06:06 Öwlüýäler: Halypa Gyzylaýak | |
HALYPA GYZYLAÝAK
Taryhy şahslar
Soňky döwürleriň Türküstan welilerinden. Ady Abytnazar bolup, ýaşan ýeri sebäpli "Halypa Gyzylaýak" diýip şöhratlanandyr. 1877-nji ýylda (h.1294) häzirki wagtda Türkmenistanyň içinde ýerleşýän, şol wagtlar Buhara Emirligine bagly bolan Kerki şäheriniň Gyzylaýak obasynda dünýä indi. Başlangyç bilimi alym adam bolan atasynyň kömegi bilen şu taýda aldy. Soňra, ýaşynyň kiçiligine seretmezden okuwy dowam etdirmek üçin Buhara gitdi. Bu ýerde birentek alymlardan dürli ugurlar boýunça sapak alyp, talyplygyň iň ýokary derejelerine ýetdi. Özüniň gürrüň bermegine görä, Buharada ylmy has köpräk, döwrüň uly alymlaryndan Ebul Fazly Syretiň ýanyndaka alypdyr. Buharada okuwyny gutarandan soňra, Emir tarapyndan Buhara Kazylygy teklip edilýär. Emma, kabul etmän dogduk mekana dolanyp gelýär. Şol teklip bilen gaýta-gaýta ýüz tutup durandyklary zerarly, birnäçe wagt öýüni, hatda ýurduny terk etmäge mejbur boldy. Soňurrak bolsa, tasawwufa ýönelip, döwrüň meşhur aryflaryndan we şol bir wagtyň özünde agasy bolan Hudaýnazar Halypadan feýz we yjazat (diplom) aldy. Halypasy oňa yjazat berenden soňra ýanyna gelýänlere: "Indi Abydyň ýanyna gidiň. Mendäkiler, bendi ýykylan derýa kimin oňa baka akdy gitdi" buýurýardy. Emma ol barybir, halypasy aradan çykynça talyplary kabul etmedi. Tasawwufta zynjyryň başka halkasy, Ymamy Rabbany Müjeddedi Elifsaniýýä baryp direlýär. Birnäçe wagtdan soňra halypasy Hudaýnazar bilen haja gitdi. Şol döwrüň agyr şertlerinde syýahat örän uzaga çekýärdi. Beýle uzak ýola çykmak ýeňil-ýelpaý iş däldi. Hudaýnazar hezretleri öňem garry bolansoň halys tapdan düşüp ýöremäge gurbaty galmady. Sedýe (nosilka) bilen ýol alýardy. Abytnazar halypasynyň ähli hyzmatyna jany-teni bilen ýapyşýardy. Halypasy-da üznüksiz doga we nyýaz edip: "Abydym, enşallah dolup-daşarsyň" diýýärdi. Teý-ahyr Mekgä we ondan aňryk Medinä baranlaryndan soňra, Hudaýnazar hezretleri dünýäden ötdi. Halypasyny "Jennetül-Bakyda" jaýlandan soňra, ýanyndakylar özlerini talyp edip almagyny haýyş etdiler. Emma ol, entegem özüni muňa laýyk görmeýärdi. Halys gününe goýulmansoň, bir gijelik rugsat isledi. Ertesi gün gelen netijesini aýtmalydy. Gyzylaýak halypa o gijäni Pygamberimiziň gabry şerifleriniň ýanynda oýlanyp geçirdi. Ertesi keýpihon ýagdaýda talyp kabul etjekdigini mälim etdi we Metjidi Nebewiniň mübärek mihrabynda (metjitlerde ymamlaryň oturýan ýeri) oturyp, el gysyşyp ilkinji talybyny kabul etdi. Haçdan soňra ýurduna döndi. Halypa Gyzylaýak, Bolşewik Rewolýusiýasy (Ynkylaby) mahallary Kalişow wakasyndan soňra, Ruslara garşy kän gazawatlara we jihadlara gatnaşdy. Buhara Emirligi Ruslaryň eline geçenden soňra-da jihady goýmady. Emma, ýarag we azyk ýetmezçiligi sebäpli, Owganystana göçmäge mejbur boldy. Ullakan jemende bilen Owganystana geçen Halypa Gyzylaýak, şondan soňra yzygiderli jihad hereketine goldaw berdi. Habibullah Han döwründe Russiýanyň Owganystandaky ilçisi Gulam Nebi Han, Ruslaryň kömek bermegi bilen Petdekser diýen ýerden Balh şäherine hüjüm etdi. Bu ýeri basyp alyp, hamana aýra bir döwlet ýaly hereket edip başlady. Şondan soň Halypa Gyzylaýak Ruslara garşy örän baý tejribeleri bolan Türkmen müjahidlerini, hut öz dogany Alym Hanyň baştutanlygynda Balha iberdi. Uly göreşler netijesinde Balh basybaljylardan alyndy we Alym Han wagtlaýynça Balhda dolandyryjylyk işini ýöretdi. Ähli zat kadaly ýagdaýa gelenden soňra, Balhy hökümede tabşyryp yzyna dolandy. Halypa Gyzylaýak, Owganystana geçenden soňra, ilki-ilkiler Andhoý etrabynyň Altybölek obasynda ýaşan hem bolsa, käbir wakalar sebäpli Jüzjan welaýatyna ýakynrak bir ýere ýerleşdi. Bu ýere öňki obalarynyň ady bolan Gyzylaýak ady berildi. Şondan soňra Gyzylaýakda bir mesjid medrese we hanegah (derwüş öýi) guruldy. Bu ýeri çar ýandan gelen talyplar bilen dolup, daşyp ugrady. Hanegah, jemgyetiň dürli gatlaklarynyň baýlaryň, garyplaryň, alymlaryň, fazyllaryň, döwlet adamlarynyň we her hili adamlaryň gelip-gidýän erine öwrüldi. Bu ýagdaýy gören we öňden bäri Owganystanda ýaşap gelýän käbir alymlar bir bada muny ýadyrgan hem bolsalar, dergähe gelenlerinden we Halypa Gyzylaýagy görenlerinden soňra, doly boýun bolup yzlaryna gaýtdylar. Kabulda ýaşaýan we Ymamy Rabbany hezretleriniň agtyklaryndan bolan alym hezreti Şurbazar hem Gyzylaýaga gelipdir we Halypa Gyzylaýagyň söhbetlerini diňläpdir. Halypa Abytnazar, Owganystana geçeninden soňra, tertip boýunça Owganystan Emiri Amanullah Han, Nedir Şa we Zahir Şa bilen ýa hut özi ýa-da hat bilen bolsun, gatnaşyk gurapdyr we hemmesinden hormat görüpdir. Guran medrese we hanegahy üçin döwlet tarapyndan wakf bolmak şerti bilen ýer berlipdir we ençe maddy kömekler edilipdir. Ruhy taýdan onçakly güýçli bolmadyk Amanullah Han, bir gezek Balha gelip ýygnak geçiripdi. Bu ýygnaga Halypa Gyzylaýagyda çagyrdy. Emma, ýygnakdan öň, gelen döwlet adamlaryna Halypa Gyzylaýak ýanyna hezreti Şurbazary hem alyp ýygnaga bardy. Onuň gelenini görüp Amanullah Han zöwwe ýerinden galyp hormat bilen garşy aldy. Amanullah Hanyň ýerinden turanyny görüp beýleki döwlet adamlary hem turmaly boldular. Soňra Amanullah Handan "Näme üçin beýtdiň?" diýip soranlarynda, ol: "Halypa Gyzylaýagy görenimde her iki tarapynda duran ullakan arslana gözüm düşdi. Gorkymdan ýerimden zaňňa nädip galanymy özümem duýman galdy" diýdi. Türkistanda Enwer paşanyň ölüminden soňra, ozal onuň kömekçisi bolan Ybraýym Lakaý Owganystana geçip, ähli esgýerleri bilen birnäçe gün Gyzylaýakda boldy. Şonda Ybraýym Lakaý, halypa Gyzylaýak bilen bolan ikiçäk duşuşuklarynda ondan bir zady haýyş etdi. Elindäki güýç bilen kabyl hökümetini basyp alyp, häkimeti eline geçirmek isleýärdi. Munuň üçin diňe rugsat we doga isleýärdi. Emma, Halypa Gyzylaýak bu islegi kabul etmedi. "Munuň üçin musulman ganynyň dökülmegine razy bolmarys. Mundan başga-da bize ýagşylyk edene ýamanlyk etmeris" buýurdy. Şondan soň Ybraýym Lakaý Balha dogry ýöriş etdi. Gunduz welaýatynyň töwereklerinde biraz söweşenden soňra, Owganystanda galmaga meýilli serkerdelerini goýup, özi Orsede geçdi. Zahir Şa döwründe Halypa Gyzylaýagyň gözleri görmän, bejertmek üçin Kabyla gidip-di. Baran ýerinde halk ony uly jemende bolup garşy alýardy we ýekeje gezek onuň elini gysmak üçin jan edýärdi. Kabyla baranlarynda, ony Zahir Şanyň hut özi garşylady. Zahir Şa, Halypa Gyzylaýagy gören badyna böküp ýerinden turdy-da ellerine ýapyşdy we: "Men sizi öň hem görüpdim" diýip, şeýle gürrüň berdi: Heniz Şa bolmandym. Atam (kakam) sagdy. Bir gün Dereýi Ajer diýlen ýere awa gitdim. Awa gyzygyp barşyma birden atym bilen birlikde bir guýa togalandym. Janhowluma: "Ýetişeweri, pirim" diýip gygyrdym. Şo bada ýakamdan ebşitläp tutan el meni kenarda tutup galdy. Ine şonda garşymda sizi gördüm. "Gorkma, balam" diýip meni köşeşdireniňizden soňra nirä gaýyp bolanyňyzy bilmän galdym. Zahir Şa, şondan soňra Halypa Gyzylaýaga öňküsindenem köp hormat etdi we ony ruhy atasy hökmünde kabul etdi. Mundan başga-da ýörite Türkiýeden getiren doktorynyň başarnykly emi bilen Halypa Gyzylaýagyň gözleri gowulaşdy. Owganystan syýasy berkararlygy hususynda ençeme oňyn täsirleri görlen Halypa Gyzylaýagyň barlygy, musulmanlaryň parahat we asuda ýaşamaklarynda-da uly nygmatdy. Bolşewik rewolýusiýasyndan soňra Owganystana geçen Türkmen göçebeler bilen käbir Peştun taýpalarynyň arasynda oňuşmazlyklar ýüz berdi. Hatda, kiçiräk çaknyşyklar hem boldy. Bu wakalar bolup durka, Peştunlaryň kethudasy ähli adamlaryny jemläp Gyzylaýaga gepleşik geçirmäge gaýtdy. Halypa Gyzylaýak muny eşidip, kyrk-elli sany adamy ýaraglandyryp ýoluň iki tarapyna ýerleşdirdi. Adamlary bilen gazaba münüp gelýän han, Gyzylaýaga on bäş kilometr töweregi galanda birhili howatyrlanyp başlady. Golaýlyşdyklaryça ýygrylyp-düýrügip bir gysym boldy. Han ahyrsoň dergähiň gapysyna ýetenlerinde mejalsyz ýagdaýda edep bilen içeri girdi. Ötünç baryny sorap, ähli oňşuksyzlyklaryň soňuna çykmaklyga söz berip gitdi. Şeýlelikde, ullakan heläkçilige eltip biljek mesele öz-özünden çözülipdi. Soňurrak kethudanyň ýakyn adamlary onda bolup geçen bu özgerişligiň sebäbini soranlarynda: "Ýoluň iki tarapynda ullakan goşun garaşyp durdy" diýip gürrüň beripdi. Halypa Gyzylaýak hala sözleri bilen, hala-da işleri bilen Ähli sünnet itikadyna (ynanjyna) we Yslam hökümlerine doly uýupdy we ony ýaýratmak üçin kän tagallalar edipdi. Uzyn ömrüni jihadlar bilen bezedi. Özüne edilen hormatlaryň öňünde onda birjigem tekepbirlik we buýsanjaňlyk görmändiler. Hemmetaraplaýyn örän kiçigöwünli adamdy. Hemmä ýumşak çemeleşýärdi. Özüne garşy erbet hereket edenlere-de ýumşaklyk we rehimdarlyk edýärdi. Hemme kişä, hatda çagalara-da salam berýärdi. Hiç kim ondan öňürti salam berip bilmeýärdi. Ençe gezekler ondan öňürdip salam bermek maksady bilen öňünden çykanlar-da, muny başaryp bilmändirler we her gezek salam almaga mejbur bolupdyrlar. Hiç kimi ynjytmajak bolup çalşardy. "Çagakam keman bilen bir serçe urupdym. Her gezek şol ýadyma düşende gorkudan kalbym titreýär" buýrardy." Hatda iň kiçi müstahaba-da uly ähmiýet berýärdi. Hemişe kybla bakyp oturardy. Halal we arassa iýmäge örän üns berýärdi. Seýitleri biçak söýýärdi we olara hormat goýýardy. Her bir hereketi Resulullaha doly tabyn bolanlygyny görkezýärdi. Şöhradyň örän zyýanlydygyny aýdardy, Pygamberimiziň bu baradaky "Şöhrat apatdyr" hadysyna daýanyp: "Ylgaýandan ýöreýän, ýöreýänden duran, durandan oturan, oturandan-da ýatan adam has gowudyr, has rahatdyr" buýrardy. Owganystan halkyna bir göçhä-göçlügiň garaşýanlygyny we munda öňürdenleriň gutuljakdygyny, yza galanlaryň bolsa kän ezýetler çekjekdigini aýdýardy. Russiýa bilen içgin gatnaşygyň ýola goýuljakdygyny, hatda iki ýurduň bir boljakdygyny yşarat edýärdi. "Yslamyýete laýyklykda ýaşamaklyk, gysymyňda köz tutandan-da has kynrak bolar" buýrardy. Çagalary eý görýärdi. Kämahallar agtyklaryny öňüne alyp hem söýýärdi, hem-de horkuldap aglardy. Gözýaşlary sakgalynyň ujundan syrygyp giderdi. Sebäbini soranlarynda: "Olaryň dünýä inenlerine begenýärin, emma görjek günleri üçin aglaýaryn" buýrardy. BU ÝOLDA EDEP GEREK Bir gün barlyrak biri, özi bilen baglanşykly oňuşmazlyk sebäpli, beýleki adamlar bilen bilelikde Halypa Gyzylaýagyň huzuryna bardy. Emma ol bu ýerde-de biedep hereketler edip, hetden aşdy. Çykjak wagtlary ýanyndakylar oňa beýdip gitmezligini, Halypa Gyzylaýagyň patasyny alyp çykmagyny şübela aýdan hem bolsalar, tekepbirlik bilen muny ret etdi we şol ýagdaýda çykyp gitmek üçin ýerinden turdy. Edil şol pursatda Halypa Gyzylaýak başyny galdyryp oňa bir nazar saldy. Şol bada ýaňky baýyň haly teňleşip ugrady. Öýüne baranynda ýakynlary doktor getirmäge gitjek bolanlarynda , indi munuň o diýen ähmiýetiniň ýoklugyny aýdyp: "Dergähiň gapysyndan çykyp barýarkam, Halypa Gyzylaýak maňa sereden wagty içimden bir zatlaryň geçenligini duýdum. Indi ahyrky taýynlyklary görüberiň" diýdi. Hakykatdanam, kän wagt geçmänkä dünýäden ötdi. Dünýä malyny tama edýänlere: "Altyn alma, doga al. Doga altyndan has gymmatlydyr" diýýärdi. Hiç haçan sesli gülmeýärdi. Gaty ses bilen gülýänleri göreninde: "Syraty geçmän neneň gülüp bilşiňize geň galýaryn. Musulman syraty geçenden soňra güler" diýýärdi. Bir adam halkyň içinde ýörgünli bolan yrymy ýatladyp: "Gije dyrnak alyp bolarmy?" diýip sorady. "Hapa, görlen bada ýok edilmelidir" buýurdy. Halypa Gyzylaýak mesjitde wagyz bermeýärdi. Emma, ikindi namazyndan soňra agşam namazyna çenli, Sopy Allahýar hezretleriniň Pars dilinde kapyýaly ýazylan fykyh kitaby "Meslekül Müttakyýny" okap düşündirýärdi. Kitap, ýylda iki gezek okalyp gutarylýardy. Şunlukda, hemmäniň bilmegi zerur bolan fykyh bilimleri amatly wagtda jemagata düşündirilýärdi. Başga wagtlar bolsa söhbet dergähde bolýardy. Bu söhbetlerde galapyn Ymamy Rabbani hezretleriniň "Mektubaty" okalýardy. Remezan aýlarynda dört gijelik hatym edilýärdi. Bu hatyma ýurduň dürli künjeklerinden müňlerçe adam gelýärdi. Dürli erlýerden gelen alymlar şu ýerde duşuşýardylar. Aýra-aýra ýerlerde jemlenşip, gürleşip çekeleşýärdiler, soraglara jogap berýärdiler. Hatym şeýle tertipde geçirilýärdi: Iki rekagatdan okalýan terawih namazynda okaljak zammy süre üçin Kuran-y kerim boýdan-başa okalyp ugraýardy. Bu işi hafyzlardan ybarat topar amala aşyrýardy. Hafyzlar we jemagat tesbilerden soňra bäş-on minut çaý içip, dynç alýardylar. Netijede, sahur (selälik) wagtyna çenli dowam edýän terawih namazynda birnäçe jüz (Kuran-y kerimden bölekler) okalýardy. Ahyrsoň dördünji gije diýleninde Kuran-y kerim hatym edilýärdi. (okalyp gutarylýardy). Hatym edil baýram ýaly geçýärdi. Gelen alymlar agzaçary we selärligi hanegahyň howlusynda ýazylan saçakda Halypa Gyzylaýak bilen bilelikde iýýärdiler. Bu ýerdäki söhbet şeýle bir süýjülik, şeýle bir mukaddeslik içinde geçýärdi welin, o taýdakylar özlerini başga bir älemde ýaly duýýardylar. Içlerinde ruhy lezzet we şol günleriň küýsegi galýardy. Mewlid kandilleriniň geçirilişi hem diýseň täsirlidi. O gün hem, hemme ýerden adamlar topbak-topbak bolup gelýärdiler. Barja kişi jem bolandan soňra Halypa Gyzylaýagyň jaýynda, oturýan ýerinde kelleden ýokarrakda diwara ýapyşdyrylyp goýlan ýörite sandyjakdaky Sakgaly Şerif bilen Şahy Nakşibend hezretleriniň dony şerifi başlaryň üstüne goýlup getirilýärdi. Amanatlar, kelläniň deňinde ýörite ýasalan ýerine goýulýardy. Üstündäki örtüler edep bilen, salewaty şerif okalyp açylýardy. Soňra belli bir tertip boýunça kasydalar, Kuran-y kerim okalýardy we gürrüňler geçirilýärdi. Iň soňunda Hyrkaýy şerif elden-ele geçirilip, edep we yhlas bilen öpülip ysgalýardy. Soňurrak bolsa, gelenlere şerbet hödür edilip, doga bilen üýşmeleň bes edilýärdi. Kandile, welaýat häkimi we kazy kimin döwlet adamlary-da gelýärdi. Halypa Gyzylaýagyň dergähinde her agşam ullakan gazanlarda nahar atarylyp halka dagydylýardy. Eli ýukarak maşgalalar bu ýerden öýlerine nahar äkidýärdiler. Mundan başga-da her perşenbe güni gündizi bilen üznüksiz nahar bişirilip paýlanýardy. Agyr göçhä-göçlükler netijesinde rowgatdan düşen maşgalalar üçin bu ýer umyt gapysydy. Mundan başga-da garyplar mydama bu ýerä gelip gerek-ýarag zatlaryny äkidip durýardylar. Olaryň islendik hajaty üçin eli boş yzlaryna giden wagtlary ýokdy. Her gün birgiden myhman-mediwan gelip gidýärdi. Nahar elmydama deň ölçeglerde edilýän hem bolsa hemişe ýeterlik bolardy. Halypa Gyzylaýak ömrüniň soňlaryna dogry ysmaz kesele uçrap, üç ýyl nähoş ýatdy. Saglygynda bolşy ýaly kesel wagty hem hemişe şükür edýärdi we: "Beterinden gora Ýa Rebbi!”" diýip ýalbarardy. Ahyrsoň, Buharadaky Çar Minara (Gögeldaş) Medresesini keramaty bilen guranlygy barada aýdylýan uly öwlüýä hezreti Işanyň (Nyýazguly halypa) agtyklaryndan bolan aýaly dünýäden öteninde, Halypa Gyzylaýak: "Indi gitmeli wagtymyz geldi" buýurdy. Hakykatdan-da, aýalyndan bir gün soňra özi-de Hakyň rehnedine gowuşdy. Ölümine ýakyn, Allahü tealanyň ismi şerifini "Allah, Allah" diýip üznüksiz gaýtalap başlady. Birnäçe gezek özünden gitdi. Mydama gizlin söýgüni adat edinen hem bolsa, soňky deminde ony görülmedik muhabbet we küýseg gaplap aldy. Dili gymaldamaýanlygyna garamazdan, döş kapasasyndan çykýan Allah lafzy şerifi (sözi) gapdaldaky jaýlarda-da äşgär eşidilýärdi. Ahyrsoň 1955-nji ýylyň (h. 1375) Şaban aýynda Hakyň rehnedine gowuşdy. Aradan çykan güni tomus paslydygyna seretmezden, gögüň ýüzüni gap-gara bulutlar gurşap aldy we uzynly gün çiňsäp ýagyş ýagdy durdy. Dünýäden ötenini eşidip gaty kän adam Gyzylaýaga geldi. Arabalarda we aýak ulaglarda ýer ýokdy. Köçeler arabalardan ýaňa hyryn-dykyn dolydy. Jynaza namazynyň hatarlary köçelere çenli uzalyp we ýaýrap gitdi. Jynaza namazyna goşulmak üçin agaçlara çykanlar hem boldy. Jynaza namazyna Zahir Şa wekil edip kömekçilerden birini iberdi. Namaz, Mewlewi Abdülwüdudyň ymamlygynda berjaý edildi. Gabry Gyzylaýakdaky medresäniň howlusynda, mesjidiň bitişigindedir. Guburyna öz islegi boýunça gümmez goýulmady, üstüni açyk ýagdaýda galdyrdylar. Guburynyň üstünde, özüniň gazawatlarda göteren baýdagy dikilgi dur we ýokarsynda ak mata pasyrdaýar. Aradan çykansoň ikinji ogly Sirajüddine Möwlana Seýit Abyt tarapyndan yjazat berildi. Emma, bu ogullary kän wagt geçmänkä zäher berlip şehit edildi. Onuň mazary-da atasynyň mazarynyň ýanyndadyr. Şondan soňra uly Magtym Hamid yjazat alan hem bolsa, birnäçe ýyl geçip-geçmän ol hem dünýäden ötdi. Iň soňunda Sirajüddiniň ogly Nureddine, Buharada Halypa Gyzylaýak bilen bile medresede okan we Halypa Gyzylaýagyň emri bilen Balha ýerleşen Möwlana Berat tarapyndan yjazat berildi. Şondan soňra medrese ýene öňki gözelliklerine gowşup we alymlaryň gelip-gidýän ýerine öwrülip başlady. Häzirki wagtda mesjit we medrese, Jüzjanyň welaýat häkimi Dr. Muhammet Syddyk we ondan soňky häkim M. Kerim Furuteniň goşantlary bilen gaýtadan guruldy. Ýene öňki ýaly hatymlar we dabaralar geçirilip ugrady. Emma, Dawud rewolýusiýasy bilen bular bes etdirildi. Ahyry 1978-nji ýylda Owganystan kommunistik rewolýusiýasy bilen çaýkandy. Bir ýyl geçip-geçmän Halypa Nureddin hem kommunist dolandyryjylar tarapyndan şehit edildi. Halypa Gyzylaýagyň Türkmençe we Parsça çap edilen "Parzy Aýn" diýen çaklaňja kitaby bar. Bu kitap, hemmäniň bilmegi zerur bolan itikat (ynanç) maglumatlaryny we käbir zerur borçlary öz içine alýar. Halypa Gyzylaýak Hezretleriniň saglygynda-da, ölüminden soňra-da örän kän keramatlary görlüp, bularyň birnäçesi şeýleräk görnüşdedir: Halypa Gyzylaýak dünýä inen wagty daş-töwerege hoşboý ys ýaýrapdy. Muny ilki bolup aňşyran goňşular: "Täze çaga doglan öýden arlygyň ysy gelermikä diýýärdik, näme üçindir bu öýden-ä gülüň ysy gelýär" diýşipdiler. Owganystana göçmezlerinden öň, bu babatda yşarat hasaplap boljak keramaty bolupdy. Halypa Gyzylaýagyň hüjresiniň ýanynda hellewläp oturan ýaşyl agajyň göwresindäki bir gözden on-on bäş minut ýaly aralyklar bilen dynman suw akypdy. Suwy örän süýjüdi. Her akyşynda kiçiräk gaby doldurýardy. Bu agaja şol wakadan soňra "aglaýan tut" diýip at galypdy. Talyplaryň biri dinimizde gowy görülmeýän nasa endik edipdi. Ol bir gün öýünden Gyzylaýagyňka geldi. Dergähe gelip otyrka, nasly gutusyny hiç kim görmez ýaly bir ýerde gömdi. Öýlerine gaýtjak wagtlary, talyplary ugratmak üçin daş çykan Halypa Gyzylaýak hälki talyba ýüzlenip: "Ýoldaşlaryňyzy unutmaň" diýip sargady. Talyp, Halypasynyň bu sözlerinden örän utanyp, toba etdi we gaýdyp nas atmady. Bir gün dergähiň howlusyndaky guýyny arassalap durdylar. Emma guýa giren adam düýbüne ýetenden guýy şatyrdap, gap böwründäki daşlar gymyldap ugrady. Ýokarda duranlar Halypa Gyzylaýagyň ruhaniýetini ýatlap, aşakdaky adama: "Näme eden bolsaň, toba et" diýip gygyrdylar. Ol toba edenden soňra, guýynyň daşlary öňki ýerine süýşdüler we ses galdy. Soň görüp otursalar ol gusl täretini alman guýa giren eken. Häli-häzirlerem guýynyň ortasy biraz içerä girip dur. Ýazygyny bagyşla! Bir gün Halypa Gyzylaýak birnäçe talyby bilen mazarlygyň ýanyndan geçip barýardy. Ol birdenkä täzeräk jaýlanan biriniň mazarynyň ýanynda sägindi. Soňra mazaryň kimiňkidigini sorap, onuň öýüne gitmek isleýändigini aýtdy. Mazar bir gün öň jaýlanan ýaş ýigide degişlidi. Hemmesi bilelikde onuň öýüne gitdiler. Ýigidiň Atasy olary garşy aldy. Halypa Gyzylaýak ondan, ölen oglunyň ýerine özüni öwlat edinmegini isledi. Hemme kişi bu haýyşa serim-sal bolup durdylar. Halypa Gyzylaýak: "Eger, islegimi kabul eden bolsaň-a maňa islän zadyňy edip, hatda urup hem bilersiň. Emma, düýn ölen ogluňy bagyşla. Näme ýazygy bolsa öt. Sebäbi, onuň azapdan gutulmagy şoňa bagly" diýdi. Muny eşidip atasy ogluny bagyşlady we olary göwnühoş ýagdaýda ugradyp goýberdi. Seýitlerden biri şeýle gürrüň berdi: "Bir gün Halypa Gyzylaýagyň guburynyň ýanynda otyrdym. Birdenkä gubur güýçli yrgyldady. Gabyr göýä açylan ýaly boldy. Bu waka mende ýiti täsir galdyrypdy. Bedenimde ysgyn-deramat galmady. Birsalym oturansoň bitap ýagdaý-da daş çykdym. Bu waka bir dem ýadymdan çykmaýardy. Emma, bu ýagdaý uzak çekmedi. Sebäbi, Halypa Gyzylaýagyň Balha tarap sapara giden ogly Sirajüddin şol gün zäher berlip şehit edilipdi we şol günüň agşamy jesedi Gyzylaýaga getirilipdi". Bir ogry Halypa Gyzylaýagyň bazar ýerindäki dükanyna girdi. Eline ilen zatlary alyşdyryp penjireden çykjak bolup durka, birdenkä penjire daralyp ugrady we ogry gysylyp, gymyldap bilmän galyberdi. Näçe jan etse-de sypyp bilmän urundy durdy. Teý-ahyr Halypa Gyzylaýagyň adyny tutup ýalbardy. Şol bada penjire giňedi we açyldy. Ogry zatlary goýup çykdy we şol gün säher bilen gelip, eden işini boýnuna aldy. 1978-nji ýylda kommunistler Owganystanda ynkylap hereketini amala aşyrypdylar, özlerine garşy jihadyň tutaşmagy netijesinde Ruslary çagyrypdylar. Emma, çaknyşyklaryň sany git-gide artýardy. Ynha şu uruşlar bolup durka-da Gyzylaýagyň käbir ýerleri kommunist döwlediň esgerleri tarapyndan bombalanypdy. Bir gezek iki harby wertolýot Halypa Gyzylaýagyň hüjresine we hanegahynyň howlusyna birnäçe raketa atanlaryndan soňra mesjidiň gapdalynda we medresäniň içinde ýerleşýän howuza bir bomba zyňdylar. Bomba zerarly mesjide ep-esli zeper ýetdi. Wertolýotlar munuň yzysüre mesjidiň beýleki tarapyndaky Halypa Gyzylaýagyň guburyna baka ýöneldiler. Emma, gubura golaýlaberenlerinde wertolýotlaryň biri ot aldy we obanyň daşyna çykyp-çykmanka ýere süsdürildi. Içindäkiler zordan çykyp ýetişdiler. Ýogsam bolmasa, o taýda ne-hä uçara garşy ulanylýan ýarag, ne-de müjahid otrýadlary bardy. Şonda birnäçe esger hanegaha gelip, hüjredeäki käbir gymmatly kitaplary alyp, ýerine kommunizm barada ýazylan kitaplary goýup gidipdiler. Mundan başga-da, öňler Ruslara garşy ulanylan we şol taýda saklanýan köne ýaraglaryň birnäçesini hem özleri bilen alyp gitdiler. Bu wakadan soňra, aradan kän wagt geçmänkä, hanegaha girenler ýeke-ýekeden dälirediler. Yzyny kesmän öz ellerini we aýaklaryny dişleýärdiler. Olara hiç hili däri-derman peýda etmedi. Ahyrsoň ýagdaýy aňşyran kä kişiler olary Halypa Gyzylaýagyň dergähine äkeldiler. Äkidilen ýaraglar ýerine goýuldy. Şeýdip toba edenlerinden soňra dälileriň ýagdaýy gowulaşdy. Beýleki tarapdan kommunistleriň, wertolýotlaryň ýarag bilen düşürilendigini öňe sürendiklerine seretmezden lýotçikler muňa garşy çykypdylar we şeýle gürrüň beripdiler: "Ýaňy gubury nyşana alypdyk. Gubur duran jaýyň gapysyndan uzyn boýly, nohudy geýimli selleli biri çykdy. Owujy otdan doludy. Elindäki ody bize sowurdy. Wertolýoda gelip ýeten ot bir demde hemme ýeri gaplap aldy". ABDURRAHYM ES-SEMANI Fykyh we hadys alymy. Ady Ebul-Muzaffer bolup, doly ady Abdyrahym bin Abdülkerim bin Muhammed bin Mensur bin Muhammed bin Abdüljepbar es-Semani el-Merwezidir. Abdürrahym es-Semani, 573-nji ýylyň (m. 1177) Zilkade aýynda Juma güni dünýä indi. 617-nji ýylda (m. 1220) Maryda aradan çykdy. Hadys we fykyh ylymlarynda beýik derejelere ýeten Abdurrahym es-Semani Şafi mezhebindendi. Mezhebiniň fykyh bilimlerini örän gowy bilýärdi. Alymlar zynjyry bolup gaýdýan maşgaladan bolan Abdurrahym es-Semaniniň atasy hem alym eken. Ogluny aýratyn dykgat bilen ýetişdirýär. Ylym öwretmek üçin köp tagalla edýär. Atasy Abdurrahym es-Semani bilen Maweraünnehr, Horasan ýaly ençe ylym merkezlerini aýlanýar. Onuň hadysy şerif diňlemegini we fykyh ylmyny öwrenmegini ýola goýýar. Abdurrahym es-Semani kän hadys-y şerif göçürdi. Ylym öwrenmek maksady bilen kän kişiler onuň derslerine gatnadylar we peýdalandylar. Ýaşaýan ýerindäki Şafi alymlarynyň hormatlanýan ýaşulysydy. Abdurrahym es-Semani neberesiniň soňky alymydy. Abdurrahym es-Semaniniň köpsanly eserlerinden "El-Awali min mesmuat-il-Ferawi" (iki tom) we "Mujem-üş-Şüýuh" diýen eserleri bize mälimdir. BABA KEMAL JÜNDI Nejmeddini Kübra hezretleriniň gözüniň öňünde ýetişen öwlüýä kişidir. Baba Kemal Jündi hezretleriniň doglan we aradan çykan wagtlary barada anyk maglumatlar ýok hem bolsa, hijri ýedinji asryň ikinji ýarymynyň başraklarynda aradan çykanlygy mälimdir. Baba Kemal (r.a.), Nejmeddini Kübra hezretleriniň ýanynda kemala gelensoň, halypasy oňa donuny berip: "Türküstan diýarynda Möwlana Şemsüddin Müftiniň Ahmet Möwlana atly ogly bardyr. Biziň donumyzy oňa gowşur we onuň terbiýesi bilen meşgullan!" buýurdy. Baba Kemal (r.a.): "Lepbeý, tagsyr" diýip, huzuryndan aýrylyp Türküstan ýoluna düşdi. Salgy berlen Jündi diýen ýere gelip etdi. Çagalar oýnap ýördüler. Ahmed Möwlana heniz çagady we oýun oýnaýanlaryň arasyndady. Emma ol oýun oýnamaýardy, beýleki çagalaryň çykaran eşiklerine garaşýardy. Baba Kemalyň özüne dogry gelýänini görüp tarsa ýerinden turdy-da ony garşy aldy. Salam berdi. Baba Kemaldan öňürti dillendi: "Biz nähili özgeleriň egin-eşiklerini tutup duran bolsak, siz hem edil şeýle ýagdaýda biziň eşigimizi tutup dursuňyz" diýdi. Baba Kemal ony bagryna basdy. Soňra Müftiniň ýanyna geldiler. Ony ýagdaý bilen tanyş edensoň Müfti Baba Kemal hezretlerine şeýle diýdi: "Bu çaganyň kän akly ýerinde däl. Size mynasyp hyzmat etmezligi mümkin. Emma, onuň jigisi Danişmend Möwlana biçak akylly we terbiýelidir". Onda Baba Kemal (r.a.): "Ol hem nesiplensin. Emma biz, halypamyzyň yşaraty boýunça Ahmed Möwlananyň, gysga wagt içinde kämilligi, beýik derejelere ýetenligi baradaky habarlar daş-töwerege ýaýrady. Özide kän kişileriň ýetişmegine, kemal derejelerine çenli beýgelmeklerine sebäp boldy. BURHANEDDIN NESEFI: (Muhammed bin Muhammed) Tefsir, usul, kelam, ahlak we hanefi mezhebiniň fykh alymydyr. Ady Ebu Fadl bolup, doly ady Muhammed bin Muhammed bin Muhammeddir. Takmynan 600-nji ýyllarda (m. 1204) dünýä indi. Nesefi we Burhany diýen atlary ýörünlidir. Burhaneddin diýen lakamyny aldy. Esasy din ylymlaryny we kömekçi (alet) ylymlary öwrenip, Ymamy Fahreddini Razy hezretleriniň talyby boldy. Fahreddini Razy hezretleri zahyri ylymlary atasy Zyýaüddin Ömer bin Hüseýin Razydan alyp, tasawwufdaky belent derejelýere Nejmeddini Kübra hezretleriniň söhbetleri bilen gowuşandyr. Fahreddini Razy hezretleri deýin, her ylymda kämil bir alymdan peýdalanan Burhaneddini Nesefi, öňi bilen-ä kelam we tefsir ylymlarynda, usuly fykyhda dört mezhebiň inçelikleridir içtihadlarda (ýagny, deňeşdirmeli hukuk), jedel ylymynda we Hanefi mezhebiniň fykhy boýunça alym boldy. Bu ylymlar boýunça gymmatly eserler ýazyp, güýçli talyplar ýetişdirdi. Talyplaryndan Hafyz Berzaliýä yjazat berendigi bilinýärdi. Bagdada gidip ýerleşdi. Allahü tealanyň dinine hyzmat etmek we Onuň razylygyna gowuşmak üçin durman işledi. Selefi Salihinyň ýolundan aýrylan bozuk kişilere örän gowy jogaplar berdi. Pelsepeçileriň ýalňyş pikirlerini çüýretdi. Ömrüniň ahyryna çenli ylym bilen meşgullandy. Özüni bütinleý ybadata berip ýaşady. Allahü tealanyň nesihat etmek we olara garşy wezipelerini berjaý etmegiň daşynda dünýä bilen asla gyzygy ýokdy. Haram we şübheli zatlary terk edip, mübahlary hem zerur boldugyça ulanýardy. Allahü tealadan başka hiç kime arzyny aýtmazdy. Çuňňur ylymy, ýiti ýatkeşligi we zehini, ýagşy gylygy, Selefi salihynyň durmuşyna laýykda ýaşaýşy, adamlara adaty bolmadyk mähri we merhamedi bilen hemmäniň söýgüsini gazandy. Emma ol, bu häsiýetlerine Allahü tealanyň razylygyny gazanmak üçin eýe bolupdy we ähli gaýratyny bu ýolda sarp edipdi. 686-nji ýylda (m.1288) Bagdatda aradan çykdy. Ýolunda hyzmat etmek bilen mertebelenen Ymamy agzam Ebu Hanife hezretleriniň gabrynyň ýanynda depin edildi. Ençe gymmatly eserler ýazdy. Eserleriniň käbirleri şulardyr! "El-Wadyh", Fahreddini Razy hezretleriniň tefsiriniň gysgaldylan görnüşidir. "El-Mu-kaddemet-ün-Nesefiýýe" diýilip tanalýan "El-Mukaddemet-ül Burhaniýýe", deňeşdirmeli hu-kuk baradadyr. Jedel ylymy we ýalňyş ýola düşenlere beriljek jogaplar bilen baglanşykly "El-Fusul fi ylmy-il-Jedel", hem-de hylaf ylymyna dahylly "Menşe-ün-nazar fi ylm-il-hylaf", "El-Ka-wadyh-ül-Jedeliýýe", "Def-ün-nasus wen-nükud", "Şerh-ül-esma-ül-hüsna" ýaly gymmatly eserleri bardyr. Meşhur "Akaidi Nesefi"niň hem oňa degişlidigini Allame Zerkani aýdýanda bolsa, Taftazany hezretleri we "Akaidi Nesefiniň" Ömer Nesefi hezretlerine degişlidigini habar berýärler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |