22:18 Osminog | |
OSMINOG
Oýlanmalar
Başdan aýdaýyn: gany gyzyl däl... Akylly haýwan. Togalak gözli, giñ mañlaýly, tegelek äñli jandary gören badyñyza, “wiý, bu osminog-la” diýersiñiz… Süñksüzdigi oña örän geñsi hereket etme ukybyny beripdir... Gözüniñ ululygyndaky deşikden geçip bilýär... “Bähh, geçmejek ýalydy, nädip ýene geçäýdi?” diýip geñ galar durarsyñyz… Kyn ýagdaýa düşende, iñ uly gorag çäresi: dem salymda ortalygy göz-göze ilmez ýaly derejede bulaşdyryp taşlamagydyr. Ol muny edende okap-ýazybam bilýän däldir, emma syýany gowy ulanýar... Duşman dem salym pursatda özüni pürkdüren syýa bulutynyñ içinden tapar, howatyrlanar, gorky gaplap alar, gaçjak bolar, “Ne belalara sataşdyk” diýäge-de, sumat bolar… Ýagdaýa görä reñkini üýtgeder... Duran ýerinde duran wagty nähili bolmak iselese, şol ýeriñ reñkini alýar... “Goýsañyzlañ, edile beýle-de däldir” diýmegiñiz mümkin, şu gezeg-ä… Bu onuñ iñ uly artykmaçlygydyr, sebäbi onuñ ýaradylyşynda reñk üýtgetme ukyby bar... Sary bolar, mawy bolar, mämişi bolar, gyzyl bolar, ýaşyl bolar... Aý, garaz... Aýagy-da köp... Ol bu aýaklary bilen adatdan daşary işleri edip bilýär... Käbir aýagy tapan-tupan zadyny iýse, käbir aýagy ne pyssy-pyjurlyklary etmegiñ kül-külünde… Ine, bir günem onuñ aýaklaryndan käbirini ýolup taşlasañ, ol ýolunan aýagyny goýagadan, hiç zat bolmadyk ýaly öz ugruna gidiberer... Siz oña “Aýagyndan jyda düşäýdi” diýip durkañyz, synasyna täze aýaklar biter... Iñ ýamany, gaty aç galsa öz aýaklarynyñ birnäçesini iýibem bilýär... soñam hiç zat bolmadyk ýaly gezip ýörendir... Şonuñ üçin oña nebsiñi agyrdyp “aýagy gopdy”, “ayakdan galdy”, “elini-goluny ýitirdi”, “böleklendi”, pylan-pysmydan diýmäñ… Geleliñ, onuñ iñ uly artykmaçlygyna... Osminog suwda balyklaryñ arasynda gezýär... Balyklaryñ arkasyna bukulyp gezip ýörendir, bu peläket... Bekir JOŞKUN. "SÖZCÜ" gazeti, 13.02.2016 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |