19:27 Osmanlynyñ iñ meşhur jellady: Gara Aly | |
OSMANLYNYÑ IÑ MEŞHUR JELLADY: GARA ALY
Taryhy şahslar
Gara Aly günäkärdigine ynanan bendisiniñ gaşyny çytman janyny almakda ýaka tanadan we hemmeleriñ çekinýän adamy bolupdyr Osmanlyda özleri hakda juda az maglumat galdyran işi ýerine ýetirijileriñ birem jellatlar bolupdyr. Häzir olaryñ juda az sanlysynyñ ady biziñ günlerimize çenli gelip ýetipdir. Megerem, bularyñ arasynda iñ bellisi Gara Aly bolsa gerek. Jellatlar diñe kazyýetde aýyplanan adamlary öldürmändir. Olar köşküñ içindäki özara tutluşyklarda patyşanyñ özüni-de öldürmekden gaýtmandyrlar. Şeýle wakalaryñ içindäki iñ meşhury-da "Ýaş Osmanyñ öldürilmegidir". Bu ölümden soñ Erzurumyñ beglerbegi Abaza paşa Ýaş Osmanyñ gandarlaryny tapmak üçin ýüzlerçe ýanyçary gylyçdan geçirip, olaryñ gwardiýasyny başyna ýumrupdyr. Syýasy aýyplamalar ýöñkelen adamlary öldüren jellatlar köplenç özlerini tanatmazlygy saýlap alypdyr, emma bu kär elmydama-da utanç hasaplanmandyr. Gara Aly özüniñ kärini şeýle sözler bilen beýan edipdir: "Pul almak üçin adam asamok, adam asanym üçin pul alýaryn". Jellat Gara Aly Gara Aly günäkärdigine ynanan bendisiniñ gaşyny çytman janyny almakda ýaka tanadan we hemmeleriñ çekinýän adamy bolupdyr. Beýleki bir ýandan, özüne buýrulan işiñ dogrudygyna şübhelenen ýagdaýynda, bu işi ýerine ýetirmekden ýüz dönderip bilendigi uly iliñ diline düşüpdir. Soltan Ybraýym tagtdan agdarylanda, agdarlyşygy gurnanlar kanuny güýç gazanmak üçin bu jenaýaty Gara Ala etdirmek isläpdir. Gara Aly mundan ýüz dönderende, ony we hossarlaryny öldürmek haýbaty atylypdyr. Gara Aly Soltan Ybraýymy öldürenden soñ nedamet getirip, şondan soñ jellatlyk etmändir. Soltan Ybraýymyñ öldürilişi Gara Alynyñ öldüren adamlaryñ birem Nefi şahyr bolupdyr. Jellat Aly bir patyşany bogup öldüripdir, on sany baş weziriñ kellesini alypdyr. Öwlüýä Çelebi onuñ fiziki aýratynlyklaryny şu sözler bilen beýan edýär: "Nauzibilla, sypatynda nurdan yşnak galmadyk zäher ýaly adamdy. Gyşyn-ýazyn ýeñleri çermelgi, döşi açyk gezerdi. Günäli, bigünä, ýaş, garry, garakçy, wezir, alym, hristian, musulman, aýal, erkek bol, tapawudy ýok. Onuñ gözüne diñe kement aýlanylýan boýun, ak saplynyñ kyhlajak ýeñsesi görünýärdi. Hatda birnäçe gezek öldürýän adamynyñ kimdiginem soramazdy, biljegem bolmazdy. Başlygy bolan bossançybaşynyñ "bog" diýenini bogup, "ur" diýeniniñ kellesini uçurardy". Gara Alynyñ at-owazasy ol heniz aýatda dirikä Stambula ýaýrapdyr. Öwlüýä Çelebiniñ ýazanlaryna seretseñ-ä, Aly öñünden çykanyñ kellesini almakdan gaýtmaýan biri, ýöne ol barada ýaýran gep-gürrüñler başgaçarak birini orta çykarýar. Gaýşarylyp, döşi açyk, sag egnine gylyjyny atyp köçeme-köçe aýlanmakdan çekinmeýän Gara jelladyñ bu arkaýynlygyny eden etmişine mynasyp adamlaryñ janyny alýandygyna baglanyşdyrýarlar. Gara Alynyñ sylan ýeke adamynyñ Soltan Ybraýyn bolmagynyñ sebäbi bolsa, ýene dürli çeşmelerde dürli hili bolup öñümize çykýar. "Naimada" Soltan Ybraýymyñ bigünäligi, beýleki çeşmelerde bolsa patyşany öldürmegiñ jogapkärçiligi jelladyñ wyždanynyñ oýanmagyna sebäp bolandygy aýdylýar. Her haýsy bolanda-da, Gara Alynyñ bu jenaýaty etmek islemändigi, emma ölüm permanyny ýerine ýetirtmek üçin baş wezir Sopy Mämmet paşa, şeýhulyslam Hoja Abdyrahym ependi, ýanyçarlar gwardiýasynyñ başlygy tarapyndan ölüm haýbatynyñ atylandygy aýdylýar. Köpüsi halkyñ arasynda aýdylyp gelinen gürrüñler hasaplap boljak çeşmelerde Gara Alynyñ gözýaşa boglup Soltan Ybraýymy öldürendigi rowaýat edilýär. Öwlüýä Çelebi kitabynyñ dowamynda Gara Alynyñ pikir edilşi ýaly arassa jellat bolmandygyny ýazýar. Tersine ol çekdiren jebirlerinden keýp alýan ganhor bolupdyr: "Bu kowmuñ ussady-kämili Myrat hanyñ jellady Gara Aly käbirleriniñ syýaýup-tygy Dahhakdan nyşan berur, tygy ataş-tabyn kemerine bent kylyp, her dürli ejir çekdirip we kementbent we garabent we nagyşbent we zünnarbent etjek ujy aşykly ýagly kementleri kemerine asyp, gaýry alaty-gynamalardan kelpedan we burgu we mismar we buhury-fitil we semin sünger we tilsiman we ýakakart we ham ýüzýän syntyraş we polat tas we niçe elwan zäherli göz milleri we malafa we jemşir gynama we nauzibilla el-aýak çapmaga palta we malafalaryñ jümle kemerine bent kylyp, saýry oruntutarlary dagy ýetmiş ýedi para alaty-jellatlary kemerlerine zeýn kylyp saýry huddamlaryñ omuzlarynda altynly münakkaş seramed serwi haşabyndan raýyhaýy Taýýybaly gazyklar billerinde syýahat urganlary we ellerjnde ýalyn seýfi-mujzemleri bilen merdana jünbüş edip ubur ederler. Amma nauzibilla her biriniñ sypatynda nur galman, zäher syçraýar". "Gara jellat" lakamly Gylyç Aly Taryhda ýene bir "Jellat Gara Aly" ady bilen tanalan şahs ýaşap geçipdir. "Istiklal" (Garaşsyzlyk) sudlarynyñ iñ belli şahslaryndan bolan Gylyç Aly "Posta" gazetiniñ 1931-nji ýylyñ 3-nji martyndaky sanynda beren interwýusynda "Istiklal sudunyñ çykaran karary esasynda asan adamlarynyñ 5216-a ýetendigini, bularyñ 3000-den gowragyny diñe Konýada we onuñ töwereginde asandygyny..." aýdýar. Gürrüñimize dolanyp geler bolsak, osmanly döwrüniñ Gara jelladynyñ soñky ömrüne degişli çeşmelerde ýeke maglumata gabat gelemzok. Onuñ nähili ölendigi we nirä jaýlanandygy barada hem maglumata duş gelmek kyn. Munuñ sebäbini ýaşap geçen ömürleri ýaly ölümleriniñem syr perdesi bilen gurşalanlygy bilen düşündirip bolar. Jellatlar mazarystanlygy "Eýupsoltan" gonamçylygyndaky "Garýagdy" depesindäki atsyz mazarlaryñ jellatlara degişlidigi we Gara Alynyñam şol ýere jaýlanandygy çak edilýär. Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly Gara Alynyñ öldüren iñ belli şahslarynyñ birem Nefi şahyr eken. Nefi şahyr Ony Gara Aly bilen başa-baş goýan meşhur goşgy setirleri bilen sözümizi jemläliñ: Gürji hynzyr-a, samsuny-muazzam-a köpek, Kande sen kande nigehbani-älem-ä köpek. Waý ol döwlete kim ola mürebbisi anyñ, Bir seniñ kibi däni jehli-müjessem-a köpek. Ne güne galdy medet döwleti-Ali Osman, Heý, ýazyk, heý, ne musybet, bu ne matam-a köpek. Ne hyýanatdyr o sadra bu zamanda ki anyñ, Olmaya sahyby bir Asafy-kerem-ä köpek. Hidmeti-döwlete saýyd wüzeradan göreler, Bir fürumaýe goja aýuýy akdem-ä köpek. Bu mahlallerde ki Bagdady ala şahy-Ajam, Arzy-rumy ede teshir Abaza hem-ä köpek. Satdyñyz iki soýsuz bir bolup hanlygy, Kimsäni etmediñiz bu işe mährem-ä köpek. Paýmal eýlediniz soltanlygyñ yrzyny hem, Ýok, ýere oldy telef ol kadar adem-a köpek. Heý-de hanlyk satylarmy, eh-eý edepsiz haýyn, Tutalym olmamyş ol pitne muazzam-a köpek. Seniñ kimin duşmany-döwletmi olur-a hynzyr, Ne turur soltanlygyñ eýesi bilsem-ä köpek. Ehl-i dil duşmany din ýoksuly bir melgunsyñ, Öldürerlerse eger janbe-jähennem-ä köpek. Beýle galarmy soýsuzlar elinde döwlet, Ne boldy ýa gaýraty şahyn-şahy azam-a köpek. Hak göterdi araby gitdi hele dünýäden, Kim göterse akabinje seni bilmen-ä köpek. Pile naçar meger ýükleseler tabytyñy, Çekemez jifei-murdaryny adem-a köpek. Pillerem döz gelmes, ne ajap de laşeni kim Barmy bir senjileyin diwi-mülahhem-a köpek Sen soýsuz eşege ol kirli loly ýaraşar, Mündürüp syrtyna teşhir edersem-ä köpek. Mehmet MAZLUM ÇELIK. Şenbe, 26.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |