köneje tanşym garaşyp durdy. Men şeýle bolar öýdýärdim. Ol meniň üstünligime begenýärdi.
Onuň hemaýat bermeginde ýöräp başladym. Indi meniň barýan ýolum (wyždanymyň aýtmagyna görä) oňatlyga eltýän ýoldy.
Hemra ŞIR.
Hekaýalar