21:28 Öwlüýäler -2 / dowamy | |
ÖWLÜÝÄLER
Taryhy şahslar
ABDULLAH BIN BÜREÝDE Tabiyn döwrüniň hadys alymlaryndandyr. Ady Abdullah bin Büreýde bin Hasib el-Esl-emidir. "Ebu Sehl" ady, el-Merwezi", "Mary kazysy", "El-Eslemi" lakamlary bilen tanalýandyr. 14-nji ýylda (m. 635) Kufede, Hz. Omar halyfka dünýä indi. Basrada ýaşapdy. Mary şäherine kazy edilip işe goýuldy we şol ýerde 115-nji ýylda (m. 707) dünýäden ötdi. Abdullah bin Büreýde, Tabiynyň ynamdar rowaýatçylardan bolup, hadys ylmynda uly alymdyr. Ol, Eshaby kiramyndan Abdullah Ibni Mesud bilen duşuşypdy. Ebu Hatem we beýleki alymlar, Onuň ynamdar adamdygyny aýtdylar. Ymamy Weki şeýle diýýär: "Abdullahyň ekiz gardaşy Süleýman ondan has köpräk magtalypdy we hadys babatda iň dogrusy şoňkudyr diýipdiler". Ol, kakasyndan, Ibni Abbasdan, Ibni Amrdan, Abdullah bin Mugfelden, Ebu Musa el-Eşariden, Ebu Hureýreden, Hz. Muawieden, Mugire bin Şubeden, Dafel bin Hanzaladan, Beşir bin Kabdan, Halid bin Abdurrahman el-Him’eriden, Ebul-Eswed Dueliden, Hanzala bin Aly el-Eslemiden, Ibni Müshebden, Imran bin Hüseýinden, Ýahýa bin Ýamerden we ýene birentek hadys alymlaryndan eşiden hadysy şeriflerini habar berendir. Ondan-da Beşir bin Muhajir, Sehl bin Beşir, Sew’ab bin Utbe, Hujeýr bin Abdullah, Hüseýin bin Çekwan, Hüseýin bin Wäkidil-Merwezi, Dawut bin Wäkidil-Merwezi, Dawut bin Ebil-Furat hem-de iki ogly Sahr we Sehl, Said- bin Jeriri, Maurie bin Abdulkerim es-Sekafi, Mukatil bin Haýýam, Marynyň kazysy Hüseýin bin Wakyd, Sa’d Ubeýde, Abdullah bin Ata el-Mekki, Ebu Tibe Abdullah bin Muslim el-Merwezi, Ebu’l-münib Abdullah bin Abdullah el-Ataky, Osman bin Gyýas, Aly bin Süweýd bin Menjuf, Katade, Kehmes bin el-Hasan, Mälik bin Mugul, Muharrib bin dessar, Mutrul-Werak, Welid bin Sa’lebe ýaly ençeme alymlar hadysy şerif alypdyrlar. Biçak kän adam ondan ylym öwrenipdir. Habar berýän hadysy şerifleriniň birinde Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem), "Men size (Yslamyň ilki döwürlerinde) gabyrlara zyýarata gitmegi gadagan edipdim. Indi olara zyýarata gidiň." buýurdylar. ÝAHÝA BIN MÜBÄREK ÝEZIDI Kyragat, söz düzümi alymy, dilçi we şahyr. Doly ady Ebu Muhammed el-Adewi we Ýe-zididir. 134-nji ýylda (m. 755) dünýä indi. 202-nji ýylda (m. 818) 74 ýaşynyň içinde Maryda dünýäden ötdi. Adiý taýpasynyň arasynda bolanlygyndan ýa-da bu taýpanyň azat edilen guly bolanlygy sebäpli, "Adewi" diýipdirler. Abbasy halyfy Mätiniň daýysy Ýezid bin Mensuryň çagasynyň terbiýeçisi bolansoň "Ýezidi" ady ýörgünli bolupdyr. Harun Reşidiň şol wagtlar has kiçi ýaşlarda bolan ogly Memunada terbiýeçilik edipdir. Basra asylly bolup, Bagdatda ýaşapdyr we ylym öwrenipdir. Öňürti kyragat ylmyny öwrenýär. Kyragat ylmynda mugallymy Ebu Amr bin A’ladyr. Bu halypasyndan we Ibni Jü-reýjden aýdýan hadyslary bar. Ondan şu meselede we kyragat ylmy barada eşidenlerini günümize ýetirjilerden ogly Muhammed Ebu Şuaýb, Salyh bin Ziýad-es-Susy, Ebu Ubeýd Kasym bin Selam, Ishak bin Ybraýym Musuly, Ebu Amr ed-Dewri, gardaşy bin Muhammet bardyr. Ýahýa bin Mübärek, kyragat ylmyny (Kur’any kerimi düzgün boýunça okama) öwrenenden soňra, sintaktika we dil ylmynyda öwrendi. Bu ylymlary, Arap dili we edebiýatyny, taryh ylmyny Halyl bin Ahmetden, Ebu Amr bin Ishak Hadramiden we öz döwrüniň bu ugurlardaky beýleki alymlaryndan öwrendi. Dil ylmy boýunça "Newadir" diýen kitaby meşhur bolup, mundan başgada "Maksur wel-Memdud", "Menakyby beni Abbas", "Muhtasar fin-Nahw" diýen eserleri bardyr. Şygyrlary hem ýörite diwan görnüşinde jemlenendir. Ýahýa bin Mübäregiň bäş ogly bardy. Bary-da alym, edebiýatçy bilen baglanşykly eserler ýazypdyrlar. AHMED BIN HÜSEÝIN MERWEZI Hanefi fykyh (şerigat) alymlaryndan. Doly ady, Ebu Halid Merwezi bolup, Ibni Taberi ady we Fakyhy Hanefi lakamy bilen meşhurdyr. Atasy Hemedanlydyr. Usul we füri ylmy boýunça uly alymdy. Ylym öwrenmek üçin kän ýerleri gezdi. Bagdada gelip, fykyh ylmyny Ebu Said Berdeiden, Ebu'l-Hasen Kerhiden we Balhda Ebu Kasym Saffardan öwrendi. Soňra Horasana gaýdyp geldi. Bu ýerde kazy edilip işe goýuldy. Soňra ýene Bagdada dolanyp bardy. 376-njy ýylda (m. 986) Maryda aradan çykdy. Tefsir we hadys ylmy boýunça-da alymdy. Hadys ylmynda hafyz derejesinde bolup, ýüz müň hadysy şerifi çeşmeleri bilen birlikde ýatdan bilýärdi. Ahmet bin Hydyr Merweziden hadysy şerif eşitdi. Ahmet bin Muhammed bin Omar Münkedirden, Muhammed bin Abdurrahmandan, Ahmed bin Haris bin Abdülkerimden, Muhammed bin Rezam Merweziden we beýleki hadys alymlaryndan hadysy şerifler aýdandyr. Ahmed bin Hüseýin Merwezi, kän ybadat edýän beýik alymdy. Horasanda baş kazylyk, Buharada we töwereklerinde kazylyk wezipelerinde işläpdi. Mundan başga, güýçli taryhçy bolup, taryh baradaky eseri meşhurdyr. ABDAN BIN MUHAMMED EL - MERWEZI Beýik hadys alymlaryndandyr. Asyl ady Ebu Muhemmetdir. Ebu Said bin Samani, Abdan bin Muhammediň adynyň Ubeýdullahdygyny, lakamynyň bolsa Abdullahdygy hem habar berilýär. 220-nji ýylda (m. 835) dünýä inip, 293-nji ýylda (m. 905), Zilhijje aýynyň Arefe gijesi dünýäden ötdi. Mary şäherinde öz döwrüniň iň beýik hadys alymydy. Kuteýbe bin Said, Ishak bin Hasen er-Razy, Ebu Kureýb Muhammed bin Ala, Abd-ül-Jepbar bin Ala, Muhammed bin Musenna ýaly alymlaryň sapaklaryny diňläp, olardan habar berendir. Ondan-da Ebu Abbas ed-Deguly we ençe Horasanly alymlar eşiden hadysy şeriflerini habar berdiler. Ikisi-de kazy bolan Ahmet bin Kamil bilen Abd-ül Baky bin Kani hem ondan eşiden hadysy şeriflerini habar berdiler. Abdan bin Muhammed, hadys ylmynda ynamdar alym, salyh we dünýä köňül berme-dik tüýs sany adamdy. Dünýäden daş durup, özüni ybadata berşi we ýiti ýatkeşligi soň-soňlar rowaýata öwrülip gidipdir. Maryda ýaşapdyr. Bu ýerde Ahmed bin Esardan soňra, fetwa bermäge hukukly adam bolupdyr. "Muwatta" we başga-da ençe eserler ýazandyr. Halypalaryndan Muzeniniň muhtasaryny Mary şäheriniň alymlaryna ilki sapar tanadan hem Oldur. Ebu Bekr bin Semani şeýle gürrüň berýär: Abdan bin Muhammed haja gitmek üçin ýola çykypdy. Ilki Nişapura degip geçdi. Sapak alan halypalarynyň biri şol ýerdedi. Şonda ondan dürli meseleler boýunça käbir fetwalar bermegini islediler. Abdan bin Muhammed muny kabul etmedi. "Halypamyň bar ýerinde men fetwa berip bilmen" diýdi. Abdan bin Muhammediň ýanynda okap, okuwyny tamamlan talyplaryň käbirleri şulardyr: Ebu Bekir bin Muhammed bin Mahmut el-Mahmudy, Ebu Abbas es-Seýýary, Ebu Ishak el-Halidabazydyr. Abdan bin Muhammed Müsüre gidip, beýik Şafi-i alymlardan ders aldy. Olaryň kitaplaryny köpeltdi. Hemmä duşuşmaklyk miesser etmeýän alymlar we fakihler (fykyh, şerigat ylmynyň ussady) bilen görüşdi. Beýik alym Rebi bilen duşuşyp, ondan peýdalandy. Siriýa we Yraga gitdi. Ylymdan ýüküni ýetirip, Mara gaýdyp geldi. Ýany bilen ençe kitaplar hem getiripdi. Mara gelensoň "Gözüň aýdyňa" gelenleriň biride, Abdan bin Muhammede, Müsüre gitmezden öň, pikirlerini we okar ýaly kitaplaryny bermäge gysganan adamdy. Ýanyna girip, Abdan bin Muhammede salam berdi we dolanyp gelenini mübärekledi. Gitmänkä kitaplaryny bermänligi üçin ötünç sorady. Şonda Abdan bin Muhammed (r.-a.) : "Hiç hili ötünç sorama, sen maňa ýagşylyk etdiň. Eger sen maňa şol kitaplary beren bolsadyň, men şolar bilen oňňut ederdim, Müsüre deňiç baryp, şeýle beýik alymlara duşmazdym, munça ylma we ýanymdaky kitaplara eýe bolup bilmezdim" diýdi. Ötünç soramak üçin gelen kişi, Abdan bin Muhammediň bu sözlerine örän begendi. Ebu Said bin Semani şeýle diýýär: "Ymamy Şafiniň kitaplaryny Mary şäherine tanadanda Abdan bin Muhammetdir. Ol ýeriniň alymlary bu kitaplardan kän peýdalandylar". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |