10:46 Orta Aziýadaky türki respublikalaryñ bileleşmegi amala aşmajak gury hyýalmy? | |
ORTA AZIÝADAKY TÜRKI RESPUBLIKALARYÑ BILELEŞMEGI AMALA AŞMAJAK GURY HYÝALMY?
Publisistika
2022-nji ýylyñ 21-nji iýulynda Gyrgyzystanyñ Çolpan Ata şäherinde geçirilen Orta Aziýa respublikalarynyñ özara ýygnanşygyndan hiç hili netije çykmady, has dogrusy, düşünişmezlik karary çykdy. Türkmenistan bilen Täjigistan dost-doganlyk we özara hyzmatdaşlyk etmek baradaky şertnama gol çekmekden ýüz dönderdi, Gyrgyzystan bilen Täjigistan araçäk meselesinde Gazagystanyñ teklip eden dil tapyşygyny sypaýylyk bilen yzyna zyñdy. Netijede, ýygnanşyk mundan öñkülerdäki ýaly soñlandy. Ýagny, elde ullakan NOL bar. Gyrgyzystandaky ýygnanşygyñ netijeleri garaşsyzlykdan bäri geçen otuz ýyldan gowrak wagta garamazdan, bileleşmek beýlede dursun, halkara meselelerde bir bitewi blok bolup hereket etmek üçinem ýeke garyş ýol aşylmandygyny görkezdi. Aslynda bileleşmek diýen zat olaryñ hiç wagtam pikirinde ýokdy. Muny dillenýänler Türkiýede ýaşaýan türküstanlylar we Milliýetçi Halk partiýasyna ýakyn turançylardy. Orta Aziýada bileleşme meselesi diñe hökümetleriñ, ýokary wezipeli ýolbaşçylaryñ we liderleriñ däl, eýsem halklaryñam ýadyna düşenokdy, beýle zat olaryñ ýatsa-tursa oý-hyýalynda-da ýok. Aýda-ýylda bolýan üýşmeleñlerde jemlenişýän Orta Aziýaly intellektuallar, žurnalistler, alymlar we talyplar bileleşme mümkinçiliginden söz açanymyzda, muña gazaply garşylyk görkezýärdiler. Aslynyñ bir kökden gelýändigine, ownuk şiwe tapawutlylyklary bilen birmeñzeş dilde gürleýändigine, bir dini ynanja eýerýändigine garamazdan, biri-birlerini bilen hiç jynlary jyñkyryşanokdy. Gazaklaryñ iñ halamaýan etniki topary uýgurlar. 250 ýyllyk rus eksplutasiýasyna seretmezden, hiç bir gazak ruslardan nägile däl, gaýtam Almatyda maña gabatlaşan gazaklaryñ barsy uýgurlaryñ ýaramaz taraplaryny sanap-sanap añyrsyna çykanok. Gyrgyzystanda bolsa gyrgyzlaryñ iñ halamaýan halky özbekler. 2010-njy ýylda Oş şäherinde gyrgyzlar bilen özbekleriñ arasynda ýüze çykan çaknyşykda müñlerçe özbegiñ öýi we iş ýeri ýakyldy, ýykan-ýumranlyga uçradyldy. Oşy aýlanyp ýörkäm, gözlerime ynanmadym. Bir köçäniñ özbeklere degişli tarapynda hususy iş ýerleriniñ barsy weýran edilen ýagdaýdady, gyrgyzlara degişli beýleki tarapynda bolsa ýekeje aýna döwügi-de ýokdy. Edil häzir gyrgyzlaryñ gahar-gazaby ýygy-ýygydan araçäk meselesinde oñuşmaýan beýleki goñşusy Täjigistanyñ üstüne gönügen ýagdaýda. Orta Aziýada biri-birleri bilen düşünişmezligi ýok iki goñşy ýurt Türkmenistan bilen Özbegistan bolsa-da, gündelik durmuşda iki tarapyñam biri-birini halamaýandygy hemmelere mälim hakykat. Aşgabatdaky tekeler özlerinden sähel-mähel tapawut bilen türkmençe gürleýän ärsary türkmenleri özbek diýip äsgermejek bolýar. Özbegistana golaý Lebap welaýatynda ýaşaýan ärsary türkmenleri özbeklere ýanaşyk we bile ýaşaýandyklary üçin belli bir derejede özbek medeniýetinden täsirlenendigi dogry. Şol sebäpli-de tat diýilýän özbekler türkmen diline ýakyn şiwede gürleýär, ärsarylaryñ aýdym-sazynda-da özbek täsirini görmek mümkin. Gazaklara iñ ýakyn etniki topar gyrgyzlar. Iki halk XX asyryñ başlaryna çenli bile ýaşandyklary üçin bir bitewi halk hökmünde görülýärdi. Gazaklar bilen gyrgyzlaryñ arasynda ýekeje tapawut bar, olam şiwe tapawudy. Ýogsam bolmasa, urp adatlardan başlap geýnişlerine çenli, gündelik durmuşdan başlap jemgyýetçilik kada-kanunlaryna kanunlaryna çenli hemmesi birmeñzeş. Muña garamazdan, ne gazaklar, ne-de gyrgyzlar, biri-birlerini dogan hasaplasalaram, haçanam bolsa bir gün bileleşmegi ähtimallyk hökmünde-de görenoklar. Orta Aziýa Hytaý we Russiýa ýaly iki läheñiñ arasynda gysylyp galanam bolsa, özara güýç birikdirjek bolup hereket edenok. Bar oñarýan zatlary: sähel gyssaga düşen pursaty öñki ketdeleri Russiýany kömege çagyrmak. Russiýanyñ bütin dünýä garşy gidip Ukraina çozmagy we Hytaýyñ barha pökgerýän işdäsi, aslynda Orta Aziýa döwletleriniñ özara hyzmatdaşlygyny we bilelikde hereket etdirmegi gerekdi. Emma bolýan zatlar welin munuñ düýbünden tersine. Ýagny aslybir türki doganlarymyz ortada hamala beýle howp ýok ýaly öz aralaryndaky köne oñuşmazlyklaryny kejeñeklik bilen dowam etdirýärler. Munuñ elbetde wehim netijeleri bolar. Orta Aziýa respublikalarynyñ häzirki ýagdaýy haýwanat dünýäsi hakda düşürilen bir dokumental filiminde tomaşa eden bir kartinamy ýatladýar: Iki sany keýik özlerini peýläp ýatan barslara pitiwa etmän, şahlaryny biri-birinden ötürip süsüşýär, garpyşýar. Az salymdan soñ barslaryñ biri bukulyp ýatan ýerinden çykyp, keýikleriñ birine yzdan topulanda-da, olar özara dawalaryny hötjetlik bilen dowam edýärler. Ahyrynda iki keýigem barslara şam bolýar. Asly türküstanly türkmen hökmünde meniñ iñ uly gorkym, haçanam bolsa bir gün Orta Aziýanyñ Hytaý bilen Russiýa tarapyndan lak-luk atylmagydyr. Esedulla OGUZ. 01.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |