21:28 Öwlüýäler: Bişri Hafy | |
BIŞRI HAFY
Taryhy şahslar
Beýik öwlüýälerdendir. Doly ady Ebu Nasr bolup, asyl ady Bişr bin Haris Abdurrahman el-Hafydyr. Gysgaça Bişri Hafy diýlip tanalýar. Bişri Hafy Mary şäheriniň Bekird diýen ýerinde 150-nji ýylda (m. 767) dünýä inip, Bagdatda ýaşapdyr. Hadys kitabyny ýatdan aýdypdyr. Sopulykda uly derejelere ýeten Bişri Hafy (r.a.) 227-nji ýylda (m. 841) Bagdatda dünýäden ötdi. Bişri Hafy, öz döwrüniň tanymal alymlaryndan ylym we hadysy şerif öwrenipdir. Ybra-ýym Sa'd, Abdurrahman bin Zeýd bin Eslem, Hammad bin Zeýd, Şüreýk bin Abdullah bin Mübärek, Aly bin Müşhir, Isa bin Ýunus, Abdullah bin Dawut el-Haýry, Ebu Muawie ed-Darir, Zeýd bin Ebi'z Zerga we ýene ençeme alymlardan ylym öwrenipdir we hadysy şerifler aýdypdyr. Bişri Hafydan, Nuaým bin Heýdam, Muhammed bin Heýdam, Ybraýym bin Haşim bin Muskan, Nasr Ibni Mansur, el-Bezzar, Muhammed bin Musa el-Jela-Nişapury, Omar bin Musa el-Jela ýaly birtopar alym sapak alypdyr we hadysy şerif okapdyr. Ýaşlygyndaky ýalňyşlaryna gaýtmyşym edip, dogry ýola girişi şeýle gürrüň berilýär: "Bir gün serhoş ýagdaýda gidip barýarka, içinde Bismillah diýlip ýazylgy kagyzyň üstünden bardy. Ini dyglap gitdi, kagyzy ýerden galdyrdy. Öpüp, tot-tozaňyny aýryp arassalandan soňra, ajaýyp ysly atyrlardan sepip, öýüniň diwaryndan asyp goýdy. Şol gije alym we öwlüýä bolan birine düýşünde: "Gitde Bişre aýt! Adymy tämizleýşiň ýaly seni tämizlärin. Adymy ýokary tutuşyň ýaly seni ýokary götererin. Adymy atyr ysly edişiň deýin, seni söýgüli adam ederin. Gudratymdan ant içýän, seniň adyňy dünýäde we ahyretde päkize we ajap eýlärin" diýildi. Bu düýş üç öwra gaýtalandy. Ertesi Bişri Hafyny meýhanadan gözläp tapdy. "Möhüm habarym bar" diýip, ony daşaryk çagyrdy. Bişr daş çykyp: "Kimden habar bar?" diýip sorady. "Saňa Allahü tealadan habar bar" diýeninde, "Maňa gahary gelýärmi, maňa agyr azap etjekmi?" diýip, gözünden boýur-boýur ýaş göýberdi. Düýşi eşidenden soňra, ýoldaşlaryna öwrülip: "Eý, dostlarym! Meni çagyrdylar, indiden beýläk meni bu ýerlerde görmersiňiz" diýdi. Urtut hälki mübärek kişiniň ýanynda toba etdi. Şol wagt aýagynda zat bolmanlygy üçin, hiç haçan aýakgap geýmedi. Sebäbini soranlarynda: "Söz beren mahalym aýakýalaňdym, indi geýmäge hijap edýärin" diýerdi. Aýakgap geýmänligi üçin oňa "Hafy" (aýakýalaň) diýer ekenler. Hanbeli mezhebiniň gurujysy Ahmet bin Hanbel, Bişri Hafyny biçak gowy görýärdi, yzygiderli ýanyna baryp durýardy. Talyplary: "Siz bir alym ahyry. Hadysda, fykyhda, ijtihatda we ähli ylymlarda deňi-taýyňyz ýok. Näme üçin Bişri Hafynyň ýanyna tiz-tizden gatnap dursuňyz?" diýip soranlarynda: "Hawa, aýdýan ylymlaryňyzy ondan gowy bilýärin. Emma ol, kalp ylymlaryny menden has gowy bilýär" diýerdi. Bişri Hafydan: "Beýle ylma, beýle ýokary derejelere nädip ýetdiň?" diýip soranlarynda: "Az iýmek bilen - diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. "Iýip gülýän bilen, iýip aglaýan deň bolmaz". Bütin ömrüni ylym öwrenmeklige sarp etdi. Şübheli zatlardan biçak ätiýaç ederdi. Gürlän mahaly, daş-töwerege ylym, ahlak, hikmet yslary ýaýrardy. Dünýäden ötende, jynazasyny ir ertir öýden çykardylar. Emma, üýşen jemende şeýle bir kändi welin, gabrystana diňe gijäniň bir wagty baryp ýetdiler. Ony düýşünde görenler: "Allahü teala saňa nähili çemeleşdi?" diýip soranlarynda: "Meniň jynazama gelenleriň we kyýamata çenli meni söýenleriň günäsini ötdi" diýdi. Bişri Hafy hezretleri aýatda sag gezip ýören wagtynyň içinde, Bagdatdaky haýwanlar, aýakýalaň gezýänligi üçin, onuň hormatyna ýoly hapalamaýardylar. Bir gije biriniň haýwany ýola buşugdy. Gynanyp: "Bişri Hafy öldi" diýdi. Görüp otursalar, hakykatdan-da, ol ýagty jahan bilen hoşlaşan eken. Günlerde bir gün Bişri Hafy (r.a.) nähoşlap Abdyrahman tebibiň ýanyna gitdi. Näme naharlar iýerkäm diýip sala saldy. Tebip-de: "Menden soramasyna-ha soraýaň welin, ýöne beren maslahatyma gulak asmaýarsyň" diýdi. Bişri Hafy-da: "Ýok, gulak asaryn" diýensoň, tebip aňladyp ugrady: "Sirke (uksus) bilen baldan edilen sekenjebini (meýhoş suwy) içersiň, behiniň gabygyny aýryp iýersiň. Yzýanyndan bolsa, gyzgyn çorba iersiň" diýip, sözüne dyngy beren wagty, Bişri Hafy sorag berdi: "Sekenjebiniň ýerini tutajak has gowurak zat bileňokmy?". Tebibiň baş ýaýkanlygyny görüp: "Men bilýän" diýdi we oňa geçiniň şahyndan hem peýdalyrak nämäniň barlygyny sorady. Tebip onyda bilmeýänligini aýdansoň, nohudyň suwy we sygyr ýagyny düşündirdi. Tebip: "Sen medisina ylmyny menden has gowy bilýäň, ýöne näme üçin bu zatlary menden soraýarsyňyz?" diýdi. Ebu Abdullah Kazy Atam şeýle bir wakany aýdyp beripdi: Bagdatda täjir dostum bardy. Örän barly adamdy. Bir seretsem, barja genji-hazynasyny garyp-pukaralara paýlap, gowy musulman bolupdyr. Munuň sebäbini soranymda, maňa şeýle gürrüň berdi: "Bir gün Bagdadyň metjitlerinden birine juma namazyny okamaga gitdim. Namazy gutaranymam şoldy welin, Bişri Hafynyň metjitden çykyp barýanyna gözüm düşdi. Ol nirädir bir ýere howlugýana meňzeýärdi. Men öz-özüme: "Zühd we takwa kişi, beýle gyssanmaç nirä barýarka?" diýip içimi gepletdim-de, bilesigelijikden onuň yzyna düşdüm. Ol öňürti çörek dükanyndan çörek aldy, soňrada kebap satyn aldy. Iň soňunda halwaçydan halwa alan mahaly, men öz ýanymdan şeýle belent mertebeli adamyň bu zatlary satyn alyp iýýänligine gaharlandym. Emma, bulary nädip iýerkä diýip, uly gyzyklanma bilen, ony ýene yzarlap ugradym. Birmeýdan soňra bir oba baryp ýetdik. Säginmän barşyna obanyň metjidine girip gitdi. Asyl görüp otursam, metjidiň içinde düşekde ýatan ysmaz bir näsag bar eken. Bişri Hafy alan zatlaryny az-azdan ýaňky näsaga iýdirýärdi. Bu wagtyň içinde, bu ýer niresikä diýip obany aýlanyp çykdym. Dolanyp gelsem, näsagyň bir özi, Bişri Hafyny sorasam "Bagdada gitdi" diýdi. "Bu erden Bagdada çenli daşmy?" diýsem, "40 fersah (240 km)" diýip jogap berdi. Men: "Munça aralyga gidere pulum ýok. Men bu ýerlere näbelet, munça ýolyda pyýada geçip bilmen" diýdim. Hälki näsag: "Bişri Hafy geljek hepde ýene geler" diýdi. Garaşdym. Juma güni ýene geldi. Ýene öňküsi ýaly edip, näsagyň garnyny doýurdy. Çykyp barýarka, näsag oňa: "Bu ýanymdaky seniň ýoldaşyň bolmaly, geçen hepde seniň bilen bile gelipdir. Bir hepdeläp saňa garaşdy. Ony yzyna äkit" diýip ýüzlendi. Ol: "Näme üçin meniň bilen geldiň?" diýip soragly nazaryny maňa öwürdi. Men ötünç sorap, ýalňyşandygymy aýtdym we bagyşlamagyny towakga etdim. "Ýeriňden turda, yzyma düş" diýdi. Agşama deňiç ýöredik. Garaňky gatlyşyp barýarka, Bagdadyň niresinde ýaşaýanlygymy sorady. Pylan ýerinde ýaşaýaryn diýsem "Ol ýere şu ýoldan gidersiň. Indi gidiber, ýöne yzyňa öwrülip serediji bolma" diýdi. Men şondan soňra toba etdim we gaýdyp beýle işlere goşulyşmadym" diýdi. Ebu Nasry et-Temmar şeýle gürrüň berýär: "Haja gitjekleriň biri Bişri Hafy bilen hoşlaşmaga geldi. Ondan: "Men haja gidip barýan. Näme islegiňiz bar? " diýip sorady. Öz gezeginde Bişri Hafy hem: "Näçeräk puluň bar?" diýip sorady.Ýaňky: "Iki müň dirhemim bar" diýip, jogap berdi. Bişri Hafy: "Haja gitjek diýip, nämäni göz öňünde tutýarsyň? Zühdümi, ýa Käbä bolan söýgiňimi ýa-da bolmasa, Allahyň razyçylygynymy?" diýip, gaýtadan sorag berende ol: "Allahyň razyçylygyny göz öňünde tutýaryn" diýip jogap berdi. Şondan soňra Bişri Hafy oňa: "Beýle bolsa, öýüňdekäň Allahyň razyçylygyna gowuşdyrjak zady aýtsam, ýerine ýetirermiň?" diýip ýüzlendi. Ol känbir oýlanyp durman: "Hawa, ýerine ýetirerin" diýdi. Onda Bişri Hafi: "Beýle bolsa, sen bu iki müň dirhemi bergisini üzüp bilmeýän garyba, iýere zady bolmadyk ýoksula, güzeranyny kynrak aýlaýan köp çagaly maşgala, ýetime şatlyk berýän hossara we şolar ýaly on kimsä ýigrimi dirhemden, hatda isleseň baryny olaryň birine ber. Sebäbi, musulmanlary begendirmek, büdränlere gol uzatmak, agyr günde galanlara kömek berip ejizlere hemaýat etmek, goşmaça berjaý edilen ýüz haçdan has köpräk sogapdyr. Tur aýdyşym ýaly et. Eger, islemeýän bolsaňa, maňa ýüregiňdakini aýt" diýdi. "Dogrusyny aýtsam, ýüregimde haja gitmek meýli has güýçlüräk" diýip, hoşlaşmaga gelen kimse jogap berdi. Bişri Hafi gülümsiräp: "Baýlyk şüpheli zatlardan gazanylýan wagty, nebis, öz islegleriniň berjaý edilmegini we salyh amallar (gowy işler) edýändigini görkezmek isleýändir. Emma welin, Allahü teala diňe muttakileriň amallaryny kabul edýändir" diýdi. Käbir alymlar ol barada şeýle ýatlaýarlar. Abbas bin Dehkam: "Dünýä inişi ýaly ölen ýeke-täk ynsan Bişri Hafidir. Dünýä eli boş geldi we eli boş bolubam dünýäden ötdi. Ölüm düşeginde ýatyrka biri gelip, ondan zat sorady. Egninde ýekeje köýnegi bardy. Onyda çykaryp gedaýa berdi. Başga birinden karzyna köýnek aldy, şeýdibem ömürlik gözlerini ýumdy. Ýagny, ölen mahaly köýnegide ýokdy. Köýneksiz geldi, köýneksiz gitdi". Ybraýym Harby: "Men üç ägirt adam gördüm. Bu üç kimsäniň deňi-taýy ýokdur. Birinjisi Ahmet bin Hanbelidir ki, eneler onuň ýalyny dogurardan ejiz bolarlar. Ikinjisi Bişri Hafidir, asryndan gadym eýýamlara deňiç akylly kişidir. Üçünjisi, Ebu Ubeýd bin Sellamdyr, ol edil ylmy özünde jemlän dag ýalydyr. Bişri Hafi hiç bir musulmanyň gybatyny etmedi. Eger, onuň akly Bagdadyň halkyna paýlansa, hemmesi akylly bordy". Ymamy Ýafii şeýle diýýär: "Bişri Hafi, halaldan başga zada el uzadan däldir. Haram zady hiç iýmedi ". Ebul Hüseýin el-Hasan bin Amr el-Merwezi: "Men bir gün Bişriň ýanynda wagtym hadysçylar geldi. Ol, olara şeýle buýurdy: "Size mälim bolan zatlary görýärin". Olar-da: "Eý, Eba Nasr, (Bişri Hafi) bu ylymlary isleýäris. Bir gün peýdasy deger diýip umyt edýäris" diýdiler. Bişri Hafi şeýle buýurdy: "Üstüňize zekat düşýänligini biliň! Bir kimsäniň 200 dirhem-den 5 dirhem zekat bermegi zerur bolşy ýaly, siz hem 200 hadysy şerif öwrediň. Mundan beýläk şeýdiň". Bişri Hafi (r.a.) gürrüň berýär: Düýşümde Pygamberimizi (sallalahü aleýhi we sellem) gördüm. Maňa: "Eý Bişr, Allahü tealanyň, özüň kibileriň içinden näme üçin seni beýgeldenini bilýärmisiň?" buýurdy. Bilmeýärin diýenimde: "Sünnetime uýmagyň, öwlüýä hyzmat etmegiň, din gardaşlaryňa nesihat etmegiň, Eshabyny we Ähli Beýtimi söýmegiň, ynha, şular seni gowularyň mertebesine ulaşdyrdy" buýurdy. Bişri Hafi şeýle aňladýar: "Bir gün Bagdatda birini gördüm. Müň gamçy iýenligine garamazdan sesini-üýnüni çykarmady. Soňra ony zyndana äkitdiler. Ony aňtap ugradym we bir çemelini tapyp näme üçin urandyklaryny soradym. Aşyk bolanlygy üçin şeýle günlere düşenligini gürrüň berdi. Şonça taýak iýsede, näme üçin sesini çykarmanlygyny soranymda: "Söýgülim maňa seredip durdy" diýip, jogap berdi. Oňa: "Eger, Allahü tealanyň seni bir dem nazaryndan salmaýandygyny bilseňdiň, halyň niçik bolardy?" diýenimden, gygyryp ýere ýykyldy we öldi." Bişri Hafi şeýle gürrüň berýär: "Ýaş wagtlarym Abadana gidipdim. Heýwere keselli, kör adama sataşdym. Kakyny tutup, garynjalar endamyna üýşip etini iýýärdiler. Başyny ýerden galdyryp, gujagyma aldym we gürlärine garaşdym. Özüne gelen wagty: "Rebbim bilen meniň arama giren işsiz adam kimkä? Rebbim meni para-para edäýsin, meniň Oňa diňe söýgim artar" diýdi. Şoldurda-şoldur, gaýdyp gul bilen Allahyň arasynda bolup geçýän hikmeti inkär etmedim, näme üçin beýlekä? diýmedim". Ýene şeýle gürrüň berýär: "Bir gün öýe baranymda, öňümde mübärek biri otyrdy. "Rugsat alman näme üçin öýüme girdiň, kim sen? diýemde, "Men doganyň Hyzyr" diýdi. Men oňa ýüzlenip: "Maňa doga et" diýenimde: "Allahym! Ybadat etmegini ýeňilleşdir" diýip, doga etdi. "Ýene biraz doga et" diýdim. "Allahym! Ybadatynyň gizlin galmagyny oňa miesser et" diýdi. Feth bin Şuhruf gürrüň berýär: "Eli pyçakly biri bir aýala azar ýamanyny berýärdi. Güýçli bolanlygy üçin hiç kim oňa päsgel bermäge milt edip bilmeýärdi. Aýal urnup durdy. Edil şol pursat Bişri Hafi ýanlaryndan geçip barýardy. Pyçakly adamyň golaýragyna baryp bir zatlar diýdi welin, hälki pyýada birden serrelip gitdi. Aýal halas boldy. Töweregindäki jemende hälki adamyň daşyna üýşdüler. Demini kynlyk bilen alýardy. "Saňa näme boldy?" diýip soranlarynda: "Özümem bilemok, garry maňa: "Seniň bu edýän işiňi Allahü teala görüp dur." diýenden aýagymdan ysgyn-deramat gitdi we görşüňiz ýaly ýerde ýatyryn. Ol kimdi?" diýdi. "Bişri Hafi" diýip, jogap berdiler. "Eý-how, indi men ony nädip görerkäm?" diýdi we aradan kän wagt geçmänem ýowuz kesele uçrap dünýäden ötdi". Bişri Hafi, Eswed bin Salimi Ma’rufi Kerhiniň ýanyna iberdi. Eswed bin Salim Oňa: "Bişri Hafi seniň bilen dogan okaşmak isleýär. Muny size açyk aýtmakdan çekinip, meni iberdi. Özüni dogan hökmünde kabul etmegiňizi isleýär, ýöne käbir şertleride bar. Bular: Bu doganlygyň görüşilmezligi, ikitaraplaýyn görüşilmezligi we duşuşylmazlygydyr; sebäbi ol, känbir ýakynlaşmagy halamaýar" diýdi. Onda Marufi Kerhi: "Men bolsa, gardaşym bolan adamdan gije-gündiz aýrylmak islemeýärin" diýdi we Allah üçin söýmegiň artykmaçlyklary barada aýdýan hadysy şerifleriň ençesini okady. Soňra-da: "Resuly ekrem (sallalahü aleýhi we sellem) Hazreti Alyny özüne dogan etmek bilen, ony ylymda özüne şärik etdi. Iň ýakymly gyzyny oňa berdi. Sen hem ony Allah üçin doganym hökmünde kabul etdim. Ol gelmese-de, men onuňka görme-görşe giderin. Oňa aýt, söhbetlerde duşuşmaly. Menden hiç zady gizlemesin, ýagdaýyny aýdyp dursun" diýdi. Ibni Salim bu ýagdaýy Bişri Hafä gürrüň bereninde, razy boldy we hoşnutlyk bilen kabul etdi. Bilal el-Hawas şeýle gürrüň berýär: "Bir gün Sina çölünde gidip barýarkam, birdenkä ýanymda biri peýda boldy. Kimsiň diýenimde, "Doganyň Hyzyrdyryn" diýip jogap berdi. "Senden käbir zatlary soramak isleýärin" diýenimde soraber diýip seslendi. "Ymamy Şafii barada näme aýdýarsyň?" diýip soradym. "Dünýädäki dört beýik alymyň biridir" diýip jogap berdi. "Ahmet bin Hanbel hakda nähili pikiriň?" diýenimde: "Syddyk (dogruçyl) kimsedir" diýdi. "Bişri Hafi barada näme aýtjak?" diýsem: "Ondan soňra beýle adam gelmedi" diýdi. Bir gün Bişri Hafiniň zadyny ogurladylar. Aglap ugrady. Fudaýl bin Yýad: "Zat üçinem aglarlarmy?" diýeninde: "Zat üçin däl, ogrynyň eden günäsi, kyýamat güni munuň azabyny çekjekligi barada oýlanyp aglaýaryn" diýdi. Biri Bişri Hafiniň ýanyna gelip: "Maňa öwüt ber" diýdi. Bişri Hafi oňa: "Şöhratdan ägä bol, halal iýjek bolup jyrjaş" diýip, pent etdi. Beýik din adamlardan biri şeýle gürrüň berýär: Bişri Hafiniň ýanyndadym. Howa diýseň sowukdy. Egninde ýuka eşigi bardy, titreýärdi. "Ýa, Eba Nasr, beýle howada örän galyň geýinýärler, siz bolsa, eşikleriňizi çykarýarsyňyz?!" diýdim. "Garyp-gasarlar ýadyma düşdi. Olara kömek edere ne pulum bar, ne-de zadym. Menem, şolar ýaly ýagdaýda bolup, hemaýat etmek isledim" diýip, jogap berdi. Günlerde bir gün Bişri Hafi. Gabrystanlygyň duşundan ötüp barýardy. Oňa, mazardakylaryň gabyrlarynyň üstünde bir zat paýlaşyp durandyklary görkezildi. "Ýa Rebbi, olaryň näme edýändiklerini maňa mälim et" diýdi. "Gitde, özlerinden sora" diýen ses geldi. Baryp näme edýändiklerini sorady. "Bir hepde ozal biri üç Yhlasy şerif okap iberdi. Şondan bäri onuň sogabyny paýlaşýarys, entegem gutarmady" diýdiler. Hasan Haýýat gürrüň berýär: Bir gün Bişri Hafi bilen otyrkak, birnäçe kişi Bişri Hafä salam berip girdiler. Bişri Hafi: "Siz kim borsuňyz?" diýeninde, "Biz Şamdan (Siriýa) gelýäris, haja barýarys. Salamlaşaly diýip, ýanyňyza sowuldyk" diýdiler. Bişri Hafi olara: "Allah teala sizden razy bolsun" diýdi. Olar: "Biziň bilen haja gitmek islemezmisiň?" diýip soradylar. Bişri Hafi: "Üç şertim bar: Ýanymyz bilen hiç zat äkitmeýäris, hiç kimden zat dilemeris, eger, kim-dir biri bir zatlar bermekçi bolaýsa-da almarys" diýdi. Olar: "Ýanymyzda zat almazlyga biz razy! Hiç kimden zat soramazlygada razy. Ýöne, berilen zady kabul etmezlige biziň güýjümiz etmez" diýdiler. Onda Bişri Hafi: "Siz Allahü tealaga däl-de, hajylaryň azygyna bil baglap ýola çykypsyňyz" diýdi. Bişri Hafi Hazretleri Aýşeden eşidenini şeýle gürrüň berýär: Hazreti Äýşe şeýle diýýär: "Men bir gün Resulullahdan (sallalahü aleýhi we sellem): "Ýa, Resulullah, zenanlaryň üstünde jihad barmydyr?" diýip soradym. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Zenanlar üçinde jihad bardyr emma, o jihadda söweşmek ýok". Men hem: "O jihad näme?" diýip soradym. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "O jihad haç bilen umredir" buýurdy. Bize ýetiren ýene bir hadysy şerifinde, Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem): "gazanda nämedir bir zat ataran wagtyň, suwuny köpelt we goňşularyňa paýla" buýurdy. Başka bir hadysy şerifde Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem) "Gula her ýandan bela gelmese, imanyň lezzetini bilmez" buýurdy. Allahyň dosty bolan bu beýik ynsan şeýle diýýär: "Ynsanlar arasynda tanalmak isleýän kişi, ahyretiň tagamyny alyp bilmez". "Ylym üçin işlemekligiň alamaty, dünýäden gaça durmakdyr, ýogsa dünýäni söýüp, onda galmak däldir". "Düýn öldi, bu gün jan berýär, ertir bolsa, heniz dogulmady. Wagtyňyza bu nukdaý nazardan serediň we bähbitli iş etmäge howlugyň" "Iň kyn işler üçdür: Eli ýukalykda jomartlyk, hiç kimiň görmeýän ýerlerinde-de haram we şüpheli zatlary etmezlik, gorkýan adamyňyzyň ýanynda dogryny aýtmakdan çekinmezlik". "Mertebeleriň iň ulusy, ölinçäň garyplyga sabyr etmekdir". "Gürläsiň gelende dym, dymasyň gelende gürle". "Erbet adamlar bilen tirkeşmek, haýyrly ynsanlar barada erbet pikir etmeklige sebäp bolar". "Husydyň ýüzüne äňetmek, ynsanyň kalbyny garaldýandyr". "Kimdir biri: "Bize hadys aýdyp ber" diýýän bolsa, bu onuň: "Bize ýeňillik görkez" diýmek islänligidir". "Sabyr gözeldir. Bu bolsa, adamlaryň ýanynda zeýrenmezlikdir". "Doga, günäleri terk etmekdir". "Melekler, özlerini haýran eden guluň işlerini belende götererler we Allahü tealanyň huzuryna äkiderler". "Emri mar’uf we nehýi anilmünker etmek üçin, ezýetlere sabyr etmek zerurdyr". "Eger, ynsanlar Allahü tealanyň beýikligini pikir etsediler, Oňa garşy çykmazdylar". "Akylly adam, haýry we şeri bilýän kişi däldir. Akylly adam, haýry göreninde oňa tabyn bolýan, şeri göreninde ondan daş durýan kişidir". "Berjaý etmeýän zadyňy taşlanyň has gowudyr. Ylym - berjaý etmekdir. Allahü tealaga garşy çyksaň welin, öwretmez. Ylym, alymlaryň mätäçlik duýýan enjamydyr". "Kämillige ýeten Allah ýolagçysy bilen söhbet etmek. Kur’any kerim okaýan bilen söhbet etmekden has ýakymlydyr". "Sabyr dymmaklykdyr. Dymmak sabyrdandyr. Gürleýän kişi, dymýan adamdan parasatly bolup bilmez. Ýöne, alym adam, kä ýerde gürläp, kä ýerde dymar". "Kişiniň amaly az bolsa, düşünje we kynçylyga mübtela bolar". "Şöhrady söýýän kişi, Allahdan gorkmaz". "Ölümi ýatlanyňda, panynyň gözelligi we ýalan duýgulary senden gider". "Ýamanlyklaryňy gizleýşiň ýaly, ýagşylyklaryňy-da gizle". "Amal etmeseň, pitneçi bolma". "Dünýäni söýen adam, ölümi söýmez". "Allahü tealaga göňül bermekden mahrum galan kişi, edýän ybadatynyň lezzetini alyp bilmez". "Iki gylyk kalba ejir çekdirer: Köp gürlemek, köp iýmek". "Gul, özi bilen nebsiniň islegleriniň arasyna demirden diwar örmedikçe, gullugyň lezzetini bilmez". "Kur’any kerimi başdan-aýak okap çykan guluň iki gözüniň ortasyndan melekler öper". "Gazabyny ýeňmedik adam, takwa eýesi bolup bilmez". "Kimde-kim, Allahü tealadan dünýäni islese, Allahü teala-da onuň dünýäde uzak wagt galmagyny islär". "Mü’miniň ezýeti, adamlardan daş durmagydyr. Mertebesi bolsa, gije namaz okap, aýak üstünde durmagydyr". "Ene-atanyň perzentlerine edýän dogalary, bir pygamberiň ymmatyna eden dogasy ýalydyr". "Wera - şüpheli zatlardan tämizlenmekdir we her dem nebsiňi hasaba çekmekdir". "Agzalarynyň içinde diňe dil bilen şükür eden kişiniň şüküri az bolar. Çünki, gözüň şükri, haýyr gören wagty ony almak, şer gören wagty ýapmakdyr. Gulagyň şüküri, haýyr eşiden mahaly ony bek bellemek, şer eşideninde ony unutmakdyr. Elleriň şükri, olaryň hakdan özge zady tutmazlygydyr. Aşgazanyň (midäniň) şükri, ylym we ýumşaklyk bilen doly bolmak, aýaklaryň şükride, gowulykdan başga zada gitmezlikdir. Kimde-kim şulary berjaý etse, hakyky şükür edýänlerden bolar". "Din gardaşyna, özi ýokka igenýän, ýanynda bolsa, ony söýýänini aýdýan we derrew öwüp ugraýan adamyň akly nirdekä?" "Kim adamlaryň abraýyny ýere çalyp, mertebesini depgileýänligine garamazdan, "Allahyň özüni söýýänini" aýdýan bolsa, ol gürrüňsiz ýalançydyr. Çünki, ol şeýtandyr. Şeýtan bolsa, Allahü tealanyň duşmanydyr". "Içiňizde kimde-kim eser ýazjak bolsa, has köpräk many taýdan dogrulygyna üns bersin". "Alymyň sözi dogry, iýýäni halal we dünýädäki mal-mülke söýgüsi ýok bolsa, zühdi kän bolar. Gynansakda, häzirki wagtda bu üç gylygyň ýekejesinide, bu üçiň birarada hiç kimde görüp bilmeýäris. Şeýle ýagdaýdakylara nädip güleli we neneň ýüz bereli? Ýokardaky häsiýetleri özlerinde jemlemeýän kişiler, ylymlydygyny aýtmaga neneň milt edip bilýärkäler? Olar dünýäni gujaklaýarlar, dünýäni biri-birlerinden gysganýarlar. Dünýälik üçin biri-birlerine göriplik edýärler. Döwlet adamlarynyň ýanynda biri-birlerini ýamanlaýarlar we gybat edýärler. Bar maksatlary, ellerine geçen dünýäligi özgelere bermezlik we pany zatlary ellerinden sypdyrmazlykdyr. Haýp size, eý, alymlar? Siz pygamberleriň mirasdüşerleridiňiz. Ylmy alanyňyzda, uly jogapkärçilikler ýüklenipdiňiz. Şindi bolsa, ol wezipeleriňizi ýerine ýetirmeýärsiňiz. Ylmyňyz arkaly abraý gazanyp, şonuň bilen dünýälik edinmäge çalyşýarsyňyz. Ahyret-de, Jähenneme ilki bilen atyljak kişiler bolmakdan neneň heder etmeýärsiňiz, aklym çatmaýar". "Öwülmegi halamak ýaly akmaklyk bolup bilmez". "Dünýä we ahyretde gaýgy-gamlardan gutulmak isleýänler, bet gylykly adamlar bilen duşuşmaly däldir". "Tasawwuf näme? Diýip soralanda, şeýle buýurdy: Tasawwufyň üç hili manysy bar. Birinjisi, magryfet nuruna arif bolmak we wer'a halyny ýitirmezlikdir. Ikinjisi, daş görnüşiňi batyl zatlardan uzak tutmakdyr. Üçünjisi, bolsa, keramatlaryňy gizlemekdir". "Ynsanlardan biri, Allahü tealaga tewekkül etdim diýýär. Emma welin, Allahü tealaga garşy ýalan sözleýär. Hakykatdan-da, Allahü tealaga tewekkül edýän bolsady, Onuň, özi baradaky işlerine razy bolardy". "Hasrat patyşadyr. Bir ýere ýerleşenden soňra, başga zadyň o taýyk ýerleşmegine razy bolýan däldir". "Men Muafa bin Imrandan eşitdim. Ol hem Süfýany Sewriden eşidipdir; adamlary hoş etmek, ýetip bolmaýan maksatdyr". "Süfýany Sewri biriniňkä görme-görşe baranynda, Allah seni otdan gorasyn diýip doga ederdi". "El-Ewzaýy şeýle buýurýar: Şeýle bir döwür geler welin, mährem dogan, halal lokma we sünnete laýyk iş örän az bolar". Süleýman bin Ýakup, Bişri Hafiden nesihat etmegini isläninde: "Çöregiň nireden gelýänine seret! Ody talap etme!" diýdi". "Kimde-kim, Allahü tealaga ýakynlaşsa, adamlardan uzak galar". "Ynsanlaryň syrlaryny paş etjek soraglar berme". "Bu gün ylym, onuň arkasyndan garnyny doýurýanlaryň eline geçdi". "Nebsim üçin iň ynamdar amalym, Pygamberimiziň (sallalahü aleýhi we sellem) Eshabyna söýgi we hormatymdyr". "Öwnüşiň, öz ybadatyňy köp, özgeleriňkini az görmegiňdir". "Zadyňyz barka aç oýanyşyňyzy, zadyňyz ýokka dok turşuňyzdan ýeg tutarys". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |