06:24 Öwlüýäler: Ysmaýyl bin Ybraýym es-Sarahsy | |
YSMAÝYL BIN YBRAÝYM ES - SARAHSY
Taryhy şahslar
(El-Hirewi) Hadys, fykyh, kyragat we edebiýat alymlaryndan. Ady Ebu Muhammed. Doly ady Ys-maýyl bin Ybraýym bin Muhammed bin Abdyrahman el-Karrabdyr. 330-njy ýylda (m. 942) dünýä indi. Ol erde hadysy şerif öwrenýänler üçin gurlan ullakan saraýda ýaşaýardy. Ençe-me ylymlarda döwürdeş alymlarynyň arasynda ussat hasaplanýardy. "Menakyby Şafiýýe" kitabynyň awtorydyr. Halaldyr-harama örän dykgatly garaýan, dindar we takwa kişidi. Kän kitap ýazdy. 414-nji ýylyň (m. 1023) Şaban aýynda dünýäden ötdi. Fykyh ylmyny Abdüleziz bin Abdullah ed-Darekiden öwrendi. Hadys ylmyny öwrenmek üçin kän ýollar sökdi. Jürjanda Ebu Bekri Ysmaýylydan, Hyratda Mensur bin Abbasdan, Bagdatda Ahmet bin Muhammed el-Gytrifiden, Mahled bin Jafer el-Bakarhiden, Bişr bin Ah-med el-Isperaýynydan, Ebu Abdullah Muhammed bin Abdullah bin Hamdaweýh el-Hakim-den we ýene başgalardan hadysy şerif diňläp ýat tutdy. Özüden bolsa, "Zemm-ül-kelam" kitabynyň awtory el-Ensari, Ebu Ata Abdülaúla bin Abdülwahid bin Ahmed el-Melihi we başga-da ençeme alymlar ylym alyp, hadysy şerif ýat tutdular. Ençe ylymlaryň jümmüşine aralaşan beýik alymdyr. Hadys ylmynda "hafyz" dy. Ýagny, ýüz müňden gowrak hadys-y şerifi ýatdan bilýärdi. Mundan başga, zühd we were'da-da ýo-kary mertebelere beýgelipdi. Dünýlik zatlara köňül bermeýärdi, haramlardan we şübheli zat-lardan örän ägä durýardy. Hadys hafyzlaryndan Ebu Nasr el-Fami we Ýusup bin Ahmet eş-Şirazi şeýle diýýärler: "Ol birentek ylymlarda ymamdy. Döwürdeş alymlaryň ýaşulysydy. Bu ylymlardan hadysy, ky-ragaty, mealini, tefsir-ül-Kurúany, fykhy, edebiýaty sanamak mümkin. Her birinde ajaýyp eserleri bar". Ýene-de olaryň aýtmaklaryna görä: "Zühdüň eýesi bolup, dünýädäki az zat bilen kana-gat edip ýaşardy. Hyratda hiç kim onuň ylmynyň artykmaçlygyndan pedalanyp bilmedi. Çün-ki özgeler, meşhur bolupdylar". Ibni Salah şeýle diýýär: "Nişapurdakak onuň "Kafi" diýen kitabyny gördüm. Ençe tom-luk bu kitap, kyragat ylmyna degişli ýoňsuz kän meseleleri öz içine alýardy". Ýene Ibni Salah gürrüň berýär: Hükim Ebu Abdullahyň o barada: Ol, salyhly ylym adamlaryndandy we kyragat ylmyny öwrenýänleriň we öwredýänleriň halypasydy" diýenini eşitdim". Ymamy Subky "tabakatynda" şeýle diýýär: "Ol, Hakimden soňra amanadyny tabşyrdy. Çünki, ol 414-nji ýylyň Şaban aýynda dünýäden ötdi. Hakim bolsa, 405-nji ýylda aradan çyk-dy. Mundan başga ol, "Menakyb" kitabynda Hakimden alan hadysy şeriflerinden söz açýar-dy. Kitabynda ondan alan hadysy şeriflerine häli-şindi deginilipdi. Men hem onuň "Menaky-byndan" diýseň göwnüme ýaran bu degerli hadyslary "Tabakatymda" ýatlap geçdim. Özi şeýle gürrüň berýär: Halypam Ebul Kasym Abdüleziz bin Abdullah ed-Darekiden eşidipdim. Bagdatdaky dersinde şeýle gürrüň beripdir: "Maňa gürrüň berlişine görä, Ahmet bin Hanbe-liň jynaza namazyny 600000 erkek we 60000 aýal okady". Esasy eserleri şulardyr: 1. Menakyby Ymamy Şafii: Gymmatly eserdir. Bu eseri ýüz on alty bapdan ybarat bo-lup durýar. Ilkinji baby, Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) neberesi baradadyr. Yma-my Şafiiniň neberesiniň-de Onuň bilen birleşýänligi barada giňişleýin maglumat berýär. Kitabyň soňuny kyrk bap jemleýär. Bularda, Ymamy Şafiiniň Resulullahdan eşiden hökümle-ri bilen baglanşykly kyrk hadysy şerif delilleri bilen bilelikde görkezilendir. Oňa "Kitaby Hafil" diýilýändir. Bu kitabyň iki tomluk nusgasy, Siriýanyň "Dar-ül-hadys-il-eşrefiýýe" Kitaphana-synyň arhiwinde saklanýar. Bu eserde, Ymamy Şafiiniň dil we Arap edebiýaty ylymlaryndaky üstünlikleri, ylmyň we alymlaryň artykmaçlyklyklary barada rowaýat edilýänligi we neberesiniň hem-de zehininiň üstün taraplary gürrüň berilýär. Mundan başga, wagyz-nesihat hakynda aýdylan hadysy şe-rifler aýry bapda jemlýenendir. Derejat-üt-Tabiin we Makamat-üs-syddykyn Eş-Şafii fil-kyragat El-Kafi fil-kyragat-is-sebúa: Birnäçe tom halynda. El-Jemu beýn-es-Sahihaýn (Buhari we Muslim) kitaplaryny bir kitaba jemläpdir. KAFFALY MERWEZI Horasanda ýetişen, Şafi mezhebiniň beýik fykyh alymlaryndan. Ady Bekr, doly ady Abdullah bin Ahmed bin Abdullah el-Merwezi eş-Şafiidir. Kaffaly Merwezi we Kaffaly Sagyr diýlip tanalýar. Kaffaly kebir diýen mübärek kişiniň, Yrak ýurdunyň halypasy hökmünde ta-nalyşy ýaly, olhem, öz döwründe Horasanda ýaşaýan alymlaryň ymamydy. Kaffaly Merwezi, 327-nji ýylda (m. 939) Maryda dünýä inýär. 417-nji ötýär. Gabrynyň şol erdedigi bilinýär we zyýarata barylýar. Ilki-ilkiler gulp ýasamak bilen meşgullanýardy. Kaffal; gulp ýasaýan, gulpçy diýen ma-nyny berýär. Gulp we açar ýasamaga diýseň ökde bolup, kärdeşleriniň içinde tanymallyk ga-zanypdy. Soňurrak fykyh ylmyna ýöneldi. Eliniň aýasy gabarçak-gabarçakdy. Munuň sebä-bini: "Men ýaşlygymda köp demir tutdum. Bu gabarçaklar şondan galdy" diýip düşündirerdi. Birentek mübärek kişilerden ylym öwrendi. Hemmäniň tanaýan, sylaýan alymy boldy. Ebu Aly es-Sinji, Kazy Hüseýin bin Muhammed, Ymam-ül-Haremeýn hezretleriniň kakasy Ebu Muhammed el-Jüweýni we başga-da kän kişiler ondan ylym öwrendiler. Ebu Bekr es-Sema-ni şeýle diýýär: "Fykyh ylmynda, ýatkeşlik we haram hem-de şübheli zatlardan daş durup, dünýä köňül bermezlikde döwürdeş alymlaryň Kaffaly Merweziniň (r.a.) öňüne geçip bilýäni ýokdy". Fakyh Nasyr el-Amri şeýle diýýär: "Bu döwürde Ebu Bekri Kaffaldan zyýada fykyh ýok-dur. Ol göýä diýersiň, ynsan görnüşindäki melekdir. Bu döwürde onuň ýalysy bolup bilmez". Şafii mezhebi barada kän eserler ýazdy. Hatda, şol asyrda onuňky deý eser ýazan ta-pylmady. Emten beldesinde kän fykyh kitaplary ýazdy we fykyh alymlaryny ýetişdirdi. Şeýle bir ylymly adamdy welin, mezhebine garşy çykýanlar hem onuň garşysynda durup bilmeýär-diler. Birmahallar oňa garşy çykan alymlardan käbirleri, ony synap görmek we ylmy taýdan ýeňlişe sezewar etmek islediler. Ýöne, onuň söhbetini birsellem diňläp oturanlaryndan soň-ra, onuň nähili uly alymdygyna düşündiler. Şondan soň onuň kitaplaryndan alyp ýurtlaryna dolandylar. Bu kitaplary talyplary üçin ders kitaby hökmünde ulandylar. Bir gün Kaffal hezretleriniň ýanyna biri gelip: "Tagsyr! Soltanyň adamlary meniň eşegi-mi äkitdiler. Maňa gulak asanoklar. Eşegimi yzyna alyp beriň diýip siziň ýanyňyza geldim" diýdi. Muny eşiden hezreti Kaffal: "Sen häzir gaýdyber. Gowy edip täret al-da, tadili erkany-na dykgat edibräk iki rekagat namaz oka. Yzýanyndan-da Allahü tealanyň söýgüli gullaryny sebäp görkezip doga et" buýurdy. Gelen adam bulary şol taýda gaýtalady-da aýdylany ber-jaý etmek üçin metjide gitdi. Kaffaly merwezi-de soltanyň adamlaryna habar iberip, onuň eşeginiň gaýtarylyp berilmegini towakga etdi. Olar eşegi yzyna getirip, metjidiň gapysynda daňyp goýdular. Hälki adam namazyny okady, öwlüýäleri we alymlary sebäp görkezip, Alla-hü tealaga doga etdi. Daşary çykanynda eşeginiň duranyny görüp biçak haýran galdy we je-naby Haka şükür etdi. Ýanyndakylar Kaffaly hezretlerinden: "Tagsyrym! Bu edenleriňiziň hikmetine düşünip bilmedik. Düşündiräýseňiz?" diýip soradylar. Ol: "Gelen adam hem-ä ybadatyny ýerine ýetirmeýärdi, hemem öwlüýä baradaky ynanjy bozukdy. Häzir o kişi, eşe-giniň gelmegine namaz okap, ululary arada goýup, doga etmekligiň sebäp bolanlygyna göz ýetirdi. Şunlukda hem-ä ynanjy düzeldi, hem-de enşallah ybadatyny dowam etdirer, hemem bolsa nygmatlaryň soňunda Allahü tealaga hamd etmekligi öwrendi" diýdi. Kaffaly Merwezi bütin wagtyny talyplaryna ders bermeklige sarp edýärdi. Dersden soňra otagyndan çykman esli wagt aglardy, yzýanyndanam jenaby Haka: "Ýa Rebbi! Razy bolýan zatlaryňdan bizi mahrum etme" diýip ýalbarardy. Kaffaly Merwezi Marynyň maliýa we hukuk işlerine seredýärdi. Oňa göripçilik edýänler: "Kaffaly soltanyň garşysyna paýyş sözler aýdýar" diýip Mary emirine, o-da soltana şikaýat etdiler. Soltan Mahmyt olardan: "Şu wagta çenli onuň aýlygyndan başga hazynadan pul ala-nyny göreniňiz barmy?" diýip sorady. "Almady" diýip, jogap berdiler. Soltanyň: "Geýer ýaly zat aldymy?" diýen soragyna-da: "Ýok almady" diýenlerinde, Soltan Mahmyt: "edýän şika-ýatlaryňyz hiç hili tutarlygy ýok. Bu işiňizden el çekiň. Din adamyndan bize zelel etmez" bu-ýurdy. Kaffaly Merwezi hezretleriniň aýdýan bir hadys-y kudside Allahü teala şeýle buýurýar: "Gulum meni nähili çak edýän bolsa, men onuň çak edişi ýalydyryn. Meni isleýşiňiz ýa-ly çak ediň". Kaffaly Merweziniň aýdýan başga bir hadys-y şerifinde: "Allahü tealanyň gudrat bar-maklarynyň arasynda bolmadyk kalp asla ýokdur. Jenaby Hak islän wagty o kalby do-grulyga gönükdirer. Islän wagty-da erbetlige öwrer" buýruldy. Şonuň üçin, Pygamberi-miz (sallalahü aleýhi we sellem) doga edende: "Eý, kalplary her dem islän tarapyna gö-nükdirýän Allahym! Meniň kalbymy diniňde durnukly ýagdaýda tut. Mizan seniň gud-ratyň aşagyndadyr. Kyýamata çenli islän kowmuňy beýgeldersiň, islän kowmuňy-da peseldersiň" buýurdy. Kaffaly Merwezi hezretleri şeýle buýurýar: Kämillik çagyna ýetmedik çaga, käte-käte namaz okaýan bolsa, oňa endik etdirmek üçin: "Kaza galan namazalryňy kaza et" diýilmeli-dir. Her näçe kaza etmegi parz däl hem bolsa, bu, çaga jogapkärçilik duýgusyny berer, na-maz okamaga öwrenişdirer. Kämillik ýaşyna ýetenden soňra, bu ýaşdan öňki kaza galan na-mazlaryňy oka diýilmeli däldir". EBU SEHL AHMED EBÝURDI Hadys, edebiýat we Şafii fykyh alymy. Lakamy Ebu Sehl, ady Ahmed bin Alydyr. Wa-tany Ebýurt bolanlygy sebäpli Ebýurdi diýlipdir. Doglan we ölen wagtlary barada anyk mag-lumatlar ýok. Uzak ýaşap, bäşinji asryň soňlaryna dogry dünýäden ötenligi mälimdir. Ebu Ishak Şirazi, Ebu Sehl Ahmed Ebýurdiniň öz eshabyndandygyny habar berýär. Ebýurdi, Horasanyň we Maweraünnehriň ulamasyndan sapak aldy. Soňra Bagdada we Hija-za gidip, ylym adamlarynyň mejlislerine gatnaşdy. Ebu Bekr Muhammed bin Abdullah Ude-niden, Ebu Abdullah Hüseýin bin Hasan Halimiden, Hafyz Ebul-Fadl Süleýmaniden ylym al-dy. Udeniden, Süleýmaniden we ýene ençe alymlardan hadys-y şerif öwrendi. Hadys ylmyn-da alym bolup ýetişdi we Şafi mezhebinde tanymallyk gazandy. Maweraünnehre Şafii mez-hebini eltdi. Okumyşlygy we her meselä ajaýyp jogaplar berşi bilen, bu mezhebiň ýaýrama-syna sebäp boldy. Maweraünneehriň meşhur ulamalaryndan bolan, Hanefi mezhebindäki Ebu Zeýd Debbusi, Şafii mezhebiniň Maweraünnehirde ýaýramagynda Ebu Sehl Ebýurdiniň rolunyň uludygyny belläp geçýär. Hadys-y şerif aýdýan alymlaryň ýaşan şäherlerine, olaryň adamlara gowy görelde bolýan ajaýyp ahlagyna we her biri ynsanlaryň durmuşyna itergi beren pähim-paýhasa ýugrulan sözlerine örän beletdi. Oňa bu hususda eser ýazmaklyk tek-lip edildi. Çeşmelerde ýazyp-ýazmanlygy barada hiç hili maglumat duş gelmeýär. Salyh amalda we gözel ahlakda deňi-taýy ýokdy, zehinde, zühdde we takwalykda öň-dedi. Maweraünnehir golaýlaryndaky şäherleri aýlanyp, ynsanlara öwüt-ündew ederdi, emri maúrufy berjaý ederdi, Allahü tealanyň emrlerini ýerine ýetirip, gadagan eden zatlaryndan gaça durardy, Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) gözel ahlagyny edinmegiň zerurly-gyny düşündirerdi. Dünýä ähmiýet bermezdi, az zada kanagat edip oňardy. Gazanjynyň ar-tanyny garyplara sadaka paýlardy. Haram we şübheli zatlardan örän daş durup, mübahlaryň köpüsini terk ederdi. Maweraünnehriň Mary, Buhara ýaly şäherlerinde ýaşap, o ýerlerde kän talyp ýetişdir-di. Muhammet bin Sabit Hajendi we Şafii mezhebiniň meşhur kitaplaryndan bolan Abdyrah-man Mütewella dagylar-da onuň talyplarydyr. Talyplary-da, halypalary kimin, dini Yslama hyzmat etmekden çetde durmadylar. Mydama Allahü tealanyň razylygyny gazanmak üçin tagalla etdiler. Ynsanlaryň dünýäde we ahyrýetde eşretli durmuşa gowuşmaklary üçin işlediler. Ebu Muzaffer Muhammed bin Ahmet Ebýurdi, "Nuhzet-ül-huffaz" diýen eserinde şeýle gürrüň berýär: Marynyň mata-marlyk satylýan bazarynda ulamadan iki mübärek kişi: "Biz Ebu Sehl Ebýurdiniň talyplarydyrys! Eger ol, fykyh ylmyna baş goşan bolsady, diňe bir Ma-weraünnehiriň alymy bolmazdy, eýsem hökman öz döwrüniň ymamy bolardy" diýdiler. Ebu Sehl Ebýurdi, halypasy Ebu Abdullah Udeniniň: "Hadys ylmy bilen iş salyşýanla-ryň ömri uzyn bolar" diýenligini aýdýardy we hadys ylmyna; uzyn ömür berýänligi we Allahü tealanyň dinine has köp hyzmat etmek isleýänligi üçin meýilli bolanlygyny gürrüň berýärdi. IBN -ÜS-SEMANI Horasanda ýetişen tefsir, hadys we fykyh alymlarynyň halypalaryndan. Ady Ebul-Mu-zaffer bolup, doly ady Mensur bin Muhammed bin Abd-ül-Jepbar el-Merwezi es-Semani et-Temimidir. Temi ogullaryndan Seman tiresine degişlidir. Şol sebäpli, Temimi we Semani diýlip tanalýar. Zühde, wera we takwalyga örän düşgündi. Haram we şübheli zatlardan iň-ňän ätiýaç edýän dünýä göwün bermedik adamdy. Döwürdeş alymlarynyň içinden saýlanyp öňe çykypdy. At-owazasy çar ýana ýaýrady hemmeler ony eý görüp, hormat goýýardylar. 426-njy ýylyň (m. 1035) Zilhijje aýynda Horasanyň (Häzirki Türkmenistanyň) Mary şäherinde dünýä inýär. 489-njy ýylyň (m.1096) Rebiülewwel aýynyň on üçi, Juma güni şol ýerde ara-dan çykýar. Ibn-Üs-Semani (r.a.), ylym öwrenmek üçin diýary bolan Horasanyň her ýerini gezdi. Soňurrak Hijaza, Küfä, Bagdada we başgada ençe ýerlere syýahat etdi. Giden ýerlerindäki alymlar bilen duşuşyp söhbetdeş boldy. Atasyndan, Ebu Ganim El-Kurraýydan, Ebu Jafer bin el-Muslimeden we başga-da ençe kişilerden ylym öwrendi. Özünden bolsa; çagalary Ebu Tahyr es-Sinji, Ybraýym el-Merwezi we başgalar ylym öwrendiler. Ibn-Üs-Semaniniň atasy, doganlary we çagalary, hatda agtyklary-da alym we faziletli adamlardy. Ýatkeşligi örän güýçlüdi. "Bir bellän zadymy asla unutmadym" buýurdy. Bir gün ondan Allahü tealanyň sypatlary barada soradylar. "Bu hususda, garran aýal-lar we sybýan mekdeplerindäki çagalar ýaly ynanja eýe boluň. Garran aýallaryň ynanjy örän pugta we berk bolýar. Alymlar nähili habar beren bolsalar şeýle ynanýarlar. Sebäbini agtar-maýarlar. Çagalar hem şeýledir. Garşy çykmaýarlar we tersini aýtmaýarlar." Ebul-Muzaffer Ibn-üs-Semani (r.a.), bir gün Bagdada geldi. Bu ýerden haja gitmek üçin ýola düşdi. Basybaljylar zerarly üznüksiw gatnawly ýol şol wagtlar ýapykdy. Ibn-üs-Se-mani we ýoldaşlary başga ýoldan ýollaryny dowam etdirdiler. Ýöne kän wagt geçmänkä ola-ryň öňüni kesdiler we esir aldylar. Ebul-Muzaffere (r.a.) düýelere göz-gulak bolmak tabşyryl-dy. Düýeleri otlatmaga sähra äkidýärdiler. Ebul-Muzaffer özüniň sowatly alym adamdygy ba-rada olaryň ýanynda dil ýarmady. Sabyr edip, Allahü tealanyň özlerini salamata ýetirerine garaşdy. Bir gün, özlerini esir alanlaryň atlyraklaryndan biri öýlenmegiň kül-külüne düşdi. Ni-ka gyýara adam gözläp ugradylar. Özi ýaly esir ýoldaşlarynyň biri Ebul-Muzafferi görkezip: "Şu düýe bakýan adamyňyz, Horasanyň fakyhydyr (fykyh alymydyr)" diýdi. Şol bada çagy-ryp, ondan käbir zatlary soradylar. Soraglaryna arapça jogap berýänligini görüp, etmişlerine ökündiler. Toý edýänleriň nikasyny gyýyp berdi. Olar-da ýasawul goşup, ony Mekgeýi mü-kerremä äkitdiler. Haremi şerifde biraz wagt bolup, o taýdaky alymlaryň söhbetlerine gatnaş-dy. Soňra Nişapura gidip, adamlara wagyz berdi. Täsirli we ajaýyp sözlerinden ähli jemende peýdalanýardy, soňunda Mara dolanyp, ylym ýaýmaklyga dowam etdi. Ymam-ül-Haremeýn Ebul-Meali el-Jüweýni (r.a) şeýle diýýär: "Eger, fykyh ylmy owa-dan eşik bolsa, Ebul-Muzaffer (r.a.) onuň iň gowy nusgasydyr. Döwründäki Şafii mezhebin-däki alymlaryň iň güýçlülerindendi". Aly bin Ebul-kasym (r.a.) şeýle buýurýar: "Ebul-Muzaffere seredenimde, Tabiiniň mü-bäreklerinden birini gören ýaly bolýardym. Onda şeýle ajaýyplyk bardy". "Tefsir-üs-Semani", "El-Intisar li-eshab-il-hadys", "el-Kawati" (fykyh usulyna degişli), "El-Minhaj li-Ähli-is-Sünneti", "El-Burhan", "El-Ewsat" ýaly eserleri bardyr. MUHAMMED BIN ABDYRRAHMAN EN - NESEWI Meşhur yslam alymydyr. Hadys, tefsir, fykyh, edebiýat, nahiw, lugat alymy we şahyr. Ady Ebu Ömer bolup, kazylar kazysy diýlip tanalýardy. Doly ady Muhammed bin Abdyrrah-man bin Ahmet bin Aly en-Nesewidir. 378-nji ýylda (m. 988) Horasanyň Nusaý şäherinde dünýä indi. Ylym öwrenmäge diýseň janypkeş ýapyşýardy, Yrak, Müsür, Şam, Mekge we başga-da ençe şäherleri gezdi. Seljukly Soltany Togrul beg tarapyndan Bagdada, halyflygyň ilçisi hökmünde iberildi. Seljukly döwlet adamlary ony örän gowy görýärdiler, möhüm işlerde wezipelendirdiler. Kaim bi-emrillah ony Horezme kazy edip işe belledi we Ekd-el-Kudad (ka-zylar kazysy) lakamyny berdi. 478-nji ýylda (m. 1085) dünýäden ötdi. Nesewi, fykyh ylmyny dogruk mekany Nusaýda Kazy Hasan ed-Demmanydan we en-Nesewiden alyp ýetişýär. Ondan soňra, Yraga gidip, ol ýerde-de ylymdan kemsiz ýüküni ýe-tirýär. Nişapurda; Ebu Ishak Isferaýynydan, Jürjanda; Ebu Muammer el-Ysmaýyldan, Müsürde; Ebu Abdullah Muhammed bin Fadl bin Nazif el-Ferradan, Damaskda; Ebu Hasan Aly bin Musa es-Simsardan, Mekgede; Ebu Zer el-Hirewiden, Nusaýda; Ebu Bekr Muham-med bin Züheýr bin Ahdal en-Nusaýydan ylym öwrenýär. Dürli ylym mejlislerine gatnaşmak-lyk, onuň üçin örän ýaramly bolupdyr we hadys ylmy boýunça sapaklar beripdir. Ondan; Ebu Abdullah el-Furawi, Abdülmünim el-Kuşeýri, Ysmaýyl bin Salyh el-Müzeni we başga-da birgiden alymlar ylym öwrenipdirler. Semani oňa: "Kazylaryň baştutany hökmünde tanalýan, fazilet we haýa (edep) babatda döwründäki alymlaryň iň üstünlerinden, soltanyň köp hezzet-hormat eden adamy-dy" diýip baha berýär. Muhammed Nesewi, hiç kimden aýyp gözlemedi, betnam zatlarda-da gözellik görjek bolardy. Hiç kimiň aýbyny açmazdy. Ýeke-täk maksady, Allahü tealaga gul bolmak we Onuň gullaryna hyzmat etmekdi. Ebu Kasym Mahmud ez-Zemagşary şeýle diýýär: "Hiç kimden kemçilik tapjak bolmazdy, onuň gowy taraplaryndan söz açardy. Bir gezek oňa, bir fakyhyň erbet gylyklary barada gürrüň berenlerinde, Nesewi: "Beýle diýmäň. Onuň hiç hili gowy häsiýetleri ýogam bolsa, ymamlyk sellesini örän gowy saraýar" diýipdi. Horezmi bolsa ol barada şeýle aňladýar: Öz asrynda fazilet we ýagşylyk babatda, dereje, gowy gylyk, edep we ýumşaklyk babatda iň öňdedi. Dini ylymlaryň her birinden biçak gowy baş çykarýan dilçi, ajaýyp söz ussady, tefsiri, professor (müderris), fykyh alymy, müfti, ylmy çekeleşiklerde başaryly, şahyr we hadys alymydy. Dinine bagly bolup, halka; haramlar-dan, gabahat we erbet zatlardan el çekdirýärdi". Nesewiniň goşgularynda biriniň mazmuny şeýle: "Kimde-kim, Allahü tealanyň huzuryn-da bir derejä ýetmek isleýän bolsa, oňa çyny bilen tabyn bolsun. Oňa hakyky tabynlyk bol-sa, Onuň halaýan zatlaryny gerek bolşy ýaly berjaý etmeklikdir. Allahü tealaga tabyn bolmak üçin hakyky ýoly agtar, ine şonda Jennete gowşup, Jähennemden halas borsuň". Ol, tefsir we fykyh ylmyna degişli eserler ýazypdyr. Emma bular, günümize çenli gelip ýetmändir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |