14:20 Öwlüýäler: Begawi | |
BEGAWI
Taryhy şahslar
Horasanda ýetişen iň beýik, hadys alymlaryndandyr. Ýörgünli ady Ebu Muhammed bolup, Hüseýin bin Mesud bin Muhammed diýlip tanalýar. Lakamy Muhýissünne we Rük-nüddindir. Possun tikip satardy. Şol sebäpli oňa el-Ferra hem diýilýär . Atasynyň hem şol kesbi ýöredenligi, şonuň üçin Ibn-ül-Ferra diýen ady alanlygy barada aýdylýar. Şafi mezhe-biniň alymlaryndandyr. 436-njy ýylda (m. 1044) Horasanda, Hyrat bilen Mary şäherleriniň arasynda ýerleşýän Bag obasynda dünýä inýär. 516-njy ýylda (m. 1117) Şewal aýynda Ma-ryda dünýäden ötýär. Halypasy Kazy Hüseýniň ýanynda depin edilýär. Ymamy Begawi (r.a.) fykyh, hadys, tefsir, edebiýat we beýleki ylymlarda meşhur bo-lup, döwrüniň naýbaşy alymlaryndandy. Fykyh ylmyny Kazy Hüseýin bin Muhammedden öwrendi we onuň iň görnükli talyby boldy. Mundan başga-da, Ebu Bekr es-Saýrafy, Ebul-Fadl el-Hanefi, Ebul-Hasan eş-Şirazy we başga-da birentek alymlar bilen duşuşyp, olardan ylym we hadys-y şerifler öwrendi. Ebu Mensur el-Attary, Ebun Nejibi, Sühreberdi, Ebul Me-karim Fadlullah en-Nukany (ýa-da Newkany) we başga-da ençe mübärek kişiler ondan ylym öwrenip yjazat (diplom) aldylar. Ymamy Begawi hezretleri, döwründäki alymlaryň öňbaşçysydy, musulmanlaryň müftü-sidi, tefsir edijileriň ýaşulysy, hadys aýdyjylaryň ymamydy. Kyragat ylmyndan-da, örän gowy baş çykarýardy. Allahü tealanyň emir we gadagan eden zatlaryny berjaý edende, örän hüşgär hereket edýärdi. Kän ybadat ederdi. Zühd, wera we takwa eýesi bolup, haram we şübheli zatlardan daş durýardy. Hatda, şübheli bolaýmasyn diýen gorky bilen, mübahlaryň köpüsini-de terk ederdi. Durky bilen dogrulyga ýugrulandy. Kanagatly we tewekülli adamdy. Ýönekeýje dur-muşy bardy. Garyp ýaşaýardy. Ilki-ilkiler nahar hökmünde gury çörek bilen ýetinerdi. Dostla-ry gury çörek bitaplyga sebäp bolar diýip, başga zatlar hem iýmegi üçin aýak depip duran-soňlar, çöregiň ýany bilen bir bölek zeýtin ýagy, gury injir ýa-da üzüm iýip ugrady. Ylmy bilen amal ederdi, Selefi Salihiniň (Pygamberimiziň "sallalahü aleýhi we sellem" ýolundakylaryň) we has öň ýaşap geçen beýikleriň ýolundan jinnik ýaljak-da aýrylmazdy. Talyplaryna ders berende, arassaçylygyň üstünde kän durýardy. Köp kitap ýazypdy. Fykyhda "Kitap-üt-tehzib", hadysda "Şerh-üs-sünne", "Mesabih", tefsirde "Mealim-üt-tenzil", ""Kitab-ül-jemi beýn-es sahihaýn we "Fetawaýy Begawy" diýen fetwa kitaby, ýazan eserleri-niň iň möhümleridir. "Şerh-üs-sünne" kitabyny ýazan mahaly, Pygamberimizi (sallalahü aleýhi we sellem) düýşünde gördi. Oňa: "Sünnetimi dikeldişiň, ýaşadyşyň kimin, Allahü teala-da seni ýaşat-syn" buýrupdy. "Mesabih" kitaby, hadys hakynda ýazylan kitaplarynyň, ýagny amal, itikat we iman ba-batda iň uly, iň ynamdar hadys kitaplaryndan ýygnap, her hadysy haýsy kitapdan alanlagy-na aýan edipdir. Bu kitapda 4719 hadysy şerif bar. Beýik alym Ymamy Begawy şeýle diýýär: "Kaza, takdyr (ýazgyt) ylmy, Allahü tealanyň gullaryndan pynhan tutan syrlarynyň biri-dir. Hatda bu ylmy iň ýakyn meleklere we şerigata eýe bolan Pygamberlerine-de "aleýhimüs-selam" açmady. Bu ylym ullakan derýadyr. Hiç kimiň bu deňize çümmegi, ýazgyt barada söz açmagy jaýyz (dogry) däldir. Ýöne bir bilmeli zat, Allahü teala ynsanlary ýaradýar. Kimileri şakidir, Jähennemde galjakdyr. Kimileri bolsa saiddir, Jennete gitjekdir. Biri hezreti Alydan (r.a.) ýazgydy soranynda: "Garaňky ýoldur. Bu ýolda ýöreme!" buýurdy. Gaýtadan soranyn-da: "Düýpsüz bir ummandyr" buýurdy. Ýene soranynda: "Ýazgyt, Allahü tealanyň syrydyr. Bu ylmy senden gizledi" buýurdy. Ymamy Begawi, Ebu Hüreýreden habar berýär (r.a.): Bir adam Resulullahdan (sallala-hü aleýhi we sellem): "Bir altynym bar, näme edeýin?" diýip sorady. "Munuň bilen öz hajatla-ryňy rowa et" buýurdy. Ýene bir altynym bar diýdi. "Çagaňa gerek zatlary al" buýurdy. Ýene-de biri bar diýdi. "Maşgalaňyz üçin gerekli zatlara harja" buýurdy. Ýene biri bar diýdi. "Ony hyzmatkäriniň gerek-ýaraglary üçin ulan" buýurdy. Ýene bar diýeninde, "Ony nirä ulanmaly-dygyny özüň gowy bilýänsiň" buýurdy. Ymamy Begawi "Mesabih" kitabynda şeýle habar berýär: gasil-ül-melanke ady bilen mertebesi göterilen Hanzalanyň ogly Abdullah (r. a.) şeýle diýdi: Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Bilgeşländen bir dirhem kümüş hümmetinde süýthorluk etmek (prosent al-mak), otuz zynadan has uly günädir" buýurdy. Ýene Mesabih kitabynda, Imran bin Hasiniň habar berýän hadysy şerifinde: "Ymmaty-myň iň haýyrlylary we iň üstünleri, döwrümde ýaşaýanlardyr. Ondan soň iň haýyrlylary, olar-dan soňra gelenlerdir. Olardan soňra şeýle bir ynsanlar geler welin, islenmese-de şaýatlyk ederler we olaryň ýüpüniň üstünde odun goýarlygy ýokdur. Haýynlyk ederler. Adaklaryny (gurbanlyk, sadaka ýaly) berjaý etmezler, keýpi-sapany gowy görerler" buýruldy. Ýene şol kitapda, Jabir bin Abdullahyň habar berýän hadys-y şerifinde: "Meni gören we meni görenleri gören musulmanlaryň hiç haýsysy Jähenneme girmez" buýruldy. Ymamy Begawi tarapyndan aýdylan beýleki hadys-y şeriflerde şeýle buýrulýar: "Alymyň ýalňyşmagyndan ägä boluň we onuň bilen gatnaşygyňyzy kesmäň, düzeleri-ne garaşyň". "Mejlisde oturanlar ýerli-ýerlerinde ornaşanlaryndan soňra, oturanlaryň biri bir gardaşy-na ýanyndan ýer görkezse; bu müräketdir, muny kabul etsin. Eger, ýer görkezmeseler, amatly ýer tapsyn we şol ýerde otursyn". "Kimdir biriniň golastyna gullukçy berlip, özi-de dolandyryjy bolsa, olara gerekli nesi-hatlary bermese, Allah, Jenneti oňa haram eder". Hz. Rafi bin Ebu Rafi şeýle gürrüň berýär; "Hz. Ebu Bekriň halyf seçilenini eşidip, ha-ýal etmän Medineýi münewwerä geldim. Oňa duşup:"Eý Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) halyfy! Siz, hatda iki kişä-de baş bolmazlygy maslahat berýärdiňiz. Nä sebäpden, bu wezipäni kabul etdiňiz?" diýdim. Maňa buýurdy ki, "Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) Allahü tealaga gowuşdy. Bu adamlar bolsa, entek täzelikde küpürden dönüp Yslama giripdi-ler. Şindi, Onuň ölümi bilen, dinlerinden ýüz öwrerler, bir-birleri bilen jetleşige düşerler diýip howatyrlandym. Islemesem-de bu wezipäni kabul etdim". Şondan soň men dil ýarmadym". Ehaby kiramdan Hz. Bera bin Mälik, Ýemame jeňindäki ahwaly şeýle suratlandyrýar: "Şol gün Müseýlemet-ül-Kezzabyň üstüne ýöriş edip barýarkak, iri bir zat garşymyza çykdy. "Ýemame aýysy" diýip at alan bu läheň pyýadanyň elinde ak reňkli gylyjy bardy. Derrew üs-tüne hüjüme geçip, gylyjy bir indirişimde aýaklaryny çapdym. Arkanlygyna ýykyldy. Gylyjymy gynyma salyp, elindäki meşhur gylyjy aldym. Hälkiň boýnundan bir gezek aýlap saldym-da, tä döwülýänçä bu gylyç bilen jihad etdim". "Hz. Ömer halyf döwürleri, bir gün ýolda tukat görnüşde barýarka, Hz. Ebu Zere sataş-dy. Ebu Zer (r.a.): "Gaýgyly görünýäňiz-le?! Näme boldy?" diýip sorady. Hz. Ömer: "Beşir bin Asym (r.a.) ýaňyja Resulullahyň şeýle diýenligini aýtdy: "Kimde-kim, musulmanlaryň bir işiniň başyna geçse, hasap güni Jähennemiň üstündäki bir köprä getiriler we saklanar. Eger, dogruçyl hereket eden bolsa, halas bolar. Eger, dogry hereket etmedik bolsa, köpriniň üstünde duran ýeri deşiler we ýetmiş ýyllyk aralykdan aşaga gaçar". Hz. Ömer hadysy şerifi aýdyp gutaransoň, Hz. Ebu Zer: "Siz muny Resulullahdan (sallalahü aleýhi we sellem) eşit-mänmidiňiz? diýdi. Hz. Ömeriň "ýok" diýenini görüp, Hz. Ebu Zer sözüni dowam etdirdi: "Men hem Resulullahdan (sallalahü aleýhi we sellem) şuny eşitdim. Ol: "Musulmanlardan birini haýsydyr birini bir wezipä bellän adam, hasap güni Jähennemiň üstündäki köpriniň ütsüne getirilip duruzylar. Eger, wezipe alan kişi dogruçyl kişi bolsa, ol halas bolar. Dogruçyl däl-de, eli egrilik edýän bolsa, köpri deşiler. Şol ýerden, tüm garaňkylygyň içi bilen ýetimiş ýyllyk aralykdan aşaga gaýdar" buýurdy. Bu hadysy şerifleriň haýsysy size köp täsir etdi?" diýip sorady. Hz. Ömer: Ikisi-de maňa ýiti täsir etdi. Onda beýle agyr jogapkärçilik bilen kim halyf bolmagy öz üstüne alar? Buýurdy. Hz. Ebu Zer: "Allahü teala bu işi, kim dürs we pespälli bolsa, şoňa berer. Biz siz barada ýagşylykdan başga zat bilmeýäris. Eger, adyl bolmadyk birini bir wezipä bellän bolsaňyz, onuň garama-tyndan gutulyp bilmersiňiz" buýurdy. "Awf bin Mälik (r.a.) şeýle gürrüň berýär: Bir gije Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem) bize saklanmagymyzy we dynç almagymyzy emr etdiler. Hemme kişi düýesini çöker-di. Gijäň birmahaly şunça üns bilen garap oturanlygyma garamazdan, Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) gözüme ilmänsoň howsala düşdüm. Agtaryp başladym. Iki tarapa nazar gezdirip barýardym. Muaz bin Jebel we Ebu Musanyň hem edil meniň ýaly howsala düşüp ýörendiklerini gördüm. Şeýdip gözläp ýörkäk jülgäniň üst tarapyndan degirmeniň güwwülde-si ýaly ses eşitdik. Soňurrak Pygamberimizi görüp, howsala düşenligimizi aýdanymyzda: "Gije Rebbimiň gatyndan gelen bir melek, ymmatyma şepagat etmek ýa-da olaryň ýarysyny Jennete girmek. Bularyň birini saýlamaly boldum. Men hem ymmatyma şepagat etmekligi saýladym" buýurdy. Resulullah (s.a.w) şeýle buýuranyndan soň men( “Ýa Resulullah! Bize-de şepagat etjekmisiňiz” diýip soradym. Pygamberimiz (s.a.w)( “Elbet-de sizler hem şepagat etjeklerdensiňiz” buýurdular. Ha soňňrak Pygamberimiz bilen birlikte kerweniň ýanyna geldik. Olar hem Pygamberimiziň ýiteninden howatyrlandylar. Resulullah (s.a.w)( “Maňa Rabbimden bir melek geldi. Ümmetimiň ýarysyny Jennete sokmaklyga, olara şepagat etmegiň arasynda se/im goýdy. Men hem ümmetime şepagat etmegi saýladym” buýurdu. Olar hem Pygamberimizden (sallalahü aleýhi we sellem): "Ýa Resulullah! Biz hem o şepagatyň içinde barmy” diýip soradylar. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) Eshabynyň töweregine jemlýenerine garaşdylar we şeýle buýurdylar: "Şepagatym, ymmatymdan Allaha hiç bir zady şärik goşman ölenler üçindir. Siz hem şaýat boluň!". "Ka'b bin Adiý (r.a.) gürrüň berdi: Hire topary bolup Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) ýanyna gelipdik. Bize Yslamyýeti düşündirdi. Musulman bolduk we ýurdumyza dolandyk. Kän wagt geçmänkä Pygamberimiziň (sallalahü aleýhi we sellem) dünýäden öten-ligi barada habar geldi. Şol habar sebäpli, ýoldaşlarymyň göwünlerine şübhä düşdi: "Eger ol, Pygamber bolsady, ölmezdi" diýdiler. Men olaryň ýalňyş pikir edýändiklerini düşündirip: "Ondan öň gelen Pygamberler hem ölüpdi” diýdim we Yslamyýetden aýrylmadym. Soňurrak bolsa, Medinä gitmegi ýüregime düwdüm. Hz. Ebu Bekriň ýanyna baryp, ýagdaýymy mälim etdim. Meni Müsür patyşasy Mukawkysyň ýanyna ilçi hökmünde iberdi. Müsüre gidip geldim. Hz. Ebu Bekr dünýäden ötenden soňra, Hz. Ömer-de meni şol iş bilen Mukawkysyň ýanyna iberdi. Şol mahallar, Rumlar bilen Ýermük söweşi gidip durdy. Söweşiň näme bilen gutaran-lygyny bilmeýärdim. Alyp barýan hatymy Mukawkysa gowşurdym Mukawkys: "Rumlaryň araplary öldürip, derbi-dagyn edenini bilýärmiň?" diýip sorady. Men bilmeýänligimi aýdanym-da: "Näme üçin?" diýip sorady. Men: "Çünki Rebbimiz, söýgüli Pygamberimize (sallalahü aleýhi we sellem) Yslamyýeti ähli dinlerden häkim (üstün) etjekdigine wada berdi. Ol wadasyndan dänmez" diýdim. Onda Mukawkys: "Hakykatdanam Araplar Rumlary, Ad kowmuny edişleri ýaly gylyçdan geçirdiler. Pygamberiňiz dogry aýdypdyr..." diýdi. Yzýanyndanam Mukawkys Eshaby kiramyň (r.a.) ýaşulylarynyň kimlerdigini sorady. Olar üçin sowgatlar berdi. Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) Atasynyň dogany Abbasa-da (r.a.) sowgatlar iberdi. Hz. Ömere ýagdaýy mälim edenimden soňra onuň emrine tabyn boldum. Hz. Ömer döwlet dolandyryjylaryna aýlyk bel-lände, meniň aýlygymy hem Adiý bin Ka'b ogullarynyň arasyna ýazdy". "Hz. Aişe enemiz (r.anha) gürrüň berdi: Eshaby kiram bir meselede gapma-garşylyga düşäýse, Atam kömege ýetişýärdi. Olara kesgitli hökümi aýan edýärdi, jedellerden halas ed-ýärdi. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) dünýäden ötenden soňra, Eshhaby kiram: "Pygamberimizi (sallalahü aleýhi we sellem) nirä depin ederis?" diýip, uly ünjä gitdiler. Hiç kim bu barada hiç zat bilmeýärdi. Atam: "Men, Resulullahdan (sallalahü aleýhi we sellem) eşidipdim. "Her Pygamber wepat eden ýeriniň aşagyna depin edilýändir" buýurdy" diýdi. Eshaby kiramyň (r.a.) arasynda, Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) mirasy hakynda garşylykly pikirler döräninde, Atam Ebu Bekr: "Men Resulullahyň "Biz Pygamberler miras goýmaýarys. Biziň goýanlarymyz sadaka bolar" buýrandygyny eşitdim." diýdi we olary çykalgasyz ýagdaýdan halas etdi". "Muhammet bin Ybraýym et-Teými (r.a.) gürrüň berdi: "Abdullah (r.a.) Müzeýnelidi kiçi wagtlary ýetim galypdy. Atasynyň dogany ony eý görüp, ezizläp kemala getirdi. Ony myda-ma-da gowy görýärdi. Abdullahyň (r.a.) musulman bolanyny eşidip, gaty gahary geldi. Hat-da, onuň geýimlerine çenli sypyryp aldy. Şondan soň, Abdullah enesiniň ýanyna baryp, bolup geçen zatlary gürrüň berdi. Enesi öz çyzykly entarisini ýyrtyp, ogluna iki bölekden ybarat eşik tikip geýdirdi. Ertesi Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem) Abdullaha (r.a.): "Sen Zülbijadeýn (iki parçadan tikilen eşikli) Abdullah, gapymdan aýrylma" buýurdylar. Ol hem, Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) gapysyndan asla aýrylmady. Abdullah (r.a.) bir gün gapyda gaty ses bilen Allahü tealany zikir edýärdi (ýatlaýardy). Hz. Ömer muny gö-rüp: "Eýsem, Abdullah gaty ses bilen zikir etmek bilen muny görkezmek isleýärmikä?" diýip soranynda, Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem): "Ýok, çyny bilen ýalbar-ýakar edýän-leriň biri ol" buýurdylar. Ibni Mesud-da (r.a.) şeýle gürrüň berdi: Tebük söweşi gidip durdy. Bir gün gijäň ýary-my oýanypdyryn. Düşlegiň bir çetinde ot ýakylypdy. Derrew şol tarapa ugradym. Barsam, Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem), Hz. Ebu Bekr, Hz. Ömer dagylar hem şol ýerde eken. Zülbijadeýn Abdullah amanadyny tabşyryp, şoňa mazar gazan ekenler. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) gabra girdiler, Abdullahy lahdiň içine ýerleşdirdiler. Üstüne gum sürlenden soňra, Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Ýa Rabbi! Men şu agşama çenli ondan razydym. Sen hem ondan razy bol" diýip, doga buýurdylar". Ymamy Begawi hezretleriniň "Mesabihi şerif" kitabyndan alnan käbir hadys-y şerifler: Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdylar: "Bir jüp zady Allah ýolunda sadaka beren kişi, Jennetiň gapylaryndan çagyrylar. Jennetde dürli gapylar bardyr. Köp namaz okanlar, namaz gapysyndan çagyrylar. Jihad edenler, jihad gapysyndan; sadaka berenler, sadaka gapysyndan; oraza tutanlar, Reýýan gapysyndan çagyrylar." Hz. Ebu Bekr bu hadys-y şerifi eşidensoň: "Ýa Resulullah! Bu gapylaryň diňe birinden çagyrylmak beýle bir kyn däl. Eýsem, bu gapylaryň hemmesinden çagyrylan adam barmy-ka?" diýip soranynda, Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem): "Hawa bar. Senem şolardan birimikäň diýip umyt edýärin" buýurdylar. Ebu Hüreýräniň (r.a.) aýdan hadys-y şerifinde, Resulullah: "Bize kim hödür-kerem, ýagşylyk eden bolsa, garşylygyny berdik. Ýöne, Ebu Bekriň ýagşylygynyň, mürähediniň gar-şylygyny berip bilmedik. Oňa Hak teala hezretleri kyýamatda mürähet eder, garşylygyny berer. Maňa, Ebu Bekriň beren zatlarynyň peýda berşi ýaly, hiç kimiň zady kömek bermändi. Eger, dost tutunsadym, Ebu Bekri dost tutunardym. Emma, men Hak teala hezretleriniň dos-ty" buýurdylar. Hz. Ömer: "Hz. Ebu Bekr, biziň seýidimizdir, haýyrlymyzdyr, Resuly ekremiň hemmämizden artygrak söýgülisidir" buýurdy." Hz. Aişe enemiz gürrüň berdi: Fahri Kainat (sallalahü aleýhi we sellem) soňky sapar nähoşlanynda maňa: "Ýa Aişe! Meniň ýanyma ataň Ebu Bekri we doganyň Abdyrahmany çagyr. Çünki, menden biriniň orta çykyp, men halyf bolmak isleýärin, diýerinden gorkýaryn. Emma weli, Hak teala we mü’minler Ebu Bekrden özgäniň halyf bolmagyny islemezler." buýurdy. Hz. Ömer aýtdy: "Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem): "Allahü teala hakykaty, Ömeryň diliniň we ýüreginiň üstüne goýandyr" buýurdylar. Edil munuň yzysüre: "Biz Ömeryň aýdýanlarynyň hakdygyny, kalplaryň onuň sözi bilen aram tapýandygyny uzak görmezdik" hadys-y şerifini Hz. Aly habar berdi. Jabir bin Abdullah (r.a.) habar berýär: "Hz. Ömer Hz. Ebu Bekre: "Eý, Allahyň Resu-lyndan soňra ynsanlaryň iň haýyrlysy" diýip ýüzlendi. Hz. Ebu Bekr: "Ýa Ömer! Sen maňa şeýle diýýärsiň welin, men Resuly ekremden eşitdim: "Ömerden haýyrly kişiniň üstüne entek gün dogan däldir." buýurdylar. Ukbe bin Amiriň (r.a.) habar beren hadys-y şerifinde, Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Men pygamberleriň soňkusydyryn. Menden soňra pygamber geljek däldir. Eger, menden soňra pygamber gelsedi, Ömer pygamber bolardy" buýurdy. Hz. Aişe enemiz aýtdy: "Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) bilen bile otyrdyk. Bir-denkä daşardan güpürdi we çagalaryň sesi gelip ugrady. Resuly ekrem (sallalahü aleýhi we sellem) daşaryk seretdiler, Habeşlileriň oýnaýandygyny, çagalaryň-da olara tomaşa edýän-digini gördüler. Maňa: "Ýa Aişe! Gel, seret" buýurdylar. Men hem gidip, eňegimi Pygamberi-miziň (sallalahü aleýhi we sellem) mübärek omzuna diräp tomaşa etmäge başladym. Bir-haýukdan soňra, "Doýmadyňmy?" buýurdylar. "Ýok, doýmadym" diýip jogap berdim. Niýe-tim, Onuň ýanynda nähiliräk gymmatymyň barlygyny bilmekdi. Şol mahal Hz. Ömer göründi. Halk şol bada Habeşlileriň töwereginden dagady". Ebu Said-il-Hudri (r.a.) şeýle gürrüň berýär: "Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sel-lem) şeýle buýurdy: "Siziň gökdäki yşykly ýyldyzlara seredişiňiz kibi, Jennetiň halky-da Jen-netiň iň ýokary gatyndakylara sereder. Ebu Bekr we Ömer olardandyr. Emma olar, bu mer-tebelerden-de belende çykyp, Naim Jennetine girerler". (Illiýin Jennetleriň iň metebelerin-dendir) Hz. Enes aýtdy: "Pygamberimiz (salalahü aleýhi we sellem): "Ebu Bekr we Ömer, Jennetdäki erkekleriň Pygamberlerden (aleýhimüsselam) soňky seýitleridir" buýurdy. Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem) metjide giren mahaly Hz. Ebu Bekr we Ömerden başga hiç kim başyny ýokary galdyrmazdy. Ikisi-de Pygamberimize (sallalahü aleýhi we sellem) bakyp ýylgyrardylar. Resulullahimiz-de olara seredip ýylgyrardy." Ibni Ömer (r.a.) gürrüň berdi: "Bir gün Resulyllah (sallalahü aleýhi we sellem) metjide girdiler. Hz. Ebu Bekir we Hz. Ömer, her haýsysy bir tarapynda bile gelipdiler. Resuli Ekrem olaryň ellerinden tu-tupdy "Biz kyýamat güni şeýle ýagdaýda turarys" buýurdylar. Ebu Said-il-Hudri (r.a.) aýtdy: Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýur-dylar: "Her Pygamberiň gökde we erde iki-ikiden wezirleri bardyr. Meniň gökdäki wezirlerim Jebraýyl we Mikaildir (aleýhimesselam). Ýer halkyndan bolan wezirlerim Ebu Bekir we Ömerdir." Ibni Abbas (r.a.) gürrüň berdi: "Hz. Ömer dünýäden ötüpdi. Mübärek bedeni tenşiriň üstüne goýlupdy. Ýygnanan jemende doga edýärdi. Biri arkamda tirseklerini omzuma diräp doga edýärdi: "Allahü teala saňa rehnet eýlesin ýa Ömer! Hak teala iki eýäň bilen bile kylar. Çünki ençe saparlar Resulyllahymyzyň (sallalahü aleýhi we sellem): "Men gullukçy boldum. Ebu Bekir hem Ömer gullykçy boldy. Men işledim, Ebu Bekir hem Ömer işlediler. Men çyka-ryldym. Ebu Bekir hem Ömer çykaryldy" buýranlygyny eşitdim. Yza seretsem, arkamda duran Hz. Aly eken". Hz. Aişe enemiz gürrüň berdi: "Resulyllah (sallalahü aleýhi we sellem) öýünde ýatyrdy. Mübärek injikleri ýagny topuklary bilen dyzlarynyň aralyklary açykdy. Hz. Ebu Bekir gapa ge-lip rugsat sorady. Habibi ekrem rugsat berdiler. Şol bir bolşuny üýtgetmediler. Soňra Hz. Ömer gelip rugsat sorady. Oňa-da rugsat berdiler. Mübärek injikleri açyk ýatyşyna söhbet edýärdiler. Hz. Osman gelip rugsat soranynda, Resuly ekrem dikelip oturdy we aýaklaryny ýapdy. Hemmesi gidenden soňra, Serweri älemden: "Atam hz. Ebu Bekir içeri girdi, hiç hili hereket etmediňiz. Hz. Ömer içeri gireninde ýene şol bir durkuňyzy üýtgetmediňiz. Hz. Osman içeri girende weli, dikelip oturdyňyz we geýmiňizi serenjam berdiňiz. Munuň hikmeti nämedir?" diýip soradym. Jogabynda: "Osman örän edep-haýaly kişidir. Eger, şol ýag-daýda rugsat bersemdim, içeri girip aýtjak zadyny aňlatmazdy. "Sözüniň üstüni ýetirdi. "Melekleriň haýa eden adamyndan, men haýa etmerinmi." buýurdylar. "Hz. Osman şehit edilmeziniň öňsyrasy, öýüniň gabalanlygyna düşündi. Öýüniň daşy-ny gabanlara ýüzlenip: "Hak tealaga ant içýärin, siz bilmeýärsiňiz. Resuly ekrem (sallalahü aleýhi we sellem) Medinä bardylar. Rume guýusyndan başga ýerde içer ýaly süýji suw ýok-dy. "Kimde-kim, Rume guýusyny satyn alyp, öz gowasy (bedre) bilen musulmanlaryň gowasyny deň tutsa, oňa Jennetdäki gowasy, Rume guýusyndaky gowasyndan haýyr-ly bolar" buýurdylar. Öz puluma şol guýyny satyn aldym. Siz meni bu gün şol guýynyň su-wundan ine-gana içmäge goýmaýarsyňyz. Deňziň suwy deýin şor suw içýärin" buýurdy. Bary biragyzdan "Hawa, şeýle" diýdiler. Hz. Osman, "Allahü tealaga ant içýärin. Eshaby kirama (r.a.) metjit dar gelýärdi. Resu-lullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Pylanynyň ýerini kim alyp, metjide goşsa, Jennetde ol ýerden has gowusyna gowuşar" buýurdy. Ol ýeri öz baýlygym bilen satyn aldym we metjide goşdum. Siz bu gün meni bu metjitde iki rekat namaz okara goýaňzok" diýdi. Hem-mesi: "Hawa" diýdiler. Hz. Osman: "Allahü tealaga ant içýärin. Tebük gazawadynda Yslam goşunyny öz zatlarym bilen üpjün edenligimi bilmeýärsiňizmi?" buýurdy. Bary birden: "Hawa" diýdiler. Hz. Osman: "Allahü tealaga ant içýärin. Resuly ekrem (sallalahü aleýhi we sellem) Mekgede Sebir dagyna çykypdy. Ýanynda Ebu Bekr, Ömer we men bardyk. Dag tit-räp ugrady. Hatda, daşlar togalandy. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) mübärek aýagy bilen daga urdy. "Ýa Sebir! Rahatlan. Üstüňde bir nebi, bir syddyk we iki şehit bar" buýurdy-lar. Ählisi tassyk etdi. Hz. Osman: "Allahü ekber, Käbäniň Rebbine ant içýärin, men şehit" di-ýip, üç öwra gaýtalady. Soňra: "Resulullahymyz (sallalahü aleýhi we sellem) maňa, gabawçylara garşylyk görkezmän, sabyr etmegimi wesýet edipdi" diýdi". Abdullah ibni Ömer (r.a.) şeýle gürrüň berdi: "Resuly ekrem (sallalahü aleýhi we sellem) Eshaby kiramy bir-birileri bilen dogan edýärdi. Şol mahal hz. Aly ýokdy. Birsalymdan gelip: "Ýa Resulullah! Eshaby kiramy bir-birleri bilen dogan etdiň. Meni hiç kim bilen dogan etmediň" diýip arzyny beýan edeninde Resuly ekrem (sallalahü aleýhi we sellem): "Sen meniň dünýäde we ahyretde gardaşymsyň" buýurdylar". Ebu Said-il-Hudriniň (r.a.) aýdýan bir hadysy şerifinde şeýle buýruldy: "Eshabymyň hiç haýsyna dil ýetirmäň. Olaryň şanlaryna gelişmeýän zatlar aýtmaň! Nebsim ed-i gudratynda bolan Allahü tealadan ant içýärin, Siz Uhud dagy ýalyrak altyny sadaka berseňiz-de, Esha-bymdan biriniň bir müt arpasy ýaly sogap alyp bilmersiňiz". Hz. Ömeriň aýdan bir hadys-y şerifinde şeýle buýruldy: "Eshabyma dil ýetirmekde Allahü tealadan gorkuň! Menden soňra özleriňiziň bet py-gyllaryňyz üçin olary nyşana almaň! Nebsiňize uýup, duşmançylyk etmäň! Olary söýýänler, meni söýýändikleri üçin söýýändirler. Olary söýmeýänler, meni söýmeýändikleri üçin söýme-ýärler. Olara el bilen, dil bilen ezýet edilse, göwnüne degilse, Allahü tealaga ezýet etdikleri bolar welin, munuň-da garşylygy sapak bor ýaly jezasy gijä galmaz, berler". Abdullah bin Zübeýräniň (r.a) ataasyndan eşidip aýdan hadys-y şerifinde şeýle buýrul-ýar: "Kyýamat güni Eshabymyň her biri, gabyrlaryndan çykanlarynda, amanadyny tabşyran ýurdundaky ähli mü’minleriň öňüne düşüp we olara nur hem-de yşyk saçyp, Arasat meýdanyna äkiderler". Howuz we şepagat babatda aýdylan hadys-y şerifde şeýle buýruldy: "Meniň howzumyň iki ujunyň aralygy, Ile bile Aden aralygyndan uzakdyr. Suwy gardan ak, baldan süýjidir. Käseleri ýyldyzlaryň sanyndan-da kändir. Kişiniň öz howzu-na özgeleriň düýeleriniň girmegine päsgel berşi ýaly men hem ymmatymdan başgalara howzumy gadagan ederin." (Ile, Gyzyl deňziň demirgazygynda ýerleşýär. Aden bilen aralygy bir ýarym aýlyk ýol bolup, takmynan 1620 km-dir). Eshaby kiram: "Ýa Resulullah! Ol gün bizi tanarsyňyzmy?" diýip soradylar. "Hawa tanaryn. Sebäbi, siziň täret agzalaryňyz nur-ly boljak, başga ymmatlaryň hiç haýsynda bu alamat boljak däldir" buýurdy". Hz. Enesiň habar berýän bir hadys-y şerifinde şeýle buýruldy: "Kyýamat güni ynsanlar Arasatda jemlener. Käbirleri beýlekiniň üstüne tolkun urar, bir-birleri bilen garjaşarlar. Mag-şar halky jem bolup, Adam aleýhisselamyň ýanyna gelerler: "Rebbiňden biziň üçin şepagat dile" diýerler. Adam aleýhisselam (a.s): "Meniň şepagat üçin rugsadym ýok. Ybraýym aleý-hisselamyň ýanyna gidiň. Ol Allahü tealanyň Halylydyr" diýer. Ynsanlar onuň ýanyna barar-lar. O da: "Meniň şepagat üçin ruhsadym ýok. Musa aleýhisselamyň ýanyna baryň. Ol-Keli-mullahdyr" diýer. Onuň ýanyna barsalar: "Meniň hem şepagat edip bilmen. Isa aleýhissela-myň ýanyna gidiň. Ol-Ruhullahdyr" diýer. Onuň ýanyna barsalar ol hem: "Men şepagat üçin rugsatly däl. Muhammed aleýhisselama ýüz tutuň" diýer. Magşar halky meniň ýanyma geler. Men: "Şepagat ederin" diýerin. Şepagat etmek üçin Rebbimden rugsat soraryn. Rugsat beri-ler. Hak tealanyň maňa aýan etjek hamdlary bilen hamd ederin. Häzir o hamdlar aňymda ýok. Soňra ýere uzanyp, sežde ederin. Hak teala maňa: "Ýa Muhammed! Şepagat et, kabul ediler" buýrar. Men: "Ýa Rebbi! Ymmatyma rehnet et, olara merhemet et" diýen manyny aň-ladýan "Ymmaty, ymmaty" diýerin. (Iki sapar buýurmagy gaýtalamak ýa-da seslenmek üçin-dir ki, ymmaty özüne golaýrak gelsin we otdan goransyn. Sebäbi, Pygamberimiziň nury şe-rifleri ody söndürýändir) Soňra maňa: "Ýa Muhammed! Bar, kalbynda arpanyň agyrlygynda imany bolan kişini otdan çykar" buýrular. Men hem giderin-de, kimiň kalbynda arpa agyrly-gynda imany bar bolsa, otdan çykararyn we yzyma dolanaryn. Ýene şol hamdlar bilen hamd ederin sežde ederin. Maňa ýene: "Ýa Muhammed! Sözle, eşidiler. Isle, beriler. Şepagat et, kabul ediler" buýrular. Men: "Ýa Rabbi! Ymmatyma rehnet et!" diýerin. Şonda: "Kalbynda zerre ýaljak ýa-da hardal dänesi ýaljak imany bolanlary otdan çykar" buýrular. Gidip, kalbyn-da zerre ýaljak imany bar adamlary otdan çykararyn. Ýene dolanaryn, seždä baryp, nyýaz ederin. We kalbynda zerre ýaljak imany bolanlary otdan çykararyn. Ýene dolanaryn, seždä baryp, nyýaz ederin. "Git, kalbynda hardal dänesinden-de has az imany bolan kişileri hem otdan çykar" buýrular. Gidip, şeýle imany bolanlary-da otdan çykararyn. Dördünji gezegem Rabbimden, "Lä ilähe illalah" diýenlere-de şepagat etmegimi islärin. Allahü teala: "Olary ot-dan çykarmak seniň üstüňe ýüklýenen däldir. Emma, Izzetimiň, Jelalymyň, Kibriýamyň haky üçin olary, elbetde, otdan çykararyn" buýrar". Bilal bin Harisiň (r.a) aýdan hadys-y şerifinde şeýle buýruldy: "Menden soňra undulan bir sünnetimi ýüze çykaran kişä, muny berjaý edýänleriň sogabyçarak garşylygy berler. Bularyň sogabynda kemelme hasyl bolmaz. Emma welin, bid’atlyk we sapyklyk (bozuklyk) çykaranlardan, Allahü teala we Resuly razy bolmaz. Bu bid’aty berjaý edýänleriň günäleri ýalyrak günä, bid’aty çykaranyň üstüne ýüklýener. Bid’aty işleýänleriň günälerinde hiç hili kemelme bolmaz". Ebu Hüreýräniň (r.a) habar berýän hadys-y şerifinde şeýle buýruldy: "Siz şeýle bir döwürde geldiňiz welin, Allahü tealanyň emrleriniň we gadagan eden zatlarynyň onda birini berjaý etmeseňiz, heläk bolarsyňyz, Jähenneme gidersiňiz. Sizden soňra şeýle bir musulmanlar geler welin, Allahü tealanyň emrleriniň we gadagan eden zatlarynyň onda birini berjaý edip bilseler, Jähennemden gutularlar". Ýene Ebu Hüreýräniň (r.a) aýdan hadys-y şerifinde şeýle buýrulýar: "Allahü teala bu ymmat üçin, her asryň başynda, bu dini güýçlendirýän bir müjeddid ýüze çykarar". Kur’any kerimiň faziletleri, üstünlikleri bölüminde aýan edilýän hadysy şerifde şeýle buýruldy: "Allahü teala, gökleri we ýeri ýaratmazyndan müň ýyl ozal, Taha we Ýasyn sürelerini meleklere okady. Ýagny manylaryny ylham etdi. Melekler Kur’any kerim eşidenlerinde, "Bu Kur’any azymüşşan indirilen ymmata buşluk bolsun. Ýa-da Tuba agajy olar üçin bolsun. Bu Kur’any hakimi ýüklýenen kalplara we okan dillere-de buşluklar bolsun" diýdiler". Tesbih, tahmid we tehliliň sogaby bölüminde beýan edilen hadysy şerifde buýruldy ki, "Miraj gijesi Ybraýym aleýhisselama sataşdym. Maňa: "Ymmatyňa salam aýt. Jennetiň topragynyň tämizdigini, suwunyň süýjüdigini, zemininiň tekiz we agaçsyzdygyny, o ýerde dikilen nahalyň, Sübhanallahi welhamdülillahi we lä ilähe illalahü wallahü ekberdigini habar ber" diýdi". Ymamy Begawi hezretleri "Mealim-üt-tenzil" kitabynda şeýle buýurýar: "Ynsan (Hel eta) süresiniň 8-nji aýaty kerimesiniň inişiniň sebäbini alymlar şeýle aýan edýärler: Bir mahallar Hz. Hasan we Hz. Hüseýin näsaglapdylar. Resuly ekrem (sallalahü aleýhi we sellem) Eshaby kiram bilen agtyklaryny görmäge gitdi. Hz. Ala we Hz. Fatma ýüz-lenip: "Bu iki jigerbendiňiz üçin, sadaka aýdyň" buýurdylar. Olar-da, Fydda diýen hyzmatkäri bilen birlikde, çagalary sagalyp gitse, Allahü tealanyň razylygy üçin, üç gün oraza tutjakdyklaryny nezr etdiler (sadaka aýtdylar). Hz. Hasan we Hz. Hüseýin ganymatlaşansoň, Hz Aly, iýer ýaly zatlary ýoklugy sebäpli bir ýahudiden üç sa (12,6 lt göwrümli gaby doldur-ýan) arpa karz aldy. Üçüsi-de nezrlerini berjaý etmek üçin oraza tutup ugradylar. Hyzmatkär arpanyň üçden birini üwedip, bäş sany çörek bişirdi. Çünki, özleriniň sany bäşdi. Agyz açar wagty Hz. Fatma (r.anha), Hezreti Alynyň, Hasan we Hüseýiniň, hyzmatkär Fyddanyň öňle-rine bir çörekden goýdy. Öz öňüne-de birini aldy. Gapa bir misgin geldi. (Ýekeje günlük hem iýere zady bolmadyk garyba misgin diýilýär). "Men musulman garyplardan biri. Garnym aç. Nahar sorap geldim". Öňlerindäki çörekleriň baryny misgine berdiler. Özleri suw bilen agyz açyp, ertirki gün üçin oraza tutmaga niýet etdiler. Ertesi hyzmatkär galan unuň ýarysyny üwedi. Bu undan bäş sany çörek bişirip agyz açara taýyn edip goýdy. Agzaçar pellesi gelip ýetdi. Çörekleri ýaňy öňlerine alan wagtlary, bir ýetim gelip çörek diledi. Bäşisi-de çöreklerini hälki ýetime berip, ony begendirdiler. Özleri ýene suw bilen agyz açyp, ertirki gün üçin oraza niýet etdiler. Üçünji gün hyzmatkär arpanyň galanjasyny üwetdi-de bäş sany çörek taýarla-dy. Agzaçar wagty çöreklerini iýjek bolup durkalar nätanyş biri gelip, ýesirlikden ýaňy-ýakyn-da gutulandygyny, üç gün bäri hiç zat iýmändigini aýdanynda, çöreklerini oňa berdiler. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) olaryň ýagdaýy, açlygy barada eşidip örän gynandy-lar. Soňra Jebraýyl aleýhisselam geldi. "Ýa Resulullah mübärek bolsun. Hak teala Ähli beýtiň barada aýaty kerime iberdi" diýip, ynsan (Hel eta) süresini okady. Hz. Aly Medineden çykyp barýarka ýolda kimdir biriniň guýudan suw çekip, mallaryna suwa ýakyp ýörenligini gördi. Oňa golaýlaşyp: "Saňa puluna suw çekip bereýinmi?" diýip ýüzlendi. Ol: "Şula kemem bolmazdy?" diýip, göwnündäkini dile getirdi. Bir bedre suwa bir owuç hurma bermeli edip gepleşdiler. Hz. Aly (r.a.) suw çekip ugrady. Ahyrky sapar çekip durka ýüp üzüldi-de bedre guýa gaçdy. Hälki adam bedräniň gidenine gynanyp, Hz. Alynyň mübärek ýüzüne bir şarpyk çaldy. Yzýanyndan dilleşilen hurmany berdi. Hz. Aly hiç hili gar-şylyk görkezmedi. Mübärek elini guýynyň içine uzatdy. Allahü tealanyň rugsady bilen bedrä-ni çykaryp ýaňka berdi we hurmalary alyp öýüne gaýtdy. Hurmalary getirip Hz. Fatma berdi. Bile iýip otyrkalar Hz. Fatma, Hz. Alynyň ýüzündäki şarpygyň yzyny görüp, näme bolanlygy-ny sorady. Ol bolsa gizledi. Beýleki tarapdan, Hz. Ala şarpyk çalan kişi, onuň elini uzadyp guýudan bedräni çyka-ryşyna haýran galypdy. Çuň pikire çümdi. Kalbyna özgerişlik, ýumşaklyk aralaşýanyny duý-dy. Gabahat iş eden ýaly uýalyp başlady. "O kişi, Muhammed aleýhisselamyň dinine tabyn-dyr. Eger, o din hak bolmasady, ol çuňňur guýa elini sokup bedräni çykaryp bilmezdi. Men bolsa, şeýle mübärek adama el göterdim. Beýle näkesligi eden eliň maňa gerek ýeri ýok" di-ýip, şarpyk çalan elini çapdy. Çapylan eli beýleki eline alyp, huzury bilen mertebelenmek hem-de ötünç soramak maksady bilen Hz. Alynyň öýüne gelip gapysyny kakdy. Resulullah hezretleri hem şol ýerdedi. Hz. Aly gapyny açyp bir eli çapylan, gara gan bolup, beýleki elin-de duran ýagdaýda görüp haýran galdy. Gelen adam bir ýandan dynman aglaýardy. Hz. Aly içerik girip, ýagdaýy habar berdi. Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem): "Seniň göw-nüňe degen kişidir. Aýt, içeri girsin" buýurdylar. Ol içeri girdi. Resulullahyň (sallalahü aleý-hi we sellem) bu ýagdaýy görüp, oňa haýpy geldi. "Näme üçin beýle ýalňyş iş etdiň?" diýip soradylar. Ol aglap, eden ýalňyşyny gürrüň berdi we ötünç sorap, iman etmek bilen merte-belendi. Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem) çapylan eli ýerine goýdy. Mübärek agzynyň tüýküliginden biraz çalyp doga buýurdy. Allahü tealanyň gudraty bilen, onuň eli öňküsinden-de kuwwatly boldy". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |