16:02 "Owazañ Çyn-Maçyn daglar aşasy..." / makalanyñ dowamy | |
"OWAZAÑ ÇYN-MAÇYN DAGLAR AŞASY..."
Taryhy makalalar
Taryhy maglumatlaryñ şaýatlyk etmegine görä, tanlar hunlaryñ-oguzlaryñ nesilleri bolup, olar Demirgazyk Hytaýda uly abraýdan we täsirden peýdalanan oguzlaryñ hytaýlaşan Li neberesinden gelip çykypdyrlar. Olar asyrlaryñ dowamynda Hytaýyñ demirgazygyndaky döwletleriñ taryhynda görnükli orun eýeläpdirler. 400-nji ýylda şu nesilden bolan Li Hao Hytaýyñ demirgazyk-günbataryndaky Ansi we Dunguan welaýatlarynyñ häkimi bolupdyr. Beý Liýan döwletiniñ gowşanlygyndan peýdalanyp, Li Hao Liýançžou şäherini özüne paýtagt edinip, Si Liýan döwletini esaslandyrypdyr. 422-nji ýylda Li Haonyñ döwleti günortaly hunlar-oguzlar tarapyndan eýelenipdir we Li neberesi ýene-de öñküleri ýaly gullukçy maşgala öwrülipdir. Li neslinden bolan gullukçylar, Hytaýyñ V-VI asyrlardaky döwletleri bolan Toba-Weý we Beý-Çžou döwletleriniñ döwründe-de abraýly derejeleri we orunlary eýeläpdirler. Li neberesinden bolan serkerdeler we döwlet gullukçylary hökümdarlaryna wepaly gulluk edipdirler we şonuñ üçin hem uly wezipeleri-derejeleri eýeläpdirler. Ahyrsoñy, bu nebere Hytaýyñ 28 basgançakdan durýan döwlet gulluk derejeleriniñ üçünjisi bolan "Tan gun" derejesine mynasyp bolupdyrlar. Li nesilşalygynyñ 618-nji ýylda esaslandyran Tan döwletiniñ ady hem şol gulluk derejesiniñ adyndan gelip çykypdyr. Şeýlelikde, 200 ýyldan-da gowrak wagtyñ içinde tan neberesi, bu sebitde ýaşaýan oguzlar, ýerli hytaýlylar bilen garyşyp, aýratyn bir halkyýeti emele getiripdirler. Göktürkmenler olary "tabgaç" diýip atlandyrýardylar. Hytaýlylar bilen gyz alyp, gyz berşip hytaýlaşsalar-da, Li neberesinde oguz däp-dessurlaryna uly hormat goýlupdyr. Bu barada ygtybarly taryhy çeşmelere esaslanmak bilen bir hatarda, abraýly alymlaryñ çykaran ylmy netijelerine salgylanmagam örän ýerlikli. Rus alymy L.N.Gumilýow şeýle ýazýar: "Tanlar iki taraplaýyn gelip çykyşy bolan nesilşalykdyr. Ony esaslandyran Li Ýuan çarwa däp-dessurlary bilen hoşlaşmadyk, hytaýlaşan türk[men] bolupdyr. Egindeşleri hem onuñ özi ýalydy we olar häkimiýete öz adamlaryny getirdiler". Göktürkmenleriñ hökümdary Sibir han (608-619 ý.ý.) bolupdyr. Suýlara garşy göreşýän hytaýly serkerdeleriñ biri bolan Go Szy-he Hytaýyñ demirgazygyndaky suýlaryñ bellän häkimini agdaryp, özüni hökümdar diýip yglan edipdir we Sibir hana goşulypdyr. Ol göktürkmen hökümdaryndan hytaýlydygyna garamazdan, oguzlaryñ "Böri şat" ("Böri şazada") derejesini göwünjeñlik bilen alypdyr. Günbatar Ordosda ýerleşýän Şofan galasynyñ serkerdesi Liýan Şi-du hem Sibir hana sygnypdyr. Ol hem öz serkerdelik edýän welaýatynda häkimiýeti suý dikmeleriniñ elinden alypdyr we Liýan nesilşalygyny esaslandyrypdyr. Sibir hana ýapja bolmak bilen, Liýan Şi-du göktürkmen hanyndan oguzlaryñ "Bilge han" derejesini alypdyr. Göktürkmenlerden goldaw alan hytaýly serkerdeleriñ ýene biri-de Gündogar Ordosyñ Maýi galasynyñ serkerdesi Lýu U-çžoudy. Hytaýly serkerde öñki dikmäni agdarypdyr we özüni hökümdar diýip yglan edipdir. Öz ýagdaýyny berkitmek üçin Sibir handan kömek sorapdyr. Göktürkmen hany oña goşun we ýüzüne möjegiñ altyn kellesi çekilen baýdak beripdir we oña "Suý neslini ýykan han" derejesini beripdir. Suýlara garşy durýan esasy güýçlere, tan nesilşalygynyñ düýbüni tutujy, meşhur serkerde Li Ýuan baştutanlyk edipdir. Onuñ goşunynda köp sanly göktürmen ýigitleri hen gulluk edýärdiler. Netijede göktürkmen hökümdary Sibir hanyñ (608-619 ý.ý.) ýakyndan goldamagynda, Li Ýuan 617-nji ýylda suýlaryñ paýtagty Çanan şäherini eýeleýär, bu wakadan bir ýyl geçenden soñ bolsa, ol Tan hökümdarlygynyñ esaslandyrylýandygyny yglan edýär. Göktürkmen hökümdary Sibir han Li Ýuany goldamak we onuñ goşunlaryny güýçlendirmek üçin, täze dörän döwletiñ paýtagty Çanana 2.000 sany at, täze hökümdary garşydaşlaryndan goramak üçin bolsa, gowy ýaraglandyrylan 2.000 atlyny iberipdir. Häkimiýeti doly ele alandan soñ, Li Ýuan ýurtda giñ günä geçişlik yglan edipdir, suýlaryñ döwründäki ýowuz kanunlar ýatyrylypdyr. Döwlet ammarlary horluk çekýän ilat üçin açylypdyr, köşk haremhanalaryndaky gyzlar bolsa, öz maşgalalaryna gaýtarylyp berlipdir. Esgerlere ilaty talamaklyk, sütem etmeklik gadagan edilipdir. Suý kanunlarynyñ deregine Li Ýuan (618-626 ý.ý) täze kanunlary girizipdir. Kabul edilen kanunlara görä, "Tan nesilşalygynyñ taryhy" eserinde aýdylyşy ýaly, "ganhorlar, talañçylar, dönükler we topalañçylar ölüme höküm edilipdir". Li Ýuandan soñ, tan tagty onuñ edenli ogly, serkerde Li Şi-mine (626-649 ý.ý.) miras galypdyr. Li Şi-miniñ dolandyran ýyllarynda göktürkmenleriñ döwletiniñ gündogar bölegi hem Tan döwletiniñ düzümine giripdir. Emma 682-nji ýylda Gutlug Ilteriş han (682-693 ý.ý.) Göktürkmen döwletini gaýtadan dikeldýär we iki döwletiñ arasynda täze gymmatlyklara esaslanýan syýasy-ykdysady we medeni gatnaşyklar ýola goýlupdyr. Göktürkmenler garyndaşlary bolan tan nesilşalygyny günlerde goldapdyrlar. Li Şi-miniñ ogly Gaoszunyñ (649-683 ý.ý.) dolandyran ýyllarynyñ ahyrlarynda köşkde patyşanyñ hytaýly aýalynyñ täsiri güýçlenipdir. Gaoszun ölenden soñ, onuñ ogly Çžunszun (683-710 ý.ý.) patyşa diýlip yglan edilipdir. Emma patyşa aýal U köşkdäki wezipelere hytaýlylary çekip ugrapdyr. Onuñ maksady keseki asly bolan tanlary bütinleý ýok etmekdi. Şonuñ üçin hem şa aýaly U 684-nji ýylda tan neslinden birnäçe şazadany ýok edipdir, 689-njy ýylda bolsa, tan nesilşalygynyñ adyny dolandyryşdan aýrypdyr. Bir ýyldan soñ U özüni patyşa diýip yglan edipdir. Tan nesilşalygy üçin şeýle pajygaly döwürde göktürkmenler olara hemaýat beripdirler. Üstesine-de, bu döwürde Hytaýyñ üstüne mongol taýpalary hem talañçylykly ýörişleri geçiripdirler. Göktürkmen hökümdary Gapagan han 693-716 ý.ý.) basybalyjylary derbi-dagyn edipdir we Hytaýy halas edipdir. Ahyrsoñunda Gapagan hanyñ hyzmaty bilen tan tagtynyñ kanuny mirasdary bolan Çžunszun häkimiýete getirilipdir. Hançžou, Kaýfyn, Ýançžou, Çendu, Çançžou, Suçžou ýaly häzirki döwürde-de meşhur merkezler hasap edilýän uly şäherler hem hut tan hökümdarlygy döwründe peýda boldy. Tan nesilşalygynyñ dolamdyran döwründe Hytaýda Li Bo (699-762 ý.ý.), Di Fu (712-770 ý.ý.), Wan Weý (701-761 ý.ý.), Bo Szýuý (778-846 ý.ý.) ýaly ajaýyp şahyrlar ösüp ýetişdi. Ata-babalarymyzyñ döreden medeni hem-de ruhy gymmatlyklaryna Hytaýda hemişe-de uly gyzyklanma bildirilipdir. Bu gyzyklanma has hem tanlaryñ döwründe güýçli bolupdyr. Li Şi-miniñ dolandyran ýyllarynda hytaý-oguz sözlügi çap edilipdir. Gynançly ýeri,bu gymmatly kitap biziñ günlerimize gelip ýetmändir. Hytaýda oguz sazlary hem patyşalaryñ we köşk adamlarynyñ çuñ söýgüsine mynasyp bolan inçe sungat hasaplanypdyr. Dogrusy, oguz sazlary şindi Hytaýdaky Beý-Çžou döwletiniñ döwründe-de (557-581 ý.ý.) baýramçylyklarda, dabaralarda we toý-meýlislerde köşk sazandalar topary tarapyndan yzygider ýerine ýetirilipdir. Köşkde geçirilýän dabaralarda we meýlislerde oguz sazlarynyñ astynda oguz tagamlaryny hödürleýärdiler. Tan hökümdarlary döwründe oguz sazlary doly ykrar edilipdir we Hytaýda köşk durmuşynyñ adaty bir gymmatlygyna öwrülipdir. Tanlaryñ döwründe-de, ondan soñky döwürlerde-de goýun-geçi, sygyr we ýylky eti, süýt, gatyk, süzme, gurt, gaýmak, peýnir, aýran we sargan hytaýlylaryñ söýgüli höregine öwrülipdir. Ata-baba goñşy oturan oguzlar we hytaýlylar biri-biriniñ ýurtlarynda-da ýaşapdyrlar. Şeýdip, halklar garyndaş bolýardylar. Hytaýda tan nesilşalygy häkimiýet başyna gelenden soñ, suýlaryñ döwründe ýurduny taşlap, göktürkmenleriñ ýurduna ýaşamaga gaçyp giden 80 müñ hytaýly ýurduna dolanyp gelipdir. "Tan nesilşalygynyñ taryhy" eseriniñ berýän maglumatlaryna görä, VII asyryñ 20-nji ýyllarynda Tan döwletiniñ paýtagty Çananda 10 müñ oguz maşgalasy ýaşaýan eken. Ýeri gelende aýtsak, Hytaý häzirki döwürde-de türkmenleriñ kowçum-kowçum bolup ýaşaýan ýurtlarynyñ biridir. Göktürkmenleriñ geýim-gejimi, hüý-häsiýetleri hytaýly begzadalary imrindiripdir we ýaraşykly geýinmekde oguzlara eýeripdirler. Oguzça geýinmeklik, soña baka çanan köşgüne-de aralaşypdyr we hytaý jemgyýetiniñ iñ ýokary gatlaklarynda çalşyp bolmajak adata öwrülipdir. Oguzlaryñ gögümtil we gyzyl-goñras donlarynyñ (gyrmyzy don bolmaly), donuñ üstünden guşalýan gaýyş kemeriñ, tan eýýamynyñ adaty düzgünine öwrülendigini XX asyr hytaý taryhçysy Lýu Mao-szaý belleýär. Ýöne hemme zatdan beter, hytaýlylara oguzlaryñ ak öýi ýaraýardy. Sebäbi Demirgazyk Hytaýyñ añzakly gyşlarynda içi gor ýaly oguz öýleri, hytaýlylaryñ süññüni gyzdyryp bilmeýän pagsadan edilen jaýlaryndan has kämil we oñaýly hasap edilipdir. Mysallardan görnüşi ýaly, iki halkyñ dosylukly gatnaşyklaryna päsgel bermek üçin, gadymýetde gurlan Beýik Hytaý diwary, türkmenleriñ we hytaýlylaryñ ysnyşykly gatnaşyklara bolan islegleriniñ netijesinde, sözüñ doly manysynda böwsülipdir. Hytaýlylar türkmen ak öýlerini "gök öý" ýa-da "gök küme" diýip atlandyrýardylar. "Gök küme" ýa-da "gök öý" hytaýlylar gadymy oguzlaryñ ýeke-täk hudaýy bolan Gök Tañryny göz öñünde tutup aýdýardylar. Asyrlaryñ dowamynda türkmenlerde daşdan, pagsadan, bişen kerpiçden we agaçdan edilen öýler bolupdyr. Ýöne maldar türkmenler üçin çarwa ak öýünden amatly zat ýok. Biziñ gürrüñini edýän döwürlerimiz, aýratyn hem tanlaryñ döwründe, oturymly hytaý durmuşynda oguz ak öýleri uly isleglerden peýdalanypdyr. Ýaşamak üçin amatlydygy, gyşyna ýyly bolýandygy üçin özüni oñarýan her bir hytaýly ak öý edinmäge çalyşýardy. Türkmen üçin ak öý iñ mähriban gymmatlyklaryñ biri. Ony näçe taryp etseñem az. Geliñ, beýik hytaý şahyry Bo Szýuý-nyñ (778-846 ý.ý.) türkmeniñ ak öýüniñ waspyny ýetirişine gulak asalyñ. ■ Gögüñ öýi Şeýledir bu öýüñ durky-düzümi: Goýun ýüñündendir durluk, üzügi. Ussalar oýlapdyr süññi-tärini, Taldan ýasapdyrlar tüýnük, tärimi. Ak öýi gurdular dury düzlükde, Gök ota bürenen giñ tekizlikde. Gurluşy tegelek, ýok onuñ burçy, Gyş gelip, agaçlar baglanda burjy. Syrgyn gar içine syrap bilenok, Harasat, tüweleý yrap bilenok. Aýly gije onuñ kölgesi gowy, Ojakdaky oduñ şuglasy gowy. Täsin agşamara asmana garşy, Tüssäniñ tüýnükden uzalyp barşy. Bu öý göýä gonan ýaly arşdan, Bu öý men han köşgüne çalyşman. Hytaýly şahyr Bo Szýuý orta tapda we üpjünçilikde ýaşaýan sähraýy oguzyñ ak öýüniñ gürrüñini edýär. Emma oguz hanlarynyñ hem-de begzadalarynyñ ýaşaýan ak öýleri aýratyn tapawutly bolupdyr. Içki bezeginiñ nepisligi we baýlygy bilen olar kese ýerli gezendeleri-de añk edýärdi. Han öýüniñ baýlyguna we onuñ içinde ýaşaýyş üçin döredilen şertlere, Göktürkmen hökümdary Istemi hanyñkyda (554-576 ý.ý.) bolup gören, ömrüni Wizantiýa patyşalarynyñ köşgünde geçiren rumly taryhçy Menandr Protektor hen haýran galypdyr. Türkmen we hytaý halklarynyñ taryhy geçmişinden mälim bolşy ýaly, asyrlaryñ dowamynda iki milletiñ arasynda hoşniýetli goñşuçylyk gatnaşyklary höküm sürüpdir, dörediji milletler hökmünde birek-birekden öwrenipdirler, birek-birege öwredipdirler. Şu ýerde Saparmyrat Türkmenbaşynyñ "Ruhnamasynda: "Men Birleşen Milletler Guramasynyñ döredilmeginiñ 50 ýyllyk dabarasynda hemişelik Bitaraplyk şygarymyzy dünýä yglan edenimde, oguzlaryñ-türkmenleriñ, seljuklaryñ ýaýran sebitindäki medeniýetlerde miras paýymyzyñ bardygyny ýöne ýere aýtmadym" diýip, ýazan setirlerinde çuññur ylmy hem-de taryhy esaslaryñ ýatandygyny aýratyn nygtamak gerek". Milli Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soñ halkymyzyñ gadymyýetde Çyn-Maçyna uzan taryhy ýoly gaýtadan dikeldildi. Garaşsyz Türkmenistanyñ Ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy 1992-nji we 1998-nji ýyllarda Hytaý Halk Respublikasynda resmi saparda bolmak bilen, gözbaşlary gojaman geçmişiñ jümmüşinden gelýän, many-mazmuny dost-doganlyga ýugrulan türkmen-hytaý gatnaşyklaryna giñ ýol açdy. Hytaýyñ hökümet ýolbaşçylary hem şanly Garaşsyzlygymyzyñ ýyllary içinde biziñ ýurdumyza birnäçe gezek resmi sapar bilen geldiler. Hytaýyñ işewür toparpary Türkmenistanda alnyp barylýan bimöçber uly işlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Täze müñýyllyga gadam goýan iki dostlukly döwletiñ arasyndaky dostlukly syýasy, özara bähbitli ykdysady we ýygjam medeni gatnaşyklar ýyl-ýyldan pugtalanýar. Aziýanyñ merkezinde ýerleşýän Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletinden bu gün dünýäniñ çar künjegine, şol sanda gadymy Çyn-Maçyna-da dostluk ýollary uzaýar. Ol ýollar türkmeni dostluk-doganlyga, ösüşlere äkidýän, ony dünýä tanadýan ýollardyr. Taryhy ykballary köp babatda meñzeş türkmen we hytaý döwletleri XX asyryñ ahyrlarynda we XXI asyryñ başlarynda ykdysady ösüşiñ depgini boýunça dünýäde öñdäki orunlara çykdylar. Bu gün iki dostlukly döwletleriñ gazanýan haýran galdyryjy üstünliklerine dünýä guwanýar. Sebäbi XXI asyr türkmen halkynyñ Altyn asyry bolsa, 100 ýyllyk maksatnamanyñ (1949-2049 ý.ý.) üstünde işleýän hytaýlylar üçin hem rowaçlyk eýýamy bolar. Nesip bolsa, bu şeýle-de bolar! Jumadurdy ANNAORAZOW, Magtymguly adyndaky TDU-nyñ kafedra müdiri, taryh ylymlarynyñ kandidaty. # edebiyatwesungat_2005 | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |