06:42 Öwlüýäler: Abdylla bin Muhammet el-Begawy | |
ABDYLLA BIN MUHAMMET EL-BEGAWY
Taryhy şahslar
Beýik hadys alymy, Yslam äleminiň göz guwanjy Ebul Kasymyň doly ady Abdylla bin Muhammet bin Abdüleziz bin Merzeban el-Begawydyr. Asly Bagdatlydyr. 214-nji ýylyň (m. 829) Remezan aýynda, duşenbe güni dünýä indi. Birentek alymlardan ylym öwrenip, alym bolup ýetişdi. Uzyn ömrüniň dowamynda ylmy çar ýana nur bolup ýaýyldy. Ýüz üç ýaşynda, 317-nji ýylda (m.929) fytr baýramy gijesi dünýäden ötdi. Ebu Bekr Begawi; Aly bin Jad, Halef bin Hişam el-Bezzar, Muhammed bin Abdülweh-hab el-Harisi, Ebul-Ahwes Muhammed bin Haýýan, Ubeýdullah bin Muhammed, Ebu Nasr Temmar, Dawut bin Ömer, Ýahýa bin Abdülhumeýd, Ahmed bin Hanbel, Aly bin Medini, Hajib bin Welid, Muhammed bin Jafer el-Werkani, Bişr bin Welid el-Pazy, Muhammed bin Hassan, Muhriz bin Awn we üç ýüzden gowrak alymdan hadys şerif öwrendi. Ýahýa bin Muhammed bin Said, Aly bin Ishak Abdülbaky bin Kani, Hubeý bin Hasan el-Kazzaz, Muhammed bin Muzaffer, Ebu Bekr bin Şazan, Dare Kutny, Ibni Şahin we başgada barmak basyp sanardan has kän alym, Ebu Kasym Begawiden hadys öwrenipdiler. Ebu Kasym Begawi, hadys ylmynda hafyzlyk derejesine ýetip, ýüz müňden gowrak hadysy şerifi, çeşmelerini we bularyň aýdyjylaryny ýatdan bilýärdi. Ol kän hadysy şerif aýdypdy (muksirun), sikady (ynamdardy), ylmynda we amalynda makbul kişidi. Heniz on iki ýaşyndaka hadys ýazyp ugrady. Şeýle diýýär: "Beýik hadys alymy Ebu Ubeýdäni görmek miýesser edipdi. Ilkinji hadysy şerifi, 225-nji ýylda şondan ýazypdym. Atamyň gardaşy bilen Asym bin Alynyň hem ylym mejlisinde bolupdym". Hafyz Ahmet bin Abdan: Begawiniň şeýle diýenini eşitdim: "Näme üçindir ýüregim gysyp durdy. Elime Ýahýa bin Mainiň hadyslary ýa-zylgy kitapjygy alyp, Dijläniň kenaryna gitdim. Hälki kitapjyga seredip otyrkam, Musa bin Harun peýda boldy we: "Bu ýerde näme işleýäň? diýip sorady. Men oňa Ýahýa bin Mainiň kitabyny ýat tutýanlygymy aýtdym. Elimden kitapjygy alyp: "Sen Ýahýa bin Main, Ahmed bin Hanbel we Aly bin el-Medininiň hadyslarynyň baryny bir ýere jemlemek isleýärsiň öýdýän?" diýdi. Ol şeýle diýmek bilen: "Sen şunça hadys öwrendiň, Ýahýa bin Mainiň hadyslarynyda ýat tutjak bolup, garjaýma ýene" diýmek isläpdi. Ibni Ebi Hatim: "Ebu Kasym Begawi, arassa (sahih) hadys aýdyjylaryň içindedir" buýrupdy. Dare Kutni bolsa: "Begawi hadys-y şerif barada gürlände, sözleri edil çynar agajyna kakylan çüý deýin sagdyndyr" diýipdi. Ibni Adiý: "Begawi hadys ylmyny gowy bilýärdi. Babasynyň, agasynyň we özge alymlaryň öňünde hadysy şerif ýazýardy" diýýär. Hatibi Bagdadyda onuň ynamdar kişidigini beýan edýär. Sülemi, Dare Kutnydan Begawi barada soranynda ol: "Sikadyr (ynamdardyr). Dag kimin mäkämdir we alym kimsedir" diýipdi. Ebu Ýala el-Halyly bolsa, onuň uzyn ömür sürenligini, ýoňsuz kän alymdan ylym öwrenenligini we alymlaryň arasynda sarpasynyň örän belent tutulanlygyny aýdyp gidipdir. Alym we aryf kişi bolan Ebu Kasym Begawi, hadys ylmynda uly tagallalar edipdi, kän hyzmatlar bitiripdi. Özi şeýle diýýär: "Müňden gowrak alymdan ylym öwrendim we hadysy şerif ýazdym". Muhammed bin Harun hem onuň ynamdar çeşmedigine güwä geçip, medhü sena etdi, mahabatlandyrdy. Ishak bin Ysmaýyl et-Talegani hem onuň hadys aýtmaga hukugynyň barlygyny we ynamdarlygyny mälim edenden soňra: "Eger, kimdir biriniň adatdan daşary ynamdarlygyny aýtmak bolýan bolsady, muny Ebu Kasym Begawi we Ibni Meni üçin aýdardylar" diýýär. Hadys ylmynda hafyzlyk derejesine ýeten Ymamy Nafiniň we Ibni Ömeryň (r.a) üsti bilen şeýle hadysy şerif aýtdy: "Üç kişi durka, üçünji kişini goýup, iki kişiniň gizlinlikde gürleşmeklerini, Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem) gadagan etdi". Ýene şeýle diýdi: "Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem) biriniň elinde tylla ýüzük gördi. Tä elinden ýüzügi çykarýança oňa duýduryş berdi". Ebu Kasym Begawiniň (r.a) "Müsned" hadys kitabynyň we "Mujem-üs-Sahabe" atly eseriniň barlygy mälimdir. MUHAMMED BIN MUHAMMED MERWEZI (Faşani ýa-da Kaşani) Hadys we Şafi mezhebiniň fykyh alymy, edebiýatçy. Ady Ebu Nasr bolup, doly ady Muhammed bin Muhammed binÝusup bin Muhammed bin Halyldyr. 454-nji ýylda (m.1062) Marynyň Faşan (ýa-da Keşan) obasynda dünýä indi. Doglan ýeri bilen baglanşyklykda Faşani (ýa-da Kaşani) we Merwi diýipdirler. 529-njy ýylda (m.1135) takmynan ýetmiş bäş ýaşlarynda dünýäden ötýär. Din we gural ylymlarynyň esasy bolup durýan bilimleri Maryda alan Ebu Nasr Faşani, Marydaky Şafii mezhebiniň beýik fykyh alymy Muhammed bin Abdürrezak Mahuwaniden fy-kyh ylmyny öwrendi. Ebul-Muzaffer Semaniden, Musab bin Abdürrezakdan, Muhammed bin Ebil Hasen Mihrebandakşaniden we başga-da ençe alymlardan hadys-y şerifler we beýleki ylymlary öwrendi. Şafii mezhebiniň ymamlarynyň iň abraýlylaryndan biri boldy. Araby ylymla-ryň, edebiýat, hadys we fykyh ylymlarynyň alymydy. Allahü tealanyň bendelerine ýüregi awaýanlygy sebäpli, olary Jähennem odundan goramak üçin durman işleýärdi, öwrenen zatlaryny öwretjek bolup jan edýärdi. Gündizlerini ylym öwrenmek we öwretmek üçin aýyrýardy, gijelerini hem üçe bölýärdi. Gijäniň bir bölegini eser ýazyp geçýärdi. Ikinji böleginde namaz okaýardy, Kuran-y kerim okaýardy. Üçünji kysmynda uklap dynç alýardy. Ömrüni Allahü tealanyň razylygyny gazanmak üçin sarp etdi. Onuň razyçylygyny gazanmak üçin makul bolmadyk hereketlerden gaça durýardy, Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) we Selefi salihiniň din barada aýdan zatlaryny ýaýmak üçin köp tagalla ederdi. Ýagşy gylygy, nusga alarlyk ýaşaýşy, üstün ylmy, jomartlygy, adamlaryň oňa bolan hormatynyň has-da artmagyna sebäp bolýardy. Ol hem bu abraýdan ýerlikli peýdalanmak bilen, ynsanlara dinlerini öwredip, Allahü tealanyň emirlerini we gadagan eden zatlaryny habar berýärdi. Haram we şübheli zatlardan daş durup, mübahlaryňam köpüsini terk edýärdi. Mydama Allahü teala we beren nygmatlary barada pikir edip, ylymdan artyp galan wagtlaryny ybadat bilen geçirýärdi. Birentek talyp ýetişdirdi. Hafyz Ebu Said Semani hem şolaryň biridi. Ol diňe bir talyp ýetişdirmek bilen çäklänmän, kän kitap ýazdy. Döwürdeşleri we soňraky nesiller bu degerli eserlerden peýdalandylar. Bu kitaplardan “Ahbar-ül-ulama” bize mälim eserlerinden biridir. MUHAMMED BIN HÜSEÝIN EL-MERWEZI (Ebu Abdullah Zaguly) Şafi mezhebiniň fykyh we hadys alymydyr. Ady Ebu Abdullah bolup, doly ady Mu-hammed bin Hüseýn bin Muhammed bin Hüseýn bin Aly ibni Ýakup el-Merwezi el-Ezridir. Doglan ýeri mynasebetli Zaguly diýlipdir. "Hafyz-ül-bereket" lakamy bilen giňden tanalýar. Zagul, Horasanda ýerleşen Mary şäheriniň Benjediýýe etrabyna bagly obanyň adydyr. 472-nji ýylda (m.1079) Zagulda dünýä inýär, soňra Mara ýerleşýär we şol ýerde meşhurlyk gazanýar. Tefsir, hadys, fykyh, dil we edebiýat ylymlarynda uly alym bolup ýetişýär. Iňňän degerli eserleri bar. 559-njy ýylyň (m.1164) Jemazil-ahyr aýynyň on ikisi güni aradan çykýar. Ylym öwrenmeklige teşnelik bilen topulan Ebu Abdullahy Zaguly, fykyh ylmyny Mary şäherindekä, beeik alym Ebu Bekr Muhammed bin Ebi Muzaffer es-Semaniden we Muwaffak bin Abdülkerim el-Hirewiden öwreneär. Ylym üzin onuň sökmedik ýeri galmandy. Bu sebäp bilen Hyrat we Nişapur şäherlerine-de gideär. O taelarda kän hadysy şerif diňläp öwrendi. Hyratda; Ebul-Feth Nasr bin Ahmet bin Ybraeym el-Hanefi, Ebu Abdullah Isa bin Şuaeb bin Ishak es-SIjzi we Ebu Sad Muhammed bin Ebu Rebi el-Jiliden, Merwerruzda; Muheissünne Hüseein bin Mesut el-Begawi el-Ferradan, Ebu Muhammed Abdullah bin Hasan et-Tabesiden we Maryda: Ymamy Subkiniň kakasyndan, Ebu Said Muhammed bin Aly ed-Dehhandan we ene birentek alymlardan hadysy şerif diňläp eat tutdy. Hadys ylmynda-da beeik alym hökmünde ady tiz eaerady. Hafyz bolup, eüz müňden gowrak hadysy şerifi, zeşmeleri we tekstleri bilen birlikde eat tutdy. Fykyh ylmyny öwreden halypasy Ebu Sad es-Semani we ogly Ebul-Muzaffer ondan hadys şerif aetdylar. Ebu Sa'd o barada şeýle diýýäler: "Ol salyh kişidi, faziletli we ylymly adamdy. Ýagşy gylygy, gözel ahlagy özüne ýaran edinipdi. Garybam bolsa, kanagatly adamdy. Uzyn ömrüni, ylym öwrenmeklige we bulary jemläp ýazmaklyga sarp etdi". MUHAMMED BIN AHMED EL-EBÝURDY Fykyh we hadys alymy. Ady Ebul-Muzaffer. Doly ady Muhammed bin Ebil-Abbas Ah-med bin Muhammed bin Muhammed bin Ahmed bin Ishak ibni Ebil-Abbas el-Ymam Muham-med bin Ishak Ebil-Fitýan bin Muawie el-Esgar bin Muhammed bin Ebil-Abbas bin Anbese el-Esgar bin Ebi Süfýan Sahr bin Harb bin Ümeýýe bin Abdyşems bin Abdymenaf el-Emewi el-Anbesi el-Muawi el-Ebýurdydyr. Ebul-Muzaffer el-Ebýurdy hezretleri şol bir wagtyň özün-de edebiýatçy, şahyr, şejere ylmyny gowy bilýän, lugat alym we taryhçy adamdy. Ebul-Mu-zaffer el-Ebýurdy Horasanyň Ebýurt diýen ýerinde dünýä indi. 507-nji ýylyň (m.1113) Rebi-ülewwel aýynda Yspyhanda aradan çykdy. Atik metjidinde jynaza namazy okalyp depin edil-di. Ebul-Muzaffer el-Ebýurdy; Ysmaýyl bin Mesad el-Ysmaýylydan, Ebu Bekr bin Halef eş -Şiraziden, Mälik bin Ahmed el-Baniýasydan, Abdülkahir el-Jürjani en-Nahwydan hadys-y şerif diňledi we aýtdy. Fykyh ylmyny Ymam-ül-Harameýnden öwrendi. Özünden bolsa, es-Silefi, Ebu Bekr bin el-Hadine, Ebu Amir el-Abderi we başga-da kän kişiler hadys-y şerif diň-lediler we aýtdylar. Köp alym Ebul-Muzaffer el-Ebýurdyny gözel ahlagy we fazileti sebäpli taryp etdiler. Dürli ylym pudaklarynda ussatlyga ýetipdi, ýiti zehinli we özüne erk etmegi başarýan adam-dy. Es-Silefi o barada: "Ebul-Muzaffer el-Ebýurdynyň, Allahü tealanyň dinine bagry bada-şan ýaly baglydygyna, onuň salyh we fykyh kişidigine güwä geçip biljek. Bir gün maňa: "Men, Allahü tealanyň kitaby we Onuň Pygamberi Muhammed aleýhisselamyň hadys-y şe-rifleri barlygy üçin, olaryň hormatyna öýde uklanlygym ýadyma düşenok" diýdi" diýýär. Abdülgafir: "Ebul-Muzaffer el-Ebýurdy, öz döwründe iň faziletli, şejere we beýleki ylymlarda alym tanylmasa gerek" diýýär. Ebul-Muzaffer el-Ebýurdynyň aýdýan hadys-y şerifinde Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem): "Sizden biriňiz, özüne ýeten zyýan, gaýgy-gam ýada kynçylyk sebäpli ölümi islemesin. Eger, islese, şeýle diýsin: Eý, Allahym! Ýaşamagym haýyrly bolsa ýaşat, ölümim haýyrly bolsa ruhumy al" buýurdy. Ebul-Muzaffer Ebýurdy ençe eserler ýazypdyr. Bularyň käbirleri şulardyr: 1) Ebýurt taryhy we Nusaý. 2) Şejere ylmy baradaky "El-Muhtelifi wel-mü'telifü", 3) Tabakat-ül-ylym 4) Diwany şygyr, 5) Newbab-ül-müteemmil | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||