ÖRDEK AWY
Mundan birnäçe ýyl ozal menem awçylyk etmegi ýüregime düwdüm. Awçylyk jemgyýetine agzalyga girip, olar rugsat hatyny berensoň, tüpeň satyn alyndym.
Tüpeň edinen günlerim gyşyň ortalarydy. Özem şol ýyl gyş gaty gelipdi. Ondan-mundan «Nirede aw bar?!» diýip, gyzyklansam, «Şäheriň hapa suwunyň akyp köl ýasan ýerinde ördek kän» diýdiler.
Aýalyma «Awa gitmekçi, nesip bolsa, agşamlyk ördek çorbasyny iýeris» diýip, bir taksi sürýän dostumdan şäheriň çetine — hapa suwuň akyp, köl ýasan ýerine düşürip, dört-bäş sagatdanam şol ýere yzymdan gelmegini haýyş etdim. Özem ony entek awlanmadyk ördek çorbasyna-da çagyrdym.
Ol meni hapa suwuň bäri başyragynda düşürip, «Aw ganly bolsun!» diýip, yzyna dolandy.
Görsem, dogrudan-da ördek bol. «Bäý, ilkinji awum şowly boljag-ow!» diýip, tüpeňime ok sürüp, gyrasy gyrymsy çöp-çalamdyr ýylgynly-hyşaly kölüň ýakasyna assyrynja bardym.
Onýança-da meni gördülermi-nämemi, tebil tapan ördekler «güsürdeşip» göge göterildiler. Menem üstürägime ýeten ördeklere garşy «töwhüldedip» goýberdim. Yzyrakdan uçup barýan bir ördek kelemenläp aşak gaýtdyda, dört-bäş ädimlik aralyga, suwuň içine gaçdy.
«Atmasyny-ha atdym welin, indi muny nädip alarkam?» diýip, töweregime äňetdim. Görsem, aňyrrakda beýlekilere görä uzynrak bir ýylgyn ösüp otyr. Şony döwüp, pudap, kölüň gyrajygyna baryp, ördegi ýylgyn taýagy bilen çekmäge synanyşdym. Taýak onuň bir garyşrak bärisine ýetdi. Mümkingadar suwa ýakyn süýşüp, taýagy ýamaşgandan uzatdym. Şol wagtam, aýagymyň aşagyndaky ýumşaksy ýer bölündi-de, gitdim hapa suwuň içine!
Öň durlanyp duransoň, kän bir ysy bildirmeýän suw bulanyp, şeýlebir aňkap ugrady welin, aýdyp-diýer ýaly däl. Ördekden ellibizar geçip, tizden-tiz gyra çykmagyň alajyny gözledim. Ýylgyndyr gyrymsy agaçlardan ýapyşyp, derrew çyksam-da, çykdym welin, depämden dabanyma çenli porsy lüýk bolup durun.
Özem howa gaty sowuk bolansoň, üşäp ugradym. Ot ýakynaýyn diýsem, jübimdäki otluçöpem ezilipdir. «Indi nätsemkäm?» diýip, ylgap kölüň golaýyndaky depä çykyp, töweregime äňetdim. Görsem, biraz aňyrda zir-zibil dökülýän meýdança bar ekeni. Edil şol wagtam bir maşyn zibilini döküp duran eken. «Şol gitmänkä ýetişeýin» diýip, ylgadym şoňa garşy.
Sürüjisi ýaşuly adam ekeni. Bolsa-da, görenden ýagdaýyma düşündi. Meni dessine şähere aşyrmak üçin basdy gaza. Ýöne, ol görgüli şol sowukda hem ýolboýy kellesini äpişgeden daş çykaryp, maşyny mümkingadar gaty haýdap gaýtdy.
Men ondan edil ýaşaýan jaýymyzyň girelgesine ýanap düşürmegini haýyş etdim. Hernäme-de bolsa meniň bolup gelşimi hiç kim görmedi. Ylgap dördünji gata münüp, şatyr-şutur gapyny açyp, ähli eşiklerimi tizden-tiz çykaryp, bir polietilen halta salyp, agzyny mäkäm daňdym. Onýança-da, daşardan goňşularyň «Bir ys bar welin, biriniň-ä hapa suw akýan turbasy ýarylypdyr» diýişýän sesleri eşidilip ugrady.
Ýuwundym-da, dükana gidip iki sany ördek satyn aldym. Aýalym işde bolansoň, çorbany özüm başlap goýberdim.
Agşamlyk taksist dostum geldi. «Bar diýen wagtyň yzyňdan baryp, dilleşen ýerimizde garaşyp-garaşyp, irikgä bolup gelşim. Janyň sag bolsa bolýar. «Muňa näme bolduka?» diýip, gaýgyňy edip gelşimdi» diýip, meniň öýdedigimi görüp begendi.
Ördek çorbasyny iýip bolansoň, ol: «Ýabany ördegiňem eti öý ördeginiňki ýaly ekeni. Ýöne, ynha, ýabany towşanyň eti welin, öý towşanynyňkydan has süýji bolguç» diýip, maňa düşündirýär. Menem «Şeýlemi...» diýip, häsini ýetirýärin.
Şol günüň ertesi gidip, tüpeňimi yzyna tabşyrdym.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar