08:07 Öwlüýäler: Sarahsy | |
SARAHSY
Taryhy şahslar
Meşhur Yslam alymy. Hanefi mezhebiniň beýik fykyh alymy. Ady Ebu Bekr, lakamy Şems-ül-enmme bolup, doly ady Muhammed bin Ahmed bin Ebi Sehl Sarahsydyr. Türküs-tanda ýetişen Yslam alymy bolup, 400-nji ýylda (m.1010) Saragatda dogulýar. 483-nji ýylda (m.1090) dünýäden ötýär. Saragt şäherinde doglanlygy üçin Sarahsy diýilýärdi. Saragt şä-heri, Türkmenistanda Maşat bilen Mary aralygynda ýerleşýän gadymy şäher bolup, häzirki wagtda Türkmenistan-Eýran araçäklerindedir. Ebu Bekr Sarahsy Buharada ylym aldy. Fykyh ylmyny, döwrüniň iň bir meşhur alymla-ryndan bolan Şems-ül-eimme Ebu Muhammed Abdüleziz bin Ahmet Hulwaniden öwrendi. Uzak ýyllaryň dowamynda bu halypasynyň sapaklaryna gatnap, fykyh ylmynda gowy kämil-leşdi. Başga alymlardan-da sapak aldy. Döwletler hukugy boýunça alym we bu ugurda Ymamy Muhammed Şeýbany tarapyndan ýazylan eserleriň ussady Ebul-Hasan Aly bin Mu-hammed bin Hüseýinden we Ebu Hafs Ömer bin Mensur el-Bezzardan sapak aldy. Sarahsyň birinji orunda durýan halypalaryndan Şems-ül-eimme Hulwani, Buharada meşhur Hanefi mezhebiniň alymlaryndandy. Ylmy bilen ýaşaýşy bilen, kän talyp ýetişdirmek bilen adamzada ägirt uly hyzmatlar eden bu halypasyndan soňra onuň ýerine geçdi. Ylym-daky üstünlikleri üçin, Sarahsa-da Şems-ül-inmme (alymlaryň, ymamlaryň güneşi) lakamy berlendir. Öz döwründe tanymal alym bolan Sarahsydan-da Burhan-eimme Abdüleziz bin Ömer bin Maze, Mahmud Abdüleziz Özjendi, Rüknüddin bin Mesud bin Hasan, Osman bin Aly bin Muhammed Beýkendi dagylar fykyh ylmyny öwrenipdiler. Sarahsy hezretleri kelam we çekeleşik ylmynyň hem alymy bolup, zühde eýe (biçak dindar) kän ybadat edýän mübärek kişidi. Bütin ömrüni ylym öwrenmek, öwretmek we hyzmat etmek bilen geçirdi. Bu hususda kän kynçylyklar çekipdi, birentek ajaýyp eserler ýa-zypdy. Osmanly Şeýh-ül-Yslamy Kemal Paşazada, Sarahsynyň mezhebde müjtehid bolan-lygyny habar berýär. Sarahsynyň durmuşynda wajyp we erbet pursatlar bolupdy. Bu-da, on ýyldan gowrak wagt dowam eden tussaglyk ýaşaýşydyr. Döwrüniň halkyna pendi-nesihat edenligi üçin zyn-dana atyldy. Zyndanda bir guýa gabap goýdular. Kän wagtlap ony guýuda sakladylar. Düýbi kiçiräk otagy ýatladýan guýuda-da ylym bilen meşgul boldy. Ýanynda hiç hili kitap ýokdy. Emma ol, on iki müň bölümden ybarat kitaby ýat tutupdy. Talyplaryna guýuda ýatan ýerin-den sapak berdi. Talyplary guýynyň başynda jemlenýärdiler, ol hem aşakdan sapagyny geç-ýärdi. Otuz tomluk "Mebsut" atly meşhu eserini, zyndanda geçen ýyllarda, guýudan talypl-aryna aýdyp ýazdyrypdy. Bu kitaby ýazdyran mahaly hiç hili çeşmeden peýdalanmandy, ba-ryny öň öwrenen we ýat tutan maglumatlary esasynda ýazdyrypdy. Sarahsy hezretleri zyndandan guýynyň başynda jemlenen talyplaryna ders berip dur-ka, talyplardan biriniň ýoklugyny duýup, ony soranynda: "Täret almaga gitdi. Men hem git-jekdim welin, howa sowuk bolanlygy üçin täret almak pikrimden el çekdim" diýip, talyplaryň biri jogap berýär. Şonda Sarahsy hezretleri şeýle diýýär: "Allahü teala seniň günäňi ötsün. Şujagaz sowuk zerarly täret almadan ýüz öwürmek bormy? Häzirlerem ýadymda, men Bu-harada talypkam, garynagyry keselinden ejir baryny çekipdim. Günde kyrk gezek hajathana gitmeli bolýardym. Her gezegem täredi täzelemek üçin derýanyň boýuna gidýärdim. Soňra mürekkepli gaby birsalym döşüme süýkäp, buzuny eredemsoň, ýazgylaryma dowam edýär-dim". Tussaglygyň soňky aýlarynda, ýurt içi söweşler zerarly çaýkanyp durdy. Edil şol wagt-lar-da, Ymamy Muhammed Şeýbaniniň döwletler umumy hukugyna degişli "Sieri kebir" eserine syn ýazmaga girişdi. Onuň bu kitaby, döwletler hukugy barada ýazylan ilkinji eser-dir. 480-nji ýylyň (m.1087) 20-nji Rebiülewwelinde zyndandan boşadylýar. Zyndandan çyka-nyndan soňra, Fergana gidýär. Fergana Emiri Emir Hasan ony hoşallyk bilen garşy alyp, köp hezzet-hormat edýär. Ony talyplary bilen bilelikde köşgünde işlemäge alypgaldy. Bu ýerde ol zyndandaka başlan eserlerini tamamlady, täze eserler ýazdy. Ömrüniň ahyrky ýyl-laryny Ferganada geçiren Sarahsy hezretleri, o taýdaky alymlar we halk tarapyndan uly gadyr goýulýan, möhüm meseleler üçin häli-şindi ýüz tutulýan adam bolupdyr. Eserleri: 1. Kitab-ül-mebsut; 30 tomluk meşhur eseridir. 15 tom we 10 tom edilip, iki gezek çap edilendir. Fykyh ylmyna degişldir. Allame Tarsusy: "Sarahsynyň Mebsuty şeýle bir kitap welin, munuň tersi bilen amal etmek mümkin däl. Oňa diňe ynanylar we onuň bilen fetwa beriler" diýýär. 2. Eşrat-üs-saat: bu eserini, talyplyk ýyllarynda halypasy Şems-ül-eimme Hulwaniniň kyýamat alamatlary bilen baglanşykly geçen sapaklarynda eden bellikleri bilen ýazýar. 3. Şerhi Zyýadat-üz-zyýadat. 4. Şerhi Jami-ül-kebir. 5.Şerhi Jami-ül-sagyr. 6. Şerh-ül-muhtasar fil-fykyh. 7. Şerhi Sieri-kebir; Ymamy Muhammed Şeýbaniniň "Sieri kebir" atly belli eserine ýazan synydyr. Muny Antepli Muhammed Munib alymy Türk diline terjime edipdir, 1241-nji ýylda çap edilen, jihad bilen baglanşykly inçe meseleleri içine alýan ullakan kitapdyr. 8. Muhtasary Tahawi şerhi. 9. Şerhi kitab-ün-nafakat 10. Şerhi Edeb-ül-kady. 11. Fewaid-ül-fykhiýýe we kitab-ül-haýz. Şems-ül-enmme Sarahsy hezretleri şeýl buýurýar: Emri maruf (ýagşylygy emretmek) zerur gereklidir. Çünki, münkerden (erbetliklerden) saklanmak hökmandyr. Emri maruf hem şeýledir. Birini terk etmek (nehýi münkeri), beýlekini hem (emri marufy) terk etmelidigini gör-kezmeýär. Şems-ül-eimme Sarahsy hezreteleriniň fykyh usuly barada ýazan iki tomluk usul kita-bynyň giriş bölüminiň terjimesi şeýle: "Bize pygamberlik mirasyndan bagş eden Rebbimize hamd ederis. Oňa şükürler bolsun, bize dogry ynanja (Ähli sünnet itikadyna) eýe bolmagy yhsan etdi. Bu dogry itikat, hemme zatdan gymmatlydyr we gazanylýan zatlaryň iň beýigidir. Bu ynanja eýe bolmaklyk, dünýäde nähili gymmatly we üstün zat bar bolsa, olaryň baryndan kän esse gymmatlydyr we üstündir. Kimde-kim, mundan mahrum bolsa, ähli haýyrlary we üstünlikleri özünde jemleýän zatdan mahrum bolar. Ejizler bu dogry itikad (ynanç) bilen güýçli bolar. Mertebeler şonuň bilen artýandyr. Garyplar şonuň bilen baý bolar. Awaralar şonuň şonuň bilen beýgeler. Allahü tealanyň razylygyna bu dogry itikad bilen (Ähli Sünet itikady bilen) gowuşylýandyr. Jennetiň gapylary bu hak ynanja eýe bolmak bilen açylýar. Dünýäde ahyretde üstünlik şonuň bilen biledir. Pygamberler şoň üçin iberilipdi, olaryň ahyr-kysy bolsa Seýýid-ül-mürselin Ymam-ül-müttekin Muhammed sallalahü aleýhi we ala alihat-taýýibindir. Alymlaryň hemmesine görä, dogry ynanja eýe bolandan soňra, işleriň iň faziletlisi we iň abraýlysy, dinde ymam bolan müjtehid alymlara (mezheb ymamlaryna) uýmaklykdyr. Olar hökümleri aýdyňlaşdyrmak üçin köp tagalla etdiler. Halal-haramy seljermek, düşünmek, diňe olara uýmak bilen mümkin bolar. Allahü teala Kuran-y kerimde mealen; "Kime hikmet berlen bolsa, oňa gürrüňsiz kän haýyr berlendir" (Bekara-269) buýurdy. Ibni Abbas (r.a.) we beýleki tefsirçiler, bu aýaty kerimedäki "hikmet" sözüni, fykyh ylmy manysynda diýip tefsir etdiler (düşündirdiler). Mealen: "Eý Resulym! Ynsanlary Kuran-y bilen, ýagşy söz (hikmet) we nesi-hat bilen Rebbiňiň ýoluna (Yslama) çagyr!" (Nahi-125) buýrulan aýaty kerimedäki hikmet bi-len, fykyh ylmynyň we diniň gözellikleriniň beýany göz öňünde tutulýar. Pygamberimiz (Sal-lalahü aleýhi we sellem) hadysy şerifde: "Allahü teala, bir guluna ýagşylyk etmek islese, ony dinde fakyh eder" we "Nadanlyk döwründe haýyrlyňyz, fykyh ylmyny öwrenen mahaly Ysla-myýetde-de haýyrlydyr" buýurdy. Ýene Allahü teala bir aýaty kerimede, Eshaby kiram barada mealen; "Her kowmuň ýoňsuz topary söweşe gitmeli, olaryň bir topary bolsa din ylymlaryny öwrenmek üçin we kowumlary söweşden gaýdyp gelenlerinde, olary Allahyň azaby bilen gorkuzmak üçin yzda galmalydyr. Bolar ki, Allahyň azabyndan çekinerler" (Toba-122) buýurdy. Pygamberimiz-de (sallahü aleýhi we sellem) hadys-y şerifde: "Dinde fy-kyh ylmy (öwrenmek) ýaly gymmatly ybadat ýokdur. Şeýtana garşy bir fakyh, müň abidden (ybadat edýänden) has güýçlüdir" buýurdy. Fykyh ylmy örän faziletlidir. Ýöne, üç zat bilen fykyh ylmynyň üsti ýetirilmelidir. Ilki bilen-ä, Allahü tealanyň emrlerini we gadagan eden zatlaryny bilmeli. Ikinjisi, bulary örän gowy we dogry bilinmegidir. Bu-da nasslary (aýaty kerimeleri we hadys-y şerifleri), dini çeş-meleri manylary bilen bilelikde doly bilmek bilen mümkin bolar. Üçünjisi, bilýänleriňi amala aşyrmakdyr. Maksada doly etilmegi, fykyh ylmyny hakykatdan-da gowy bilmek we bu bilýän-leriňi durmuşa geçirmek arkaly mümkindir. Kimde-kim, din ylymlaryna doly düşünmän ýat tutsa o düşünmän aýdýanlardandyr. Kimde-kim öwrenip öwrenenlerini amala aşyrmaýan bolsa, ol bir jähetden fakyh bolsa-da, bir jähetden fakyh däldir. Emma, doly öwrenip, gowy düşünip, muny durmuşa geçirýänler, Pygamberimiziň (sallalahü aleýhi we sellem) hadys-y şerifde: "Şeýtana garşy müň ybadat edýänden has güýçlüdir" diýýän fykyh alymlaryndandyr. Ine, şu häsiýet, Mezheb ymamlarymyzdan Ymamy Ebu Ýusup we Ymamy Muhammediň (we beýleki mezheb ymamlarynyň) häsiýetidir. Olaryň sözleri we hallary barada ynsap bilen çuň oýlananlar, munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirerler. Ynha şu husus-da, maňa o beýikleriň ýazan kitaplaryna düşündiriş ýazmaga itergi berdi. Şeýle etmek bilen, olara tabyn bolmak, olara meňzemek isledim. Işleriň iň haýyrlysy (olara tabyn bolmaklykdyr. Bidat çykarmak we bidat işlemek bolsa, iň şer işdir. Üstünlik Allahü tealadandyr. Oňa sygynýaryn. Oňa ýalbarýaryn, Onuň dinine ýapyşýa-ryn, Oňa boýun egýärin, Onuň güýç bermegi bilen kuwwatlanýaryn. Kim Onuň dinine uýsa, haýyrlara we eşrete gowuşar". Ymamy Sarahsy "Mebsut" atly eseriniň girişinde şeýle diýýär: "Fykyh ylmyny, ilkinji gezek dürli gollara aýyran, Ymamy azam Ebu Hanife we töwere-ginde jemlenen eshabydyr. Talyplaryndan Ymamy Ebu Ýusup ahbar ylmyny iň gowy bilýän-leriň biridi. Talyby Hasan bin Zyýad el-Lülüýi-de sowal we terfi ylmyny kemsiz bişiripdi. Ymamy Züfer we beýleki talyplar hem, her haýsysy saýlan ylymlarynda kämillige ýetipdiler. Ymamy azam hezretleri Eshaby kiram döwründe dünýä inipdi, Ebüt-Tufeýl Amir bin Wasiläni, Enes bin Mäligi, Abdullah bin Haýr Zebidini (r. anhüm) görüpdi. Tabiin zamanynda kemala geldi, ylym aldy, fykyh öwrendi, fetwa berdi. Resulullahymyz (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurýar: "Ymmatymyň iň haýyrlylary, olardan soňra gelenlerdir. Olardan soň-ra iň haýyrlylary, olardan soňra gelenlerdir. Olardan soňra şeýle bir adamlar geler welin, is-lenmese-de şaýatlyk ederler we ynamdar kişiler bolmazlar. Haýyn bolarlar. Adaklaryny (başyndan aýdan sadakalaryny) berjaý etmezler. Keýpi-sapa düşgün bolarlar". Fykyh ylmynyň dörtden üç bölegi Ymamy azama degişli bolup, galan bir bölegi ähli yn-sanlara degişlidir. O nädip beýle bolýar? Diýip sorana Ibni Süreýj şeýle jogap berýär: "Fykyh, soragdan we jogapdan ybaratdyr. Sowal bermegi, ilki sapar ol orta atanlygy üçin, şunlukda ylmyň ýarysyny özüne aldy. Bu ylmy beýleki ýarysyny emele getirýän jogaplaryň ýarysyny dogry, galan ýaryny-da nädogry diýip alsak, fykyh ylmynyň dörtden üç bölegi oňa degişli bolar". Ymamy Muhammed Şeýbani, Ymamy azamyň toplan fykyh ylmyny fykyh kitaplaryna geçiripdir. Onuň "Mebsut" atly eserini Häkimi Şehid gysgaldypdyr. SÜREÝJ BIN ÝUNUS EL- MERWEZI Hadys, tefsir, kyragat we fykyh alymlaryndan. Ady Ebu Haris, doly ady Süreýj bin Ýunus bin Ybraýym el-Merwezidir. Bagdatda ýerleşip, şol ýerde ylym bilen meşgul bolanlygy üçin "Bagdady" diýlipdir. Doglan wagty bilinmeýär. 235-nji ýylda (m. 849) Rebiülewwel aýynda dünýäden ötdi. Yslam alymlarynyň beýiklerinden bolan Süreýj bin Ýunus, Süfýan bin Uýeýneden, Huşeým Ibni Aliýýeden, Abbad bin Abbaddan, Merwan bin Şujadan, Ysmaýyl bin Jaferden, Amr bin Ubeýdden, Selem bin Salimden, Ybraýym bin Haýseme bin Yrakdan we başga-da ençe alymlardan ylym aldy. Olardan hadysy şerifler öwrendi. Özünden bolsa, Ebu Ýahýa bin Samka, Muhammed bin Ubeýdullah bin Münadi, Ishak bin Süneýn El-Hatly, Musa bin Harun, Abdullah bin Ahmed bin Hanbel, Ebu Kasym Begawi, Muslim bin Hajjaj en-Nişapury, Ebu Züra we ençe alymlar hadysy şerif öwrendiler we bize ýetirdiler. Ol, hadys alymlarynyň içinde "Ymam" derejesine ýetipdi. Ahmed bin Hanbel, Ýahýa bin Main, Ebu Dawut es-Sijistany we başga-da nije hadys alymlary, onuň sika (ynamdar), sadyk (aýdýan hadysy şerifleri sagdyn), zehinli we paýhasly alym bolanlygyny habar berýärler. Özi şeýle gürrüň berýär: Bir gün suw kenary bir öýde gije ýatyrkam, gurbaganyň sesi gelip ugrady. Seretsem, gurbaga ýylanyň agzyndan sypjak bolup urnup dur. Ýylana: "Alla-hyň haky üçin ony goýber" diýdim. Ýylan-da gurbagany goýberdi. Ibni Jad gürrüň berýär: Süreýj çagasy bolan güni giçlik ýanyma geldi. Elime üç dirhem tutduryp, bal, ýag we iýer ýaly oduk-buduk zatlar bermegimi towakga etdi. "Mende-hä bula-ryň bary gutardy" diýdim. Maňa: "Gaplaryňa äňet!" diýdi. Gidip seretsem, boş duran gaplar dolup dur. Haýyş eden zatlaryndan köpräk dürli azyklar bardy. Getirip berjek bolsam: "Bular näme? Hany, hiç zadym ýok diýipdiňle?" diýdi. Men oňa: "Sesiňi çykarmada al!" diýdim. O bolsa: "Ýok alyp bilmem!" diýip almajak boldy. Men oňa ýagdaýy mälim etdim. Maňa: "Men aýatdakam, bu ahwal barada hiç kimiň ýanynda dil ýarma" diýip tabşyrdy. Aýdyp giden hadys-y şeriflerinden şulardyr: "Şübhesiz, kişiniň namazy uzyn, hutbäni gysga tutmagy, onuň aňlaýyşlydygynyň ala-matydyr. Şonuň ýaly siz hem namazy uzyn tutuň, emma hutbäňiz gysga bolsun!" Abdulah Ibni Abbas hem şeýle gürrüň berýär: "Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) zemzem suwuny dik duran ýerinde içýärdiler." Yllmyň dürli pudaklary boýunça ýazan eser-leriniň käbiri şulardyr: 1. Kitab-üt-Tewsir, 2. Kitab-üt-Taryh. 3. Kitab-ün-Nasih wel-Mensuh, 4. Kitab-ül-Kyragat, 5. Kitab-üs-Sünem fil-Fykh. MUHAMMED BIN NASR EL- MERWEZI Beýik fykyh alymydyr. Ady Ebu Abdullah 202-nji ýylda (m.817) Bagdatda dünýä inip, 294-nji ýylda (m.906) aradan çykýar. Atasy Maryly bolupdyr. Nişapurda ösüp-ulalýar. Ylym öwrenmek maksady bilen möhüm ylym merkezlerini aýlanyp çykýar. Soňra Samarkanda ýerleşýär. Eshaby kiramyň we olardan soňkularyň hökümleri baradaky fetwalary örän gowy bilýärdi. Ýahýa bin Ýahýa en-Nişapury, Abdan bin Osman, Ebu Kamil el-Juhderi, Ybaz, Yshak bin Raheweýh we başga-da nije alymlardan ylym öwrenip, hadys-y şerifler aýtdy. Özünden-de ogly Ysmaýyl Muhammed bin Ishak er-Reşady, Abdullah bin Muhammed bin Aly el-Belhi ýaly alymlar hadys-y şerif öwrendiler. Şafii alymlaryndan kän peýdalandy. Resulullahymyzyň hadys-y şeriflerini we bularyň aňladýan manylaryny örän gowy bilýärdi. Hatda: "Ebu Abdul-lah Merweziniň, Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) hadys-y şerifleri we Eshaby kiram bilen baglanşykly bilmeýän zady ýokdur" diýip aýdýanlar-da bar. Şeýle diýýärler: Alymlar ol barada: "Ibni Mübärek, Ýahýa bin Ýahýa, Ishak bin Raheweýh, Muhammed bin Nasr el-Merwezi dagylar Horasanyň beýik alymlarydy." Hakim: Ol, beýik fykyh alymy, as-rynyň iň beýik hadys alymy, kän ybadat edýän adamdy". Ebu Bekr es-Saýrafy: "Eger, Muhammed bin Nasr "Kasame" kitabyndan başga kitap ýazmadyk hem bolsa, bu onuň beýik alym bolmagy üçin ýeterlik bolardy. Ýöne ol, muňa se-retmezden kän kitap ýazypdy". Ibni Ahrem: "Ol, bile söwda edýän şärigi bilen Nişapura ýerleşenden soňra, ylym we ybadat bilen meşgul boldy. Soňra Samarkanda gitdi. Şärigi Nişapurda galdy. O taýda Mu-hammed bin Ýahýadan soňraky müfti we iň güýçli alym hasaplanýardy. Ýahýa bin Muham-med bin Ýahýa we soňky alymlar, onuň artykmaçlygyny we üstünlügini kabul edipdiler. Ýene ol, Ebu Abdullah Merwezini şeýle suratlandyrýardy: "Namazy ondan gowy oka-ýan adam görmedim. Gulagyna çybyn gonaýsyn, ony biynjalyk etsin, tapawudy ýok, ondan goranmak üçin hiç hili hereket etmeýärdi. Biz onuň şeýle ajaýyp şertlerini doly berjaý edip we dünýäni undup namaz okaýşyna haýranlar galardyk. Ol namaz okanda, ýere dikilen ga-zyk ýaly bytnaman durardy. Ol, iňňän ýagşy gylykly adamdy" Muhammed bilen Abdülwehab es-Sekafi şeýle gürrüň berýär: "Horasanyň welaýat hä-kimi Ysmail bin Ahmet her ýyl Muhammed bin Nasra dört müň dirhem iberýärdi. Mundan başga-da, şonçarak pul hem, dogany Ishakdan we Samarkantlylardan gelýärdi. Onuň çaga-çugasy bolmanlygy üçin, gelen pullary garyplara paýlaýardy. Dünýä malyna köňül berenleriň hilinden däldi. Özi şeýle gürrüň berýär: "Müsürden Mekgeýi Mükerreme gitmek üçin gämä münüpdim. Ýolda heläkçilige ugradyk, gämimiz batdy we ähli zatlarymyz weýran boldy. Şol ýerde bir adajyga bardyk we halas bolduk. Ýanymda hyzmatkärim bardy. Suwsuzlyk halys edipdi, ýöne hiç ýerden suw tapyp bilmedim. Källämi hyzmatkärimiň gujagyna goýdum. Nä-laç garaşyp otyrdyk. Birden näme görendir öýdýärsiňiz. Içi suwly gaby göterip biri ýanymyza geldi. Gabyny uzatdy. Ine-ganateşneligimi gidirdim we hyzmatçyma berdim. Soňra ýany-myzdan gitdi. Emma, nireden gelip, nirä gidenligini bilmän galdym". Emir Ysmail bin Ahmet gürrüň berdi: "Samarkantda mahallarym bir gün dynç alaýyn diýip otyrdym. Ýanymda doganym Ishak hem bardy. Birsellemden beýik alym Ebu Abdullah Muhammed bin Nasr göründi. Ylmyny hormatlap ýerimden turdum. Ol gidensoň, doganym Ishak: "Sen bir belent mertebeli häkim, halkyň içinden biri çykyp gelse ör turýaň, dolandyryjy beýle bolmaly däl" diýip igendi. Doganymyň bu sözleri meni biçak gynandyrdy. Şol gün ag-şam düýşümde Resulullahymyzy gördüm. Doganym Ishagam ýanymdamykam diýýän. Resulullah (sallalahü alýhi we sellem) gelip elimden tutdy we şeýle buýurdy: "Eý Ysmaýyl! Seniň we ogullaryň mülki hemişelik bolsun. Çünki sen, Muhammed bin Nasra ylmy üçin hor-mat goýduň." Soňra doganym Ishaga ýüzlendi: "Seniň we ogullaryň mülki dowam etmesin. Sebäbi sen, Muhammed bin Nasry äsgermezlik etdiň". Muhammed bin Nasr garran çaglary, göwni perzent küýseýärdi. Bu barada gürrüň ber-ýän kişi şeýle beýan edýär: "Biz bir gün onuň ýanynda otyrdyk. Şol wagt talyplarynyň biri geldi-de, oňa pynhan bir zatlar aýtdy. Şonda ol ellerini göterip: "Garry halyma maňa Ysma-ýyly beren Allahü tealaga hamd bolsun" (Ybraýym süresi-39) mealyndaky aýaty-kerimäni okady. Soňra ellerini ýüzüne syldy. Ol, bu aýaty kerimäni okamak bilen üç zadyň sünnetligi-ne yşarat etdi. Çaga at dakmak, Allahü tealanyň yhsanyna hamd etmek, oňa Ysmaýyl ady-ny bermek! (Sebäbi, çaga Pygamberleriň (a.s) adyny dakmaklyk sünnetdir) AHMED BIN HÜSEÝIN MERWEZI Hanefi fykyh alymlaryndan. Ady Ebu Hamid Merwezidir. Ibni Taberi ady we Fykyhy Hanefi lakamy has meşhur eken. Atasy Hamedanlydyr. Usul we füru ylmynyň alymydy. Ylym öwrenmek niýeti bilen dünýäniň ençe ýerlerini aýlanyp çykdy. Bagdada gitdi. O taýda Ebu Seýit Berdeýiden, Ebul-Hasan Kerhiden we Balhda Ebu Kasym Saffardan fykyh ylmyny öwrendi. Soňra Horasana dolandy. Bu ýerde kazy edilip işe bellendi. Soňurrak ýene Bagda-da gaýdyp bardy. 376-njy ýylda (m. 986) Maryda dünýäden ötdi. Tefsir we hadys ylymlarynyň alymydy. Hadys ylmynda hafyzlyk derejesine ýetip, ýüz müň hadys-y şerifi tutaryklary bilen bilelikde ýatdan bilýärdi. Ahmed bin Hydyr Merweziden hadys-y şerif öwrendi. Ahmed bin Muhammed bin Ömer Münkedir, Muhammed bin Abdyr-rahman, Ahmed bin Rezam Merwezi dagylardan we beýleki hadys alymlaryndan hadys-y şerif öwrenip bize ýetirdi. Ahmed bin Hüseýin Merwezi kän ybadat eden beýik alymdy. Horasanda baş kazylyk, Buhara we jelegaýlarynda kazylyk wezipelerinde işläpdi. Mundan başga-da, ökde taryhçy bolup, taryha degişli meşhur eseri bar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |