06:07 Öwlüýäler: Semani, Zeňňi ata | |
SEMANI
Taryhy şahslar
(Abdülkerim bin Muhammed Temimi) Mary şäherinde ýetişen tefsir, hadys we taryh alymy. Şafii mezhebiniň meşhur fykyh we hadys alymydyr. Ady Ebu Sad bolup, doly ady Abdülkerim bin Muhammed bin Mensur bin Muhammed bin Abdüljepbar es-Semanidir. "Täç-ül-Yslam", "Muin-üd-din" we "Kywam-üd-din" diýen lakamlary bilen giňden tanalypdyr. Seman tiresiniň kethudasydy. Atasy we ata-babalary hem alym we kethuda bolupdyr. 506-njy ýylyň (m.1113) Şaban aýynda Mary Şäherinde dünýä inýär. Ylym öwrenmek we hadys-y şerif diňlemek üçin uzak wagtlap; Horasany, Maweraünnehri, Yrakeýni, Jeziräni, Siriýany, Hijazy we başga-da birgiden şäherleri we ýurtlary aýlanypdyr. Şejere ylmy barada, şol wagta deňiç deňi-taýy görülmedik "Kitap-ül-ensab" diýen sekiz tomluk gymmatly eserini ýazdy. Üç tomluk "Muhtasarynyň" owazasy dag aşyp, elden-ele geçipdir. Mundan başga, Bagdadynyň "Taryhy Bagdady" üçin on bäş tomluk "Zeýl" we Mary şäherini jikmejik edip, ýigrimi tomluk görnükli taryhyny ýazypdyr. Ogly Ebu Muzaffer Abdyrrahym üçin ýazan "Mujem-ül-meşaihi" we başga-da kän eserleri bardyr. 562-nji ýylda (m.1166) Maryda aradan çykdy. Marynyň öwlüýäliginde jaýlandy. Şafi fakihleriniň ýaşulylaryndan biri bolan Semanini, öňürti atasy 509-njy ýylda (m.115) Nişapura äkidýär. O taýda, Abdülgaffar eş-Şiruwi, Ebul-Ala Ubeýd bin Muhammed el-Ku-şeýri we ýene nije alymlaryň söhbetine eltip, hadys-y şerif diňlemegini ýola goýdy. Atasy oňa Marydaka-da Ebu Mensur Muhammed bin Aly el-Kuraýydan başga alymlardan hadys-y şerif diňledipdi. Atasy 510-njy ýylda (m.1116) dünýäden ötdi. Ogluny terbiýelemegi we ylymly adam etmegi, beýik alym we "Talika" kitabynyň eýesi Ybraýym el-Merruzä wesýet etdi. Semani ondan fykyh ylmyny öwrendi, onuň ahlagyny aldy. Agalarynyň we garyndaşlarynyň arasynda ese-bol geldi. Kämillik çagyna girensoň, Kuran-y kerimi ýat tutdy we fykyh ylmyna ýöneldi. Hadys ylmy we hadys-y şerif diňlemek bilen meşgul boldy. Hristianlaryň golastyndaky Beýt-ül-Mukaddese (Kudüs şäherine) zyýarata bardy. Iki sapar haja gitdi. Nişapurda; Ebu Abdullah el-Ferariden, Zahir eş-Şehamiden we ol ikisiniň ugrundan bolan alymlardan, Yspyhanda; Hüseýin bin Abdülmälik el-Hallaldan, Said bin Ebu Rejadan we ol ikisiniň ugrundan bolan alymlardan, Bagdatda, Ebu Bekr Muhammed bin Abdülbaky el-Ensarydan we onuň yzynda bolan alymlardan, Kufede; Ömer bin Ybraýym el-Alewiden, Damskda; Ebul-Feth el-Masisiden we mundan başga-da Buharada, Samarkantda, Balhda nije alymlardan hadys-y şerif diňledi. Semani dogduk ýurdy Mara gaýdyp gelenden soňra, öwrenen ylymlaryny jemlemek we eser ýazmak bilen meşgullanyp ugrady. Hadys-y şerif aýdyp, Amidiýýe Medresesinde sapak berdi. Nije ylymlarda musulmanlaryň ymamy hökmünde ykrar edildi, hemme kişä ylym öwretdi. Tä ömrüniň ahyryna deňiç bu işini dowam etdirdi. Semani örän zehinli we düşünjeli alym bolupdyr. Haty çalt we owadan ýazyşy bilen tapawutlanypdyr. Talyplary okadardy, dini soraglara fetwalar bererdi. Wagyz-nesihat bermekdenem çekinip durmaýardy. Ol aýatda gezip ýörenlerden dünýäden ötenlerden kän zat ýazdy. Ynamdar, hafyz we hujjet bir hadysy şerif aýdyjydy. Adyl we dindar bolupdyr. Ýaşaýşy tertipli, söhbetler gyzykly geçipdir. Dürli ylymlardan kän zatlar ýat tutupdy. Ondan; Marynyň müftüsi bolan, ogly Abdyrrahym, Ebul-Kasym bin Asakir we onuň ogly Kasym, Abdülwehhab bin Sükeýne Abdülgaffar bin Menina, Ebu Rawh Abdülmuyz bin Muhammed el-Hirewi, Ebud-Dar Şihab-üş-Şezbani, el-Iftihar Abdülmutalib el-Halebi, Ebul-Feth Muhammed bin Muhammed es-Saig we başga-da nije alymlar hadys-y şerif diňlediler we aýtdylar. Ibni Nejjar şeýle gürrüň berýär: "Men, Semaniniň ýedi müňden gowrak alymdan ylym öwrendigini eşitdim. Bu hiç kimiň ýetip bilmedik mertebesidir. Ajaýyp eserleri, nesirleri we goşgulary bar. Inçeden köpmanyly degişmelerini diňlemek ýakymlydy. Hafyz bolup, köp ýerleri aýlandy, ýüz müňden gowrak hadys-y şerifi ýat tutdy. Ynamdar we sadyk (sagdyn) hadys-y şerif aýdyjydy. Özüniň ussatlary we halypalary bolan nije alymlar ondan hadys-y şerif diňlediler. Bizde ençe alymlar bilen ondan kän hadys-y şerifler diňläp aýtdyk". Onuň talyby we dosty, beýik hadys alymy Ebul-Kasym bin Asakir hem oňa öwgüli söz-ler aýdýar: "Ol häzir, Horasan alymlarynyň şyhydyr, halypasydyr. Dogruçyllygyny, ylmyny we diňlän hadys-y şerifleridir ýazan kitaplaryny aýdyp oturmagyň geregi barmyka? Allahü teala ony sünneti seniýýäniň ýaýramagy üçin ýaşadýardy we Jennete laýyklaryň işlerinde oňa başarnyklar berýärdi". Köpsanly eserleriniň esasyraklary şulardyr: Zeýli-Taryhy Bagdat, 2. Merw taryhy, 3. Tiraz-üz-zeheb fi edep-it-taleb, 4. El-Isfar anil-es-far, 5. El-Imla wel-istimla, 6. Et-Tezkire wet-Tebsire, 7. Mujem-ül-Büldan, 8. Mujem-üş-Şü-ýuh, 9. Tuhfet-ül-müsafir, 10. Et-Tuhaf wel-Hedaýa, 11. Izz-ül-uzle, 12. El-Edep fi istimal-il-haseb, 13. El-Menasik, 14. Ed-Deawat-il-kebire, 15. Ed-Deawat-il-Merwiýýe anil-hadaret-in-Nebewiýýe, 16. El-Hissü ala, gasl-ilýed, 17. Efanin-il-besatin, 18. Dühul-ül-hammam, 19. Fe-dailu salat-it-tesbih, 20. Et-Tahbir fil-Mujem-il-kebir, 21. El-Ensab, 22. El-Emali, 23. Salat-us-subh, 24. El-Müsawatü wel-müsafeha, 25. Makam-ül-ulama beýne ede-ýil-ümera, 26. Lef-tet-ül-mütah ila sakin-il-Yrak, 27. Selwet ül-ahbab we rahmet-ül-eshab, 28. El-Ahtar fi rükub-il-bihar, 29. En-Yüzüilel-Ewtan, 30. Sawm-ül-eýýam-il-beýd, 31. Tuhfet-ül-Ideýn, 32. Et-Te-haýa wel-hedaýa 33. Er-Resail wel-wesail: Bu kitabyny tamamlap etişmändir. 34. Fedail-üd-dik, 35. Zikra habibün Erhalü we büşra meşibün enzilü, 36. Kitab-ül-halawe, 37. Fedail-ül-hirre, 38. El-Herise, 39. Taryh-ül-wefat-lil-mütehhirin miner-ruwwat, 40. Buharu behur-il-Bu-hari, 41. Takdim-ül-jifan iled-difan, 42. Es-Sydky wes-sadakat, 43. Er-Rubhu wel-Hasare fil-kesbi wet-tijare, 44. El-Irtiýab an-kitabet-il-kitab, 45. Huss-ül-Ymam ala-tahfif-is-salat maúal-itmam, 46. Fast-ül-guram ila sakin-iş-Şam, 47. Eş-Şeddü weladdü limen-iktena bi-Ebi Sa'd, 48. Fedamlü Sure-n Ýasyn, 49. Fedail-üş-Şam we ş.m. Semaniniň atasy hem uly alym we faziletli kişidi. Şafii fakihlerinden bolup, hadys hafyzydy. Ylmy çekeleşiklerde deňi-taýy ýokdy. Öz döwründe onuň ýaly eser ýazan tapylmady. Hadys-y şerifleriň tekstleri, delilleri we olaryň müşgülligi barada kän gürleýärdi. Eserleri barmak büküp sanardan has kändir. Ölüminden öň, kowluşy barada goşgy ýazypdyr. 466-nj ýylda (m.1073) dünýä indi we 510-njy ýylyň (m.1116) Sapar aýynyň ikinji Juma güni hemme adam Juma namazyny okap çykyp gidenlerinden soňra, metjitde aradan çykdy. Semaniniň babasy Mensur hem, öz döwründe iň uly alymlaryň biri bolupdyr. Muny onuň dostlary-da, garşydaşlary-da ykrar edipdirler. Ozal Hanefi mezhebinde beýik fakyhdy. 462-nji ýylda (m.1069) haj üçin Hijaza gideninde şol ýerde Şafii mezhebine geçmegini zerur eden waka ýüz berýär we bu mezhebe geçmeli bolýar. Ýöne ýurda dolanyp gelenden soňra, şol sebäpli her hili kynçylyklara duçar bolýar. Ol sabyr bilen bulara döz gelmegi başarýar. Şafii mezhebinde-de beýik fakyh bolup ýetişýär. Fykyh, usul we beýleki ylymlar barada ençeme eserler ýazýar. Bulardan; "Minhajü Ähl-üs-sünne", “El-intisar”, “Er-Reddü alel-kaderiýýe”, "El-Kawati" we "El-Burhan" atly esýerleri başdakylarydyr. Mundan başga-da onuň ajaýyp "Tefsiri" we ýüze ýakyn hadys alymyndan ýazylyp alnan müň töweregi hadys-y şerifi içine alýan "Kitab-ül-hadys" bardyr. 426-njy ýylda (m. 1095) aradan çykýar. Semaniniň ýazyp alan we eserlerinde beýan edýän bir hadys-y şerifinde şeýle burulýar: Enes bin Mälik (r.a.) habar berýär: Bir gün Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) ýanyna biri gelip: "Ýa Resulullah! Kyýamat haçan gopar?" diýip soraýar. Pygamberimiz: "Onuň üçin näme taýarladyň?" buýranynda, agyz dolduryp gürlär ýaly iş bitirenligini aýdyp bilmedi. Ýöne, Allahü tealany we Resulyny çäksiz söýýänligini aýtdy. Onda Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Her kim, söýeni bilen bile bolar". NEJMEDDIN RAZY Nejmeddini Kübra hezretleri tarapyndan ýetişdirilen beýik öwlüýä we meşhur şahyrdyr. Nejmeddini Razy hezretleri, Çingiziň basybalyjykly ýörişleriniň öňisyrasy, heniz bu pitne başlamanka, halypasy Nejmeddini Kübra hezretleriniň maslahaty bilen Anadoly taraplaryna syýahata çykýar we Konýa gelýär. Möwlana Jelaleddini Rumy we Sadreddini Konewi bilen duşuşýar. 654-nji ýylda (m.1256) Bagdatda aradan çykýar. Jüneýdi Bagdady hezretleriniň golaýynda bir ýerde topraga berilýär. "Keşf-ül-hakaik", "Şerh-ud-dekaik" we "Bahr-ül-hakaik" ýaly eserleri bardyr. Beýleki öwlüýä alymlar ýaly, ol hem ynsanlara örän merhemetli, olaryň eşrete gowuşmaklary üçin jan eden, bu rehimdarlygyny özüne sütem we duşmançylyk edenlere-de artykmajy bilen görkezen, örän gymmatly, saýlanyp öňe çykan beýik adamdy. Allahü teala, onuň bedenini nädogry işleri etmekden gorap saklaýşy ýaly, kalbyny-da nädogry pikirlerden gorap, o taýyk, özüniň razy bolan, halaýan ajaýyp pikirleri we niýetleri ýerleşdiripdi. Kine, duşmançylyk, erbetlik edene edil şonuň ýaly erbetlik bilen jogap bermek ýaly bedähet pikirleriň ýerine, özüne ýagşylyk etmek, özüne tiken zyňana gül bermek dessuryndan hereket edýän kişidi. Kalby örän sap, köňli biçak arassa bolanlygy üçin elmydama ajaýyp pikir düşünjeleri bolupdyr. Muny parsçadan terjime edilen aşakdaky setirler hem aýdyň görkezýär. "Bize duşman bolanlar-da bagt we ýagşylyk tapsyn. Jahandaky ömründe mydam bereket tapsyn. Ýolumyzyň üstünde tiken goýsa bir kişi, Bizden oňa tiken gitmez. Ýollaryna gül bitsin. ZEŇŇI ATA (Zeňňi baba) Türkistanyň beýik öwlüýälerinden. Ahmet Ýasawy hezretleriniň ilkinji halypasy Arslan babanyň agtyklaryndandyr. Ahmed Ýasawynyň dört halyfy bardy. Olar, Mensur ata, Seýit ata, Süleýman ata, Hakim ata ýa-da soňky ikisi bir adam bolan ýagdaýynda, Süleýman Hakim dagylardyr. Mensur ata, Ahmet Ýasawy hezretleriniň halypasy Arslan babanyň ogludy. Ilkinji terbiýäni atasyndan aldy. Soňra Ahmet Ýasawy hezretleriniň terbiýesine berildi. Zahiri we batyny ylymlarynyň alymy boldy. Mensur Atanyň 594-nji ýylda (m. 1197) aradan çykmagy bilen, ogly Abdülmälik Ata halyfy boldy. Aradan kän wagt geçmänkä Abdülmälik Atada dünýäden ötenden soňra, ogly Täç Hoja atasynyň halyfy boldy. Täç Hoja 596-njy ýylda (m.1199) aradan çykdy. Zeňňi Ata, Täç Hojanyň ogludy. Zeňňi Ata uzak ýyllaryň dowamynda atasyndan we babasyndan zahir we batyn ylymlaryny öwrendi. Ahmet Ýasawy hezretleriniň halyflaryndan Hakim Atanyň hyzmatyna girdi. Onuň çuňňur ylmyndan we feýzinden peýdalandy. Daşkentde ýaşaýardy, ýerli halkyň mallaryny bakýardy. Halypasy Hakim Ata, 582-nji ýylda (m.1186) aradan çykansoň Horezmde Ak-kurganda (Bagyrganda) depin edildi. Onuň iň meşhur halyfy bolan Zeňňi Ata, Hakim Atanyň aýaly Anbar ene bilen goş birikdirýär. Waka şeýle bolup geçýär: Hakim Ata biraz garaýagyzrakdy. Bir gün Anbar Enäniň kalbyndan; "Käşgä, adamym gara bolmasady" diýen pikir gelip geçdi. Hakim Ata onuň bu pikirini Allahü tealanyň rugsady bilen aňşyryp: "Sen meni halamaýarsyň, emma menden soňra dişinden gaýry ak ýeri bolmadyk garanyň eline düşersiň" diýdi. Anbar Ene bu düşünjesi üçin gaýtmyşym edip, aglap kän toba eden hem bolsa, Allahü tealanyň o söýgüli guly dileg edipdi, suw seňrikden agypdy. Hakim Ata ölüm pillesi golaýlaberende, Horezmde ylym öwrenip ýören ogullary Muhammed Hoja bilen Asgar Hojany çagyrtdy. Olara: "Ölümimden soňra gündogardan kyrk sany ebdal geler, aralarynda gözi ejizräk we aýagyny agsap basýan gara ebdal bardyr. Eneňizi, garaşmaly wagty dolansoň şoňa berersiňiz" diýdi. Hakykatdanam, ölüminden soňra, sözi edilen kyrk mübärek kişi geldi. Aralarynda biri yzraga galypdy. Bu adam suratlandyrylan mübärek kişiniň edil özüdi. Ol Zeňňi Atady. Zeňňi Ata aslynda Daşkent töwereklerinde çopançylyk edýärdi. Galyň dodakly, diňe dişleri agaryp görünýän diýseň garaýagyz pyýadady. Anbar Enäniň iddet müddeti (Dinimizde äri ölen ýa-da ärinden aýrylan aýalyň, ikinji nikasyna çenli garaşmaly wagty) dolansoň, ýakynlaryndan birini iberip nika talap etdi. Anbar Ene kabul etmän: "Men Hakim Atadan soň hiç kime barman. Beýle gara adamaha hijem" diýip, ret etdi. Şol mahalam boýny gatady. Ýüzüni öwrüp bilmeýärdi. Kän gynandy. Zeňňi Atany ýagdaýdan habardar etdiler. Zeňňi Ata adam iberip: "Ýadyňda bolsa, bir gün kelläňden:"Käşgä, Hakim Ata gara bolmadyk bolsa bolmaýarmy?" diýen pikir geçipdi we Hakim Ata keramat bilen muny bilip: "Ýakynda menden-de gararak birine aýal bolarsyň" diýipdi" diýdi. Anbar Ene takdyryň şeýledigine göz ýetirensoň, aglap nikalaşmaga razy boldy. Nika üçin razylyk berer-bermez boýny kadaly ýagdaýa geldi. Zeňňi Ata bilen goş birikdirdiler. Çagalary boldy. Neberelerinden salyh kişiler, öwlüýä we alymlar ýetişdi. Zeňňi Ata Daşkent daglarynda çopançylyk edip, şondan alýan muzdunyň hasabyna maşgalasynyň güzeranyny dolaýardy. Mallary sährada otlap ýörkä, namazlaryny okaýardy, Kuran-y kerim okap, Allahü tealany ýatlaýardy. Otlamaga sürlen mallar onuň daşyny gallap, otlaryny goýup ony diňleýärdiler. Agşam hem ýygan odunlary arkasyna ýüklenip, öýüne gaýdýardy. Bir gün jemlän odunlary ýaňy ýüklenjek bolup durka, ýanyna salam berip dört sany ýaş ýigit geldi. Salamlaryny alyp, hal-ýagdaý sorady. Buharanyň medreselerinde zahiri ylymlary alýandyklaryny, ýöne batyny ylymlary öwredip biläýjek birini gözläp ýörendiklerini aýtdylar. Zeňňi Ata: "Duruň, sizi irşad edäýjek kişiniň nirededigini size habar bereýin" diýdi. Ýaşlar muňa örän begendiler. Ol ýüzüni dört tarapa tutup ysyrgandy we: "Siziň bu ylymda nesibäňiz, bizden özgelerde däldir" buýurdy. Bu dört ýigit soňurrak Zeňňi Atanyň dört beýik halyfy boljak Uzyn Hasan Ata, Seýit Ata, Sadr Ata we Bedr Ata dagylardan başga hiç kim hem däldi. Zeňňi Atanyň sözüne ilki ynananlar Uzyn Hasan Ata bilen Sadr Ata boldy. Bu sebäpden, ilki bilen kemala gelenler hem şolar boldy. Seýit Ahmet Ata bilen Bedr Ata gowy zatlaryň pikirini etmediler. Seýit Ata: "Men hem-ä Pygamberiň (sallalahü aleýhi we sellem) agtygy, hemem mekdep-medrese gören adam. Indi gel-gel şu garyp çopanyň talyby bolaýynmy" diýip oýlandy, ýöne ýanyndakylardan-da aýrylyp gidibermedi. Onuň bu buýsanjaňlygy ýoluny ýapdy. Çeken kynçylyklary ýele sowruldy. Ýagdaýynda hiç hili öňegidişlik duýulmaýardy. Seýit Ata bu ýagdaýy aňşyryp, Zeňňi Atanyň özünden göwni galanlygyna düşündi. Gidip Zeňňi Atanyň aýaly Anbar Enä ýalbardy. Özüne şepagat etmegini towakga etdi. Anbar Ene oňa kömek etjekdigine söz berip: "Sen bu gije gara keçe tapda şoňa dolanyp Zeňňi Atanyň ýolunyň üstünde ýat, säher wagty namaz okamaga çykanynda, seni beýle ýagdaýda görüp ýüregi awasyn" diýdi. Şol gije Anbar Ene, Zeňňi Atadan Seýit Ahmet Atanyň ötünjini kabul etmegini haýyş etdi. Zeňňi Ata-da, Seýit Atany bagyşlanlygyny aýtdy. Säher wagty, namaz üçin daşary çykanynda, ýoluň üstünde bir zadyň garalyp ýatanlygyny gördi. Nämeligini biljek bolup aýagy bilen yralady. Şol mahal, gara keçä bürenip ýatan Seýit Ata ýüzüni Zeňňi Atanyň aýagyna süýkäp, ötünç sorady. Hz. Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) mübärek agtygyna aýagy bilen degenine örän gynanan Zeňňi Ata, göwnüni görmek üçin Seýit Ata kän hezzet-hormat etdi. Seýit Ata şol bada kemala geldi. Zeňňi Atanyň beýleki halyfy Bedr Atanyň asyl ady Bedreddin Muhammetdi. Asyl ady Sadreddin Muhammed bolan Sadr Ata bilen Buhara Medresesinde bir hüjrede ýaşapdylar. Deň ylym alypdylar, derejeleri-de deňdi. Zeňňi Atanyň talyby bolanlaryndan soňra, Sadr Ata beýgelen bolsa, Bedr Ata öňküsindenem pese gaçypdy. Bedr Ata muny aňşyryp, gynanjyndan Anbar Enäniň ýanyna gelip gözýaş dökdi. Oňa arzyny mälim etdi. Anbar Ene-de Bedr Atanyň bu arzyny çemi gelen wagty Zeňňi Ata ýetirdi. Zeňňi Ata onuň toba edenine begenip ýylgyrdy-da: "Maňa ilki sataşanlarynda, olara irşad edip biljekdigimizi aýdanymyzda, Bedreddin içinden: "Şu salpy dodak hebeşimikä bizi irşad etjek?" diýip oýlanypdy. Şu wagta deňiç feýzimizden peýdalanyp bilmeýşiniň sebäbi-de şol. Eger, toba eden bolsa, sen hem oňa şepagatçy bolan bolsaň, bar onda ony bagyşladym!" diýdi. Şu wakadan soňra, Bedreddiniň derejesi-de Sadreddiniň derejesi bilen deňleşdi. Ahmet Ýasawy hezretleriniň, Zeňňi Ata bilen dowam ýoly, Zeňňi Atadan soňra, Seýit Ata we Sadr Ata bilen dowam etdi. Seýit Ata, Haje Azizan (Aly Ramiteni Pir Nessaj) bilen söhbet etdi. Sadr Atanyň halyflary uzak wagtlap Ýasawylyk ýoluny dowam etdirdiler. Onuň halyflary, Eýmen Baba, Şyh Aly, Mewdud Şyh görnüşinde ýatlanýar. Mewdud Şyhyň meşhur iki halyfy bardy. Olar; Hoja Abdullah we Kemal Şyhdy. Hoja Abdullahyň halyfy Hadym Şyh, onuňam halyfy Jemalüddini Buharidir. Reşahatyň eýesi Jemalüddin (m. 1258) Şaş (Daşkent) töwereklerinde, Samarkant ýolunyň on birinji kilometrinde Zeňňi Ata obasynda aradan çykyp, şol taýda topraga berildi. Zeňňi Atanyň gabryny hemmeler bilýärdi we zyýaratyna barýardylar. Ubeýdullahy Ahrar hezretleri: "Zeňňi Atanyň gubruna her zyýarata baranymda, gabryndan "Allah! Allah!" diýen sesleri eşidýärin" buýurdy. Allahü teala hemmesinden razy bolsun. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |