22:54 Owganystanyñ "erkek" gyzlary we beççepuş däbi | |
GEOGRAFIÝANYÑ GANAÝAN ÝARASY: OWGANYSTANYÑ "ERKEK" GYZLARY WE BEÇÇEPUŞ DÄBI
Teatr we kino sungaty
Eýranly režissýor Mejit Mejidiniñ 2001-nji ýylda düşüren "Baran" çeper filminde SSSR-iñ Owganystany basyp almagy hakda gysgaça maglumatlary berenden soñ, gahrymany Latifi çörek bişirilýän ýerden alýan çöregi (lawaşy) bilen bile tomaşaçylarynyñ garşysyna çykarýar. Çörek - adamyñ ýaşaýşy üçin iñ esasy gerek zatlaryñ biridir. Käte bir döwüm çörege ýetmek üçin adam watanyndan, käte-de özünden geçmäge mejbur bolup bilýär. Köpüsi göçegçi bolup ýurdundan alysda ýaşaýan ýa-da Taliban ýaly diýdimzor toparlanmalaryñ gysajynda kyn şertlerde-de bolsa ýaşamaga jan edýän käbir owgan gyzlary zenan aýratynlygyndan geçip, "erkek" hökmünde ýaşamaga çytraşýar. "Baran "(2001) çeper filminde bäş çaganyñ kakasy Nejep gurlup duran binanyñ dördünji gatyndan aşak gaçyp hemişelik maýyp bolýar. Maşgalanyñ güzeranyny dolap bilmegi üçin onuñ Rahmet atly çemesizje ogly gurluşyk işine getirilýär. Aslynda Rahmet oglan tüýsüne giren Baran atly gyzjagaz. Çeper filmde özleriniñ alýan hakyndanam az haka işledilýändigine garamazdan, eýranly işçileriñ owganlar üçin duýýan ynjalyksyzlygyna, şeýle-de göçegçiler boýunça polisiýa işgärleriniñ owgan işçilerini gysyşlaryna şaýatlyk edýäris. Rahmet, ýagny Baran bu düzgüniñ astynda öýüne şol "pekarnýadan" çörek äkitmek üçin zenanlygyndan geçen owgan gyzy. Rahmetiñ gyzdygyny añşyran Latif oña çyndan aşyk bolýar. Çeper hekaýany nazara almanymyzda Owganystanyñ "erkek" gyzlary şu günki gün geografiýamyzyñ ganaýan ýarasy bolup garşymyza çykýar. Bu meseläni giñişleýin öwrenip, jemgyýetçiligiñ üns merkezine goýan kişi žurnalist Jenni Nordbergdir. Nordbergiñ “The Underground Girls of Kabul: In Search of a Hidden Resistance in Afghanistan” atly işi bu babatda jikme-jik maglumatlary berýär. • Owgan gyzlary we bilim ABŞ Owganystany basyp alandan soñ iñ uly propogandalaryndan birem gyz çagalaryñ bilim derejesini ýokarlandyrmaga gönükdiren wadasydy. Emma okkupasiýadan soñ statistiki görkezijiler okkupasiýadan öñ mekdebe gatnaýan owgan gyzlarynyñ sanyndanam 50% aşak düşendigini görkezýär. Ýagny amerikan ekspansiýasy Owganystanda gyz çagalaryñ bilim alma mümkinçiliklerini Taliban režiminde wagtyndakysydanam ýaramaz hala düşüripdi. Elbetde, bu ýagdaý diñe gyzlara dahylly howpurgadyjy kartinadan ybarat däl, çünki okkupasiýadan soñ mekdepleriñ 40%-dan gowragy weýran boldy. Hamit Karzaýyñ häkimiýetinde halkara jemgyýetçiligi az-uçugam bolsa Owganystanyñ gaýtadan galkynmagyna kömek etmek isläpdi, şeýlede bolsa bu boýunça hiç hili netije gazanyp bolmady. UNICEF-iñ statistiki görkezijileri owgan gyzlarynyñ 40%-niñ hiç hili mekdebe gatnamaýandygyny, gatnaýanlarynyñam agramly böleginiñ syýasy we jemgyýetçilik gysyşlardan ýaña okuwy taşlamaga mejbur bolýandygyny görkezýär. Owgan gyzlarynyñ başdan geçirýän kynçylyklary diñe bilim hak-hukuklarynyñ gysylmagy-da däl. Taliban öñki ýyllarda girizen gadagançylyklaryny täze häkimiýetinde-de ýola goýjakdygy görnüp dur. Aýal-gyzlar ýanynda erkek bolmasa daşaryk çykmak bolanok, hatda saglyk bejergisini almak ýaly zerur halatlarda-da erkek onuñ ýanyna golaýlaşmaly däl. Talibanlar hernäçe "önkimizden kän üýtgedik" diýse-de, häli-häzirden başlap aýal-gyzlary birnäçe hak-hukuklardan mahrum etmegi könä dolanyşyñ gutulgysyzdygyna yşarat edýär. Owganystanda Taliban režiminiñ gysyşlary we bosulyp barlan ýurtlardaky faşistik ýanamalar sebäpli owgan gyzlary täsin çykalga tapýarlar: Beççepuş. Öñden gelýän medeni adat hökmünde garalýan bu ýörelgä laýyklykda maşgalalar gyz çagalaryny oglan ýaly geýindirýär. Saçyny kesip, ýapynjasyny çykaryp, penjek geýen owgan gyzlary erkegiñ hak-hukuklaryna eýe bolýar. Elbetde, bu iş köplenç gizlin edilýänem bolsa, birnäçe erkek kişi oglan tüýsüne giren gyzyñ hakyky jynsyny bilýär. Her näme-de bolsa owgan jemgyýeti muny oñlaýar. Beççepuş däbine laýyklykda erkek ýaly ýaşaýan gyza ýazylmadyk käbir hak-hukuklar berilýär. 2010-njy ýylda "National Public Radio" radioýaýlymyna interwýu beren Jenni Nordberg beççepuş kyssasyny şeýle gürrüñ berdi: “Owganystana birinji gezek gidenimde parlamentde işleýän zenanyñ öýüne myhman boldum. Iki gyzy we bir ogly bolan öý eýesiniñ çagalary az-owlak iñlisçe gürleşip bilýärdiler. Olar bilen ulalanda näme kärde işlejekdikleri we näme reñki halaýandyklary barada gürrüñ etdik. Birdenem ýañky gyzjagazlaryñ biri ýuwaşjadan "Bilýäñmi näme, biziñ agamyz aslynda gyz" diýdi... Soñ-soñlar, hususanam daşary ýurtlarda ýaşaýan her bir owganyñ maşgalasynda şular ýaly gamgyn hekaýatyñ bardygyny gördüm.” Patriarhat jemgyýet gurluşynyñ iñ ýiti ýagdaýda duýulýan Owganystanynda ogul perzendi ýok maşgalalaryñ uly gyz çagalary güzeran dolamak üçin bu ýola ýygy-ýygydan ýüz tutmaly bolýarlar. Gynansak-da, bu zatlar diñe ykdysady sebäplerden döremeýär. Erkek perzendi bolmadyk adamlar jemgyýetde ýekirilmekden çekinýändigi üçin bu ýola baş urýarlar. Nordberg CNN-de eden çykyşynda şeýle diýdi: "Bu däp diñe Taliban bilen orta çykmady, munuñ köki juda añyrlara daýanýan däp we ol tä owgan gyzlary deñ hak-hukuklara eýe bolýança dowam etjege meñzeýär." Erkek tüýsüne giren owgan gyzlary hernäçe şular ýaly ýagdaýda işläp we köçelerde arkaýyn gezip bilýän bolsa-da, ähli azatlyklaryny gazanandyklaryny añlatmaýar. Mysal üçin, olaryñ edara-kärhanalarda işlemegi ýa-da azat bilim alma hukugyndan peýdalanmagy o diýen mümkin däl. Beççepuş däbi olara diñe ykdysady we sosial ugurda kem-käsleýin ýeñillikleri döredýär. 2017-nji ýylda Nordbergiñ “The Underground Girls of Kabul” kitabyny okan şwesiýaly žurnalist Loulou d’Aki bu däbiñ çyndygyny-ýalandygyny bilmek üçin Owganystana gidýär. Biri-birinden üýtgeşik fotosuratlary alan Loulou d’Aki şeýle däbe görä ýaşaýan "erkek" gyzlaryñ birnäçesi bilen gyzykly gürrüñdeşlikler geçirdi. d’Akiniñ geçiren seljermelerinden we alan interwýularyndan gelen netijesine görä, erkek bolmagy saýlap alan gyzlar jemgyýetiñ aýal-gyzlary gysyp saklaýandygy üçin muña ýüz urmaly bolýar. Olaryñ ýaşaýan jemgyýeti aýal-gyzy jahyl, artykmaç ýük, peslik hasaplaýar. Erkek bolmagy saýlap alanlarynda hem-ä jemgyýet tarapyndan oñlanýar, hemem bular ýaly jogapkärli ýola ýüz urandygy üçin maşgalasynyñ we ony tanaýanlaryñ uly sylag-hormatyna eýe bolýar, çünki bilar ýaly agyr ýola ýüz urmak hemmeleriñ başaryp bilmejek işi hökmünde garalýar. "Baran" çeper filmine dolanyp geler bolsak, aslynda saýlanyp alnan adyñ özem owgan zenanynyñ ykbalyny ýañzydýan simwoldyr: çünki "baran" sözüniñ manysy - ýagyşy, ýagyşyñ ýagmagyny, aýratynam bulutly, çytyk howany añladýar. Baranyñ köñli hem Latif üçin telwas etmän duranok, emma ol ýeri-ýurdy bolmadyk biçäre owgan gyzy. Baran nämälimlige bakan ikinji gezek göç edenlerinde onuñ elindäki sebet ýere gaçýar we içindäki zatlar ýere dökülýär. Şol wagt Latif ylgap gelip, Barana kömek edýär. Iki aşyk göz biri-birine kaklyşýar we Baranyñ ýüzünde kiçijik ýylgyryş peýda bolýar. Ne Latif Baranyñ ykbalyny üýtgedip bilýär, ne-de Baran muña garşy gidip bilýär. Baran ýuwaşlyk bilen ýüzüniñ ýapynjasyny aşak düşürýär we ara giren peçe arkaly çäk perçinlenýär. Baran uzaklaşanda batganyñ ýüzünde aýak yzy galýar, emma ýagyş onuñ aýak yzynam ýitirýär... Mejit Mejidiniñ adatdan daşary ussatlygynyñ görkezijisi bolan "Baran" çeper filmi geografiýamyzyñ ganaýan ýarasy beççepuş däbiniñ kino diline geçirilen nusgalyk eseridir. Owgan gyzlary häzirem ýaşamak we öýe bir döwüm çörek äkitmek üçin jynsyýetlerinden geçip, bir erkek ýaly ýaşamaga çytraşýar. Bu däbe Owganystanda Taliban režimine garşy, şol sanda bosulan ýurtlarda köplenç göçegçilere duşmançylyk edýän goranmak üçin ýüz urulýar. 17.09.2021 ý. Mehmet MAZLUM ÇELIK. celikmehmedmazlum@gmail.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |