21:49 Öwlüýäler: Fahreddin Razy | |
FAHREDDIN RAZY (Muhammed bin Omar)
Taryhy şahslar
Meşhur tefsir alymy. Ady Ebu Abdullah we Ebul-Meali bolup, doly ady Muhammed bin Ömer bin Hüseýin bin Hüseýin bin Aly et-Teými el-Bekridir. Lakamy Fahreddindir. Fahri Razy we Ibni Hatib-ir-Reý (Reý Hatibiniň) ogly diýlip hem tanalýar. Neberesi Kureýş kowmuna baryp direýär. Asly Taberistanlydyr. 544-nji ýylda (m.1149) Eýranyň Reý şäherinde dünýä geldi. 606-njy ýylda (m.1209) Hyratda aradan çykdy. Reý şäherinde doglanlygy üçin oňa "Razy" diýlipdir. Tefsir we Şafii mezhebiniň fykyh alymy bolup, kelam, fykyh, fizika, matematika we medisina ugurlarynda kän kitaplar ýazdy. Halypalary: Fahreddini Razy (r.a) öňürti, uly alym bolan atasy Ziýaüddin Ömerden sapak aldy. Atasy Muhý-üs-sünne Muhammed Begawiniň talyplaryndandy. Hutbäni diýseň ajaýyp we täsirli okaýardy. Fahreddini Razy, Mejdi Jiliden hikmet (tebigy bilimleri) öwrendi. Fykyh ylmyny öwreden mugallymy Kemal Simnanidir. Ymamy Haremeýniň "Şamil" diýen kitabyny boýdan-başa ýat tutandygy barada aýdylýar. Fahreddini Razy (r.a) "Tahsil-ül-hak fi tafsil-il-Fark" diýen eserinde, diniň usul bilimlerini atasyndan öwrenenligini habar berýär. Fahreddini Razy öz döwrüniň beýik alymlar bilen duşuşyp, olardan ylym alypdyr. Syýahatlary, Fahreddini razy okuwyny gutaryp, ylymda belent derejelere ýetenden soňra käbir saparlara çykypdyr. Horezme gidip, o taýdaky bozuk ynynçdaky Mutezilä degişli kişiler bilen arasynda çekeleşikler bolup geçdi. Bu çekellişikler netijesinde Horezmden aýrylmaly diýen netijä geldi. O taýdan göni Maweraünnehre göçüp gitdi. Fahreddini Razy garyp we ýoksuldy. Soňra, ähli zadyň eýesi bolan Allahü teala, oňa yhsanlar egildi. Dört bir ýandan ylym aşyklary onuň ylym çagyna çozuş etdiler. Fahreddini Razy (r.a), Maweraünnehrden dogdyk ýurdy Reý şäherine dolanyp geldi. Ol ýerde tanymal doktor bardy. Iki gyzyny Fahreddini Razynyň iki ogluna durmuşa çykardy. Kän wagt geçmänkä doktor aradan çykdy. Ýoňsuz möçberdäki baýlygy Fahreddini Razynyň maşgalasyna galdy. Fahreddini Razy bu baýlygyň ujundan ep-esli bölegi Soltan Şihabüddine karz berdi. Soňra karzyny üzlüşmek üçin gazna baranynda Soltan Şihabüddin oňa köp hezzet-hormat etdi. Otaýdaky belent derejesi sebäpli, Soltany Kewir Horezm şasy Alaeddini Muhammediň söýgüsine we hormatyna mynasyp boldy. Soltan häli-şindi onuň zyýaratyna barardy. Bir gezek Hyratda-da Fahreddini Razy (r.a), bozuk ynançly kerramiýýe we onuň adamlarynyň ynançlarynyň ýalňyşdygyny delilleri bilen subut etdi. Bu meselede musulmanlaryň gözüni açdy. Fahreddini Razy diňe bir Araby ylymlary däl, eýsem döwründäki ähli ylymlary gowy bilýärdi. Şol sebäpli baran ýerinde soltanlar ony hoşamaýlyk we hormat bilen garşy alýardylar. Soltan Gyýaseddin onuň üçin Hyratda bir medrese gurdurdy. Kerramiýýe ynanjy bilen ýaşap gelýän halk soltan bilen onuň arasyndaky ýakynlygy görüp bilmän pitne çykaranlaryndan soňra bu taýdan hem aýrylmaly boldy. Fahreddini Razy baran ýerinde ylym bilen meşgul boldy. Ylyma suwsanlar, alymlar ol nirä gitse-de sypdyrman yzyna düşdüler. Haçanda bir ýere gitmek üçin atyna müneninde alym we talyplardan ybarat bolan 300 töweregi jemende onuň bile giderdi. Talyplary oňa uly sarpa goýardylar. Onuň ýanynda edep bilen hereket edýärdiler. Bütin talyplarynyň kalbynda onuň haýbaty orun alypdy. Hyzmat edenlerinde säwlik göýbermejek bolup jan edýärdiler. Fahreddini Razy (r.a) kitap okamagy biçak söýýädi. Hatda, nahar iýip otyrka okaman geçiren wagtlary üçin kän gezekler ökünenligini aýdýardy. Ylmy tarapy: Tefsir, fykyh, kelam we usuly fykyh ýaly ylymlarda çuňňur alym bolşy deý, edebi ylymlarda, matematika we himiýada, astronomiýa we medisina ýaly, döwrüniň tebigy bilimlerinde-de güýçli alymdy. Şol wagtlar yslam äleminde ýüze çykan bid’at we bozuk ynançly kişileriň hem-de pelsepejileriň bozuk düşünjelerini hemmetaraplaýyn gözden geçirip, bularyň bozukdygyny we nädogrudygyny deliller bilen subut edip, musulmanlary olaryň bozuk we ýalňyş sözlerine ynanmakdan halas edipdir. Fahreddini Razy-da, Ymamy Gazaly we Ymamy Beýdaw kimin Selefi salihiniň mezhebindedi, ýagny Eshaby kiramyň (r.anhüm) we Tabiiniň ýolundady. Şol wagtlar ýüz beren bid’at pyrkalar, ylmy kelam pelsepäni garjadylar. Bu üç Ymam, başga pyrkalara garşy Ähli sünnet ynanjyny goran we olaryň nädogry pikirlerini çüýreden halatlary olaryň pelsepelerine-de giňişleýin jogap berdiler. Olaryň bu jogaplary, Ähli sünnet mezhebine pelsepäni girizendiklerini aňlatmaýar. Gaýtam tersine, kelam ylmyny, giriziljek bolunýan filosofiki düşünjelerden tämizlemekdir. Ibni Uneýn, Fahreddini Razy barada şeýleräk mazmunly şygyr okapdyr: Hamala garaňkylyklara gitmejek ýaly ýaşap ýören bid’atlar, onuň kömegi bilen söndürildi. Onuň bilen Yslam güýçlendi, iň bir pajarlap ösen wagtlaryndan birini ýaşady. Ondan özgeler hor-homsy bolup, sönüp galdy we pese düşdi. Eger, Aristotel onuň ýekeje sözüni diňlän bolsady, onuň garşysynda biygtyýar titrärdi. Betlamius onuň kyn meselede görkezýän tutaryklaryny gören bolsady, gürrüňsiz haýran galmakdan agzyny açardy. Eger olar (we meşhur filosoflar) onuň ýanynda bolsalardy, onuň faziletlerini we beýikligini kabul etmekden başga çäreleri galmazdy". Döwründäki pelsepejiler ol barada: "Nähili ägirt adam" diýip, boýun alypdyrlar. Wyždanly kişiler onuň sözleri barada: "Minledün Hakim" (Allahyň salgydydyr) diýipdirler. Hatda, Ibni Sina-da onuň ýanynda gury san bolup galýandygy barada ant içipdir. Fahreddini Razynyň wagyz-nesihatdaky şöhrady bolsa, ylymdaky şöhradyndan-da ýokarrakdy. Örän täsirli wagyz edýärdi. Wagyzlarynda sil deý joşýardy. Allahü tealanyň emirleri we gadagan eden zatlary barada gürrüň berýärkä, köplenç gözüniň ýaşyny saklap bilmezdi. Bir gün wagyz berip otyrka, Soltan Şihabüddin Gaznawy hem ony diňläp otyrdy. Ýüregi joşup şeýle diýdi: "Eý, Dünýäniň soltany! Ne seniň soltanlygyň galar, ne-de Razynyň bu haly" diýip, mealen: "Barymyzyň ugrumyz Allahü tealadyr" (Gafir-43) aýaty kerimesini okady. Fahreddini Razynyň kitaplaryny okanlar, dem salym ondan aýrylyp bilmeýärdiler. Onuň ylmynyň ägirtligine haýran galýardylar. Hyratda oňa "Şeýh-ül-Yslam" diýýärdiler. Edebiýatçy Şerefüddin Muhammed Uneýn şeýle gürrüň berýär: "Ýaşlyk ýyllarymda bir gezek Fahreddini Razynyň (r.a) dersine bardym. Sowuk gyş günüdi. Köp gar ýagypdy. Şonda, Ymamyň ýakynragyna bir gumry gelip düşdi. Ony ýyrtyjy guşlaryň biri kowalaýar eken. Bizi görüp, hälki ýyrtyjy guş yzyna uçup gitdi. Emma, gumry uçup bilenokdy. Biçak gorkanlygy bildirip durdy. Aýazam içiňden-bagryňdan geçip gelýärdi. Ymam sapagyny goýup, gumrynyň ýanyna bardy. Gumrynyň bu ýagdaýyna ýüregi awap, ony eline aldy. Başga bir rowaýatda aýdyşlaryna görä, gumry kowup gelýän ýyrtyjy guşdan gaçyp, özüni Fahreddini Razynyň mejlisine atýar. Donunyň ýeňine girýär we halas bolýar. Ibni Uneýn: "Şol wakadan soňra men şu goşgyny goşdum" diýýär we dowam edýär: Kuwwatly ganat bilen ölüm saçýan haýwandan Döwüriň Suleýmanyna aýdýar arzy-halyny Ejiziň howandary sen ýok muňa ynanmaýan Gumryly waka munuň görkezýär mysalyny. Şondan soňra Ibni Uneýn, Fahreddini Razynyň ýakyn dostlarynyň birine öwrüldi. Möwlana Musannifek: "Tuhweýi Muhammediýýe" atly eserinde şeýle diýýär: Fahreddi-ni Razy, soltan Muhammed Horezmşaha hat ýazyp, käbir salyh kişiler üçin towakgalar etdi. Hatynda ýazýardy: Bu hatymy görünişde sebäp siz bolanlygyňyz üçin size iberdim. Emma bu ýagdaýy, hakykatda mydama bar bolan we ýoklugy mümkin bolmadyk Allahü tealaga arz edýärin. Islegimi berjaý etseňiz, hakykatda beren Allahü tealadyr. Bu sebäp bilen siz hem alkyş almaklyga sebäp bolarsyňyz we sogap gazanarsyňyz, wesselam. Bu garyp aýtdyki: Fahreddini Razynyň haly we sözi, işlerinde tewhid derejesine ýetenliginiň delilidir we şaýadydyr. Ebu Abdullah Hasan Wasyty-da şeýle diýýär: "Hyratdakam Ymamy diňledim wagtal-wagtal münberde oturan ýerinden, igenliräk äheňde halka setirleri okaýardy: "Dirikä ynsany her kim kemsidir kyndyr hijran bu jan dünýäden gider." Ibni Sübki şeýle gürrüň berýär. Ymam tewsirinde buýurýar ki: bütin ömrümde synag edip geldim. Seredip görýän welin, kimem bolsa biri haýsydyr bir işde Allahü tealadan özge birine ynansa, bu ynanjy ony bela-betere, mähnede, kynçylyklara sezewar edýär. Emma Allahü tealaga ynanyp, diňe oňa daýanyp, ynsanlara bil baglamasa, isleýän zady iň ajaýyp görnüşde hasyl bolýar. Ine, şu tejribe, kiçiligimden bäri, tä şu wagta çenli, elli edi ýaşyma deňiç dowam edip geldi we kalbyma pugta ýerleşdi. Ynsana, Allahü tealanyň fadl we yhsanyndan özge zada ynanyp bil baglamakdan, Allahü tealadan özgelerden islemekden hiç hili peýda ýokdur. (Ýagny, ynsan birinden bir zat isleýärkä, isleýän zadynyň bu kişide amanatlygyny, ol zadyň hakyky eýesiniň Allahü tealadygyny ýadyndan çykarmaly däldir, isleglerini Allahü tealadan islemelidir) Fahreddini Razy Hyrada baran mahaly, o taýdak alymlar, salihler we döwletiň ýokary wezipeli adamlary ony sorap bardylar. Oňa kän hezzet-hormat etdiler. Bir gün Ymam: "Duşuşmadyk adamymyz galdymy?" diýip sorady. Ýanyndakylar: "Hawa, salyh biri bar, ol gelmedi" diýdiler. "Men musulmanlaryň ymamy, hemme adamyň maňa hormat goýmagy wajypka, ol näme üçin ýanyma gelmeýär?" diýip ýaňzytdy. Bu ýagdaýy o salyh kişä habar berdiler. Emma, ol sessiz galdy. Şäheriň atly adamlaryndan biri, Fahreddini Razy bilen hälki salyh kişini nahara çagyrdy. Ikisi-de bu mürähedi kabul etdiler. Zyýapat bir bakjada berildi. Şonda Ymam o salyh kişiden: "Näme üçin meni görmäge gelmediňiz?" diýip sorady. Ol: "Men bir garyp adam. Şol sebäpli, siziňkä gelip-gelmezligim ne-hä siziň abraýyňyzy artdyrar, ne-de kemelder" diýip, jogap berdi. Onda Ymam: "Bu ýerde nähili syryň ýatanlygyny aýtsaňyzlaň!" diýdi. Salyh kişi: "Seni zyýarat etmeklik, haýsy jähetden wajyp bolýar?" diýip sorady. Ymam: "Men, musulmanlaryň hormat goýmaklary zerur bolan adamy" diýip jogap gaýtardy. Onda ol: "Sen ylmyňa buýsanýarsyň, ylmyň bolsa netijesi ma’rifetullahdyr. Indi saňa şeýleräk sorag bermekçi: "Allahü tealany nädip tanadyň we matlabyňa nädip ýetdiň?" diýdi. Ymam: "Ýüz burhan we delil bilen ylym hem-de ýakyn ele geçirdim" diýdi. Şonda ol salyh kişi: "Burhan, şübhäni gidermek üçindir. Allahü teala meniň kalbyma şeýle bir nur berdi welin, onuň bar ýerinde şübhe ýokdur. Eger, beýle bolsa, burhan we hujjete (delile) nädip mätäçlik duýaýyn" buýurdy. Bu söz Ymama örän ýiti täsir etdi. Hut şol taýda, hemmäniň gözüniň öňünde, hälki salyh kişiniň elini öpüp toba etdi. Oňa tabyn boldy. Belent mertebelere ulaldy. Şondan soňra "Tefsiri kebir" diýen eserini ýazdy. Ol salyh kişi, Nejmeddini Kübra hezretleridi. Fahreddini Razy, Nejmeddini Kübra hezretleriniň köp söhbetlerini diňledi. Köp peýdaly zatlar öwrendi. Fahreddini Razy ölümi ýakynlaberende, talyplaryndan Ybraýym bin Ebu Bekr Yspyhana şeýle nesihat etdi: "Islendik gaty ýürekleri ýumşadýan ahyret sapary golaýlan we dünýä durmuşynyň soňuna gelen, Rebbiniň rehnedini umyt edip, möwlasynyň keremine bil baglaýan bu gul, Muhammed bin Ömer bin Hasan Razy aýdýar ki: Pygambýerleriň, melekleriň iň beýikleriniň eden hamdlary bilen, bilýän ýa-da bilmeýän, Oňa laýyk bolan hamdlar bilen Allahü tealaga hamd edýärin. Allahü tealanyň rehnedi, Resulullah (s.a.w) we beýleki Resullar, Nebiler (aleýhimüsselam), Allahü tealaga ýakyn melekler we salyh kişiler üzre bolsun. Ynsanlar: "Adam dünýäden ötensoň amaly gutarýandyr. Dünýä bilen baglanşygy üzülýändir" diýýärler. Bu sözi iki jähtden çäklendirmek mümkin. Birinjiden, eger, dünýäden öten kişi dünýäde adamlara peýdaly zatlar goýup giden bolsa, oňa doga edilmegine sebäp bolar. Şertlerine laýyklykda edilen dogany Allahü teala kabul edýändir. Ikinjisi bolsa, perzende degişli meseledir. (Salyh perzent hem ölen ene-atasy üçin peýdaly bolar). Biliň ki, men ylym aşygydym, dogry bolsun, ýalňyş bolsun, parhy ýok, haýsydyr bir zadyň nämeligini öwrenmek üçin ýoňsuz kän zat öwrendim. Wallahi, kelam (akaid) ylmy bilen baglanşykly, dogry-ýalňyş ähli ynançlary, pelsepejileriň pikirlerini analizledim. Emma, Kuran-y kerimde tapan peýda musawi (deň), boljak bir peýda hiç birinde görmedim. Çünki, Kuran-y kerim, Allahü tealanyň beýik gudratyna we azymlygyna boýun bolmagy we kabul etmegi ündeýär, agza aslyşmagy we garşy çykmagy, uly çekelişikleri we jetleşmegi gadagan edýär. Sebäbi, adamyň akly, çuň we düşnüksiz meseleleriň içinde bogulyp gidýär. Şol sebäpli, dinimiziň habar beren zatlaryny bolşy ýaly kabul etmek barada gürlemezlik iň ynamly ýoldur. Eý, älemleriň Rebbi! Mahluklaryň (ýaradylanlar) dil-agzybirlik bilen seniň Ekrem-ül-ekremin, merhemetlileriň iň merhemetlisidigiňi aýdýarlar. Ýa Rebbi! Bu Ejiz bendäňe haýpyň gelsin. Dilimi sürçmekden özüň goraweri, maňa hemaýat ber. Hatalarymy, ýazyklarymy öteweri. Kitabym Kuran-y kerim, ýolum Resulullaha (sallalahü aleýhi we sellem) uýmakdyr. Ýa Rebbi! Sen barada mydama hoşniýetli pikir etdim. Rehnediň hakdaky umydymy ýitirmedim. Çünki sen: "Gulum men barada nähili pikirde bolsa, şonuň ýaly ýagdaýda görer" buýurdyň. Ýa, Rebbi! Men hiç zat getirmesem-de sen ganisiň, kerimsiň, umytlarymy puja çykarma. Dogamy yzyna gaýtarma. Meni ölümden öňki we soňraky azabyňdan halas et. Ölüm pilläm gelende, jan çykjak-çykjakda maňa ýeňillik ber. Çünki sen, erhamürrahymsyň. Kitaplarymy aýtsak, olarda kän zat barada ýazdym. Olary gözden geçirip okan adam, ýagşylyk etsin-de gowy dogalar bilen meni ýatlasyn. Eger, beýle doga etmese-de, hiç bolmanda men barada ýaman söz aýtmasyn. Meniň, meseleleri giňişleýin ele almandan maksadym, temany giňeltmek, çuňlaşdyrmak we zehinleri açmakdyr. Bularyň ählisi üçin Allahü tealaga bil bagladym, daýandym." Ýene ençe zatlary wesýet eden Ymamy Razy (r.a.), wesýetini şeýle gutardy: "Talyplaryma we üstünde hakym bar adamlara şuny wesýet edýärin. Men aradan çykamsoň, meniň ölümimi çar ýana ýaýratmasynlar. Diniň emirlerine laýyklykda depin etsinler. Meni depin edenlerinde, näçe köp Kuran-y kerim okasalar, şonça gowy. Soňra: "Ýa, Kerim! Ýanyňa garyp we mätäç biri geldi, oňa yhsan we lütuf et" diýsinler". Fahreddini Razy barada dürli eserler ýazylandyr. Onuň ullakan alym, okumyşlygyny hemme kim tassyk edýär. Hatda, tefsir kitaplarynda "Kale-el-Allame" diýleninde, Fahreddini Razy göz öňünde tutulýar. Fahreddini Razynyň meşhur tefsir kitabynyň ady "Mefatih-ül-gaýb"dyr. "Tefsir kebir" ady-da ýörgünlidir. Öňürti, on iki ýa-da on üç tom görnüşinde taýarlanan bu kitap, has ulurak sekiz tom ýagdaýyna getirilip, kän gezekler çap edilýär. Otuz iki tomluk göýberilişi hem bar. Ylym dünýäsinde giňden ýaýran tefsirdir. Kazy Ibni Şühbe, Fahreddini Razynyň bu tefsirini soňlap bilmän dünýäden ötenligini aýdýar. "Wefeýat-ül-aýan" kitabynyň awtory Ibni Hilligan hem muny tassyk edýär. Beýle bolsa, bu tefsiriň üstüni kim ýetirdikä, Fahreddini Razy bu kitabyň näçeräk sahypasyny ýazdyka? Bu soraglara kesgitli jogap bermek kyn. Sebäbi, alymlar bu meselede dürli-dürli zatlar aýdypdyrlar. Ibni Hajeri Askalani, "Ed-Dürer-ül-Kamine" kitabynda şeýle diýýär: "Fahreddini Razynyň kitabyny tamamlan kişi Ahmed bin Muhammed bin Ebi Hazm Mekgi Nejmeddin el-Mahzumi el-Kumulydyr. Özi Müsürli bolup, 727-nji ýylda (m.1326) aradan çykandyr". "Keşf-üz-zünunyň" awtory bolsa: "Beýik alym Nejmeddin Ahmed bin Muhammed Kumuly, Razynyň tefsiriniň üstüni ýetirdi. Onuň kemini-de Kazylar kazysy Şihabüddinn Halil Hüýi ed-Dimeşki tamamlady. Ol, 639-njy ýylda (m.1241) aradan çykdy" diýip belläp geçýär. Fahreddini Razynyň nirä çenli ýazanlygy barada aýtsak, ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly munuň hem takyk jogabyny aýtmak mümkin däl. Sebäbi, "Keşf-üz-zünunyň" çykdygyn-da şeýle setirler bar: Seýid Murtazanyň, Şihabyň "Şerhi Şypa" kitabyndan hut öz eli bilen şulary göçürenligini gördüm: "Fahreddini Razy tefsirini Enbiýa süresine çenli ýazdy". "Et-Tefsir wel-müfessirun" kitabynyň awtory şeýle ýazýar: Razynyň tefsirinde, "Wakya" süresiniň 24-nji aýaty kerimesiniň düşündirilişinde (tefsirinde) şeýle sözlere gabat gelýäriz: "E-Meselet-ül-ala", usul meselesi bilen baglanşykly sözdür. Fahreddini Razy muny ençe ýerde ulanýar. Biz häzir bularyň birini habar berýäris". (Mefatih-ül-gaýb, tom-8, sah. 68). Bu sözler, Fahreddini Razynyň entek bu süräniň tefsirine gelmändigini görkezýär. Ýene bu tefsirde, Maide süresiniň altynjy aýaty kerimesiniň tefsirinde, täretde niýet meselesinden söz açylýar. Şafi mezhebinde munuň hökmanylygy barada, Beýýine süresiniň bäşinji aýaty kerimesi tutaryk edinýär. Soňra-da: "Biz, bu delil hakyndaky sözümizi, bu meselä has aýdyň göz ýetirmek üçin şol taýyk ýüz tutulsyn" (Mefatih-ül-gaýb, tom-3, sah. 539) diýýär. Şu sözden hem, Fahreddini Razynyň Beýýine süresini tefsir edendigine göz ýetirmek mümkin. Ýagny ol, kitabyny şu sürä çenli ýazypdyr. Ýöne munuň, ýokardaky sözleriň umumy manysyndan gelip çykýandygy undulmaly däldir. "Et-Tefsir wel-müfessirun" kitabynyň awtory, gelnen netijäni şeýle düşündirýär: Fahreddini Razy, tefsirini Enbiýa süresine çenli ýazypdyr. Ondan soňra Şihabüddin Hüýi gelipdir. Ol tefsiriň yzyny ýazyp ugraýar, emma gutaryp bilmändir. Galanyny Nejmeddin Kumuly tamamlaýar. Hüýiniň özbaşyna tamamlaýyjy, Kumulynyň-da parhly tamamlaýyjy ýazanlygyny aýtmak mümkin. "Keşf-üz-zünunyň" awtorynyň sözleriniň umumyrak manysy şeýle. Emma, Fahreddini Razynyň Beýýine süresindäki ýollamasy, Beýýine süresine çenli tefsir ýazanlygy barada kesgitli netijä gelmek üçin ýeterlik däldir. Sebäbi Ymam Beýýine süresi üçin ýörite tefsir ýazandyr ýa-da diňe şu aýaty kerime bilen baglanşykly tefsir ýazandyr ýa-da "bu süräniň düşündirişini ýazan mahalym, şol taýyk ýüz tutup bilersiňiz" manysynda ýazandyr diýen ýaly pikirller kellä gelip biler. Sözümi jemläp aýtsam: Bu mesele üçin kesgitli bir zat aýtmak kyn. Biziň işimiz, çaklama bilen meselä aýdyňlyk getirmeklige çalyşmakdyr. Çaklama bolsa, dogry hem bolup biler, nädogry hem". Bir bellemeli zat, bu tefsiri okanlaryň ählisiniň ünsüni çekýän mesele, eseriň, bir elden çykan ýaly, birmeňzeş äheňde, meňzeş usul bilen ýazylmagydyr. Okan adam, asyl bilen üsti ýetirilen bölümleriň tapawudyny duýmaýar. Näçerägi asyl, näçerägi tamamlaýyjy, muňa göz ýetirmek diýseň müşgil, hatda mümkin däl. Bu tefsir alymlaryň arasynda uly meşhurlyk gazanypdyr. Çünki, beýleki tefsirlere seredeniňde, hem göwrümi hem-de dürli ylymlary içine alýar. Şol sebäpli Ibni Hiligan: "Fahreddini Razy bu tefsirinde her dürli maglumatlary ýygnady" diýýär. Fahreddini Razy bu tefsirini özüne mahsus usul bilen ýazypdyr. Mefatih-ül-gaýbyň aýratynlyklary: 1. Fatiha süresiniň tefsiri tas bir tom diýen ýaly giňişleýin ýazylypdyr. Munuň sebäbini Fahreddini Razy şeýle düşündirýär: "Bir söhbetde, Fatiha süresiniň peýdalary barada on müň meseläni ýüze çykarmagyň mümkinligi hakda gürrüň etdim. Munuň biçak müşgil işdigini aýdanlar tapyldy. Men hem, bu tefsirime uzyn giriş ýazyp, munuň mümkindigini subut etdim". Bu giriş bölümi örän degerli maglumatlary öz içine alýar. Fahreddini Razynyň ylymda belent derejseniň aýdyň subutnamasydyr. 2. Razynyň tefsiri hem riwaýat (göçürme) hem-de diraýat (aň-bilim) ýoluny özünde jemländir. Aýaty kerimeler düşündirilende, hem-ä Eshaby kiramdan, Tabiindir beýleki beýik alymlardan göçürilen dürli tefsir görnüşleri aýan edilipdir, hem-de diraýat ýoly bilen düşündirişler we analizlemeler amala aşyrylypdyr. 3. Aýaty kerimeleriň we süreleriň özara baglanşyklaryny örän gowy düşündiripdir. Ymam ýekeje baglanşygyň däl, eýsem birnäçe baglanşygyň üstünde durupdyr. 4. Fahreddini Razy fykyh taýdan Şafii, itikat taýdan-da Eş’ari bolanlygy üçin, fykyh we kelama dahylly meselelerde Şafii mezhebi boýunça ýöräpdir. 5. Ol ahlak, ylahyýat, pelsepe we astronomiýa temalaryny, okyjylary girizmejek usul bilen işläpdir. Yslam älemine has öňräkden bäri bilinýän we çar ýana ýaýran pelsepi düşünjeler, pikirler täsirini ýetirip ugrapdy. Fahreddini Razy (r.a.) pelsepejileriň Yslamyýete garşy pikirlerini ele alyp olary ret edipdir we musulmanlaryň ýalňyş pikirlere düşmekleriniň öňüni alypdyr. Ylahyýat meselelerinde, Ähli sünnet wel jemagat itikadyna (ynanjyna) görä deliller görkezipdir. Mundan başga-da, astronomiýa alymlarynyň Kuran-y kerimiň habar berýän zatlaryna ters gelýän pikirlerinide deliller puja çykarypdyr. 6. Fahreddini Razynyň bu tefsiri, birgiden tasawwuf (sopuçylyk bilen baglanşykly) hakykatlary özünde jemleýär. Şol sebäpli, Nur süresiniň 35-nji aýaty kerimesi tefsir edilýän mahaly, Ymamy Gazalynyň (r.a.) "Mişkat-ül-enwar" kitaby bütinleýin alnypdyr. 7. Kelam meselelerinde bozuk ynanja eýe bolan Mutiziläniň sözlerini ret edipdir. 8. Ahkam aýatlaryna gelen wagty, ol ýerde müjtehidleriň bu meselä dahylly ijtihadlarynyda beýan edipdir. Emma, özi Şafii mezhebinden bolanlygy üçiin, delilleri öz mezhebine görä düşündiripdir. 9. Wagtal-wagtal usul, nahiw we belagat bilen baglanşykly meseleleri ele alsa-da, bularyň üstünde matematika we barlyklar bilen baglanşykly meseleler ýaly çuň durmandyr. Bu maglumatlara tefsirinde gysgaça ýer bermek bilen, tebigy bilimlere dahylly meselelere giň ýer aýrypdyr. Kä kişiler, onuň bu edişini ýadyrgajak bolupdyrlar. Emma, bu tefsirden dürli ylymlar barada edilen bellikler çykarylýan halatynda-da, bu eser tefsir bolmak häsiýetini ýitirmeýär. Hatda, beýleki tefsir kitaplarynyň birnäçesini goşanyňdaky ýaly uly göwrüme eýedir. Bu tefsir, tebigy bilimler bilen meşgullanýanlar üçin hem gymmatly maglumatlary içine alýar. Fahreddini Razynyň kitaplaryndan saýlanan bölekler: Ymamy Fahreddini Razy (r.a.) Ali Imran süresinde, altmyş birinji aýaty kerimäni tefsir edeninde şeýle buýurýar: Horezm şäherindedim şähere bir hristianyň gelenligini eşitdim. Ýanyna gitdim. Gürleşip başladyk. "Muhammed aleýhisselamyň Pygamberdigini subut edýän nähili delil bar?" diýip sorady. Oňa şeýle jogap berdim: "Musanyň, Isanyň we beýleki pygamberleriň (aleýhimüsselam) täsinlikler, mujizeler görkezenliginiň habar berlişi ýaly, Muhammed aleýhisselamyň-da mujizelerini okaýarys we eşidýäris. "Mujize görkezmeklik, Pygamber bolanlygyny subut etmeýär" diýmek isleýän bolsaňyz, beýleki pygamberlerede ynanmazlygyňyz gerek. Beýlekilere ynananlygyňyz üçin, Muhammed aleýhisselamyň hem Pygamber bolanlygyna iman etmegiňiz gerek". Hristian: "Isa aleýhisselam pygamber däldir. Ol, ylahdyr, taňrydyr" diýdi. (Taňry-ma’-bud, özüne ybadat edilýän diýmekligi aňladýar. Çokunulýan zatlaryň baryna taňry diýilýär. Allahü tealanyň ady Allahdyr, taňry däldir. Hakyky taňry, diňe Allahü tealadyr. Allah deregine taňry diýmeklik nädogrydyr we örän betnamdyr.) Fahreddini Razy: "Ylahyň, taňrynyň mydama bar bolmagy zerurdyr. Beýle bolsa, madda, jisim, ýer tutýan zatlar taňry bolup bilmez. Isa aleýhisselam bolsa jisimdi. Ýokka bar boldy we size görä öldürildi. Öň çagady, ulalyp ese-boýa geldi. Iýerdi, içer-di, biziň kimin gürlärdi. Ýatardy, uklardy, oýanardy, ýörärdi. Her bir adam ýaly ýaşamak üçin, birentek zada mätäçlik çekýärdi. Mätäç adamyň gani bolmagy mümkinmi? Ýokka, soňradan bar bolan zat, ebedi, soňsuz bar bolup bilermi? Üýtgeýän zat, dowamly, müdimi, soňsuz bar bolup bilermi? Isa aleýhisselam gaçyp-gizlenenem bolsa, ýahudiler ony tutup asdy diýýärsiňiz. Isa aleýhiselamyň şonda örän gynananlygyny aýdýarsyňyz. Ylah ýa-da ylahdan bir bölek bolan bolsady, ýahudilerden goranmazmydy? Olary ýok etmegiň hötçesinden gelmezmidi? Näme üçin gynandy we gizlenere ýer agtardy? Üç hili zat aýdýarsyňyz: 1. Ol, Ylahmyş, taňrymyş. Beýle bolsady, asylan wagty ýerleriň taňrysynyň öldügi bordy. Bu älem taňrysyz galmalydy. Ýahudileriň tutup öldüren ejiz, güýçsüz adamyň älemleriň taňrysy bolmagy mümkinmi? 2. Ol, taňrynyň ogludyr diýýärsiňiz. 3. Ol taňry däldir. Emma, taňry oňa ýerleşendir diýýärsiňiz. Bu ynançlar ýalňyş. Sebäbi ylah, ne-hä jisimdir, ne-de özünden gaýrylar bilen birleşijidir. Onsoň ol nädip bir jisime ýerleşsin? Jisime ýerleşen zat jisime öwrülýändir we iki jisimiň maddalary biri-birine garylýandyr. Bu-da ylah bölünýär diýmekligi aňladýar. Eger, ylahyň bir bölegi oňa-da geçdi diýýän bolsaňyz, oňa ýerleşen bölek taňrylaşmagyna täsir edýän bolsa, bu parça ylahdan aýrylansoň ylahlygy bozular. Hem-de, ol dogulmazdan öň we ölenden soňra onuň gymmaty doly däl diýmeklik bolardy. Eger, taňrylyk gymmaty ýok bolsa, taňrynyň parçasy bolmadygy bolar. Soňam Isa aleýhisselam ybadat edýärdi. Ylah öz-özüne ybadat edýämidir?" Hristian: "Ölüleri direldenligi, dogabitdi körleriň gözlerini açanlygy we Beras diýilýän deridäki gijelewük ak tegmilleri aýyranlygy üçin ol taňrydyr". "Fahreddini Razy : "Haýsydyr bir zadyň delili, alamaty ýok bolsa, o zadyň özi-de ýokdur diýmek mümkinmi? "Howwa, o zat hem bar bolmaz" diýýän bolsaň, "ezelde (soňsuz öňler) hiç zat ýokdy" diýleninde, ýaradanyň barlygyny hem ret etmeli bolarsyň. Eger "haýsydyr bir zadyň delilsiz hem bar bolmagy mümkin" diýýän bolsaň, onda senden soraýaryn: taňry Isa aleýhisselama ýerleşen bolsa, maňa, saňa we haýwanlara, hatda otlara, daşlara ýerleşmändigini nireden bilýärsiň?". Hristian: "Onda mujizeler barlygyny aýdypdym. Bizde we haýwanlarda bu bolmanlygy üçin, özgelere ýerleşmändigi mälim bolýar". Fahreddini Razy: "Bir zadyň delili, alamaty ýok hem bolsa, bu, o zadyň ýoklugyny görkezmeýär diýipdik. Näme üçin, mujizeler bolmadyk wagty, ýerleşip bilmez diýýärsiň? Beýle bolsa, pişige, ite, syçana-da ýerleşjekdigine ynanmaly bolarsyň. Ylahyň beýle pes mahluklara ýerleşip biljekdigine ynandyrjak bolýan din, örän pes, bozuk din dälmikä? Hasany aždarha, ýylana öwürmek ölini direltmekden has kynrakdyr. Sebäbi, hasa bilen ýylanyň hiç bir jähtden bir-birine ýakynlygy ýok. Musa aleýhisselamyň hasany aždarha öwrenligine ynanýan hem bolsaňyz, oňa-ha taňry ýa-da taňrynyň ogly diýäýeňzok? Isa aleýhisselama näme üçin taňry ýa-da pylandyr diýýärsiňiz?". Hristian bu sözüme garşy aýdara gep tapman dymmaly boldy. Tefsiri kebirde şeýle diýýär: "Wesetini berjaý etmek üçin, Ebu Bekri Syddygyň jynazasyny Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) gabry şerifleriniň ýanyna äkeldiler. Salam berip: "Gapyňa gelen Ebu Bekrdir, Ýa Resulullah" diýdiler. Guburyň gapysy açyldy. Içerden "Söýgini söýgüliniň ýanyna goýuň" diýen ses eşidildi. Fahreddini Razy, "Metalibi aliýýe" we "zad-y Mead" atly eserlerinde şeýle buýurýar: "Gelen adamyň ruhy bilen gabyrdaky kişiniň ruhy edil aýna mysalydyr. Bir-biriniň garşysyna geçenlerinde, biriniň nury beýlekisini şöhlelendirer. Gelen adam o topraga seredip Hak tealanyň beýikligi, öldürişi, direldişi barada oýlanyp, takdyra ten berse, täleýe razy bolsa we netijede nebsi ynjan mahaly, ruhunda feýz, magfyret peýda bolar. Bular o kişiniň ruhuna geçer. Edil şonuň ýaly-da, o kişi ölenden soňra, ruh äleminden we Rehnedi Ylahydan oňa gelen ylymlar, kuwwatly eserler onuň ruhundan, gelen adamyň ruhuna geçer". Fahreddini Razy Bekara süresiniň 29-njy aýaty kerimesiniň tefsirinde şeýle buýurýar: "Hidaýe" fizika kitabynyň we "Isagujy" adyndaky akyl kitabynyň awtory Esirüddini Ebheri (r.a.), Batlemiusyň "Potolemeýiň Nejisti" diýen astronomiki kitabyny okadýardy. Onuň bu edişini halamadyklaryň biri: "Näme üçin musulman çagalara beýle kitaplar okadýarsyň?" diýip nägilelik bildirdi. Ol hem: "Kaf süresindäki altynjy aýaty kerimäniň: "Ýerleri, gökleri, ýyldyzlary, ösümlikleri nähili ajaýyp edip ýaradanlygymyzy görmeýärlermi?" mealyndaky Allah kelamyny tefsir edýärin" diýip jogap gaýtarypdyr. Ymamy Razy; Allahü tealanyň mahluklaryny ylym adamlary gowy gözden geçirseler, Onuň beýikligine has gowy aňşyrarlar, Ebheriniň jogabynyň dogrudygyna has aýdyň göz ýetirerler diýýär. Enbiýa süresiniň otuz üçünji aýaty kerimesiniň tefsirinde, Aýyň, Günüň, ýyldyzlaryň pelekde öz daşyndan aýlýanýandyklary barada Dahhadyr Kelbiniň hem aýdyp gidendiklerini belläp geçýär. Fahreddini Razy tefsirinde şeýle habar berýär: Adamyň ruhy bedenden aýrylyp, dünýä ylmyndan gutulandan soňra, melekler älemine, mukaddes ýerlere gidýändir. Onda şol äleme mahsus güýçler peýda bolar. Köp zatlar edip bilerler. Adam, düýşünde halypasyny görüp, bilmeýän zatlaryny sorap öwrenip biler". Fahreddini Razy "El-Metalib-ül-aliýýe" kitabynyň on ikinji paslynda şeýle beýan edýär: Ruhy goýalyşan, nebsi päk we täsiri güýçli bir öwlüýäniň gabrynyň ýanyna baryp biraz dursaň we şol toprakda ýatan weli barada oýlansaň, ruhuň şol topraga baglanar. Meýidiň ruhyda bu topraga bagly bolanlygy üçin, gelen adamyň ruhy bilen weliniň ruhy duşuşar. Bu iki ruh garşylykly iki aýna ýaly bolar. Ikisindäki mearif, kämillik beýlekisine geçer, ikiside bu ýagdaýdan peýda tapar". Alaüddini Attar hezretleri şeýle buýurýar: "Öwlüýäniň gabryna zyýarata baran, düşüneni ýalyrak we baglanany ýalyrak mukdarda peýda tapar. Emma, ruhlaryna baglanmak, olary söýmek, ýatlamak has peýdalydyr. Sebäbi, bu ýerde aralygyň uzak ýa-da ýakyn bolmagynyň hiç hili dahyly ýok". "Tabakat-üş-Şafiýýede" şeýle diýilýär: Ymamy Fahreddini Razy, Isra süresiniň tefsirin-de, jynazalaryň we jogapkärçilik götermeýän janlylaryň daşky görnüşleri bilen öz dillerinde Allahü tealany tesbih tesbih edýändiklerini aýdýar. Soňra Sübki şeýle diýýär: Alymlaryň bir topary, her janlynyň we ösüp kemala gelýän barlyklaryň tesbih edýändigini, bularyň daşynda galanlaryň tesbih etmeýändiklerini aýdýarlar. Ikrimeniň: "Agaç tesbih edýär, direg, sütün tesbih etmeýär" diýen sözi hem muny tassyklaýar. Ýezid Rakkaşy bilen Hasan nahar iýýärdiler. Öňlerine saçak getirip goýdular Ýezid Rakkaşy Hasandan (r.a.): "Ýa, Ebi Said, bu saçak tesbih edýärmikä?" diýip sorady. Hasan (r.a.): "Miwe berýän wagty we örküni ýere berip otyrka tesbih eder, ýöne häzir tesbih etmez" diýdi. Munuň delili şudur: Ibni Abbas şeýle habar berýär. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) iki gabryň ýanyna bardy: "Ikisi-de azap çekýär" buýurdy. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) öl hurma şahasyny sorady. Ony iki bölüp, her haýsyny bir mazara dikdi. We şeýle buýurdy: "Bular guraman durdugyça Allahü teala olaryň azabyny ýeňilleşdirer diýip umyt edýäris". Şol iki hurma şahasy öl durdugyça tesbih edýändikleri, guran wagtlary-da jansyza öwrülýändikleri bu ýerden mälim bolýar. Alymlaryň bir topary-da, janly-jansyz, hemmesiniň söz bilen tesbih edýändiklerini aýdýarlar. Biziň pikirimizçe-de, şu aýdylýan biçem däl bolsa gerek. Sebäbi, bu barada birentek delil bar. Sad süresiniň 18-nji aýaty kerimesi, Mer’em süresiniň 90-91-nji aýaty kerimeleri munuň subutnamasydyr. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Müezziniň sesini eşiden jynlar, ynsanlar, agaçlar, daşlar we hemme zatlar kyýamat güni onuň üçin şaýatlyk ederler". Sahihi Buharide şeýle habar berilýär: Eshaby kiram Resulullahyň ýanynda nahar iýýärkäler, naharyň tesbih edýändigini eşidýärdiler. Sahihi Muslimde bolsa, Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Men bir daşy tanaýaryn, Pygamber hökmünde iberilmänkäm maňa salam berýärdi" buýurdy. Ibni Mübärek "Rekaik" atly göçürmesinde şeýle habar berýär: Ibni Mesud aýtdy: Dag, dagdan sorar: "Bu gün saňa Allahü tealany zikir edýän biri geldimi?" Eger, "Hawa, geldi" diýip jogap berse, soran dag begener. Bu barada kän habarlar berilýär. Ýene bir aýaty kerimede (Isra süresi-44) umumy tesbih üzre buýrulandyr. Emma, bu biziň eşidip biljek tesbimiz däldir. Munuň eşidilmegi diňe mujize bilen hasyl bolar. Resulullahyň huzurlarynda naharyň geplemegi ýaly ýa-da keramat görnüşinde ýüze çykýandyr. Eserleri: 1. Mefatih-ül-gaýb; tefsiri kebir ady-da ýörgünlidir. Burhaneddin Nesefi bu tef-siri gysgaldypdyr we "Wadih" adyny beripdir. Bu eseri gysgaldybrak ýazýanlaryň biri-de Mu-hammed bin el-Kady Aýasulugdyr. 2. Muhassalu Efkar-ül-mütekaddimin wel-müteahhirin min-el-Nüzzar ila letaif-il-esrar, 4. Uýun-ül-mesail, 5. El-Mahsul, 6. El-Burhan fir-Reddi ala ehl-iz-Zeýgi wes-sagýat, 7. Nihaet-ül-ijaz fi diraet-il-ijaz, 8. Mealimü usul-id din, 9. Kitabü fe-dail-is-Sahabe, 10. Kitab-ül-ahlak, 11. Şerhü wejiz-lil-Gazali, 12. Menakybü Ymamy Şafii (Matbudur), 13. Tehzib-üd-Delail, 14. Kitaby Esrar-ül-kelam, 15. Şerhü nehj-ül-belaga, 16. Kitab-ül-Berahim-il-Behaiýýe, 19. Kitab-ül-hamsin fi usul-id-din, 20. Kitab-ül-hak wel-ba's, 21. Kitabu ismet-il-enbiýa, 22. Risaletün fin-Nübüwwat, 23. El-Esrar-ül-Mewedde fi bady süwer-il-Kuran-il-Kerim, 24. Kitab-ül-Firaseti, 25. Kitabün-fi-zemm-id-dünýä, 26. Kitab-üz-Zübde, 27. El-Mulehhas, 28. El-Metalib-ül-aliýýe, 29. Kitabün-fil-hendese, 30. Kitab-ül-Jamiül-kebir, 31. Kitabu musadereti Oklides, 32. Kitabün fil-kabz, 33. Risaletün fil nebs, 34. Kitaby Umdet-ün-nezzar we zynat-ül-efkar, 35. Risaletün fit-tenbih ala ba'd, 36. Mealimü usul-id-din. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |