Öweziň geň edähedi
Gumuň içinden geçýän Garagum derýasyna golaý ýerde biten bagy görüp:
— Bu gara baglygy bu ýerde kim ýetişdirdikä? – diýip, Aşyr geňirgendi.
Öwez beletlik bilen:
— Çöller institutynyň alymlary. Bu ýerde men öň bolup gördüm. Hanha, olaryň birisi baram. Bäh, ol Öwez ýaly-la. – diýip, agajyň kölegesinde garbanmaga häzirlenip oturan, orta boýly daýanykly adamy görkezdi. Ol çalasyn ýerinden galyp, maşyndan düşerimize mähetdel, geldi-de biziň bilen gadyrly salamlaşdy.
— Öwez Gurbanow, alym, tebigatyň ölermen aşygy. Ikimiz atdaş, uniwersitetde-de bile okadyk. – diýip, Öwez ony tanyşdyrdy.
Saglyk-amanlyk soraşylandan soň, ol:
— Geliň, nahar edineliň! – diýip, mürähet etdi.
— Naharyň özüňe nesip etsin! Biziň aramyzda seniň bu owkadyňdan dadyp biljegimiz ýok! – diýip, Öwez oňa jogap berdi.
Gara aga Öweziň bu zoňtarlygyny geňirgäp:
— Beý diýme, inim! Duza at dakmak gelşiksizdir! – diýip, oňa duýdurdy.
— Häzir atdaşyň näme iýip oturanyny eşitseňiz, meniň näme üçin beýle diýenime düşünseňiz gerek. Hany, aýtsana atdaş, nämäniň etini iýip otyrsyň? – diýip, Öwez alyma ýüzlendi.
— Kanalyň suwy gaçan şorlukdan suwitini tutdym. Semizje eken. Şonuň çekdirmesi... – diýip, alym ýylgyrdy.
— Suwitiniň iýilýänini senden eşidýärin. – diýip, Gara aga geňirgendi.
— Atdaş täsin adam. Munuň iýmedik zady ýok bolsa gerek! Hany, özüň gürrüň bersene?! – diýip, Öwez güldi.
— Her kişiniň bir hobbisi bolýar. Meniň hobbim şeýle. – diýip, alym gürrüňe başlandan, Gara aga onuň sözüni böldi:
— Hobbi diýýäniň näme?
— Hobbi diýmek, edähet diýmek bolýar. – diýip, Aşyr düşündirdi.
— Hawa, meniň edähedim şeýle... – diýip, Öwez söze ýamaşgan başlady. — Esasy işim çöl bilen bagly. Ömrümiň uly bölegini çöli öwrenip geçirdim. Ýylyň ähli pasyllarynda diýen ýaly, çölde bolmaly bolýaryn. Şonda ýanyma öýden diňe kakadylan çörek, duz, otluçöp, goşa tüpeňimi alýaryn. Bolany. Onsoň, nahar wagtym golaýlanda odun çöpläp ot ýakaga-da, ýanyp köze öwrülýänçä, düşlän ýerimiň töweregine aýlanýaryn. Pyşbagamy, atýalmanmy, alakamy... garaz, yrsgalyma näme çyksa, tutup, oda basaga-da, owkat edinýärin.
— Bä-äý, mädäň-ä iri eken-ow, inim! – diýip, Gara aga geň galyp, başyny ýaýkady.
— Atdaş iýen zadyny ýazyp belleýärem. – diýip, Öwez düşündirdi.
—Hawa, haçan, nirede, näme iýendigimi ýandepderçejigime belleýärinem. Men oňa adaty iýilýän haýwanlary bellämok. Diňe adamlaryň iýmeýän jandarlaryny iýsem, belleýärin. Bu hem bir özboluşly ylmy derňew.
— Ýylanam iýip gördüňmi? – diýip, Sapar gyzyklandy.
— Hawa, ýylanyň köp görnüşlerini iýendirin.
— Zäherinden gorkaňokmy?
— Onuň öz iýiliş täri bar. Her tarapyndan iki-üç barmak ýalysyny kesip taşlap, hamyny sypyraga-da, çybyga düzüp, çişlik etseň, juda tagamly bolýar.
— Garga-da iýip gördüňmi?
— Alagarga, garagarga, zakyja garga, alahekek... iýip gördüm. Garga eti çeýe, bişmezek hem biraz ajymtyk bolýar.
— Ol iýýän zatlaryňdan kesel geçer öýdüp gorkaňokmy? Aýratyn-da alaka, syçan ýaly jandarlar juma, mergi, garahassalyk kimin erbet keselleri ýaýradyjylar hasaplanýar. – diýip, Aşyr gyzyklandy.
— Awlanymsoň gowuja barlaýan. Aýaklaryny göterip, goltuklaryna äňedýän. Keselli bolsa, goltugy çişli bolýar. Sagat jandaryň tüýi ýalpyldap, öwşün atyp durýar. Daşky görnüşinden, iýip boljakmy-ýokmy, kesgitlemek mümkin.
— Onsoň, seniň ol iýip gören närseleriň jemisi näçeräk boldy? – diýip, Gara aga sorady.
— Otuzdan geçdi. Janly-jandarlaryň diňe etini däl, ýumurtgasyny tapsam-da hezil edip iýýän. Pyşbaga ýumurtgasynyň heýgenegi has süýji bolguç.
— Bäh, seniň bu edähediň juda geň ekeni, inim! – diýip, Gara aga «loh-loh» güldi. — Gürrüňe güýmäp, naharyňy-da sowatdyk öýdýän.
— Aý, zeleli ýok. Guma çykanyma bäş-alty gün boldy. Uzak wagt ýeke bolsaň, adamlara duşup, «gümür-ýamyr» edişesiň gelip dur.
— «Gumuň içindäki bu bagy kim bitirdikä?» diýip, ýoldaşlarym gyzyklanansoň, sowulaýdyk. – diýip, Öwez biziň gelmegimiziň sebäbini, näme üçin guma çykandygymyzy düşündirdi.
— Miweli agaçlaryň çöl şertine, suwsuzlyga çydamly görnüşlerini ýetişdirmekçi bolýarys. Çöli öwrenmek, özleşdirmek, çölleşmegiň öňüni almak esasy işimiz. Bu bag biziň synag üçin eken baglarymyzyň biri. Bu ýerde esasan gara nar diýilýän naryň teşnelige çydamly görnüşini synag edýäris. Geçen ýyl hasyla durup, iri hem juda süýji narlar getirdi. – diýip, alym bizi öz işi bilen gysgaça tanyşdyrdy.
— Gumlular ir döwürlerden bäri ýandagyň köküni dilip, garpyz çigidini sapyp, düme garpyz bitirýärler. – diýip, Gara aga alymyň çöl daýhançylygy baradaky gürrüňiniň üstüne goşdy.
— Hawa, ýandak köki juda çuňluklara — çeşmä çenli gitgiç. Biz hem ýandaga sapyp, diňe garpyz däl, beýleki ekinleri hem ekip görýäs. – diýip, alym Gara aganyň gürrüň beren bu tärinden aňryýany bilen habarlydygyny ýaňzytdy.
Biz alym bilen hoşlaşyp, ýola düşdik.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar