05:42 Öwlüýäler: Nejmeddin Kubra | |
NEJMEDDIN KUBRA
Taryhy şahslar
Fykyh, hadys, tefsir alymy we beýik öwlüýä. Tasawwufda Kübrewiýýe (Zehebiýýe) diýlip atlandyrylýan ýoluň mürşididir (halypasydyr). Ady Ahmed bin Ömer bin Muhammed bin Abdullah el-Hawelidir. Ebul-Jennab adyny düýşünde Pygamberimiz goýdy. Nejmeddin, Şeýhül-ymam, Zahid-ül-kebir we Şeýhi Horezm diýen ýaly lakamlary bar. Nejmeddini Kübra ady bilen giňden tanalýar. Çekeleşikleriň ählisinde üstün çykanlygy üçin oňa et-Tammet-ül-Kübra diýen ady beripdirler. Ähli sünnet alymlarynyň beýikleriniň we öwlüýäniň ulularynyň biri bolan Nejmeddini Kübra hezretleri, 539-njy ýylda (m.1145) Horezmiň Haýweki obasynda dünýä inýär. Şol sebäplide oňa Haýweki diýlipdir. 618-nji ýylyň (m.1221) Rebiülewwel aýynda Çingiziň esgeri tarapyndan şehit edilýär. Çagalyk ýyllarynda ylym öwrenip ugran Nejmeddini Kübra hezretleri, biraz kämillik ýaşyna ýetensoň ylmyň yşgyna düşüp, dürli ýerleri gezýär. Iskendiriýada; Ebul-Mekarymdan, Ahmed bin Muhammed el-Lebbandan, Ebu Seýit Halyl bin Bedreden, Ebu Jafer Muhammed bin Ahmed es-Saýdelanydan, Ebu Abdullah Muhammed bin Zeýd el-Kerraniden we Ebul Hasan Mesut bin Ebu Mensurdan, Hemedanda; Hafyz Ebul-Alúadan, Nişapurda; Ebul-Mea-ly el-Fürawiden, Müsürde; Ruz-y Wehani Bakliden (Ebu Muhammed eş-Şirazydan) we başgada ençeme alymlaryndan ylym öwrenip, hadys-y şerif göçürdi. Ymam Ebu Nasr Hafzanyň Töwrizde "Sünne" okadýandygyny eşidip, şol taýa gidýär we bu kelam alymynyň sapaklaryna gatnap ugraýar. Şol wagtyň içinde "Şyh-üs-Sünne wel-Mesalyh" diýen sözbaşy häsiýetli kelam baradaky eserini ýazdy. Bu ýerde Baba Ferruh Töwriziniň söhbetiniň berekedi bilen ylym öwrenmekligi tamamlan, tasawwuf ylmy bilen meşgullanyp ugrady. Tasawwufda, agasy Ebu Mejibi Sühreberdi hezretlerinden feýz alyp ýetişdi. Ysmaýyl Kasriniň we Ammar bin Ýasiriň [582 (m.1186)] hem söhbetlerinde boldy. Fahreddini Razy hezretleri bilen duşuşdy. Şeýlelikde birentek ylymda ýetişip, tasawwufda beýik derejelere gowuşdy. Soňňurrak bolsa dogduk ýurdy Horrezme gidip ýerleşdi. O taýda ynsanlary irşad edip (dogry ýoly görkezip) ugrady. Gysga wagtyň içinde töweregine ýüzlerçe talyp toplandy. Möwlana Jelaleddini Ruminiň atasy Soltan-ül-ulama Behaeddin Weled we Feridüddin Attaryň halypalary bolan Mejdüddini Bagdady, Baba Keman Jündi, Abduleziz bin Hilal, Nasyr bin Mensur, Seýfüddini Baherzi, Nejmüddini Razy, Radyýýeddini Aly Lala, öň görnükli talyplarydyr. Talyplarynyň aglabasy, öz döwürlerinde ynsanlara dogry ýoly görke-zen ýol görkeziji boldular. 618-nji ýylda (m.1221) Horezme Çingiziň atlylary mongol-tatarlar hüjüm edeninde talyplaryna: "Ýurduňyza gidiň! Gündogardan pitne ody gelýär. Çarýany ýakar. Yslamyýetde entek beýle pitne görülmändi" diýdi. "Bu bela musulman ýurtlardan daşlaşar ýaly doga buýuryň diýdiler. "Bu-Kazaýy mümremdir. Doga muny gidirip bilmez." buýurdy. Talyplary Horasana gitdiler. Kapyrlar şähere girenlerinde, ol hem jihada goşuldy. Şehit boldy. Şehit bolanynda bir kapyryň saçyndan mäkäm tutupdy. Şehadetinden soň hiç kim saçy elinden alyp bilmedi. Ahyr saçy gyrkmaly boldular. Tasawwuf ýolunyň iň tanymallaryndan we beýiklerinden biri bolan Nejmeddini Kübra hezretlerinden, zahiri we batyny ylymlarynda gowy ýetişen Yslamyň ajaýyp ahlagy bilen ah-laklanan ägirtleriň biridir. Ylym öwretmäge örän janypkeş ýapyşýardy. Allahü tealaga ybadat etmekde we Onuň dinine hyzmat etmekde asla gowşaklyk etmeýärdi, Munuň üçin igenjek bolýanlaryň igenlerine gulak gabartmaýardy. Aralarynda hiç hili parh gogýman hemme kişä elinden gelen kömegi gaýgyrmazdy. Onuň dergähi garyplaryň sygynýan ýeridi. Beýikligini, üstünligini hemme kişi bilýärdi, oňa aýratyn hormat edýärdiler. Güýçli öwliýäligini görkezýän ahwallary we kerametleri barada hemme ýerde gürrüň edilýärdi. Dilden-dile geçýärdi. Iň uly kerameti; her biri, giden ýerlerinde ynsanlary dogry ýola gönükdirýän, töweregine nur we feýz saçýan örän gymmatly talyplar ýetişdirmegidir. Ýüzlerçe talyp ýetişdirdi. Allah ýolunda ýöremek isleýän nije kişileri dogry ýola ugrukdyrdy. Talyplaryň her haýsyny bir ýurda iberýärdi. Iberilen talyp o taýda halypasynyň ýoluny ýaýmaga çalyşýardy. Horezm jelegaýlarynda, Nejmeddini Kübra hezretlerinden soňra onuň ýaly beýik weli ýetişmedi. Onuň ýeri şeýle bir beýik welin, Allahü tealanyň yşkyndan ýaňa dünýäni unudan mahaly, kimdir birine tewejjüh edäýse (ýönelmek, ýakynlyk duýmak), ony wilaet (öwlüýälik) derejesine çenli beýgeldýärdi. Günlerde bir gün bir täjir, gezelenç etmek maksady bilen Nejmeddini Kübra hezretleriniň hanegahyna girýär. Nejmeddini Kübra hezretleri oňa tewejjüh edeninde ol şol bada wilaet mertebesine ulaşdy. Täjiri ýanyna çagyryp talyp ýetişdirmegi üçin rugsat berdi we ýurduna iberdi. Bir gün Eshaby Kehf barada söhbet edip durka, Sadüddini Haliwi (r.a.) diýen talyby "Bu ymmatda gürrüňleri bilen itede täsir edip bilýän biri barmyka" diýip içinden pikir etdi. Nejmeddini Kübra kalb gözi bilen talybynyň içki oý-pikirlerini aňşyryp ýerinden turdyda dergähiň gapysyna baka ugrady. Birdenkä bir köpek peýda boldy. Guýrugyny bulaýlap başlady. Nejmeddini Kübranyň nazary köpegi sataşanda köpek şol bada düýp göter özgerdi. Bir hili özünden geçýän ýaly ýagdaýlar bolup geçdi. Ýüzüni şäherden sowup mazarlyga baka ýola düşdi, kellesini ýere oýkap barýardy. Hatda soň-soňlar şeýle gürrüňler ýaýrady: şol wakadan soň ýaňky it nirä gitse, elli-altmyş sany köpek mydama yzyndan galman gezipdirler. Emma uwlamandyrlar, üýrmändirler. Hiç zat iýmän mydama şol köpege seredip hormat goýupdyrlar. Soňra köpk öldi. Nejmeddini Kübra hezretlerinden ylym öwrenip, hadysy şerif göçürenleriň biri bolan Abdüleziz bin Hilal şeýle diýýär: "Birnäçe gezek Nejmeddini Kübranyň söhbetinde bolup gördüm. Bu sanagly gysga wagt dowam eden söhbetleriň berekedi bilen köp zatlara gowuşdym". Ibni Nukta: "Nejmeddini Kübra, Şafii mezhebiniň alymlaryndan bolup örän ýokarda durýan alymdy. Nejmeddini Kübra bir tarapdan talyplar ýetişdirýän bolsa, beýleki tarapdanda soňky nesillere peýdaly bolar ýaly iňňän gymmatly eserler ýazypdyr. Tefsir, hadys, tasawwuf we beýleki ylymlar barada ýazan möhüm eserlerinden käbirleri şulardyr: Aýn-ül-haýat (Kurany kerimiň tefsiri, 12 tom), Usuly aşere (dürli atlar bilen kän gezekler çap edilip köpeldilen we şerhler, synlar ýazylan bu eseri tasawwufa bagyşlanandyr). Mundan başga-da Risale ilel-haim, Fewaýih-ul-Jemal, Adap-üs-sufiýýe, Risaleýi Nejmeddin, sekinet-üs-salihin, Risaleýi sefine ýaly ençe eserleri we çaklaňrak kitaplary bar. Iň ähmiýetli kitaplarynyň biri bolan Usu-ly aşere tasawwuf baradadyr. Talyplary we olardan soňkular üçin gollanma bolup hyzmat edipdir. Bu gymmatly kitabyň käbir bölümleri terjime edilip we gysgaldylyp aşakda berildi: Allahü tealaga gowuşmagy arzuw edýänleriň we bu ýolda ilerlemek isleýänleriň ýollarynyň binýady on esas boýunça gurlandyr. Özge zatlaryň bary bularyň inçelikleri, şahalary bolup, hemmesi on esasa daýanýar. Maksada ýetmek üçin hökmany zerur bolan on esas şulardyr. 1) Toba: Guluň, özi bilen Rebbiniň arasynda perde bolup duran ähli günälere puşman edip, öz isleg-arzuwy we meýletinlik bilen Rebbine ýönelmegidir. 2) Zühd: Dünýäniň wagtlaýyn we aldawçy zowky-sapalaryndan, mal-mülk we wezipeden, ynsanlaryň gyzyklanmaklaryndan we hoş sözlerinden ýüz öwürmek, bulara asla meýil etmezlik, gaça durmaklyk we bu meselelerde edil bir öli mysaly bolmaklykdyr. Dünýäni bütin gözellikleri bilen getirip ölä hödürleseler, ölen adam bu gözelliklere göwün bermek, meýil etmek-hä beýlede dursun, nähili, gözüniň gytagyny hem aýlamaýan bolsa, öwlüýälik ýolunda öňe gitmek isleýän kişide edil şonuň ýaly zühde eýe bolmalydyr. 3) Allahü tealaga tewekkül: Her işde Allahü tealaga bil baglamak, Oňa ynanmakdyr. Bu hususda Allahü teala Talak süresiniň 3-nji aýaty kerimesinde, mealen: "Kimde-kim, Allahü tealaga tewekkül etse, Allahü teala oňa ýeterlikdir" buýurýar. 4) Kanagat: Gün-güzeran dolamak üçin zerur bolan gerek-zatlardan başga ähli arzuw we isleglerden daşlaşmak, iýmek-içmek we ýaşamak (öý) meselesinde eldäki zada kanagat edip, kän zatda göňül we gözi bolmazlykda öli mysaly bolmakdyr. 5)Uzlet: Öwlüýäniň ýolunda ilerlemäge päsgel berýän ynsanlardan daşrak durup, beýle adamlardan ýüz öwürmek we öz günüňe ýaşamakdyr. Özüni terbiýeläp ýetişdiren halypalarynyň ýanynda bolmaklykda üzletden hasaplanyp, ynsanlar bilen bile bolmak saýylmaýar. Uzletde esasy zat: bütin bedeniňi, hoş bolmaýan her adamdan we olardan ýokaşaýjak günä kirlerinden gorap, daş saklamakdyr. Duýgy organlaryňy gorap saklamakdyr. Ynsanyň peselmegine sebäp bolýan nebisjeň isleg-arzuwlar, ynsana duýgy organlary arkaly aralaşýar. Uzlediň kömegi bilen bu beýik howpy ýok etmek mümkin. Doktorlar özlerine ýüz tutan näsaglara em edip başlanlarynda, öňi bilen syrkawa zyýanly bolaýjak iýmitlerden berhiz tutmagy tabşyrýarlar. Keseli ýüze çykarýan sebäplere garşy çäreler görüp, hassany zeperi ýetäýjek zatlardan daşlaşdyrýarlar. Ondan soňra bedendäki zyýanly maddalaryň çykmagy üçin däri-derman berýärler. Öwlüýälik ýolunda-da, ruh keselleriniň ussatlary bolan mübärek kişiler, talyplaryny ýokardaky ýaly görnüşde ýetişdirýärler. Talyby, oňa zyýany degjek adamlardan daş tutup, öz ýanlarynda saklaýarlar. Talybyň içindäki zyýanly hallaryň çykyp, kalbyň arassalanmagy üçinde, söhbetlerini diňledýärler we her dem Allahü tealany zikir etmeklerini, ýatlamaklaryny emir edýärler. 6) Yzygiderli zikir: Allahü tealadan başga hemme zady undup, diňe Ony ýatlamak, diňe Ol barada pikir etmek diýmekligi aňladýar. Kalbyň we köňlüň syrkawlamagyna, hatda ölmegine sebäp bolýan, nebsi herekete geçirip azdyrýan erbet häsiýetiň, ahlagyň ýok edilmegi, Allahü tealany köpräk zikir etmek bilen mümkin bolar Allahü tealany köp zikir etmek bilen, Allahü tealanyň nazargähi bolan kalbyň bu asyl ýagdaýyndan aýrylyp dogry ýoldan çykmagynyň öňüni alyp bolar. Eger, sen hakykatdanam köňül ähli bolsaň we Allahü tealanyň hem seni magfiret etmegini isleýän bolsaň, Allahü tealany köpräk ýatla. Allahü teala, Bekara süresiniň 152-nji aýatynda, mealen şeýle buýurýar: "Siz meni (teala) zikrediň-ki men hem sizi (sogap we magfyret bilen) zikir edeýin". 7) Tewejjüh (Bütinleý Allahü tealaga ýönelmek) Allahü tealadan özge zada çagyrýan ähli zatdan ýüz öwürmek, Ondan başga islegiň, arzuwyň we söýgüliň bolmazlykdyr. Sähelçe wagt hem bolsa Ondan gapyl galmakdan gaty gorkmalydyr. Bu barada Jüneýdi Bagdady hezretleri şeýle buýurdy: "Bir syddyk, müňlerçe ýyllap Allahü tealaga tewejjüh ýagdaýynda bolsa, ýöne şondan soň bir dem Ondan gapyl bolsa, bu sähel salymyň ýitiren zady, müňlerçe ýyllap gazananyndan has köpdür". 8) Sabyr: Nebsiň lezzet alýan zatlaryndan ýüz öwürmek, isleýän zatlaryny ýerine ýetirmezligi dowam etirmekde durnuklylygyňy saklamak diýmekligi aňladýar. 9) Murakebe: Güýç we hereketi goýup, nebsi derňemek, nebsiň hilelerine we duzaklaryna garşy her pursatda hüşgärligi elden bermezlikdir. Murakabe derejesindäki kişi, Allahü tealanyň emirlerine tabynlyk we salyh amallar (işler) etmek bilen, Onuň lütfuny, ylahy yhsanlaryny umyt edýändir. Ondan başga hemme zatdan ýüzüni sowup, hemişe Onuň pikirini edýändir. Oňa bolan yşkynyň odundan ýaňa dünýäni unudan ýagdaýyndadyr. Onuň yşky bilen, Oňa gowuşmak arzuwy bilen ýananyp tutaşar. Şu duýgy bilen aglap gözýaş döker. Diňe Allahü tealaga bil baglar we diňe Ondan kömek islär. Allahü tealada oňa rehnedinden eçiler we hiç kimiň açyp bilmejek azap gapylaryny onuň üçin gulplar. Bu ýagdaý Allahü tealanyň olara lütfudyr (eşretidir, yhsanydyr). Allahü teala maide süresiniň 54-nji aýaty kerimesinde mealen şeýle buýurýar: "Ynha bu (aýdylan häsiýetler) Allahü tealanyň islän guluna berýän bir lütfudyr, yhsanydyr. Allahü tealanyň lütfu, yhsany örän giňdir, (bu lütuf we yhsanlara kimiň laýykdygyny) örän gowy bilijidir" 10) Ryza: "Nebsiň arzuwlaryny terk edip, Allahü tealanyň hökümleriniň hiç birine garşy çykmazlyk we Ondan gelýän ähli zady hoş garşylap razy bolmaklykdyr. Şeýle etmek bilen Ony razy etmekdir. Beýle welilerine, Allahü teala şeýle bir nur berýär welin, bu firaset nury bilen adamlaryň arasynda ýöreýärler we olaryň ruhy ýagdaýlaryny görüp bilýärler. Bu firaset nurly kişileriň hem derejeleriniň dört mertebeden ybaratdygyny aýan edipdirler". 1) Iman: ähli mü’minleriň ýagdaýy bolup agajyň gülüne meňzeýändir. 2) Wilaet: mü’minlerden seçilenleriň ýagdaýlary bolup, agajyň miwesine meňzeýär 3) Nübüwwet: seçilenleriň seçilenleri bolanlaryň (Pygamberleriň) ýagdaýlary bolup miwäniň şänigi ýalydyr 4) Risalet: Nübüwwetdende ýokarrak bir ýagdaý bolup şänigiň maňzy ýalydyr. Bulardan ilkinji ikisini, kesbi bolanlygy üçin, işläp, göreşiple ele geçirmek mümkin hem bolsa, soňky ikisi wehbidir. Işlemek bilen oňa ýetip bolmaýar. Bu, Allahü tealanyň, gullaryndan islänine berýän lütfudyr" Nejmeddini Kübra hezretleriniň "Risele ilel-Haim"den saýlananlar. Eý, yhlas bilen Alla-hü tealanyň ýolunda bolmagy arzuw edýän sadyk talyp, daşyňy we içiňi tämizle bu tämizlik bolmasa, mukaddes we ruhy belentliklere ýetip bolmaz. Bu tämizlik üçin aşakdaky on esasy hökman berjaý etmelidir. 1) Beden tämizligi( Mundan maksat, gusl täreti we namaz üçin alynýan täretdir. Ruha ejir çekdirýän we biynjalyk edýän zatlar: umuman, iýmit hökmünde bedene alynýan we köplenç artyk bolan toprak maddasydyr. Bu toprak maddalary ruha ejir çekdirýärler. Suw hem hapany, kiri arassalap ýuwmak üçin ýaradylanlygy sebäpli, adaty täret we gusl täreti bilen beden maddy we ruhy hapalardan arassalanyp päklener we nurlar parlap ugrar. 2) Halwet: Dürli, gereksiz pişelerden gutulyp, sessiz tenha bir ýere çekilip, şol ýerde öz günüňe ybadat bilen meşgullanmakdyr. Munda maksat, nebsi, oýun we güýmenjelerden, özüne zeperi ýetäýjek kişilerden, gereksiz duýgy, düşünje isleglerden daş tutmakdyr. Şeýle bolanynda nebs ejizlär. Munuň tersine kalb güýçlener. Hüşgär we sagdyn bolar. Allahü tealanyň nury bilen aýdyňlanar. 3) Mydama dymmak: Örän zerur bolaýmasa asla gürlemezlikdir. Ynsanlar ýalandan we münapyklardan az gürlemek bilen gutularlar. Ýanyndakylary güldirmek, olary hoş etmek we bir zatlar aýtmak üçin köp kişileriň, sözlerinde köplenç ýalan we başga günäler bardyr. Bir hadysy şerifde şeýle buýruldy: "Ynsanlaryň ýüzinligine oda düşmeklerine sebäp bolýan zat dilleri bilen ekip ormaklaryndan başga näme bolup biler?" Şonuň üçin ulularymyz mydama dymmaklygy saýlapdyrlar: "Eger kimde-kimiň az bolsa sözi Tiz wagtdan açylar onuň kalb gözi." diýipdirler. 4) Yzygiderli oraza( Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem) bir hadysy şerifde şeýle buýurdy: " Oraza, (rozalyny adamlaryň ýamanlyklaryndan goraýan galkandyr)" Nebsiň we şeýtanyň hüjümlerinden we bize çenäp atan oklaryndan bu galkan bilen goranyp bolar. 5) Üznüksiz zikr( Bütin kalbyň bilen, durkuň bilen Allahü tealany ýada salmak, ýatlamak diýmekligi aňladýar. Iň faziletli zikr "La ilahe illalah" diýip aýtmakdyr. Allahü tealanyň duşmany bolan nebs, ynsanyň içine ýerleşdirilendir, mydama Oňa garşy çykmagy, pitne turuzmaga jan edýär, hatda ylahlygyny aýtmaga çenli baryp ýetýän derejede azgyn bolup bilýär. Onuň goşuny we kömekçileri bolan; şeýtan, howaýylyk we şehwet bolsa oňa gop berip, ynsany ebedi peläketlere sezewar etmäge dyrjaşýarlar. Ine, bulara garşy iň faziletli, iň täsirli we iň açyk söz "Lä ilähe illallah"dyr. Bu sözi aýtmaklygy dowam etdirmek, nebsi we goşunyny ýeňlişe sezewar we zelil eder. Ynsan, Allahü tealanyň rugsady bilen bulary ýeňenden soňra, kalby kämilleşer. Allahü tealaga ýakynlyk derejelerine beýgeler. Onuň nury bilen nurlanar. Şondan soň, bu nur bilen gözleriň görmeýän zatlaryny görer, gulaklaryň eşitmejek zatlaryny eşidip biler. Bu zikri dowam etdirmek bilen Allahü tealanyň dosty, Allahü tealada onuň dosty bolar. 6) Teslimiýet: Allahü tealanyň takdyryna razy bolmak we Oňa doly tabyn bolmak diýmekligi aňladýar. Aýaty kerimelerde mealen şeýle buýruldy: "Kimde-kim yhlasly işläp, çyn ýürekden özüni Allahü tealaga tabşyrsa, tabyn kylsa, ol gürrüňsiz iň pugta gulpa ýapyşandyr" (Lukman-22), "Ýagşylyk eden biri hökmünde özüni bütinleý yhlas bilen, Allahü tealaga tabyn eden kişiden, din babatda kim has gowy bolup biler?" (Nisa-125). 7) Hiç zady ýatlamazlyk: Göwnüňe, Allahü tealanyň razy bolan düşünjelerini getirmek, şeýtandan we nebisden gelýän erbet pikirleri bolsa şol bada kalpdan daşlaşdyrmakdyr. Aýaty kerimelerde mealen şeýle buýruldy: "Gürrüňsiz, şeýtanlar siziňle göreşmek üçin, öz dostlaryna hökman pent berýärler" (En’am-121) "Şeýtan sizi garyp düşersiňiz diýip gorkuzar. "Zadyňy eliňde sakla! Eger, sadaka beräýseň, garyp düşersiň" diýer. Size husytlygy we sadaka bermezligi emr eder. Allahü teala bolsa, lütfundan magfyret we bol-elinlik wada berýär" (Bekara-268). 8) Kalbyň ussada( Ýol görkezen alyma) baglanmagy: Kişiniň edep we ylym öwrenen mübärek ussadyny jandan söýüp oňa baglanmagydyr. Toba süresiniň 119-njy aýaty kerimede mealen şeýle buýruldy: "Eý, iman edenler! Allahü tealadan gorkuň (Onuň razy bolmadyk işlerinden daş duruň) we sadyklar bilen bile boluň!" Mürşid, öwlüýälik ýolunda ýöremek isleýän bu talyby, bu ýolda gabat geläýjek gorkulardan, howplardan we zyýanlardan goraýan, onuň çalt öňe gitmegi üçin ýol görkezýän beýik adamdyr. Beýle kişi bilen bilelikde bolmak ullakan bagtyýarlykdyr. Onuň bilen bile bolan, hökman ondan peýdalanar. Bu barada bir hadysy şerifde şeýle buýruldy: "Salyh kişileriň oturlyşyklary, hoşboý yslar satýan atyrjy ýalydyr. Almasaňda ysy burnuňa urar. Erbet adamlaryň oturlyşygy bolsa, demirçiniň ussahanasy ýalydyr. Seni ýakmasada, tüssesi we ysy demligiňi daraldar". 9) Zerur bolýança uklamak: Bu ýolda ilerlemäge jan edýänler, mümkin boldugyndan az uklaýarlar. Ybadatda güýçlenmek üçin uklaýarlar. Niýetleri mäkämdir. Şonuň üçin ukularyda ybadatdyr. Gije birsalym ýatanlaryndan soňra turup ybadatlaryny dowam etdirýärler. Aýratynam säher wagty ybadat we doga etmegi unutmaýarlar. Bu gymmatly wagtda uklamagy, özleri üçin uly ýitgi hasaplaýarlar. Aýaty kerimelerde mealen şeýle buýruldy: "Olar gijelerine örän az (bir sellem) uklaýardylar, säher wagtlary hemişe toba edýärdiler". (Zariýat-17,18) "(Olar, her gije namaz okamak üçin) düşeklerinden turýarlar, azabyndan gorkup we rehnedinden umydygär bolup Reblerine doga edýärler" (Sezde-16). Ukynyň azlygy, kalp gözleriniň açylyp, melekler älemine tomaşa etmegine sebäp bolar. Zeruret möçberinde iýip-içmek: Iýmek we içmek orta hili bolmakdyr. Ybadat edip bilmez ýaly horlanmaklyga eltjek derejede aç galmazlyk, süňňi agyrlaşdyrajak, ybadatda yza goýjak derejede nahar iýmezlik diýmekdir. Ikinji ýagdaý jaýyz hem däldir. Bu barada A’raf süresiniň 31-nji aýaty kerimesinde şeýle buýruldy: "Iýiň-içiň! Emma, zaýa etmäň. Gürrüňsiz, Allahü teala isrip edýänleri söýýän däldir". Bir hadysy şerifde-de şeýle buýruldy: "Aşgazanyň üçden bir nahar üçin, üçden biri-de suw üçin bolmalydyr. Galan kysmy bolsa, dem almak üçin boş bolmalydyr". Ulularymyz mydama az iýipdirler, garny gerk-gäbe doýurmagyň peýda däl, gaýtam tersine ybadatda agyrlyga we gowuşgansyzlyga sebäp boljakdygyny aýdypdyrlar. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Bir gün iýip doýaryn, bir gün aç galaryn" buýurdy. Başga bir hadys-y şerifde şeýle buýruldy: "Ynsan oglunyň dolduran iň erbet gaby-garnydyr". Ata-babalarymyz aşa köp iýmegiň kalby gataltjakdygyny, garaltjakdygyny, ýaltalyga sebäp boljakdygyny, çalt-çalt hajathana gitmeli boljakdygyny we şunlukda wagty biderek geçirjekdigini, netijede bolsa dürli ybadatlary we peýdaly işleri etmäge päsgel berjekdigini, açlygyň örän peýdalydygyny nygtap gidipdirler. Ymamy Şibliden "Ýakyn näme?" diýip soranlarynda: "Açlyk, açlyk, açlyk" diýip jogap beripdir. Beýik bir öwlüýä naharda diňe çorba iýýärdi, çörek iýmeýärdi. Näme üçin beýdýäň diýenlerinde: "Bir döwüm çöregi çeýnemek üçin gerek bolan wagtyň geçjekdigine ýüregim awaýar. Şol wagtyň içinde Kuran-y kerimden elli aýaty Kerime okamaga ýetişerin" buýurdy. Nejmeddini Kübra hezretleriniň "Fewaih-ul-jemal" eserinden saýlamalar: Allahü tealanyň ýolunda ýöremegi arzuw edýän söýgüli dostum! Gözleriňi ýum! Göreli hany, nämeler görýärkäň. Eger "Hiç zat göremok" diýýän bolsaň, ýalňyşýarsyň. Bu nädogry. Aslynda sen şol wagt görüp dursuň. Emma, bedeniň we görünişdäki barlygyň garaňky bolmagy, seniň görmegiňe päsgel berýär. Eger, gözleriň ýapykka görüp bilmeýän, emma aslynda bar bolan zatlary görmek isleýän bolsaň, o garaňkylygy ýok etmelisiň we kalp gözüňi açmalysyň. Bu garaňkylyga sebäp bolýan zatlary özüňden daşlaşdyrmaly borsuň. Bular; seniň menligiň, nebsiň we şeýtandyr. Bulardan gutulmagyň ilkinji şerti: bedeniňi ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişdirip, bedene alynýan iýmiti azaltmaktadyr. Çünki, nebis we şeýtan mundan güýç alyp saňa topulýarlar. Allahü tealaga gowuşdyrýan ýolda öňe düşýän hakyky görkezijiniň terbiýesini alyp ýetişmek we bu ýoldakylaryň berjaý etmegi tabşyryp giden düzgünlerine uýmak hem elbetde zerur bolup durýar. Wagt: Wagt ýiti gylyç mysaly bir zatdyr. Beýle bolmasady, oýlanyp-ölçermek üçin saňa möhlet bererdi. Beýtmän, geçip gidýänligi üçin, onuň ýiti gylyç ýalydygy mälimdir. Tasawwuf ýolundaky sopulara Ibn-ül-wagt diýýärler. Munuň sebäbi şu; beýle adam ne-hä öwrülip geçmişe sereder, ne-de geljege. Şu pursady, geçip duran wagty sarpaly tutmaga çalyşýarlar. Geçmiş we geljek barada pikir etmekligiň, edil şu pursatda geçip duran wagty biderek geçirýänligi üçin, olar munuň bilen wagt geçirmeýärler. Welileriň käbir alamatlary: Allahü tealanyň welisi (dosty) bolan kişiniň alamatlarynyň biri; onuň Allahü teala tarapyndan goralýanlygydyr. Weli bolan kişi, Allahü tealanyň dürli-dürli lütuflaryna gowşup, Ony isleýändir, Ony gözleýändir we Onuň alamatlaryndan biride, dogasynyň kabul edilmegidir. Welileriň her birine, Allahü tealanyň atlaryndan Ismi-A’zam (beýik at) berilýändir. Weli hem şol ady tutup doga eder we dogasy kabul bolar. Bir adam Baýazidi Bistami hezretlerinden Ismi-A’zamyň, Allahü tealanyň iň beýik adynyň nämedigini sorady. Ol: "Maňa, Allahü tealaga degişli bolan Ismi-Asgary (iň kiçi at) görkez. Men hem saňa Ismi-A’zamy (iň beýik at) görkezeýin" buýurdy. Bu jogap sorag bereniň göwnüne ýarady we "Hawa, Onuň ähli ady beýikdir" diýdi. Tewekkül: Allahü tealanyň habar beren ähli meselelerinde we her işde Oňa ynanmak, takdyrda bir zat bar bolsa ondan gutulmagyň mümkin däldigini bilip, Allahü tealanyň eradasyna (erkine) tabyn bolmakdyr. Şunlukda, Ondan geljek bar zada kaýyl bolanlygy üçin özi rahat bolar. Şunlukda eýesiniň, ýagny Allahü tealany hem gynandyrmadygy bolar. Eline geçen zatlar üçin begener, ýöne mesremez. Öz ýagdaýyny düzetmegiň gamyny iýer. Zerre ýaljak ýagşylyk edeniň sylagyny aljakdygyny, zerre ýaljak ýamanlyk edeniň-de hasabyny berjekdigine gözi ýetýänligi üçin, özüne sütem edenleri özi jezalandyrjak bolup durmaz. Ony bagyşlar. Özüne edilen ýamanlygyň jezasynyň nähiliräkdigini, ölçegini bilmeýänligi üçin Allahü tealaga tabşyrar. Özüne ýagşylyk edenede jogap bermekden ejizligi barada oýlanyp onyda Allahü teala tarapyn edilenligi barada pikir etmelidir. Ähli zadyň, Allahü tealanyň islegi we takdyry bilen ýüze çykýandygy hakynda oýlanmalydyr. Hadid süresiniň 22,23-nji aýaty kerimelerinde, mealen, şeýle buýruldy: "Bir kitapda (Lewhi mahfuzda Allahyň ylmynda) ýazylmadyk bolsa, biz ýaratmazdan öň ne ýerde (gytlyk we gurakçylyk ýaly), ne-de (keselçilik we apat kimin) nebisleriňizde bela-beter başyňyza gelmez. Munuň Allahü teala üçin örän aňsatlygy barada gürrüň hem bolup bilmez. Dünýäde boljak ähli zatlar, dünýä ýaradylmazdan öň ezelde Lewhi mahfuza ýazylandyr, takdyr edilendir. Muny, durmuşda sypdyran amatly pursatlaryňyza gynanmazlygyňyz, gowuşan gazançlaryňyza, Allahü tealanyň iberen nygmatlaryna buýsanmazlygyňyz üçin habar berýäris. Allahü teala tekepbirleri, diňe özünü bilýänleri söýýän däldir." Öljekligine we Allahü tealaga hasap berjekligine gözi ýetik adam, hem başgalara ýamanlyk etmek, özüne ýamanlyk etselerde muňa garşylyk bermek barada pikir edermi? Aýdyşlaryna görä, biri aryf, mübärek kişiniň sarygyny alyp gaçýar. Aryf kişi, büs-bütin ters tarapdaky gabrystana ýönelýär. O taýda ondan: "Ol adam siziň sarygyňyzy alyp o tarapa gaçyp gitdi. Siz bolsa onuň yzyndan gitmegiň deregne yza öwrüldiňiz. Gaýtam tersine bu gabrystana geldiňiz. Munuň sebäbi näme?" diýip soradylar. Onda hälki aryf kişi: "Nirä çenli gaçyp biler? Nirä gaçsa gaçsyn, iň soňunda geljek ýeri şu taýy dälmi näme?" diýip jogap berdi. Adamlaryň aýlanyp-öwrülip geljek ýerleriniň gabyr bolşy ýaly, kalplar-da Allahü tealaga sygynýandyr. Nejmeddini Kübra hezretleriniň "Risaleýi Nejmüddin" diýen eserinden saýlamalar: Abdullah bin Ömeryň (r-anhüma) göçüren bir hadys-y şerifinde şeýle buýruldy: "Jan bogazdan çykmanka, Allahü teala guluň tobasyny kabul eder". Sehl bin Abdullah (r.a) şeýle buýurýar: "Tobada esasy zat; erbet hereketlerden ýagşy we ajap işlere ýönelmeli, halal iýmeli, agzalaryny erbetliklerden, haramlardan goramaly we bularyň ählisini berjaý edebilmek üçin Allahü tealadan kömek soramalydyr" "Tobanyň birnäçe manysy bar: 1) Günäň üçin puşman etmek. 2) Bu günä işi gaýdyp etmezlige kesgitli karar bermek. 3) Terk edilen parzlary kaza edip ýerine ýetirmek. 4) Nebse günäniň lezzetinden dadyrşy ýaly, oňa göreşmegiň tagamynyda dadyrmak". Ibni Ata (r.a) şeýle diýýär: Toba, inabe we ijabe tobasy diýlip ikä bölünýär. Inabe tobasy, jezalandyrmakdan gorkulyp edilen tobadyr. Ijabe tobasy bolsa, diňe Allahü tealanyň söýgüsi bilen edilen tobadyr." Zünnuny Myry (r.a) şeýle buýurýar: "Her agzanyň bir tobasy bardyr. Kalbyň tobasy, günäleri terk etmek babatynda kalbyň eserdeň bolmagydyr. Gözüň tobasy; haramlara sýeretmezlik, eliň tobasy; özüňe degişli bolmadyk zady almazlyk, gulagyň tobasy; batyl zatlary diňlemezlik, garnyň tobasy; halal iýmek; edep ýerleriniň tobasyda; erbet işlýerden, zynadan daş durmakdyr." Ýene Ibni Ata (r.a) aýdýar: "Tobanyň diňe el bilen etmän, eýsem işi bilende toba edenligini tassyklan adamyň tobasy kabul bolar". Wera (Haramlardan we şübheli zatlardan örän ätiýaç etmek): Hasan basry (r.a) şeýle buýurýar: Weranyň üç alamaty bardyr 1) Gazaply wagtynda-da, parahat ýagdaýyňda-da adalatly bolmak. 2) Agzalary erbetlikden we özgelere ýamanlyk etmekden gorap saklamak 3) Hemmeler bilen gowy gatnaşykda bolmak, tanyşlara, dost-ýarlara gün-güzerany üçin hemaýat etmek we bulary dowam etdirip, Allahü tealanyň razylygyna gowuşmak üçin tagala etmek. Diniň asly weradyr. Bişr bin Haris (r.a) şeýle buýurýar: "Iň kyn iş üç sanydyr 1) Özüň mätäç wagtyň jomartlyk etmek. 2) Hiç kimiň ýok ýerinde, ýalňyzlyk ýagdaýynda-da wera we takwa eýesi bolmak (erbetlikden gaça durmak) 3) Gorkulýan ýa-da käbir bähbitlere garaşylýan adamyň ýanynda-da çekinmän hakykatlary aýdyp bilmekdir." Ýunus bin Ubeýd (r.a) aýtdy: "Wera, ähli şübheli zatlardan tämizlenip, her dem nebsi hasaba çekmeklikdir". Sehl bin Abdullah (r.a) buýurdy: "Dünýäni terk etmek (ýagny, haram we şübheli zatlardan saklanyp, mübahlary ulanmak) weranyň başlangyjydyr" Zühd (dünýä köňül bermezlik, şübheli bolaýmasyn diýen gorky bilen mübahlaryň köpüsini terk etmek): Sehl es-Saidi gürrüň berýär: "Bir adam Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) ýanyna gelip: "Ýa, Resulullah! Maňa şeýle bir iş görkeziň welin, bu işi eden wagtym meni, hem-ä Allahü teala, hem-de adamlar söýsün" diýdi. Onda Resulullahymyz şeýle buýurdylar: "Dünýä köňül bermeseň, Allahü teala seni söýer. Ynsanlardaky zada göz dikmeseň, ynsanlar seni söýer". Muhammed bin Hüseýin (r.a) şeýle diýýär: "Dünýäde zühd; halal gazanyp iýmekdir". Abddullahy Antaki (r.a) şeýle gürrüň berdi: "Zühd, dört zatdan ybaratdyr. 1. Işleri Allahü teala goýmak. 2. Ynsanlardan daş durmak. 3. Yhlas (Ähli zady Allahü tealanyň razylygy üçin etmek. 4. Kynçylyklara we belalara sabyr etmek." Ýahýa bin Muaz şeýle buýurdy: "Hakyky zahid (zühde eýe kişi), dünýäni terk edişi, ony isleýşinden we goraýşynda agyr basýan kişidir." Hadid süresiniň 23-njy aýaty kerimesinde, mealen şeýle buýruldy: "Dünýäde boljak ähli zatlar, dünýä ýaradylmazdan öň ezelde Lewhi mahfuza ýazylandyr, takdyr edilendir. Muny, durmuşda sypdyran amatly pursatlaryňyza gynanmazlygyňyz, gowuşan gazançlaryňyza, Allahü tealanyň iberen nygmatlaryna buýsanmazlygyňyz üçin habar berýäris. Allahü teala tekepbirleri, diňe özüni bilýänleri söýýän däldir". Beýikleriň biri: "Zühdüň asly, bu aýatda habar berilýän zatdyr" buýurdy. Ýene beýiklerden biri aýtdy: "Zühd; nebsewürligi, tamakinligi goýup, känräk salyh (dine laýyk gowy işler) işler etmekdir". Ýene aýtdylar ki: "Zühd, mahluklaryň (ýaradylanlaryň) söýgüsini kalpdan çykaryp, ýalňyzlygy islemekdir". Ebu Türab Nahşebi (r.a) gürrüň berdi: "Bir adam Hatimi Esamyň (r.a) ýanyna gelip, zühdüň başynyň, ortasynyň we soňunyň nämedigini sorady. Hatimi Esamy oňa jogap hökmünde: "Zühdüň başy Allahü tealaga ynanmak, ortasy yhlas we soňy-da sabyrdyr" diýdi". Buýruldy ki: "Zühd, bir zady diňe mätäçligiňi giderjek mukdarda saklamak, artykmajyny terk etmekdir". Beýikleriň biri şeýle buýurdy: "Eliňdäki zadyň kimiň ryskydygyny bilip bilmersiň. Gözleýän zadyň niredeligini hem bilmersiň. Resulullah (s.a.w) şeýle buýurdy: "Kimde-kim, dünýä köňül bermän, ahyrete köňül berse, Allahü teala onuň kalbyndan dünýäniň söýgüsini çykarar. Baýlygy gözüniň öňünde goýar. Ol dünýäde, diňe özi üçin takdyr edilip bölünen zada gowşar". Hatimi Esam şeýle buýurdy: "Zühd, üç zatdyr. 1) Dünýäni terk etmek 2) Dünýä ähmiýet bermezlik 3) Başgalary özünden ýokarda goýmak, isarly bolmak". Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) bir hadys-y şerifde şeýle buýurdylar: "Ylmyny artdyryp zühdüni (dünýä köňül bermezlik) artdyrmaýan adam, Allahü tealanyň gazabyny artdyrar". Ebu Bekri Werrak (r.a) şeýle buýurdy: "Zühd, üç harpdan ybaratdyr: ze, he we dal. "Ze" dünýä zynatyny terk etmek, "He" howaýylygy, nebsiň isleg arzuwlaryny terk etmek, "Dal" bolsa dünýäni terk etmek diýmekligi aňladýar." Zahidlerden bir adam, Ebu Ýezid-i Bistani (r.a) görmäge gelipdi. Sataşanlarynda Ebu Ýezid ondan: "Haýsy derejedesiň?" diýip sorady. "Zühd derejesinde" diýip jogap berende, ýene-de "Zühdüň haýsy babatda?" diýip sowal berdi. Ol: "Zühdüm dünýädedir" diýip jogap berdi. "Seniň zühdüň "Lä zat baradadyr. Sebäbi dünýä, owwalynda-da soňunda-da hiç zat däldir. Şol zerarly dünýä "Lä zat” - hiç zat däl" diýilýär" buýurdy. Ol adam bu söze örän haýran galyp: "Ýeri siz haýsy derejede?" diýip özüne sorag berdi. "Zühd derejesinde" diýeninde: "Zühdüňiz näme zada? diýdi. Onda Ebu Ýezidi Baýezidi Bistami hezretleri: "Zühdüm keramatlara, hallara we makamlarydyr (ýagny, men açyş etmek we keramat görkezmek barada oýlanmaýaryn we gyzyklanmaýaryn. Rebbimi razy etjek bolup jan edýärin)" buýurdy. Sabyr (Haýsydyr bir bela-beterlere, ylym öwrenilende çekilýän zähmetlere we günä iş etmezligi dowam etdirmegiň kynçylyklaryna çydam etmek): Enes bin Mälik hezretleriniň Hz. Resulullahdan (sallalahü aleýhi we sellem) habar berýän hadys-y kudside Allahü teala şeýle buýurýar: "Gulumyň başyna bir bela-beter gelip, muňa sabyr etse we halyny sorap gelenleriň ýanynda zeýrenmese, oňa öz etinden has haýyrlarak et, öz ganyndan has haýyrlarak gan bererin (onuň üçin ýaradaryn), onuň hiç hili günäsi galmaz. Eger, wepat edäýse rehnedime gowuşar". Zeýnelabidin Aly bin Hüseýin (r.a) şeýle buýurdy: "Bu gün tagat, tabynlyk hususynda sabyr etmeklik, ertir ahyretde azaba çydajak bolmakdan has aňsatdyr". Hasany Basri (r.a) şeýle buýurdy: "Mü’miniň ahlagy; baý wagtyň tygşytlylyk, giňişlikde şükür, bela we howp abananda sabyr etmekdir". Sehl bin Abdullahdan (r.a) sabry soranlarynda, sabryň dört hilidigini aýtdy: "1. Bela-beterlere sabyr, 2. Ybydatlary dowam etdirmekdäki sabyr, 3. Ynsanlaryň ezetlerine garşy sabyr, 4. Garyplyga sabyr etmek. Bela-beterlere sabyr eden wagtyň sylaga we sogaba gowuşarsyň. Ybadat etmelige sabyr eden mahalyň Allahü tealadan hemaýat görersiň. Ynsanlaryň ezetlerine sabyr etseň, adamlar seni eý görerler. Garyplyga sabyr etseň, Haky razy edersiň. Sabyr; nebse, arzuw we isleglerinden el çekdirmekdir". Takdyra razy bolmak! Hadys-y kudside Allahü teala şeýle buýurdy: "Kimde-kim, meniň takdyryma razy bolmasa, beren belama sabyr etmese we nygmatlaryma şükür etmese, özüne başga Reb gözlesin". Harisi Muhasibi (r.a) şeýle buýurdy: "Razylyk, höküm ýerine ýetirilýärkä kalbyň parahat bolmagydyr". Hatimi Esam (r.a) buýurdy ki: "Eger, Allahü tealanyň söýgüli guly bolmak isleseň, Allahü tealanyň takdyryna razy bol! Ýerde we gökde tanalasyň gelýän bolsa, hakykata ýapyş!" Jüneýdi Bagdady (r.a) şeýle buýurdy: "Razylyk, Allahü tealadan gelen bela we peläketi nygmat hökmünde kabul etmekdir". Musa aleýhisselam Allahü tealadan: "Ýa, Rebbi! Seniň gullaryndan iň barlysy kim?" diýip soranynda: Allahü teala: "Meniň berenime kaýyl bolýan kişidir" buýurdy. Tewekkül: Allahü teala, Talak süresiniň üçünji aýaty kerimesinde şeýle buýurýar: "Kimde-kim, Allahü tealaga tewekkül etse, Allahü teala oňa ýeterlikdir". Ömer bin Hattabyň (r.a) habar beren hadys-y şerifinde, Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Allahü tealaga doly tewekkül etsediňiz, guşlaryň ryskyny berşi ýaly, sizede ibererdi. Guşlar säher bilen garynlary boş we aç ýagdaýda uçup gidýärler. Agşam garynlary dok ýagdaýda öwrülip gelýärler". Ebu Hüreýräniň (r.a) habar beren hadys-y şerifinde şeýle buýruldy: "Ybraýym aleýhis-selamy oda zyňanlarynda: "Hasbiýallah we ni’mel wekil (Maňa Allahym ýetişer. Ol ne gözel wekildir we ne gözel kömekçidir)" diýdi". Sehli Tüsteri (r.a) şeýle buýurdy: "Tewekkül mertebeleriniň başlangyjy, guluň Allahü tealaga tabynlygynyň, öliniň özüni ýuwýana tabşyryşy ýaly bolmagydyr". Baýezidi Bistami (r.a) şeýle buýurdy: "Tewekkül, wekil hökmünde Allahü tealadan razy bolmak, rysk üçin gaýgylanmazlyk, ömrüňi, şu günki günden ybarat diýip kabul etmekdir. Tamakin bolmazlyga, wagtyňy ybadat we tagat bilen geçirmeklige çalyşmakdyr". Ýakyn: Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Sabyr, imanyň ýarysydyr. Ýakyn bolsa, imanyň barydyr". Zünnuny Mysry hezretleri şeýle buýurdy: "Ýakynyň alamaty; erbet gylyklara garşy çykmak, özüňe gelen ýagşylyklary adamlardan däl-de, Allahü tealadan bilmekdir". Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Hiç kim, ýakyndan soňra, Allahü tealadan, saglykdan has möhüm bir zat islän däldir". Jüneýdi Bagdady (r.a.) şeýle buýurdy: "Ýakyn, betgüman bolmazlakdyr". Dymmak: Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Kimi sag-salamatlyk begendirýän bolsa, dymmak onuň sungaty bolsun". Isa aleýhisselam-da şeýle buýurdy: "Allahü tealany ýatlamakdan başga hemme zatda dymmalydyr. Sebäbi, köp söz, kalbyň gatylygyny (doňýürekligi) artdyrýar". Lukman Hekim ogluna şeýle pent etdi: "Eý ogul! Söz kümüş bolsa, dymmak altyndyr. Geplänim üçin kän ökündim, emma dymanym üçin puşman etmedim". Zünnuny Mysrydan iň sabyrly adamyň kimdigini soranlarynda: "Diline iň köp eýe bolýan kişidir" buýurdy. Eshaby Kiramdan biri Resulullahyň ýanyna gelip: "Maňa nesihat ediň, ýa Resulullah!" diýeninde, mübärek dillerini yşarat etdiler. Ýagny, "Diliňe pugta bol" buýurdylar. Reja: (Allahü tealanyň rehnedinden umytly bolmak): Allahü teala, Zümer süresiniň 53-nji aýaty kerimesinde, mealen, şeýle buýurdy: "(Ýa Muhammed! Gullaryma meniň tarapymdan) şeýle diý: "Eý, (günä iş etmekde) nebislerine garşy hetden aşan gullarym! Allahü tealanyň rehnedinden (we toba etseňiz, tobaňyzy kabul etjegimden) umydyňyzy kesmäň!". Allahü teala bir hadys-y kudsyide şeýle buýurdy: "Eý, Adam ogly! Maňa doga edip (menden isläp) umyt eden wagtyň, ýer ýüzüni doldurjak möçberde-de bolsa, men seniň günäleriňi öterin we bagyşlaryn". Hz. Aly bir ogluna şeýle buýurdy: "Oglum! Ähli haýyrlar we edilen ybadatlar seniňki hem bolsa, bular seni halas edip bilmez diýen gorky bilen Allahü tealadan gork! Dünýädäki hemme pitneler we günäler sende bolsa-da, Allahü teala bulary öter we bagyşlar diýen umyt bilen Allahü tealadan umydygär bol!". Ebu Abdullah bin Asym Antaki (r.a.) şeýle buýurdy: "Kimiň Allahü teala baradaky umydy içgin we dogry bolsa, Allahü tealadan janypkeşlik bilen islär. Kimde-kim, Allahü tealadan umyt edip-de, talap (islemek) üçin gaýrat etmese, Oňa garşy höçjetlik etdigi bolar. Allahü teala barada gowy pikir edýän adamyň amalyda (işide) ajap bolar". Garyplyk: Ma’rufy Kerhi (r.a.) buýurdy: "Allahü teala bendesi üçin haýyr isläninde, ony gowy işler bilen meşgul eder. Ony nebsine goýmaz we garyplaryň söhbeti bilen rysklandyrar". Abdullah ibni Abbas (r. anhüma) şeýle buýurdy: "Allahü teala, özüne doga etmegi üçin mü’min guluna garyplyk berer". Baýezidi Bistamiden (r.a.) garyplygy soranlarynda: "Daş görnüşi kynçylyk, aslynda welin nygmatdyr" diýip jogap berdi. Açlyk: Ebu Süleýmany Darany (r.a.) şeýle buýurdy: "Açlyk, ybadatyň esasydyr, diliň goragçysydyr, mäkäm galadyr. Dünýä söýgüsi, her hili erbetligiň başydyr. Açlyga ýapyş! Sebäbi açlyk, nebsi peselder, kalby inçelder, ýukaýürek eder". Ýene Ebu Sülemany Darany (r.a.) şeýle diýýär: "Halaldan ýekeje lukma az iýmekligi, agşamdan ir ertire çenli namaz okamakdan gowy görýärin. Çünki garyn gerk-gäbe bolanda, kalby gapyllyk bolar. Adam Rebbini undar. Halalyň artykmajy şeýle edýän bolsa, eýsem garnyny haramdan dolduranlaryň ýagdaýy nähili bolarka?". Fudaýl bin Yýad (r.a.) şeýle buýurdy: "Iki zat kalby garaldýandyr. Kän iýmek we kän uklamak". Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) buýurdy: "Az gülmek bilen kalplaryňyza timar beriň! Açlyk bilen olary arassalaň!". Ýahýa bin Zekerriýa (a.s.) Iblisi görüp: "Eý melgun! Adam ogluny iň parahat wagty haçan tutýarsyň?" diýip soranynda: "Adamogly doýýança iýeninde we ganýança içeninde" diýdi. Nebsiň arzuw we isleglerini terk etmek: Hz. Alynyň aýdan hadys-y şerifinde buýruldy ki: "Kimde-kim, Jenneti köp arzuw etse, haýyrly işlere ylgar. Kimde-kim, Jähennemden gorksa, şehwetlerden (nebsiň arzuw we isleglerden) ýüz öwrer. Ölümi ýatlaýan, pikir edýän kişi, lezzetlerden el çeker". "Dünýä köňül bermedik adama, bela-beterler ýeňil görner". Ýahýa bin Mu’azdan (r.a.) "Dogruda bolmagyň alamaty näme?" diýip soranlarynda: "Nebse garşy çykmakdyr" buýurdy. "Nebse garşy çykmaklygyň alamaty näme? Diýenlerin-de; "Nebsiň arzuw we isleglerini terk etmekdir" buýurdy. "Günä işlemegiň sebäbi näme?" diýleninde; "Nebsiň arzuw we islegleridir"buýurdy. Hz. Aly ogly Hz. Hüseýine; Nejatyň (gutulyşyň) üç zatdadygyny habar berdi. "Dogry ýolda bolmak, takwa bolma we nebsiň isleg-arzuwlaryny terk etmekdir". Tasawwuf: Syrry-ýy Sekati (r.a) şeýle buýurdy: "Sopy, gün kibidir. Hemmeler ony görer. Peýdasy hemmä ýeter. Hemme adam onuň aýdyňlygyndan peýdalanar". Baýezidi Bistami (r.a.) şeýle buýurdy: "Tasawwuf, nebsi zyňmakdyr". Aýaty kerimelerde mealen şeýle buýruldy: "Mü’minlerden şeýle erkekler boldy welin, Allahü tealaga beren sözlerine wepaly boldular". (Ahzab-23) "Nije kişiler bar welin, ne-hä söwdegärlik, ne-de aluw-satuw, olara, Allahü tealany ýatlamaklaryna, namaz okamaklaryna we zekat bermeklerine päsgel berip bilmez" (Nur-37). Yhlas: Bir hadys-y kudside Allahü teala şeýle buýurdy: "Yhlas, meniň syrlarymyň biridir, ony söýen gullarymyň kalbyna goýaryn". Ubidiýýet: Hadys-y şerifde şeýle buýruldy: "Allahü tealanyň iň köp razy eden kişi, Allahü tealaga ybadat edip ýetişen nowjuwandyr. Allahü teala, beýle kişiler üçin meleklerine: Meniň hakyky gulum" buýurandyr". Ybraýym bin Edhem (r.a.) bir hyzmatkär satyn aldy. Hyzmatkärden: "Sen näme iýýärsiň?" diýip sorady: Ol: - Maňa näme berseň şony iýerin - - Näme geýýärsiň? - - Maňa näme geýdirseň şony geýerin - - Seniň adyň näme? - - Maňa nähili at goýsaň, meniň adym şol bolar - - Nähili iş edersiň? - Nähili emir etseň şony berjaý ederin -diýeninde , Ybraýym Edhem (r.a.) "Seniň erk-ygtyýaryň, eradaň (erki) ýokmy?" diýdi. Ol: "Eýäniň ýanynda guluň eradasy bolup bilmez" diýdi. Hyzmatkäriniň bu jogabyny eşidip, Ybraýym bin Edhem öz-özüne: "Eý misgin eýsem sen ömür boýy Hak tealaga şeýle gul bolup bildiňmikäň? Gullugy şu adamdan öwren" diýdi we aglap özünden geçdi. Allahü tealaga garşy edep: Allahü teala, Aly Imran süresiniň 159-njy aýaty kerimesin-de, Söýgüli Pygamberine ýüzlenip, mealen, şeýle buýurýar: "Eger, gödek (mähirsiz, erbet gylykly, rehimsiz) doňýürek bolsadyň, elbetde, hökman olar (Eshaby kiram) seniň töweregiňden dyr-pytrak bolup giderdiler. Bir hadys-y şerifde buýruldy ki: "Bir kimsäniň çagasyny terbiýelemegi onuň üçin her gün ýarym sadaka berenden has haýyrlydyr". Süfýany Sewri (r.a.) şeýle buýurdy: "Gözel edep, Allahü tealanyň gazabyny giderer". Ýusup bin Esbat (r.a.) buýurdy: "Edebiň alamatlary; ýalňyşmakdan we öte geçmekden howatyr edip, diliňi dişlemek, erbet sözi aýtmazlyk, dostlaryňa we egindeşleriňe köp ýagşylyk etmek, olar gepini gutarmanka sözüni kesmezlik, olaryň mätäçlikden çykar ýaly mukdarda kömek etmek, gürrüňdeşiň ýanynda bir aýagyňy beýleki aýagyň üstüne atmazlykdyr". Gözel ahlak: Allahü teala, Resulullahy (sallalahü aleýhi we sellem) öwüp, Kalem süresiniň 4-nji aýaty kerimesinde, mealen: "Şübhesiz sen, ýagşy gylykly edilip ýaradyldyň" buýurdy. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) bir hadys-y şeirfde şeýle buýurdy: "Kyýamat güni mizanda iň agyr geljek zat, gözel ahlakdyr". Başga bir hadys-y şerifde-de: "Kişi, gözel ahlagy sebäpli, gündiz oraza tutup, gije ybadat edýän kişiniň derejesine ýeter". Hz. Aýşe enemizden, Resullulahyň (sallalahü aleýhi we sellem) ahlagy barada soranlarynda: "Onuň ahlagy, Kuran-y kerim ahlagydy" diýip jogap berdi. Ýusup bin Esbat, gözel ahlagyň alamatlaryndan käbirleri barada şeýle habar berýär: Az garşy çykmak, adamlaryň aýyplaryny gözlemezlik, islenmeýän ýagdaýlara sabyr etmek, nebsiňe igenmek, tankytlamak, öz aýyplaryň bilen meşgul bolmak, uly-kiçi hemmä güler ýüz görkezmek, dünýä mertebesi näme bolsa bolsun, hemmä ýumşak çemeleşmek. Aly bin Ebi Talyp (r.a.) şeýle buýurdy: Gözel ahlak üç sanydyr 1. Jogapkärçilikli işlerden uzak durmak. 2. Halal gazanyp iýmek. 3. Çaga-çugalaryň geçimini saglamak. Jüneýdi Bagdady (r.a.) şeýle buýurdy: "Kimde şu dört häsiýet, aýratynlyk bar bolsa, bu häsiýetler ony belent derejelere gowuşdyrar. Hem Allahü tealanyň öňünde hemde ynsanlaryň ýanynda gadyr-gymmaty artar. 1. Ýumşaklyk we sabyrlylyk, 2. Ylymly bolmak, 3. Eli açyk bolmak, 4. Gözel ahlakly bolmak. Şu dört häsiýet bolsa, eýesini iň pes derejelere düşürer. Allahü tealanyň öňünde we ynsanlaryň ýanynda halanmaýan adam bolar. 1. Tekepbirlik, ulumsylyk, 2. Ujb amallaryňa buýsanmak, 3. Gysgançlyk, 4. Erbet ahlak". Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) bir hadys-y şerifde buýurdy: "Siziň maňa iň ýakynyňyz, Allahü tealanyň huzurunda ahlak taýdan iň gowyňyzdyr". Beýiklerden biri şeýle buýurdy: "Gözel ahlak; köp zat berseňde az görmegiň, saňa berlen azajyk zadyda köp görmegiňdir". Haýa: Bir hadys-y şerifde Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Haýaimandandyr". Ebu Süleýmany Darany (r.a.) şeýle buýurdy: "Gul haýaly bolsa, haýyrly we gowy işlere ýapyşýandyr. Haýa kalba ýerleşen mahaly, nebsiň arzuw we islegleri ondan daşlaşýandyr". Lukman Hekim ogluna şeýle pent etdi: "Oglum! Adamlaryň ýanynda aýtmakdan çekinip utanýan zatlaryňy kalbyňdan aýryp taşla!" Zeýd bin Sabit (r.a.) şeýle buýurdy: "Allahü tealadan haýa etmeýän kişi, adamlardan-da utanmaz". Sehli Tüsteri (r.a.) şeýle buýurdy: "Apatlaryň başlangyjy, nadanlyk, soňra nebsiň isleg-arzuwlaryna meýil etmek, soňra-da utanç-haýadan daşlaşmakdyr". Aly (r.a.) buýurdy: "Özüni tanamaýan adamlara nesihat bermeýän, mahluklara mähirli bolmaýan, Rebbinden haýa etmeýän, günälerine ökünmeýän kişi, dünýäniň bela-beterlerinden we ahyret azaplaryndan neneň halas bolar?". Hüsni zan: Beýiklerden biri şeýle buýurdy: "Her täjiriň maýasy bardyr. Aryflaryň maýasy-da, Allahü teala barada gowy we ajap pikirlere eýe bolmaklarydyr". Hasany Basri (r.a.) şeýle buýurdy: "Siziň biriňiz Rebbine garşy pitne çykarar, günäkär bolar. Soňra bolsa: "Men Rebbim barada gowy pikir edýärin, hoşniýetlidirin" diýýändir. Eger, hakykatdan-da, Rebbi barada hoşniýetli bolsady, munuň täsiri edýän işlerine-de ýeterdi. Bu barada Fussilet süresiniň 23-nji aýaty kerimesinde (beýle adamlar üçin) mealen: "Ynha, Rebbiňize garşy edýän bu pikiriňiz sizi heläk etdi we zyýan çekenlerden bolduňyz" buýrulýandyr". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |