|
OTLANMADYK ÇILIM
Bu gije bu ýoldaşymyñ geýmini
ok deşer. Atarlar ony, ähtimal.
Ynha, ýöräp gelýär. Ölüme tarap
onuñ ýöräp barýan bolmagy ahmal.
- Çilim ber-le - diýdi.
- Me, çilim - diýdim.
- Otluçöp ber - diýdi.
Diýdim - gülleden
otlarsyñ çilimi, otly çöpüm ýok.
Gitdi sigareti alyp elimden.
Ýüzüni garaldyp ýatandyr diýip,
jan berendir diýip edýärin güman.
Döşünde bir gülle.
Agzynda çilim.
Girdi bir tümlüge.
Ýok boldy.
Tamam.
Nazym HIKMET.
Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW.
Goşgular
|
Категория: Goşgular |
Просмотров: 318 |
Добавил: Hаwеrаn
| Теги: Nazym Hikmet
| Рейтинг: 0.0/0 |
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary