05:34 Öwlüýäler: Bureýde bin Hasib | |
BÜREÝDE BIN HASIB (r. a.)
Taryhy şahslar
Eshaby kiramyň beýiklerindendir. Horasan taraplarda dünýäden öten iň soňky sahabi. Ady Büreýde bin Eslem. Doly ady Ebu Abdullah. 63-nji ýylda (m. 683), Ezid döwründe ara-dan çykdy. Abdullah we Süleýman atly iki ogly bardy. Bedir söweşiniň öňisyrasy musulman boldy. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem), Ebu Bekr Syddyk we onuň azat edilen guly Amir bin Fuheýre (r.a.) Medineýi Münewwerä tarap barýarkalar, Mekgäniň müşrikleri olary tutmak üçin herekete geçdiler. Ähli ýerleri barlap ugradylar. Tutup getirene uly serpaý wada edýärdiler. Hijret ýolunyň ugrundaky tireleriň bary bu işiň kül-külüne düşüpdi. Büreýde bin Eslem hem özüniň ýetmiş adamy bilen şolaryň içindedi. Ýolda sataşanlarynda Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) ondan: "Kim borsuň?" diýip soradylar. "Büreýde" diýip jogap be-rende, Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) hazreti Ebu Bekire (r.a.) öwrülip: "Ýa, Ebu Bekir, kalbymyz aram tapdy we gowy boldy" buýurdylar. Soňra: "Kimlerdensiň?" diýip, sowal etdiler. "Eslem tiresinden" diýeninde: "Howp sowuldy, biz salamatda" buýurdylar. Gaýtadan: "Eslemiň haýsy golundan?" diýip soradylar. "Sehm golundan" diýen jogaby alandan soňra: "Ýa, Eba Bekr, seniň nesibäň bar eken" buýurdylar. Büreýde Resulullahdan: "Ýogsa-da sen kimsiň?" diýip sorady. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Allahü tealanyň Resuly Mu-hammed" buýranynda, Büreýde: "Eşhedü enlä ilähe illallah we eşhedü enne Muhammeden abdühü we resuluh: Men şaýatlyk ederin ki, Allahü tealadan başga ylah ýokdur. Muhammed (sallalahü aleýhi we sellem) Onuň guly we Resulydyr" diýip, ýanyndakylar bilen bilelikde iman etdi. Büreýde (r.a.): "Allahü tealaga hamdü-senalar bolsun, biz zorla däl, meýletin mu-sulman bolduk" diýdi. Büreýde ertesi "Ýa Resulullah! Ýanyňyz baýdaksyz Medinä gitmegiňiz uýgun däl" diýip, başyndaky sellesini baýdak ýaly edip, naýzanyň ujuna daňdy. Büreýde hezretleri tä Medineýi Münewwerä çenli Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) öňlerin-den Liwaýy Muhammedini (baýdagy) göterdi. Hz. Büreýde, Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) bilen bilelikde ençe söweşlere gi-ripdi, Mekgäni almaga gatnaşypdy. Mundan başga, Reulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) Hz. Halidiň serkerdeligindäki Ýemen taraplara iberen goşunyň hatarynda-da ýerini alypdy. Hz. Büreýde, Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) soňky wagtlarynda Usameniň (r.a.) serkerdeligindäki Şama iberen goşununda baýdak göteripdi. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) dünýäden ötenden soňra, Eshaby kiramyň (r. anhüm) köpüsi Yslamy ýaýmak we hyzmat etmek üçin çar ýana dagyldylar. Ine, şol Yslamy ýaýmak we hyzmat yşgy we ody bi-len ruhy ýanýan bu beýik sahabi, Hz. Osman döwründe Horasana iberilen goşunyň içinde ýerini alypdy. Bureýde (r.a.) köp hadysy şerif ýat tutupdy. 164 hadysy şerif rowaýat etdi. Dos-dogry Resulullahdan eşidenlerini bize ýetirdi. Iki ogly Abdullah bin Ewsi Huzaýy Şabi Mälik bin Usame ondan hadys öwrendiler. Bureýde hezretleri, mydama Resulullahyň mübärek nazar-larynyň öňünde bolmak ýaly bagtyýarlyga gowuşan, islän wagty ýanyna girip-çykyp bilen beýik sahabedir. Eshaby kiramy haýyr bilen ýagşylykda ýatlaýardy. Hz. Aly, Osman, Talha we Zübeýr (r. anhüm) barada pikirini soranlarynda, her haýsy üçin, Allah teala rehnet eýle-sin buýurdular. Ebu Büreýde (r.a.) hezretleriniň hut özüniň eşidip bize ýetiren hadysy şerifleriniň käbir-leri şulardyr: "Kimde-kim, Kur’any kerimi okap, ony dünýä gazanjy üçin ulansa, kyýamat gününde ýüzi, eti gazalan süňk görnüşinde Arasat meýdanyna geler" "Gabra zyýarata barmagy size gadagan edipdim. Indiden beýläk zyýarata baryp biler-siňiz. Şunlukda, sapak alarsyňyz, gapyllykdan gutularsyňyz". "Münapyk kişiler üçin seýit, ýagny tagsyr sözüni ulanmaň. (Hormat goýmaň) Çünki, olar seýit bolup, beýlekilerdenden artykmaç saýylsa, Allahü tealanyň gazabyna sezewar bo-larsyňyz". "Garaňkylykda metjitlere köp gidýänlere, kyýamatda hakyky nura gowuşjakdyklaryny buşlaň". EBU HAFS OMAR JENZI Tewsir, nahiw we edebiýat alymy, şahyr. Ady Ebu Hafs bolup, doly ady Ömer bin Osman bin Hüseýin bin Şuaýbdyr. 478-nji ýylda (m. 1085) Aherbaýjan bilen Şirwanyň araly-gyndaky Jenz şäherinde dünýä indi. Doglan ýeri mynasybetli Jenzi diýip atlandyryldy. 550-nji ýylda (m. 1155) Maryda aradan çykdy. Kiçi ýaşlarynda Kur’any kerimi ýat tutan Ebu Hafs Ömer bin Osman Jenzi, din ylymla-ryny we kömekçi ylymlardan bolan Arapçany öwrenmek üçin ylymly kişileriň derslerine gat-nap ugrady. Arap dili we edebiýaty ylymlarynda döwrüniň iň uly alymlaryndan ylym öwrenip, döwründäki Arapçany iň gowy bilýän alymlaryň öň hataryndady. Bagdada gitdi. Beýik alym-laryň söhbetlerine we derslerine sypdyrman gatnady. Ebul Muzaffer Ebýurdydan edebiýat öwrendi. Abdyrahman Duniden hadys-y şerif ylymlaryny öwrenip, "Süneni Nusaýy"ny okady. Basra we Huzistan taraplara gitdi. Giden ýerlerinde alymlaryň ylmyndan köp peýdalandy. Ylymda uly derejelere ulaşdy. Döwrüniň iň güýçli alymy, asrynyň naýbaşysydy. Tefsir ylmyn-da-da çuňňur ylma eýe boldy. Semaniniň aýdyşy ýaly, deňi-taýy bolmadyk tefsir ýazdy. Ýö-ne, ömri tefsiri tamamlardan gysga boldy. Şunlukda, bu gymatbaha eser gutarman galdy. Wagtyny, Allahü tealanyň razylygyny gazanmak üçin sarp edýärdi, Onuň emriniň garşysyna hiç hili iş etmeýärdi. Ynsanlara Allahü tealanyň emirlerini we gadagan eden zatlaryny öwred-ýärdi. Selefi salihiniň (hijri ilkinji asryň musulmanlary) ajaýyp durmuşy barada, Pygamberimi-ziň (sallalahü aleýhi we sellem) ajap ahlagy barada gürrüň berýärdi. Gözel ahlagy, üstün yl-my we ýiti zehini bilen adamlaryň söýgüsine we hormatyna mynasyp boldy. Ulu-kiçi hemme kişi onuň biliminden peýdalanmak üçin ondan maslahat soraýardylar. Haramlardan we şübheli zatlardan örän ägä bolýardy, mübahlary hem köp wagtlar terk edýärdi. Kän talyp ýetişdirdi. Ondan ogly Abdyrahman bilen döwrüniň beýik alymlaryndan bo-lan Semani we ýene ençeme alymlar ylym öwrendiler, hadys-y şerif aýtdylar. Fahr-ül-mülküň çagalaryna Araby ylymlar we edebiýat öwredýärdi, din ylymlary boýunça sapak geçýärdi. Uly alym edip ýetişdiren talyplaryndan başga, ençeme dürdäne eserler hem ýazan Ebu Hafs Ömer Jenziniň gutaryp bilmedik "Tefsir-ül-Kur’an" diýen kitabynyň barlygy-da mä-limdir. Mundan başga "El-Muktefa fil-emr wen-nehý" diýen eseri-de bar. BIRUNI Tebigy bilimler boýunça öz döwrüniň iň beýik alymy bolan yslam alymy. Eserlerindäki çuňňur bilimler, ondan sekiz asyr soň gelen ylym adamlaryny-da haýrana goýupdyr. Ol bu günki tebigy bilimleriň gurujylarynyň öňbaşçysy bolupdyr. Türkmen asylly Biruniniň ady Mu-hammed bin Ahmed el-Biruni el Harizmi, Ebu Reýhan diýlip tanalýar. Ýörgünli ady Birunidir. Akly we nakli ylymlarda öz döwrüniň iň bir belli adamlaryndandyr. Diňe bir Yslam äleminde däl, eýsem dünýäniň her künjeginde tanalypdyr, ady hormat bilen tutulypdyr. Biruni 362-nji ýylda (m. 973) Zilhijje aýynyň üçi güni Kasda (Häzirki wagtda Eýran serhetleriniň içinde ýerleşýän Şa Abbasy weli diýilýän ýerde) dünýä indi. 441-nji ýylda (m. 1049) Gaznada ara-dan çykdy. Biruni heniz agy-garany saýgarmaýan ýaşda atasyz galdy. Kyn şertlerde kemala geldi. Enesi odun satyp güzeran aýlaýardy. Horezmiň ýerli Türkmenlerindendi. Ene dili Türkmen dilidir. Eserlerinde ulanýan Arap we Pars dillerini soňra öwrenipdi. Heniz çagalyk ýyllarynda düşbüligi we ýiti zehini bilen hemmäniň ünsüni özüne çekdi. Horezm şanyň köş-gündäki meşhur alym we matematikaçy Ebu Nasr Mensur bin Aly bin Yrak, Birunini öz ýany-na aldy. Oňa nakli (akyl bilen öwrenip bolmajak; dini diýen manyda) we akly ylymlary öwret-di. Biruniniň köşk bilen gatnaşyklary we hökümet adamlaryna ýakynlygy şu erden başlanýar. Dürli sebäpler bilen dürli ýurtlara gitdi. Giden ýerlerinde duşuşan alymlaryndan ylym öwren-di. Astronomiýa ylmyna bolan ýakynlygy sebäpli gözegçilik işlerini ýola goýdy. Munuň netije-sinde edinen astronomik maglumatlaryny kitaplar görnüşinde adamzada hyzmat hökmünde galdyrdy. Öz döwürdeşi Ibni Sina bilen duşuşdy. Özaralarynda fizika we astronomiýa degişli meselelerde ylmy çekeleşikler guradylar. Ibni Sinanyň nädogry düşünjelerini ret we tankyt eden mahaly, onuň diýseň çuňňur, mekir, emma örän ýalňyş pelsepeji nukdaý nazarlaryň toruna düşenligini ýaňzytdy. Biruni, Soltan Gaznaly Mahmudyň hökümdarlyk sürýän wagtla-ry Gaznadady. Soltan oňa köp hezzet-hormat etdi. Köşkde dürli wezipelerde işledi. Gazna-lylaryň hemaýatynda wagty 44 ýaşlaryndady. Soltan Gaznaly Mahmudyň Hindistana sapa-rynda soltanyň baş geňeşdary we hazynanyň umumy müdiri boldy. Soltan Gaznaly Mahmut han Biruni barada: "Köşgümiziň iň gymmatly hazynasy" diýip, gürrüň edýärdi. Bu beýik Ys-lam gahrymany Hindistany ele geçireninden soňra, onuň kömegi we hemaýaty bilen, Hin-distanyň Nendene şäheriniň jelegaýlarynda dürli ylmy işler amala aşyrdy. Uzaga çeken we ýadow beriji hasaplamalaryň, barlaglaryň netijesinde ýer şarynyň göwrümini hasaplady. Mundan başga Hindileriň urp-adatlaryny öwrenmeklige girişdi. Hindistanda giňden ulanylýan we ýazuw düzgünleri ýaňy-ýakynlarda belli edilip ýola goýlan Sanskrit dilini öwrendi. Hindis-tandaky işlerini tamamlap, Gaznala gaýdyp geldi. Soltan Mahmyt hanyň ogly Mesut we ag-tygy Mewdut döwürlerinde-de Birünä aýratyn gadyr-gymmat goýulýardy. Ylmy barlag işleri üçin hem giň mümkinçilikler döretdiler hem-de ony goldap, ellerinden gelen kömeklerini gaý-gyrmadylar. Bu mümkinçiliklerden we pursatlardan gowy peýdalanmagy başaran Biruni gije-sini-gündiz edip işledi we kän hyzmatlaryň edilmegine sebäp boldy. Kän ylym öwrendi. Ylmy eserler ýazar ýaly derejede öwrenen dilleri Arapça we Parsçadan başga, Ibrani, Rum, Sür-ýany, Grek we Sankerit dillerini hem ene dili ýaly ögrendi. Ähli işlerini Yslamyýete laýyklykda ýöretmek üçin jan edýärdi. Ýazan eserlerine byssymylly bilen, Allahü tealaga hamd bilen, Resulullaha (sallalahü aleýhi we sellem) salewat bilen we ähli musulmanlara doga etmek bi-len başlamagy we edil şunuň ýaly şekilde tamamlamagy muňa şaýatlyk edýär. Pelsepe bi-len bilen hem-de bozuk pyrkalar bilen hiç hili galtaşygy bolmandy. Onuň Horezmdekä, Eshaby kirama duşmançylyk edenligi barada aýdylýan gürrüňle-riň düýbi boşdur. Biruni Eshaby kiramyň bolmaýşy ýaly, Eshaby kirama duşmançylyk edýän-leriň Yslam dünýäsine çöp sokjak bolýanlaryň niýetleriniň başa barbarmaklygyndan hoşnut-lygyny diňe bir soňky eserlerinde däl, eýsem ýaş mahallary ýazan eserlerinde-de ýaňzydyp-dy. Belli-beter hem batyl ynançlar bilen göreş edip gelipdi we bulary tejribe üsti bilen subut edipdi. Biruni, taryhy wakalary yktysady sebäpler bilen düşündiripdir we ykdysady taryhyň esaslaryny orta goýupdyr. Hakyky musulman bolan Biruni, Türkmenleriň Yslamyýeti kabul etmekleri netijesinde bu medeniýetiň, örän ýaýbaň hala gelmegi sebäpli adamzadyň, aýra-tyn-da ylmy biçak uly üstünlikler gazananlygyny beýan edipdir. Ylmy eserlerinde aýatlaryň we hadysy şerifleriň ýatlanmagy, onuň diňe bir Kuran-y kerimi we hadysy bilýänligini däl, eýsem Kuran-y kerime we ýürekden söýen, hormatlan adamsy Pygamberimize bolan wepalylygyny hem görkezýär. Ybadat meselesine örän äti-ýaçly çemeleşen Biruni, taharet (tämizlik) şertini her demde mahabatlandyryp, içgi we hu-maryň, şonsuz-da gysga bolan adam ömrüniň gymmaty hakyndaky Allahü tealanyň habar beren zatlaryna düşünerden ynsanlaryň ejiz gelýänigini beýan edipdi. Şäherleriň meridianyny we parallellerini tapanynda-da, muny musulmanlaryň alkyşyna we Allahü tealanyň razylygyna gowuşdyrjak iş hasaplap, özüni bagtly duýýandygyny imanly musulman sypaty bilen belläp geçipdi. Biruni, galapyn Yslam alymlarynyň edişleri ýaly, ençeme ylymlary okapdyr we gözden geçiripdir. Bu ylymlardan medisina, fizika, matemetika, astronomiýa, hronologiýa we metere-ologiýa ylymlary babatda aýratyn başarjaňlyk we ýitilik görkezipdir. Bu dürli ylymlara degişli 1037-nji ýyla çenli 113 eser ýazypdyr. 1037-nji ýyldan soňra, ýaşan 12 ýylynyň içinde 83 eseri ýadygär galdyrypdyr. Biruni, Jürjanda mahaly, meşhur eseri "El-Asar-ül-bakiýýe anil-kurun-il-hamiýýe" ni Arap diline geçiripdir we ýerli hökümdar Kabus bin Waşgire sowgat edipdir. Bu eser Iňlis dili-ne 1878-79-njy ýyllarda terjime we neşredilip, 1923-nji ýylda bolsa gaýtadan çap eilendir. Gadymy milletleriň barynyň hronologik tablisasyny, baýramçylyk günlerini we ş.m-leri içine alýan we şol bir wagtyň özünde astronomiýadan söz açýan bu eserde Biruni, Günüň here-keti barada dürli pikirler orta atypdyr. Has soňurrajyk bolsa, "Tahkiki malil-Hind" atly, häzirki wagtda-da ähmiýetini ýitirmän gelýän eserini ýazypdyr. 1887-nji ýylda Iňlis diline terjime edil-ýär, 1910-njy ýylda-da gaýtadan çap edilýär. Eserde Hindistanyň dini, ylmy we goegrafiýasy barada maglumatlar bar. Biruniniň, Sanskritçeden Arap diline terjime eden "Patanzah" atly kitaby-da bardyr. Matematika we astronomiýa boýunça geçiren barlaglary we eden açyşlary barmak bü-küp sanardan kändir. Ýazan kitaplarynyň nusgalarynyň aglabasy kitaphanalarda duş gelýär. "Kitabu istigrazil-ewtar fid-daira" atly eseri 1910-njy ýylda Nemes diline terjime edilen ýene bir eseri hem "Kitabu tastih-is-suwer we tebtih-el-kuwar" atly astronomiýa ylmyna degişli eserdir. Biruni, matematika, aýratynda astronomiýa we geografiýa boýunça geçiren barlaglary-ny, 1929-njy ýylda ýazan "Kitab-ut-tefhim fi ewaili sanaat-it-tenjiminde" we 1930-njy ýylda tamamlan "El-Kanun el-Mesudi fil-Heeti wen-nüjum" atly eserinde gysgaça ýazyp beýan edendir. "Et-Tefhim" kitaby sowal-jogap görnüşinde taýarlanan, medeniýet taryhyna degişli ençeme meseleleri aýdyňlaşdyrýan Arapça eserdir. Astronomiýa, geografiýa diýmekligi aň-ladýan "El-Kanun-ül-Mesudi" bolsa, Biruniniň iň uly eseridir. Onuň bu eseri örän ähmiýetli matematika ensiklopediýa mazmunly bolup, birgiden täzelikleri we açyşlary içine alýar. Gaznada öz eli bilen 1025-nji ýylda ýazan, ýekeje nusgasy Fatih Kitaphanasynda sak-lanyp galan, matematiki geografiýa gözegçilik metodyna degişli "Tahdidu nihaet-il-emakin li-tashih-il-mesakin atly eserinde, Horezmde, Hindistanda we Owganystanda geçiren barlagla-ry bilen geologiýa hem geodeziýa degişli meselelerden söz açýar. Biruniniň dos-dogry fizika we tebigat bilen baglanşykly eserleri barada aýtsak; bular-dan relatiw tapylmagy, Dünýäniň inine we boýuna, Gün we Aýyň hereketine, ýyldyzlaryň Ze-mine görä beýiklik derejesini ölçemäge ýaraýan enjamyň ýasalşyna, iňrik garalanda we Aý tutulanda emele gelýän gaýtgyn we daşgyn hadyslaryna, deňiz suwundan duzuň öndürilişi-ne we ösümliklerdäki käbir kanunlara (mysal üçin güllerdäki ýapraklaryň sany ýaly) degişli bolanlar aýratyn belläp geçirlidir. "Kitab-ül-jemahir fi magryfet-il-jewahir" atly eseri gymmatly daşlar, ýerasty baýlyklar barada gürrüň berýär. Biruni relatiw agyrlyklary, mahruti gural diýilýän we iň gadymy piknometriýa diýip boljak guramyň kömegi bilen hasaplaýardy. Biruniniň gyzgyn suw bilen sowuk suwuň arasyndaky agyrlyk tapawudyny entek şol wagtlar 0,041677 şeklinde hasap-lamagy başarandygyny aýtmak bilen onuň neneňsi ýiti zehinli ylym adamsy bolanlygyny be-ýan etdigimiz bolar. Altynyň, zümridiň, kwarsyň relatiw agyrlyklaryny, Biruni entek şol wagt-lar hasaplapdy. Biruniniň medisina we dermançylyga degişli 1050-nji ýylda (80 ýaşlarynda-ka) ýazyp gutaran "Kitab-üs-Saýdala" diýen eseriniň barlygy mälimdir. Bu kitabynda däri-dermanlaryň we otlaryň atlaryny Arap, Pars, grek, Sürýany, Sansk-rik dilinde, kä halatlar dürli Hindi şiwelerinde we türk dilinde bellik edipdir. Biruniniň diňe gografiýa barada ýazylan ýörite eserleri hem bardyr. Batlamiusyň geog-rafiýasyny, Jaýhani we ş.m. Yslam alymlarynyň Mesälik we Memälik kitaplary bilen deňeşdi-rip we öz geçiren barlaglary bilen birleşdirip ullakan dünýä kartasyny taýarlamaklyga girişip-dir, munuň üstünde ýoňsuz kän wagt işläpdir, ululygy on arşyň (6,8 metr) töweregi ullakan ýarym ýer şaryny ýasap, geografiki ýerleriň inlerini we uzynlyklaryny özüniň barlaglary esa-synda hasaplap, şonuň üstüne bellik edipdir. Gynansakda, bu eser goralyp saklanmandyr. "Taksim-ül-ekalim" atly geografiki eser, "Tafhim" den alnan karta häzire çenli saklanyp gelipdir. Biruni, injener we geografiýaçy bolşy ýaly, güýçli taryhşynas bolanlygy-da mälimdir. Onuň Horezm taryhyna degişli "Ahbar-ul-Horezm" we "Meşahir-ül-Harizm" atly eserleriniň, Gaznalylar taryhyna degişli "Taryhu eýýam is-Soltan Mahmudy"y, Manihaýylar we Garamita-lylar taryhyna degişli "Taryh-ul-mubaýýeze wel-karamita" atly eserleri bilen taryh tankydyna degişlidigi adyndan belli bolýan "Tenkih-üt-tewarih" diýen eseriniň barlygy bilinýän hem bol-sa, günümize çen gelip etmändir. Biruni, ähli bu barlaglarynyň we baran netijeleriniň, gadymy Grekleriň we özünden öň-ki Yslam alymlarynyň baran netijelerine görä has takyk we dogry bolmagyny, Yslamyň özge ýurtlara-da ýaýramagy we medeniýet çäginiň giňelmegi bilen baglanyşdyrypdyr, munuň üçin Allahü tealaga hamd edipdir. Alymlaryň hiçisi-de, "Kitab-ül-Jemahyr" we "Kitab-us-saýda-la"ny terjime etmekligiň hötdesinden gelip bilmez. Biruni bütin ömrüni ylma bagyşlapdy we eserlerini, az sanyslysy diýäýmeseň, Arapça ýazypdy. Şol döwürler we ondan soňralar hem, örän baý dil bolan Arap dili, edebi we ylmy dil hökmünde ulanylypdyr. Gündogaryň we günbataryň ähli ylym taryhlarynyň tassyk edişleri ýaly ol, ýönekeý söz bilen aýdylanda, okumyş alymdy. Astronmiýa we matematikada bitiren işleri: Biruni, 385-386-njy ýyllarda (m. 995/ 996) ýaş wagtlary, Horezm şäheriniň golaýlaryndaky Buşkatirde Dünýäniň we planetalaryň deklinasionlarynyň jemini hasaplamaklyga girişýär, Ebul Hasan Aly bin Memunyň çakylygy bilen Horezme gelýär we 388-nji ýylda (m. 998) Ebul Wepa el-Buzjany bilen garşylykly gö-zegçilikler geçirip, Horezm şäheriniň Bagdada görä meridianyny hasaplap çykarýar. Bir ýazgysyndan mälim bolşuna görä, Ebul Hasan Alynyň ahyrky ýyllarynda Jürjänä gelip, Ebul Abbasyň ölümine deňiç şol ýerde bolýar, 400-nji ýylda (m. 1009) dünýä we planetalaryň deklinasionlarynyň jemini tapmak üçin tejribeler geçirmek bilen meşgur bolanlygy we belli metodlar bilen ol şäheriň meridianyny Horezme baglanlygy görülýär. Şol ýylyň soňunda yl-my işler we barlaglar sebäpli, ömrüniň ahyryna çenli ýaşan Gazna şäherine geçdi. Bu taýda hökümdaryň köşgünde gözegçilik punktyny gurnap, Horezmde tapan Dünýäniň we planeta-laryň deklinasionlaryň (meýil) üçin laboratoriýa edindi. 402-nji ýylyň (m. 1011) ortalaryna çenli işlerini Kabul şäherinde dowam etdirdi. Hindistandan gaýdyp gelenden soňra, ylmy we gözegçilik işleri bilen meşgul bolupdy. Dünýä we planetalaryň deklinasionlaryna (meýil) gö-zegçilikden başga, ortaça Günüň hereketini, aýlaw nokady bolan günüň aňyrsyndaky noka-dyň hereketiniň möçberini merkeziň erini üýtgedişiniň durnuklylygyny we görünýän radiusy-ny tapypdyr, şems (gün esasyna daýanýan) tablisalaryny bu gözegçilikleri esasynda düzüp, "El-Kanun-ül-Mesudiýe" kitabyna erleşdiripdir. Düzen astronomik almanahy (ýyldyz almana-hy) hemşu kitabyndadyr. Bu eserinde, Horezm şäherinde ýasan 7,5 m göwrümli diwar çärúek tagtasy bilen öl-çän ekliptiki tutulma töweregi, tutulma halkasynyň meýlini, (gök ekwatory bilen emele getir-ýän burçlary we ölçeg hasabyny, Dünýä togalagynyň egikligini, meýlini) gök ekwatory bilen emele getirýän burçy berýär. Şol eserinde, 64 öýjükli küşt tagtasynda, 2-den başlap köpeltmek arkaly emele getirilen geometriki yzygiderliligiň jemini ussatlyk bilen hasaplapdyr. Inkra atly eserinde eriň radiusyny R- 6324,66 km. Uzynlygynda berýär. Bu uzynlyk bol-sa, hakyky radiusa örän ýakyndyr. Geodeziýa barada ilkinji eseri ýazypdy. Bu pudakda ýazylan ikinji eser, şondan diňe 8 asyr soňra ýazylypdy. Ýagtylygyň tizliginiň barlygyny we munuň, sesiň tizliginden has uludygyny beýan edipdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |