12:15 "Owazañ Çyn-Maçyn daglar aşasy.." (Oguz-türkmen we hytaý gatnaşyklarynyñ taryhy) | |
"OWAZAÑ ÇYN-MAÇYN, DAGLAR AŞASY..."
Taryhy makalalar
Türkmen halky şindi gadymy zamanlarda döwlet döredip, halkara we döwletara gatnaşyklaryna girişip bilen, dünýäniñ gadymy milletleriniñ biridir. Geçmişde halkymyzyñ dünýäniñ çar künjeklerine uzan taryhy ýollary bolupdyr. Bu barada Saparmyrat Türkmenbaşynyñ "Ruhnamasynda" şeýle diýilýär: "Biziñ Arabystana, Kawkaza, Azerbaýjana, Özbegistana, Gyrgyzystana, Gazagystana, Täjigistana, Owganystana, hatda Çyn-Maçyna, Orsýete, Hindistana, Päkistana taryhy ýollarymyz bardy. Bu sebitde türkmenleriñ her kim bilen gönüden-göni gatnaşyk açyp bilen döwürleri bolupdyr. Emma bu, geçen ýakyn ýyllarda düýbünden mümkin däldi. Indi biz taryhdaky gatnaşyklarymyza täzeden göz gezdirip, olaryñ hemmesi bilen ýokary derejede gatnaşyklarymyzy ýola goýduk". Halkymyzyñ gojaman geçmişde döwletara gatnaşyklaryny ýola goýan ýurtlarynyñ biri-de gadymy Çyn-Maçyn döwletidir. Şonuñ üçin hem biziñ gürrüñimiz geçmişde türkmeniñ bu gadymy ýurta uzan taryhy ýoly barada bolar. Türkmen we hytaý halklarynuñ dostlukly gatnaşyklary gözbaşyny taryhyñ iññän gadymy döwürlerinden alyp gaýdýar. Taryhy barlygy müñýyllyklar bilen ölçelýän iki halkyñ taryhy ykbalynda umumylyklar örän kän. Dörediji milletler bolan türkmenler hem-de hytaýlylar dünýä medeniýetiniñ we sungatynyñ ösüşine ägirt uly goşant goşan halklardyr. Ata-baba goñşy oturan türkmen hem-de hytaý milletleri şol bir wagtyñ özünde biri-birinden köp zatlary öwrendiler, şeýdibem milli gymmatlyklaryny we taryhy miraslaryny baýlaşdyrdylar. Dünýä jemgyýetçiligi hytaýlylaryñ adamzat taryhyndaky orny barada köp zatlary bilýär. Emma mukaddes Garaşsyzlygymyzy alýançak, dünýä jemgyýetçiligi biziñ halkymyz barada az bilýärdi. Türkmenleriñ adamzat mirasynyñ altyn hazynasyna goşan goşandyny we onuñ dünýä taryhyndaky jedelsiz ornuny Saparmyrat Türkmenbaşy "Ruhnamada" ummasyz köp ylmy hem-de taryhy delilleri getirmek bilen halkymyzyñ beýik geçmişi baradaky bu hakykaty äleme äşgär etdi. Indi türkmeni bütin dünýä tanaýar. Türkmenler özüniñ gadymy goñşusyny we onuñ ajaýyp ýurduny Çyn-Maçyn ady bilen bir hatarda, indi ençeme asyrlar bäri hytaýly we Hytaý diýip atlandyryp gelýär. Ýogsam, hytaýlylar öz milletini "han", döwletini bolsa "Jungo" ("Älemiñ merkezindäki döwlet") diýip atlandyrýarlar. Häzirki döwürde dünýäniñ köp ýurtlarynda hem bu gadymy millet we onuñ arzyly döwleti "Hytaý" diýlip atlandyrylýar. Mälim bolşy ýaly, bu at hytaýlylara şindi gojaman geçmişde oguzlar-türkmenler tarapyndan dakylan atdyr. Biziñ eýýamymyzyñ V-VI asyrlarynda-da oguzlar öz günortaly goñşusyny "kytaý" we "hytaý" diýip atlandyrýardylar. Aýdylanlary Saparmyrat Türkmenbaşynyñ "Ruhnamasynda" iññän ygtybarly çeşme hem-de ruhy gymmatlyk hökmünde häsiýetlendirilýän Oguz-orhon ýazuwyndaky maglumatlar hem tassyk edýär. Oguz-orhon ýazuwyndan mälim bolşy ýaly, oguzlar hytaýlylary "tabgaç" diýip atlandyrypdyrlar. Emma oguzlar tabgaç diýenlerinde, Demirgazyk Hytaýyñ oguzlar bilen garyşan ilatyny göz öñüne tutup aýdýardylar. Käbir adamlar rus dilinde aýdylýan "Kitaý" sözüni biziñ dilimize rus dilinden geçen bolmaly diýip nädogry düşündirýärler. Tersine, bu söz hem rus diline türkmen dilinden geçipdir. Üstesine-de, ruslat hytaýlylar bilen goñşuçylyk gatnaşyklaryny XVII asyrda ýola goýup, öñler şeýle halkyñ bardygyny-da bilmeýärdiler. Geçmişde gadymy oguzlaryñ taryhy atlarynyñ biri bolan "hun" ("ýowuz') ady hem hytaý diliniñ üsti bilen dünýä ýaýrady. Türkmenler ilkinji bolup aty eldekileşdirip, dünýä meşhur tohum bedewleri ýetişdirip, at münen milletdir. Aty at edýän esbaplaryñ ählisi diýen ýaly, türkmenleriñ ata-babalary bolan oguzlar-hunlar tarapyndan ynsan ýaşaýşyna ornaşdyrylan möhüm hojalyk hem-de durmuş zerurlyklarydyr. Bu zatlar hut biziñ ata-babalarymyzdan dünýä ýaýrady. Oguzlaryñ döreden ajaýyp maddy mirasyna şaýatlyk edýän gymmatly zatlar dürli döwürlerde alymlar tarapyndan ýüze çykaryldy we düýpli öwrenildi. XX asyryñ başlarynda rus alymy P.K.Kozlow tarapyndan gadymy oguzlaryñ höküm süren sebitleriniñ biri bolan häzirki Mongoliýanyñ we Demirgazyk Hytaýyñ dürli ýerlerinde ata-babalarymyza degişli ýadygärlikler içgin öwrenildi. P.K.Kozlow aýratyn hem "hun depeleri" diýlip atlandyrylýan ýadygärliklere üns beripdir. Şol depeleriñ biri Mongoliýanyñ Noýin-Ula diýen ýerinde ýerleşip, ol meşhur oguz patyşasy Üçžüläniñ (b.e.öñki 8-nji we biziñ eýýamymyzyñ 13-nji ýyllary) gubrudyr. Bu gubruñ üsti P.K.Kozlow tarapyndan 1924-nji ýylda açylypdyr. Iki eýýamyñ sepgidinde ýaşap, biziñ eýýamymyzyñ 13-nji ýylynda aradan çykan "Üçžüle şanýuý" diýip atlandyrylýan tanymal oguz hanynyñ gubrundan ummasyz köp mukdardaky zatlar tapyldy. Bu taryhy tapyndylar gadymy ata-babalarymyz bolan hunlaryñ-oguzlaryñ baý maddy hem-de ruhy mirasynyñ bolandygyny tassyk edýär. Kümüşden, bürünçden edilen dürli şekiller, gap-gaçlar, şaý-sepler, matalar, egin-eşikler, at esbaplary we ýaraglar özüniñ aýratyn nepisligi bilen tapawutlanýarlar. Gadymy ata-babalarymyzyñ döreden bu sungat eserleri halkymyzyñ döredijilik dünýäsiniñ baýlygyna we ukyp-başarnyklarynyñ ýokary derejede bolandygyna şaýatlyk edýär. Gadymy döwürde at münen halk bolan oguzlaryñ durmuş we hojalyk enjamlary: şaý-sepler, eýer, üzeññi, jylaw, gamçy, egri gylyç, şeýle hem atlynyñ dony, telpegi, gönden tikilen ädigi, köýnegi, gyýma jalbary dünýä medeniýetiniñ ösüşine aýgytly täsir eden gymmatlyklardyr. Ata-babalarymyzyñ bu baý medeniýetini dünýäniñ köp sanly halklary bilen bir hatarda hytaýlylar hem kabul edip aldy we bu nepis zatlar hem olaryñ medeniýetiniñ aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki zaman adamsynyñ synasyny bezeýän, onuñ esasy eşikleriniñ biri bolan jalbaryñ gözbaşynda hunlar-oguzlar tarapyndan döredilen ajaýyp hem-de ýaraşykly eşigiñ ~ gyýma balagyñ durýandygyny köpler bilýänem däldir. Hytaýlylar ata-babalarymyzyñ döreden bu ýaraşykly hem-de oñaýly lybasyny, esbaby ýetik atlary münmek däplerini göwünjeñlik bilen kabul edipdirler. Elbetde, halkymyzyñ hytaýlylardan alan zatlaram az däldir. Iñ bärkisi, ata-babalarymyzyñ şöhratly geçmişi hakyndaky hytaý çeşmelerini alyp göreliñ. Ýoýulmalaryñ örän köpdügine garamazdan, halkymyzyñ gadymy taryhyny öwrenmekde hytaý çeşmeleri asla inkär bolmajak gymmatlyklardyr. Hytaýlylar we türkmenler hat-ýazuwy bolan gadymy milletlerdir. Käbir alymlar hytaýlylar bilen goñşuçylykda ýaşan hunlarda hat-ýazuwyñ bolandygyna müñkürlik edýärler. Hytaýyñ meşhur taryhy eserleriniñ biri bolan "Üç döwletiñ taryhynda" ("San go-çži") hunlarda-da hat-ýazuwyñ bolandygyna şaýatlyk edýän maglumat getirilýär. 245-250-nji ýyllarda hytaýly emeldar Kan Taý gadymy Kamboja döwleti bolan Funana ilçi edilip iberilipdir. Sapardan dolanyp gelenden soñ, Kan Taý, Funan döwleti barada gymmatly ýazgylary galdyrypdyr. Şol ýazgylaryñ arasynda duş gelýän şeýle setirler gyzyklydyr: "Funanlylarda kitaplar bar, olary ýörite arhiwlerde saklaýarlar. Olaryñ hat-ýazuwy hunlaryñkyny ýada salýar". Gyzykly ýeri, gürrüñi edilýän döwür hunlaryñ gowşan wagtlarydyr. Emma muña garamazdan, hunlarda hat-ýazuwam, ösen medeniýetem bolupdyr. Oguz han Türkmen bilen ady rowaýata öwrülip giden hytaýly patyşa Ýao (hytaýlylaryñ ilkinji Şan döwletini esaslandyran hökümdar) b.e.öñ III müñýyllygyñ başlarynyñ şahsyýetleri. Oguz han bilen Ýao patyşanyñ ýaşan döwürleriniñ arasynda 200-300 ýyl tapawut bar. Halkymyzyñ hytaý milleti bilen diñe bir hoşniýetli goñşuçylyk gatnaşyklary bolman, eýsem iki halkyñ arasynda garyndaşlyk arabaglanyşygy hem bolupdyr. Hytaýlylaryñ millet hökmünde kemala gelen ýeri Huanhe bilen Ýanszy derýalarynyñ aralygy hasap edilýär. Häzir bu ýerler merkezi Hytaýy emele getirýär. Wagtyñ geçmegi bilen hytaýlylar Ýanszydan günortada ýerleşýän ýerleri hem özleşdiripdirler. Şonuñ üçin hem indi Huanhe bilen Ýanszynyñ aralygy Demirgazyk, Ýanszydan aşakdaky ýerler bolsa, Günorta Hytaý diýlip atlandyrylýar. Huanheden demirgazykdaky we Sary deñizden tä Gara deñzine çenli aralykdaky ýerlerde bolsa türkmenleriñ ata-babalary bolan oguzlat ýaşaýardylar. B.e.öñ III ahyrlarynda Hytaýda merkezleşdirilen Çin döwletini (Çyn-Maçyn ady şundan gelip çykýar) esaslandyran Çin Şi-Huandi (b.e.öñ 221-210 ý.ý.) hunlar-oguzlar bilen araçäkde beýik diwar çekip başlapdyr. Sebäbi hytaý köşgüniñ käbir emeldarlary "hojalyk we durmuş taýdan biri-birine meñzemeýän hunlar bilen hytaýlylar hiç haçan oñşukly ýaşap bilmezler. Iki halkyñ arasynda nähilidir bir hili gatnaşyklaryñ bolmagy mümkin däl" diýişýärdiler. Türkmenler we hytaýlylar Beýik Tañry tarapyndan hökümdarlyk hukugy berlen, dünýäniñ az sanly halklarynyñ hataryna degişlidir. Türkmenlerde Oguz hanyñ nebereleriniñ hemmesine patyşalyk, häkimlik hukugy düşüp bilşi ýaly, ýerli däpler boýunça, bu hukuk Hytaýyñ islendik raýatyna-da düşüp bilýärdi. Şonun üçin hem asyrlaryñ dowamynda Hytaýyñ ýerinde esaslandyrylan döwletleriñ hökümdarlarynyñ arasynda daýhan, serkerde, esger, mugallym, söwdagär, mahlasy, sosial toparlaryñ islendiginden wekilleri bolupdyr. Geçmiş mirasyndaky şeýle aýratynlyklar, Ýer ýüzünde türkmenleriñ we hytaýlylaryñ "şalyk halklary" diýlip atlandyrylmagyna sebäp bolupdyr. Hytaýda-da, oguzlaryñ arasynda-da "Häkimiýet hökümdara Tañry tarapyndan berilýär" diýlip düşünilýärdi. Hytaýly patyşalaryñ "Asmanyñ", "Gögüñ" ýa-da "Tañrynyñ ogly" ("Týan-szy") derejesi aýdylanlaryñ aýdyñ subutnamasy. Bu ýagdaý hunlarda-oguzlarda-da şeýle bolupdyr. "Tañry tarapyndan tagta çykarylan Beýik Hun Çyn-Maçyn hökümdarlaryna dogaýy salam diýýär, oña saglyk arzuw edýär" diýip, Saparmyrat Türkmenbaşynyñ "Ruhnamasynda-da" bardyr. Ýene-de bir ýagdaýy aýratyn bellemelidiris. Geçmişde dünýä halklarynyñ hiç biriniñ hem türkmenler bilen hytaýlylar ýaly, köp sanly döwletleri döredip bileni bolmady. "Ruhnamadan" mälim bolşy ýaly, geçmişde halkymyz 70-den gowrak döwlet döredip bilipdir. Hytaýlylaryñ döreden döwletleriniñ sany hem 50-den geçýär. Bir tapawudy, hytaýlylar şunça mukdardaky döwletleri öz ýerinde, türkmenler bolsa zeminiñ çar künjeginde, şol sanda Hytaýda hem döredipdirler. Asyrlaryñ dowamynda türkmenler bilen hytaýlylaryñ arasynda ýygjam goñşuçylyk gatnaşyklary ýola goýlupdyr. Dürli asyrlaryñ dowamynda türkmen topragyna we Merkezi Aziýanyñ ýerlerine hytaýly Gan In (94-96 ý.ý.), ilçiler Çžan Sýan (b.e.öñ 140-126 ý.ý.), Tun Ýuan we Gao Min (V asyryñ ortalarynda), budda zyýaratçylary Fa Sýan (400 ý.), Sun Ýun (518-522 ý.ý.), Weý Szo (605-616 ý.ý.), Suan Szan (629-648 ý.ý.), I Szin (673-695 ý.ý.), Hoý-Çao (723-729 ý.ý.), U Kun (751-790 ý.ý.) syýahat edip, türkmenler-oguzlar barada köp maglumatlary toplapdyrlar. Ady agzalan awtorlaryñ gymmatly ýazgylary bilen ýakyndan tanşanyñda, gadymy hem müdimi milletimiziñ neneñsi baý maddy we ruhy baýlyklarynyñ bolandygyna göz ýetirýärsiñ. Türkmenler hem asyrlaryñ dowamynda hytaý köşgüniñ arzyly myhmanlary bolmak bilen, bu gadymy ýurt, onuñ parahatçylyk söýüji we zähmetsöýer halky barada ýakymly ýatlamalary galdyrypdyrlar. Türkmenleriñ beýik Parfiýa (b.e.öñ III-b.e. III a.a.), Oguz türkmenleriniñ Beýik Hun (b.e.öñ III -b.e. III a.a.) döwletleri ýaly, hytaýlylarda hem edil şol döwürlerde Han hökümdarlygy diýlip atlandyrylýan uly döwlet (b.e.öñ III-b.e. III a.a.) bardy. Han hökümdarlygy ýykylandan soñ, Hytaýda tä VI asyryñ ahyrlaryna çenli bitewi döwlet bolmady. Han döwletiniñ harabalyklarynda dörän köp sanly hytaý beglikleri bolsa, özara oñuşmaýardylar. Bu beglikleriñ aglabasy bilen oguzlar hoşniýetli gatnaşyklary saklapdyrlar, olaryñ käbirleri bilen bolsa, ýaranlyk gatnaşyklary ýola goýlupdyr. Göktürkmenleriñ döwlet döränden soñ bolsa, köp hytaý beglikleri yklym hanlary bolan oguz hökümdarlarynyñ tabynlygynda boldy. Şonuñ üçin hem göktürkmen hanlaryny günbatarda "Hakany-Çin" ("Hytaýyñ hany") diýip atlandyrýardylar. Oguzlar-türkmenler we hytaýlylar biri-birini kyn günlerde goldan, goran milletlerdir. Biziñ eýýamymyzyñ başlarynda Han döwleti gowşap, ýurtda häkimiýet ugrunda göreşler başlapdyr. Tagt hökümdar neslinden bolmadyk, köşk emeldary Wan Man (8-23 ý.ý.) tarapyndan bikanun eýelenipdir. Han nesilşalygy üçin şeýle çylşyrymly döwürde oguzlar ýurduñ kanuny hökümdaryna ýaranlyk goluny uzadypdyrlar we bikanun häkimiýet syndyrylyp, Hytaýda adalat dikeldilipdir. VI asyryñ ortalarynda oguzlaryñ Žužan zulmundan ejir çekýän döwründe, Hytaýyñ Günbatar Weý döwletiniñ patyşasy Wyn-di Bumyn hana (Bumin kagan) ýakyndan goldaw beripdir. Bumyn han hem öz gezeginde Wyn-dini Gündogar Weý döwletine garşy göreşde goldapdyr. Netijede Günbatar Weý döwleti syýasy garaşsyzlygyny saklap bilipdir, Bumyn han bolsa, 552-nji ýylda Göktürk(men)leriñ döwletini esaslandyrypdyr. Wyn-diniñ asylzada gyzlarynyñ biri Bumyn hana aýal edilip berlip, iki dostlukly döwletiñ arasynda garyndaşlyk gatnaşyklary hem ýola goýlupdyr. VI asyryñ ahyrlarynda Hytaýda Suý döwleti diýlip atlandyrylýan merkezleşdirilen bitewi döwlet emele geldi. Emma hökümdarlaryñ ýowuz syýasatynyñ netijesinde Suý döwleti köp ýaşaman, VII asyryñ başlarynda syndy. Synan döwletiñ ýerinde ägirt uly Tan hökümdarlygy (618-907 ý.ý.) emele geldi. Tan hökümdarlygy Hytaýyñ köp müñ ýyllyk taryhynda aýratyn orun eýelän döwlet bolup, ol göktürkmenleriñ ýakyndan ýardam bermeginde esaslandyryldy. Bu döwletiñ ýaşan asyrlarynda Hytaý dünýädäki iñ kuwwatly döwletleriñ hataryna goşuldy. Asyrlaryñ dowamynda Hytaýda 50-den gowrak döwlet döredilipdir. Şolaryñ aglabasy 30-40 ýyldan köp ýaşamandyrlar. Emma Han (b.e.öñ III-b.e. III a.a.), Tan (618-907 ý.ý.), Sun (960-1279 ý.ý.), Min (1368-1644 ý.ý.), Mançžur (1644-1911 ý.ý.) hökümdarlygy ýaly döwletler birnäçe asyrlap ýaşapdyrlar. Mälim bolşy ýaly, hunlaryñ-oguzlaryñ nesilleri tarapyndan esaslandyrylan Tan hökümdarlygy hem şeýle döwletleriñ biri bolupdyr. Hytaýy dolandyran Tan nesilşalygynyñ taryhy barada gymmatly maglumatlar saklanyp galypdyr. Olaryñ iñ ygtybarlylary 941-945-nji ýyllarda Lýu Heý tarapyndan ýazylan "Tan nesilşalygynyñ köne taryhy" ("Szýu-tan-şu"), ikinjisi bolsa "Tan nesilşalygynyñ täze taryhy" ("Sin-tan-şu") hasap edilýär. Taryhy maglumatlaryñ şaýatlyk etmegine görä, tanlar hunlaryñ-oguzlaryñ nesilleri bolup, olar Demirgazyk Hytaýda uly abraýdan we täsirden peýdalanan oguzlaryñ hytaýlaşan Li neberesinden gelip çykypdyrlar. (dowamy bar)... Jumadurdy ANNAORAZOW, Magtymguly adyndaky TDU-nyñ kafedra müdiri, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||