08:56 Osmanly döwleti türk döwletimi? | |
OSMANLY DÖWLETI TÜRK(MEN) DÖWLETIMI?
Taryhy makalalar
Imperiýa döwletlerinde köpdürli milletler ýaşaýar we köp dil bolýar. Hökümdar olaryň hemmesiniň atasy hökmündedir. Olary bir ýerde, bir jemgyýetde agzybir we jebis ýaşatmaga seretmelidir. Her kim bolsa, öz saýlap alan dünýäsinde we öz medeniýeti bilen ýaşaýar. Osmanly döwleti mongollaryň basybalyjylykly hereketleri zerarly Horasandan Anadoly ýarym adasyna göçüp gelen türkmenler tarapyndan Anadoly Seljukly döwletiniň Wizantiýa serhetlerinde ýerleşdirilen serhetýaka begligi hökmünde guruldy. Örän gysga wagtyň dowamynda ýeňişler arkaly köpsanly hristianlar we ýewreýler Osmanly döwletiniň tabynlygyna geçdiler. Agalyk ediji güýç musulmanlaryň elinde bolmak bilen birlikde musulman däller san boýunça has köp bolupdyr. Ýawuz Soltan Selimiň ýeňişlerinden soňra musulman ilat musulman dällerden az-owlak geçipdir. 1071-nji ýyldan bäri Anadola az türkmen gelipdir. XIII asyrdaky mongol ýörişleri netijesinde Anadola gelýän halk köpelip başlapdyr. Emma türkmen ilatyň artmagy XVI asyrdan soňra Osmanly hökümetiniň çarwalary oturymlaşdyrmak syýasaty arkaly amala aşyrylypdyr. Musulmanlaryñ içinde türk(men)leriñ san taýdan köp bolşy ýaly, olar döwlet apparatynda, ulamalaryñ we harby gullukçylaryñ arasynda-da agdyklyk edipdir. "Halk häkimiýeti" ("Millet-i Hâkime") Osmanly döwletinde XV asyrdan başlap her 30 ýyldan bir gezek ýer we ilat ýazuwyny geçiripdir. Harby gullugyñ we salgydyñ oñurgasyny düzýändigi üçin ilat ýazuwynda diñe erkekler hasaba alynardy. Şonuñ üçin XVI asyrda Osmanly ilatynyñ 30 million töweregi bolandygy çak edilýär. Munuñ ýarysyndan biraz köpürägi musulmandyr. 1844-nji ýylda 35 million ilatyñ 20 milliony musulman, 15 milliony başga dinliler bolupdyr. Türkler 10, araplar 7, kürtler 1 million ekeni. Stambulyñ 800 müñi aşan ilatynyñ deñ ýarsy başga dinlilerden ybarat bolupdyr. Ýer ýitgileri zerarly 1905-nji ýylda 21 milliona düşen ilatyñ düşen 15,5 milliony musulmanlardan ybarat bolupdyr. 1914-nji ýylda 18,5 million ilatyñ 15 milliony musulman ekeni. Türkler şonda-da gaty köp däldi. Imperiýa döwletlerinde köp halklar ýaşaýar, köp dilde gürleşilýär. Hökümdar olaryñ hemmesiniñ atasy ýalydyr. Ol garamagyndakylary goh-galmagalsyz agzybir ýaşatmaga borçludyr. Her kim öz çäginden çykman, özgäniñ durmuşyna goşulman öz medeniýetinde ýaşapdyr. Soltan Mahmyt II-niñ: "Men diñe jemgyýetimiñ musulmanyny metjitde, hristianyny buthanada, ýewreýini hawrada (sinagogda) aýry görmek isleýän. Aralarynda başga hiç hili tapawut ýokdur. Hemmesini-de öz perzentlerim hökmünde görýärin” diýen sözi munuñ aýdyñ delilidir. Hökümdar başga kowumdanam bolup biler. Angliýa, Belgiýa, Daniýa, Norwegiýa, Russiýa, Bolgariýa, Rumyniýa, Gresiýa, Portugaliýa döwletleriniñ dinastiýalary nemes, Ispaniýanyñ we Şwesiýanyñ dinastiýasy fransuz bolupdyr. Asly türki bolan Babyr şanyñ hökümdarlyk süren ýurdundaky kowum hindidir. Ahmet Tolunyñky bolsa arapdyr. Hökümdaryñ her etniki topardan goragçylary bolupdyr. Iñlis koroly kämahal şwed eşiklerini geýipdir. Awstriýanyñ imperatory wenger harby eşigini geýip çärelere gatnaşypdyr. Soltan Abdylhamyt Garageçililer (karakeçili) bilen birlikde albanlardan we araplardan milli gorag batalýonlaryny döredipdir. Hatda ol Stambulyñ eýelenilen gününi baýram etmek islänlere "Rumly ildeşlerimiz ýokuş görer" diýip rugsat bermändir. Soñky asyrda Osmanly döwletini müñlerçe ýyl dowam edip gelen türk taryhynyñ bir bölegi hasap eden taryhy garaýyş orta çykýar. Osmanly döwletiniñ başyny türkleriñ çekendigi hakykatdyr. Emma bu döwür milletparazlygyñ bolmadyk, millet we etniki bölünişigiñ hiç zady añlatmadyk döwrüdir. Hanedan türkdir. Resmi gepleşik dili hem türki dildir. Emma türkilik nukdaýnazaryndan türkilik bilen häkimiýetiñ arasynda hiç hili baglanyşyk bolmandyr. Türk taryhy türki kowumlaryñ göreşleri we söweşleri bilen doludyr. Bir Osmanly raýaty üçin ýeke-täk görkeziji diñe onuñ dinidir. XIX asyrdan başlap "Osmanlylyk" raýatyñ şahsyýetini anyklaýjy görkeziji bolup başlaýar. "Osmanly" patyşadan başlap ýurtda ýaşaýan her bir raýata berilen at bolupdyr. Bu bölüji däl-de birleşdiriji many berýän atdyr. Musulmanlar agalyk ediji synpdyr. Deñlikler arasynda birinjidir. Serbler prawoslaw milletinden hasaplansa, şol bir dilde gürleýän bosniýalylar musulmanlaryñ "milli häkimiýetine" degişli edilipdir. Ýewropa Osmanlylara "türk" diýmek bilen musulmanlygy göz öñünde tutýar. Olarda “türk boldy" diýmek “musulman boldy” diýmekligi añladýar. ♣ Şowsuzlyga uçran türkizasiýa syýasaty Çat açyp başlan imperiýany elde saklamak üçin Ittihatçylar ilki bilen "Osmanlylyk" syýasatyny ýöretmäge çalyşdy. Emma kowmyýet dawasynyñ tagamyny dadan başga dinlileri elde saklamagyñ hötdesinden gelip bilmediler. Şonuñ üçin amala aşyrylmaga synanyşylan türkizasiýa (türkleşdirmek) syýasaty araplaryñ we albanlaryñ elden çykmagyna sebäp boldy. Ittihatçylaryñ aralaşan respublikan hökümeti-de bu syýasaty dowam etdirdi. Anadola göç eden Rumeli we Kawkaz halklary bialaç dişlerini gysdylar. Emma türklerden has öñem bu ýerlerde ýaşan kürtler welin muña garşy çykdylar. Üstesine-de türkizasiýa syýasaty iñ uly zyýany diñe türk halkynyñ özüne berdi. Türkler bilen taryhy medeniýetleriñ arasynda gorp emele geldi. Türk dili, dini, medeniýeti bozulma uçrady. Geçmiş bir tarapdan tutuşlaýyn inkär edildi, bir tarapdanam baý mirasyñ bir bölegi hökmünde görüldi. Müsürde faraonlaryñ ady köçelere dakylyp, heýkelleri ploşadlarda dikilýärdi. Eýran şasy Ryza Pehlewi Eýran döwletiniñ gurulmagynyñ 5.000 ýyllygyny Persepolisde baýram edýärdi. Ulus-döwlet imperiýa alternatiwa hökmünde döredilen zatdyr. Ulus häkimiýeti we oña garşy çykan etniki toparlar bardyr. Ankara hem bu nysaga eýerdi. Emma dini duýguçyllyga ýol berlip, diñe musulman dälleri azlyk toparlara degişli edildi. Kürtler we beýleki musulman halklar ne-hä azlyk toparlara, ne-de agalyk ediji millete degişli hasaplanyldy. Ýogsam bolmasa olar Osmanlylar döwründe agalyk ediji millete degişlidiler. Musulman däller dini däl-de, aşa milletçiler hökmünde garalyp assimilizasiýalaşdyryldy. Bu günki günlerde jemgyýetimiziñ arasynda dowam edýän problemalaryñ köki, ynha, şol zatlardan gelip çykýar. Ösen demokratiýada etniki gelip çykyşyña seredilmeýär. Angliýa, Amerika millete däl-de, ýurda görä at berilen döwletlerdir. Islendik adam öz gelip çykan halkyna içki baglanşygyny saklap biler, medeniýetini, dilini gorap biler. Emma muny häkimiýetiñ we zorlugyñ üsti bilen amala aşyrmaga hiç kimiñ haky ýokdur. Yslam taryhyndan-da, türki taryhymyzdan-da munuñ ýekeje mysalyny hem tapyp bilmersiñiz. Ekrem Bugra EKINÇI. • Terjimeçiden goşmaça Imperiýalar milliligi saklap bilmeýär. Ol muña borçly-da däl, olaryñ aladasy has global bolýar. Belki-de şonuñ üçin türkmenleriñ döreden Beýik Osmanly döwletini, Eýrandaky Sefewi, Owşar, Gajar dinastiýalaryny, Hindistandaky Babyr imperiýasyny käbir ildeşlerimiz türkmen hasaplaslary gelenok. Imperiýalaryñ aladasy milliligi saklamak däl. Bu aýdanyma professor Ekrem Bugra Ekinçiniñ ýokardaky makalasy iñ gowy mysal bolsa gerek. Şeýle hem bu pikiri we ýokardaky makalada aýdylanlary belli ýazyjy Osman Öde hem şeýleräk sözler bilen tassyklaýar: "...Türkmeniñ taryhy ykbalyna göz ýetirmekde filosofiýa milletiñ döremegini añladýan üç ölçegi - gan gatyşygy, ýer-ýurt bitewiligi hem umumy medeni-ruhy prosese goşulyp, bizden bölünip gitdi. Indi olar biziñ üçin türkmen ýaly, şol bir wagtda-da türkmen däl ýaly bolup dur. Saltykly, Osmanly imperiýalary bolsa orta asyr imperiýalarydy. Orta asyr imperiýalary üçin bolsa milli ideallar däl-de, bütindünýä teokratik döwleti idealy, ýagny dini bitewilige ymtylyş häsiýetlidir. Saltyklar döwletinde döwlet diliniñ pars dili bolanlygy, arap diliniñ üýtgeşik rol oýnandygy, Osmanlylaryñ bolsa musulman dünýäsini hristianlaryñ haçly ýörişlerinden goramagy öz taryhy missiýasy hasaplandygy ýöne ýere däldir. Bu aladalar bilen gan hem ýer-ýurt bitewiligi öz-özünden başga ugra syrylyp gitdi, şeýdip, aýry-aýry milletler döredi, diñe medeni-ruhy proses stihiýalaýyn suratda tas tä XVIII asyra çenli bitewiligine galdy." (Seret: Osman Öde "Garaşsyzlyk diwany", II tomluk, I-nji tom, "Ruh" neşirýaty, Aşgabat-1999, 162-nji sahypa). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |