08:41 Öwlüýäler: Teftazani | |
TEFTAZANI (Sadeddin Mesud bin Ömer)
Taryhy şahslar
Tefsir, hadys, kelam, nahiw, mantyk we fen alymy. Iň beýik Şafii alymlarynyň biridir. Asrynyň müjeddidir. Undulyp giden Yslam ylymlaryny gaýtadan orta atdy. Ady Mesud bin Ömer bin Abdullahdyr. Nusaýyň Teftezan obasynda 712-nji ýylda (m.1312) dünýä indi. Sadüddin lakamyny berdiler. Timur Han we Seýit Şerif Jürjani (r.a.) ýaly din we dünýä ägirtleri bilen duşuşdy. Anadola geldi. Eserleri medreselerde ýyllarça gollanma hökmünde okadyldy. 791-nji ýylda (m.1389) Samarkantda aradan çykyp, Saragatda topraga berildi. Sadeddin Teftazani, heniz çagalyk ýyllarynda üýtgeşik zehini we pikirleri bilen hemmäniň ünsüni özüne çekdi. Hossarlary onuň ylym öwrenip, Allahü tealanyň dinine hyzmat etmegini arzuw etdiler. Entek çagaka Kuran-y kerim okamagy, dini bilimleriň esaslaryny we kömekçi ylymlary oňa öwretdiler. Döwrüniň iň uly alymlaryndan sapak almagyny ýola goýdular. On alty ýaşynda "Tasrif-ül-Yzzi" şerh (syn) ýazmaga çenli baryp ýeten Sadeddin Teftezani, Aduddin Iji we Kutbüddin Razy ýaly, zamanasynyň iň uly alymlaryndan ders aldy. Allahü tealanyň dinini öwrenmek we öwretmek üçin kän işler bitirdi. Nakli we akly ylymlaryň baryny gowy özleşdiripdi. Allahü tealanyň gullaryna, Onuň razylygyna gowuşmak üçin öwrenen zatlaryny öwretdi. Eserlerinde we talyplaryna beren sapaklarynda, Selefi salihin (öňki salyh musulmanlaryň) ýoluny dikeltdi. Selefi salihine (r.a.) wepaly bolup galdy. Döwürdeşleriň we soňky nesilleriň alymlarynyň hormatyna mynasyp boldy. Hemmeler tarapyndan kabul görüldi. Timur Han oňa uly sarpa goýýardy. O-da oňa öwüt berýärdi. Seýit Şerif Jürjani hezretleri bilen söhbetdeş boldy. Biçak köp talyp ýetişdiren Saddedin Teftaziniň iň meşhur talyplary: "Rabiül-jinan fil-meani wel-beýan" atly eseriň awtory Hüsameddin Hasan bin Aly Ebýurdy, Jelaleddin Ýusup Ewbehi we Burhaneddin Haýdardyr. Olardan başgada kän talyp ýetişdirip, gymmatly eserler ýazdy. Ýazan eserleri we bulara ýazylan synlar, aýratyn hem medreseleriň esasy ulanýan kitaplary boldy. Eserleri we şöhraty, Yslam dünýäsiniň çar tarapyna ýaýrady. Esereleriniň her biri üçin ençeme synlar we düşündirişler ýazyldy. Dürli temalardaky bu eserleri, çap edilmezden öň, kän gezekler ýazylyp köpeldilidi. Yslam dünýäsinde çaphananyň ýaýbaňlaşmagy netijesinde, birnäçe gezek çap edilip, giň köpçüligiň peýdalanmagy ýola goýuldy. Esasy eserleri şulardyr: 738-nji ýylda (m.1337) on alty ýaşyndaka ýazan "Şerh-ut-tasrif-il-Yzzi" atly eseri ilkinji gezek 1253-nji ýylda (m.1837) Stambulda, munuň yzýanyndan-da Tähranda, Delide, Bombeýde, Luknowda we Kairde birnäçe gezek çap edildi. Arapça nahiw kitaby bolan "Irşad-el-hadini" we belagat baradaky "El-Mutawwel" diýen eserini ýazdy. Mutawweli ýazyp ýörkä, kän kynçylyklara, birgiden päsgelçiliklere döş germeli boldy. "Her zadyň bir päsgelçiligi bar. Ylmyň öňünde bolsa birgiden päsgelçilikler bar" diýip eserinde ýazypdy. "Mutawwel" ilkinji gezek 1260-njy ýylda (m.1844) Stambulda çap edildi. Luknowda, Tähranda we Delide dürli wagtlarda birnäçe gezek çap edildi. Yslam alymlary bu kitap barada: "Mutawwel kitaby, belagaty Kur’aniýýäni gaýtadan dikeltdi" diýipdiler. Belagat ylmy baradaky "Muhtasar" kitabyda uzyn ýyllar medreselerde okadyldy. Gaýta-gaýta neşir edildi. "Şerh-ul-kysm-is-salis minem-Miftah" hem belagat bilen baglanşyklydyr. Mantyk ylmy barada: "Şerh-ur-Risalet-ül-Şemsiýýe" we "Tehzib-ül-mantyk wel-kelam", "Şerh -ül-Akaid-ün-Nesefiýýe" we "Fadihat-ül-mülhidin" diýen ýaly eserleri bardyr. Fykyh usuly bilen baglanşykly "Et telwih ila keşfi hakaik it-tenkih" we "Şerhu şerh-yl-Muhtasar fil-usul" atly eserleriniň barlygy bilinýär. "El-Miftah" we "Ihtisary şerhu Telhis-il-Jami-ul-kebir liş-Şeýbany" eserleri bolsa fykyh ylmyna bagyşlanandyr. We ýene tefsir ylmynda: "Şerh-ul-Keşşaf", dil we edebiýatda: "En-Niam-üs-sawabig fi Şerh-il-Kelam-in-newabig" eserleri we Sadi Şirazi hezretleriniň "Bossan"yny çeperleşdirip Türkmen diline eden terjimesi bar. Molla Gürani (r.a.) bilen Fatih Soltan Mehmet Hanyň arasynda bolup geçen gürrüňdeşlikde, Sadeddin Teftazaniniň (r.a.) üstün ynsanlygy barada şeýle ýatlanýar: Şeýhülyslam Molla Gürani (r.a.) bir gün talyby Faitih Soltan Mehmet Han bilen söhbet edip otyrka Timur Hanyň ylma we alymlara bolan hormatyndan söz açyp şeýle diýýär: "Timur Han bir ýerä gyssagly çapar ibermeli bolupdyr. Örän möhüm iş bolanlygy üçin çapara doly hukuk berip: "Ýolda atyň ýadan wagty, kimiň atyna gabat gelseň-de meniň buýrugymy oňa ýetir, atyny al we ýoluňy dowam etdir" diýip tabşyrdy. Çapar ýola düşdi. Indi-hä aty çalyşmaly bolsa gerek diýip pikir öwrüp barýan çapar. Seýislenip bakylyp ýörlen atlary aldy. Baryp bularyň birini almakçy boldy. Atlara serenjam berip ýören hyzmatkärler oňa isleýän atyny bermediler we "Sen Sadeddin Teftazininiň (r.a.) atyny almaga neneň milt edip bilýärsiň?" diýdiler. Çapar garadere batyp Timur Hanyň huzuryna geldi. "Teftaziniň adamlary şeýle etdiler. Sebäbi-de şudy..." diýip başyndan geçenleri gürrüň berdi. Timur Han buýrugyna beýle garşy çykylmagyna biçak gynandy. Emma çapary sylag-serpaýlar berip ýola salyp durka: "Eger şeýle wajyp iş üçin giden atla, oglum Şahruhyň adamlary şeýle daraşan bolsadylar, olary hökman jezalandyryrdym. Emma deňi-taýy bolmadyk bu adama, Sadeddin Teftazaniýä neneň jeza bereýin? Ol galamy bilen, meniň topraklarymyň daşyna-da hökmüni ýöredýär. Eserleri ýiti gylyjymyň ýetip bilmedik ýerlerine ýetýär" diýdi. Sadeddin Teftazani hezretleriniň "Akaidi Nesefiýýä" ýazan syny örän meşhurdyr. Bu gymmatly eserde şeýle buýruldy: "Sözlükde imanyň manysy, tassyk etmek, habar bereniň hökmüni we dogry aýdýanlygyny kabul etmek diýmekligi aňladýar. Tassyk we kabul etmän, habaryň ýa-da habarçynyň dogrulygyny aýtmaklyk, iman däldir. Iman, doly tassyk etmek we boýun egmek bilen habary ýa-da habar bereniň sözüni kabul etmekdir. Hz. Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) aýdanlaryny we Onuň dogruçyllygyny tassyk edendiklerine garamazdan, käbir kapyrlara "Kapyr" diýlişiniň sebäbi, olarda Resulullahy (sallalahü aleýhi we sellem) habar beren zatlarynyň ählisini çyn ýürekden tassyklap, dili bilen aýdan we aýdyşy ýaly amala aşyrýan kişi, hristian din adamlaryna we poplara mahsus özboluşly bilguşagy (zünnary) öz islegi bilen biline daňsa, Yslamyýetden aýryldygy bolar. Sebäbi, onuň biline zünnar daňmagy, guşanmagy inkär etmegiň we ýalanlamagyň alamatydyr. Inkär alamaty bilen bilelikdäki tassyklama ynanyp bolmaz. Imanyň dindäki manysy, Allahü tealadan getirilenligi zerury bilinýän zatlaryň hemmesine gysgaça iman edip, kalbyň bilen tassyk etmekdir. Muňa ijmalen, ýagny jemine ynanmak diýilýär. Ijmalen iman, imanyň, ýoklugyny we kemligini kabul edip bolmaýan özenidir. Bu bolmasa, asla iman bolup bilmez. Ijmalen ynanmak, iman üçin ýeterlikdir. Emma bu derejedäki ijmali iman, eýesine tafsili imandan, ýagny iman esaslaryna aýra-aýra imandan uzaklaşdyrmaýar. Çünki, ýaradanyň barlygyny we sypatlaryny tassyk eden, ýöne şonuň bilen birlikde Allahü tealaga şärik goşýan, çirk ýetirýän kişi, diňe sözlük taýdan iman edendir, musulman bolandyr. Yslama görä mü’min däldir. Çünki bu ýagdaý, onuň, Allahü tealaga şärik goşmak bilen tewhid itikadyny (ynanjyny), Allahü tealanyň birligine bolan imanyny bozanlygy bolýar. Bu barada Kuran-y kerimde Ýusup süresiniň 106-njy aýaty kerimesinde, mealen: "Olaryň köpüsi Allahü tealaga iman edýäris diýýärler. Emma imansyzlardyr. Başga zatlara ybadat edip müşrik boldular" buýrulandyr. Imanyň ikinji esasy, ýürekden tassyk edilen imany dil bilen hem aýtmaklykdyr. Kalbyň bilen tassyklamaklyk, imanyň birinji we hiç aýrylmaýan esasydyr. Dil bilen ykrar bolsa, gorkuzylanda ýa-da güýç ulanylanda düşüp biler. Munuň imana zyýany ýokdur. Kalby bilen tasyklap, dili bilen aýtmadyk kişi, Allahü tealanyň öňünde mü’mindir. Emma, dünýä hökümlerinde mü’min ýaly görülmeýär. Sebäbi imanyny dili bilen beýan we ykrar eden däldir. Dili bilen imanyny beýan edip, ykrar edýänligine garamazdan, kalby bilen tassyk etmeýän adama bolsa, Allahü tealanyň öňünde mü’min däldir. Emma, dünýä hökümlerine görä mü’mindir. Dindäki hakyky manysy bilen münapyklar şeýledir. Kalby bilen tassyk edip-de, dili bilen ykrar etmek isleýänligine seretmezden, dilsizlik ýaly bir päsgelçilik sebäpli imanyny ykrar edip bilmeýän kişi mü’mindir. Muny Yslam alymlary biragyzdan (ijma bilen) kabul edýärler. Bu aýdylanlardan mälim bolşy ýaly; kalp bilen tassyklaman, diňe dil bilen kelimeýi şehadeti aýdan kişiniň, iman edendigini aýdyp bolmaz. Mü’min uly günäler işlemek bilen imandan çykmaýar. Kalp bilen tassyklanan imany, diňe onuň bütinleý tersi bolan zatlar giderip biler. Nebsi, hetden aşan duýgular, gahary, ýaltalygy zerarly günä işleýän mü’minde jeza gorkusy, bagyşlanmak umydy we toba etmeklige güýçli ymtylyşy bar bolsa; onuň uly günä iş etmegi imanyny gidermeýär. Eger, uly günäni halal kabul etmek bilen ýa-da günädigine ähmiýet bermän bu işi etse küpür bolar. Sebäbi beýle etmeklik, inkäriň we imansyzlygyň alamatydyr. Dini hak kabul edýän kişiniň, Jähennemde azap çekdirjek bir işi, günäni biparhlyk bilen etmegi mümkin däl. Mü’mini dinden çykarýan erbetlikleriň ýene bir topary hem; din eýesiniň tekzib, ýagny ýalanlama alamaty hasaplanýan zatlardyr. Munuň beýledigi şerigatdaky deliller bilen bellidir. Mysal üçin; heýkele sežde etmek, ýüzünde Kuran-y kerim ýazylgy Musfahy şerifi (sahypany) hapa ýerlere zyňmak, küpüre (imanssyzlyga) sebäp bolýan sözleri aýtmaklyk şeýledir. Iman, kalp bilen tassyk, dil bilen ykrar bolanlygy üçin; iman edilmeli zatlara ýürekden ynanyp, dili bilen hem bulary aýdan kişiniň, küpüre sebäp bolýan işlerden we sözlerden hem saklanmagy gerek. Allahü teala özüne şirk (şärik) goşulmagyny bagyşlamaýar. Bulara girmeýän, kiçi-uly günä iş edenleri islese bagyşlap biler. Allahü teala, uly günäden saklansa-da, saklanmasa-da, işlän kiçi günäsi zerarly bendesine azap edip biler. Bu barada Kuran-y kerimde, Nisa süresiniň kyrk sekizinji aýaty kerimesinde, mealen: "Allahü teala şirki elbetde bagyşlamaýar. Islän kişileriniň şirkden, ýagny imansyzlykdan başga günälerini bagyşlap biler". Kehf süresiniň kyrk ýedinji aýaty kerimesinde-de mealen: "Amal depderi orta goýlanda, jepaýatkärleriň onda ýazylgy zatlardan nähili gorkýandyklaryny görersiň. "Wah, işimiz gaýtdy! Bu depder neneňler edip, uly-kiçi hiç zat goýman hemmesini sanadyka?" diýerler. Eden işleriniň baryny onda görerler. Rebbiň hiç kime adalatsyzlyk etmez" buýrulýandyr. Uly günä işlänler üçin, Pygamberleriň (aleýhimüsselam) we saýlanan kişileriň şepagat etjekligi hakdyr. Bu barada Hz. Resulullahdan (sallalahü aleýhi we sellem) örän kän habarlar gelip gowşandyr. Uly günä iş edip Jähenneme giden mü’minler, hatda tobasyz dünýäden ötseler hem, Jähennemde müdimilik galmazlar. Jezalary gadar ýananlaryndan soňra Jennete girerler. Allahü teala, ynsanlardan Pygamberler (a.s.) iberendir. Bu Pygamberler (a.s.) iberilmeginde ençeme hikmetler bar. Pygamberler (a.s.), akyllaryň gözläp tapyp bilmejek dünýä we ahyret seadeti (bagtyýarlygy) barada barada peýdaly zatlary ynsanlara düşündirdiler. Pygamberler (a.s.), iman edip salyh amal işlänleriň Jennete we sogaba gowuşjakdyklaryny buşladylar. Iman etmän, küpürde gezip ýörenleri, Jähenem we azap bilen gorkuzdylar. Ynsanlaryň mätäçlik çekýän din we dünýä işlerini habar berdiler. Allahü tealanyň Jenneti we Jähennemi ýaradanlygyny, Jennetde eşret, sylag we Jähennemde azap taýýarlap goýanlygyny jikme-jikligine bilmegi, Jennetiň nygmatlaryna gowuşmaga we Jähennem azabyndan gutulmaga sebäp bolýan zatlary akyl, täk başyna hiç haçan agtaryp tapyp bilmez. Allahü tealanyň ýaradan peýdaly we zyýanly zatlaryny-da (duýgy organlarynyň kömegi bolsa-da) aklyň özbaşyna ony tanap; peýdalysyny almaga, zyýanlysyndan daşrak durmaga güýji ýetmez. Ynha-da, kelte akyllary bilen Rebleriniň nirede we nämeden razy boljaklygyny aňşyrardan uzak bolan gullaryna Allahü teala, ýagşylyk we merhemet edip, akyllary bilen seljerip tapyp bilmejek zatlaryny olara düşündirip habar bererleri ýaly, Pygamberlerini (a.s.) iberdi. Şeýle hem, gullaryna yhsan we merhemet etmek üçin, Pygamberlerini (a.s.) mujizeler bilen goldap güýçlendirdi. (Pygamberlerini subut etmek üçin, Pygamberler iň, gudraty güýçliniň adaty bolmadyk ýöne gudraty içinde bolan, görkezýän adaty bolmadyk zatlaryna mujize diýilýär.) Pygamberleriň ilkinjisi Adam aleýhisselam, ahyrkysy bolsa Muhammed aleýhisselamdyr. Adamyň Pygamberligi, Kitap (Kuran-y kerim), sünnet (hadys-y şerifler) we ijma (müjte-hitleriň dil birligi) bilen belli bolýar. Adam (a.s) döwründe, özünden gaýry Pygamber ýokdy. Adam hem (a.s.) ymmatyna Allahü tealanyň buýruklaryny we gadagan eden zatlaryny habar berdi. Hz. Resulullahyň Pygamberligi dogry we ýaýbaňdyr. Hemme Pygamberler ýaly, Muhammed aleýhisselam hem Pygamberligini subut edýän mujizeler görkezendir. Muhammed aleýhisselamyň (sallalahü aleýhi we sellem) mujizeleriniň iki tarapy bardyr. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) Allahü tealanyň kelamyny dile getiripdi. Muhammed aleýhisselam, söze çeperlikde beýgelen adamlary, Allahü tealanyň kelamy bilen guma gömdi. Söze çeper köp kişi, Kuran-y kerimiň iň gysga süresi ýaly hem söz tapmadylar. Kuran-y kerimiň çeperligini görüp, söz sözlemez boldular. Söz bilen ýeňip bilmän soňlar, gylyja ýapyşdylar. Resulullaha (sallalahü aleýhi we sellem) duşmanlyk edenleriň her biri hem, Kuran-y kerimiň iň gysga süresi ýalyrak hem bolsa söz tapanlygy eşidilen zat däl. Bularyň hemmesi Kuran-y kerimiň Allahü tealadan gelendigini we Allahü tealanyň kelamydyr. Mundan hem Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) hak bolanlygy aýdyňdyr. Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) görülen, eşidilen mujizeler dilden-dile geçip gelipdir. Dogry sözli adamlar tarapyndan Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) mujizeleri beýan edilip gelnipdir. Ynsaply adamlar, Resulullahyň (salalahü aleýhi we sellem) Pygamberligi barada iki tutaryk görkezýärler. Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) pygamberlikden öňki, yslama çagyran wagtlaryndaky we çakylygyň tamamlanmagyndan soňraky hallary, beýik ahlagy, hikmet doly hökümleri, her pursatda Allahü tealanyň özüni gorap saklajakdygyna bolan synmaz ynamy, gazawatlardaky edermenligi, howply we gorkuly ýagdaýlarda-da sowukganlygyny we durnuklygyny saklamagy, Onuň pygamberligini görkezýän delilleriň biridir. Sebäbi, Onuň duşmanlary, Oňa güýçli duşmançylyk edendiklerine we çemini tapsalar kemçiligini we aýbyny aňtap gezendiklerine garamzdan, Resulullahdan hiç hili kem tapyp bilmediler. Çünki akyl, habar berilen belent sypatlaryň, diňe pygamberlerde (a.s.) bolup biljekdigine ynanýar. Ýalan aýdanlygyny bilip duran adamyda Allahü tealanyň bu sypatlaryny berjekdigini, beýle adama ýigrimi üç ýyl möhlet berip, soňra-da ony beýleki dinlerden we duşmanlaryndan ýokarda tutmagyny, ahyrete göç edenden soňra dünýäde goýup giden zatlaryny kyýamata çenli ýaşatjakdygyny, akyl-huşy ýerindäki kimse asla kabul etmez. Onuň Pygamberliginiň ikinji subutnamasy bolsa, Resulullahyň Pygamberligini (sallalahü aleýhi we sellem), kitapsyz, hikmetsiz jemgietiň içinde aýan etmegidir. Olara kitaby, hikmeti, diniň emir we gadaganlaryny öwretdi. Gözel ahlagy tamam etdi. Ynsanlary ylym amal we fazilet babatda kämillige ýetirdi. Diniň buýruklaryny we gadagan eden zatlaryny öwretdi. Älemi iman we salyh amal (dinde ýagşy işler) bilen nurlandyrdy. Allahü teala, Onuň dinini beýleki ähli dinlerden ýokarda goýdy. Allahü teala, Oňa beren sözüni ýerine ýetirdi. Kuran-y kerimde Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) ahyrky Pygamberdigi, Araplara we Arap bolmadyk ähli ynsanlara hem-de jynlara iberilendigi beýan buýrulandyr. Muhammed aleýhisselam, Allahü tealanyň ahyrky Pygamberidir. Kyýamatyň alamatlaryndan biri hökmünde Isa (a.s.) gökden injek. Ýöne ol, Muhammed aleýhisselamyň dinine tabyn boljak. Sebäbi onuň dini güýjüni ýitirip, hökümden düşdi. Şol sebäpli, Isanyň (a.s.) gökden inmegi, Muhammed aleýhisselamyň ahyrky Pygamber bolmagyna päsgel bermeýär. Isaga (a.s.) wahiý geljek däldir, ýagny ol täze hökümleri habar berjek däldir. Ol, Resuly ekremiň (sallalahü aleýhi we selem) mirasdüşeri ýagdaýyndadyr. Adamlara ymamlyk eder, olara namaz okadar we Mehdi (Mäti) hem (a.s.) hem oňa uýar. Çünki, Isa (a.s.) Mehdiden (a.s.) has ýokardadyr. Üstüniň ymamlygy ýeg tutulýar. Adam aleýhisselam bilen Muhammed aleýhisselamyň arasynda gelen Pygamberleriň (a.s.) sany barada takyk bir san aýtmazlyk has gowy bolar. Kuran-y kerimde Mü’min süresiniň ýetmiş sekizinji aýaty kerimesinde, mealen; "Biz senden öň Pygamberler iberdik, olaryň käbirleriniň kyssalaryny habar berdik we käbirleriniň kyssalaryny habar bermedik" buýrulandyr. Eger, takyk bir san aýtsak kem ýa-da artyk aýtmagymyz mümkin. Kem aýdylsa, pygamber kişiniň pygamberliginiň ýatlanmazlygy, san artyk aýdylsa bolsa; pygamber däl adamyň pygamber edilip görkezilmegi ýaly ýagdaýlar ýüze çykar. Bu bolsa uýgun bolmaz. Ähli Pygamberler (a.s.), Allahü teala tarapyn özlerine habar edilen zatlary ymmatlaryna aýan edipdiler, olary Allahü tealanyň razy bolan ýoluna çagyrypdylar. Pygamberleriň (a.s.) üstüni, iň ulusy Muhammed aleýhisselam bolşy ýaly ymmatlarynyň iň üstüni hem Muhammed aleýhisselamyň ymmatydyr. Bu barada Allahü teala, Ali Imran süresiniň ýüz onunjy aýaty kerimesinde, mealen: "Siz ymmatlarynyň iň gowusy bolduňyz. Ynsanlaryň ýagşylygy üçin ýaradyldyňyz. Ýagşylygy emr edersiňiz, ýamanlyga böwet bolarsyňyz" buýrandyr. Resulullahyň ymmatynyň üstünligi we dindäki kemaly-da, Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) üstünligi we kemaly sebäplidir. Melekler, Allahü tealanyň gullarydyr. Allahü tealanyň emrinden hiç wagt çykmaýarlar. Buýrulan zady berjaý edýärler. Garşy çykmaýarlar. Içlerinde käbirleri, beýleki meleklere we ynsanlaryň Pygamberlerine (a.s.) habar getirmek wezipesi bilen mertebelendiler. Allahü teala, Enbiýa süresiniň: "Melekler, Allahü tealanyň sözüniň öňüne geçip bilmezler (ýagny , jenaby Hak emir etmese, olar hiç zat aýdyp bilmezler), mydama Onuň emri bilen hereket ederler" buýurýandyr. Melekler erkek we urkaçy däldir. Birikmeýärler, çagalary bolmaýar. Iýmeýärler, içmeýärler. Pygamberlere, kitaplary we sahypalary şolar getirdiler. Ynamdar bolandyklary üçin getiren zatlary-da hakdyr. Butparazlaryň: "Melekler, Allahü tealanyň gyzlarydyr" diýip aýtmaklary kör ynançdyr, , nädogrudyr. Iblis, meleklerden däl, jynlardandyr. Soňy bilen Allahü tealanyň emrinden çykdy. Allahü tealanyň çykmazyndan öň, ybadat we dereje taýdan melekler sypatyndady. Allahü tealaga garşy çykandan soňra, ebedilik kowuldy. Melekeleriň hem Pygamberleri (s.a.) bardyr. Ynsanlaryň Pygamberleri (a.s) melekleriň Pygamberlerinden (s.a.) ýokarda durýar. Melekleriň Pygamberleri ynsanlaryň awwamyndan (jahillerinden) üstündir. Ynsanlaryň awwamyndan bolan salihlar, melekleriň awwamyndan üstündir. Din alymlary, has dindarlary melekleriň has dindarlary melekleriňkiden has ýokarda durýar. Ynsanlaryň salyhlarynyň melekleriň awwamyndan, ýagny dinde kämillige ýetenlerden artykmaçlygynyň sebäpleri bar. Ynsanlar, bet duýgy, gahar-gazap, zerury hajatlary görmek ýaly birentek päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz gelýärler. Ybadatlary berjaý etmegiň, päsgelçilikleri ýeňip geçip kemala ýetmegiň has kyndygy barada söz hem bolup bilmez. Adamlar bu bökdençlikleri aşyp ybadat we tagat edýärler, kämillige ýetýärler. Emma, melekler üçin weli, hiç hili päsgelçilik ýokdur. Allahü teala, Pygamberlerine (s.a.) kitaplar berip, bu kitaplarynda; emirlerini we gadagan eden zatlaryny, nazy-nygmatlaryny we jebirdir-azaplaryny aýan edendir. Bu kitaplaryň bary Allahü tealanyň kelamydyr. Allahü tealanyň iberen kitaplarynyň içinde iň ýokarda durýany Kuran-y kerimidir. Ondan soňra Töwrat, soňra Injil, soňra-da Zebur gelýär. Kuran-y kerimiň daşyndaky beýleki mukaddes kitaplar adamlar tarapyndan ýoýlup, üýtgedildi. Resulullahdan (sallalahü aleýhi we sellem) ozal gelen ähli mukaddes kitaplaryň okalmagy, ýazylmagy we käbir hökümleri Kuran-y kerim bilen güýçden düşürildi. Allahü tealanyň kelamy bolanlygy üçin Kuran-y kerimiň bary deňdir. Ýöne, okalyşy we ýazylyşy taýdan käbir süreleriň faziletleri (artykmaçlyklary) bardyr. Bu babatda hadys-y şeriflerde habar berilýär. Munuň sebäbi-de; käbir sürelerde Allahü tealanyň köp ýatlanmagy sebäpli şeýle artykmaçlyga eýe bolmaklarydyr. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) ol ýagdaýda, ruhy we bedeni bilen birlikde Miraja çykdy. Bu waka diýseň meşhurdyr. Ynsanlaryň arasynda Allahü tealanyň dostlary bardyr. Olaryň her birine "Weli" diýilýär. Weli aryf-y billahdyr. Ybadat we tagatlary dowam etdirişleri, günälerden saklanyşlary we nebsiň isleg-arzuwlaryndan ýüz öwürişleri boýunça derejeleri tapawutlanýar. Welilerde adatdan daşary ýagdaýlar görlüp bilner. Munuň ýaly adaty bolmadyk ahwalatlar, Pygamberlerde (s.a.) ýüze çyksa bulara "mujizeler", welilerde ýüze çyksa "keramat" diýilýär. Eger, imany bolmadyk we salyh amal işlemeýän kişide şeýle ýagdaý görläýse, muňa "istidraj" diýilýär. Pygamberlerden soňra ynsanlaryň içinde iň ýokarda durýany, Hz. Ebu Bekri Syddykdyr. Sebäbi ol, Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) Pygamberligini we Mirajyny hiç hili ikirjeňlenmezden kabul etdi. Hz. Ebu Bekrden soň ynsanlaryň içinde iň ýokarda durýany Hz. Ömer-ül-Farukdyr. Oňa "Faruk" diýilmeginiň sebäbi, hökümlerde hak bilen nähakyň arasyny aýyranlygy üçindir. Ondan soňra Osman Zinnureýn (s.a.) gelýär. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem), Hz. Osmana ilki bilen-ä mübärek kerimesi (gyzy) Rukyýýäni (r.anha) nikalap berdi. Rukyýýe (r.anha) aradan çykansoň, mübärek kerimesi Ümmi Gülsümi oňa durmuşa çykardy. Ol hem dünýäden ötensoň, Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Ýa Osman, eger ýene bir gyzym bolsady, ony hem saňa bererdim" buýurdy. Hz. Osmana (r.a.), Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) iki mübärek kerimesine öýlenenligi üçin "Zinnureýn (iki nuruň eýesi)" diýlendir. Hz. Osmandan soňra ynsanlaryň iň mertebelisi, Hz. Aly-ýül-Murtazadyr. Ilkinji salyh musulmanlar olaryň tertibiniň şeýleräk görnüşdedigini aýdyp gidipdirler. Olaryň halyflygy hem şu tertip boýunça ýerleşendir. Eshaby kiram aleýhimürrydwan halypalarymyzyň her biri barada haýyrly gürrüňler etmelidir. Çünki, Resulullahdan habar berilýän hadys-y şerifler olary öwýär we olara çirk ýetirmegi gadagan edýär. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) bu barada şeýle buýrandyr: "Eshabymy ýamanlamaň! Uhud dagy ýaly aýatyny sadaka berseňiz-de, Eshabymdan biriniň ýarym müd (875gr.) arpa sadakasynyň sogabyna gowşup bilersiňiz." "Eshabyma hezzet-hormat ediň! Çünki olar, siziň iň haýyrlylaryňyzdyr". "Eshabyma dil ýetirmäge Allahü tealadan gorkuň! Menden soňra olary bet pygallaryňyz üçin nyşana almaň! Nebsiňize uýup, duşmançylyk etmäň! Olary söýýänler, meni söýýändikleri üçin söýýärler. Olary söýmeýänler, meni söýmeýändikleri üçin söýmeýärler. Olara el bilen, dil bilen ez’et edenler, göwnüne degenler, Allahü tealaga ez’et edendikleri bolar weli, munuň hem almytlaryny berýän jezalary gijikdirilmän berler". Eshaby kiramyň (r.anhüm) arasynda ýüze çykan gapma-garşylyklardyr söweşleriň tewil we halel ýoly bardyr. Ýagny bular ijtihad parhlylyklary sebäpli ýüz beripdi. (Selefi salyhyn, eshaby kiram (r.anhüm) arasyndaky göreşleriň, dünýä üçin däl-de, hakykaty ýüze çykarmak üçin bolup geçenligini habar berýär. Olaryň baryny öýke-kineden we duşmançylykdan uzak bilýärler. Çünki, Eshaby kiramyň bary, iň gowy adamlaryň söhbetleri we nesihatlary bilen ap-arassa bolup; kine saklamak we duşmançylyk ýaly erbetlikler kalplaryndan çykarylandyr. Olaryň her biri ijtihad mertebesine beýgelendirler. Her bir müjtehidiň öz ijtihadyna, öz açyşyna görä hereket etmegi wajib bolanlygy üçin, dürli-dürli ijtihadlar berlen wagtlary, birek-birekden aýrylmaklary zerur bolup durýandyr. Her haýsynyň öz ijtihadyna uýmagy dogry boljakdyr. Beýle bolsa, olaryň aýrylmaklary-da, birleşmekleri-de dogrydy we ijtihad sebäplidi). Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) tarapyndan Jennete girjekdikleri söýünjilenen on Sahabiniň Jennetlikdigine şaýatlyk edýäris. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) bir hadys-y şeriflerinde olara bu hoş habary şeýle buşlaýar: "Ebu Bekr Jennetde, Ömer Jennetde, Osman Jennetde, Aly Jennetde, Talha Jennetde, Zübeýr Jennetde, Abdürrahman bin Awf Jennetde, Sa'd bin Ebi Wakkas Jennetde, Said bin Zeýd Jennetde, Ebu Ubeýde bin Jerrah Jennetdedir". Hz. Fatymanyň, Hz. Hasanyň we Hz. Hüseýniň Jennetlikdigini ýaňzydýan hadys-y şerifler hem bar. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Fatyma, Jennet zenanlarynyň seýýidesi, Hasan we Hüseýin, Jennetlikleriň ulularydyr". Buýrandyr. Eshaby kiramyň (r.an-hüm) beýlekileri-de diňe haýyr bilen ýatlanylýar. Eshaby kiram üçin, beýleki Jennete girjeklere berilmeýän sogaplar we derejeler bar. Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) habar berenlerinden başga, kimdir biriniň Jennetlikdigine ýa-da Jähennemlikdigine şaýatlyk edilmeýär. Mü’minler Jennetlik, kapyrlar Jähennemlikdir diýilýär. Welileriň hiç biri hiç haçan pygamberleriň (a.s.) derejesine ulaşyp bilmez. Akyl-huşdy her kim, Allahü tealanyň emirlerine we gadagan eden zatlaryna uýmaga borçludyr. Hiç kim bu jogapkärçilikden daşda galyp bilmez. Emir we gadagan edilen zatlara uýmak bilen jogapkärçilik düşmeýär. Çünki, Allahü tealanyň emirlerine we gadagan eden zatlaryna boýun sunmak, akly-huşy ýerindäki hemme kişä emredilendir. Haramlary halaldyr öýdüp ýoldan çykan kä kişiler: "Gul, muhabbetiň soňky mertebesine ulaşyp, sap we tämiz bolup, küpüri däl-de imany saýlap alansoň; emir we gadagan edilen zatlara boýun bolmak jogapkärçiligi ondan gider. Allahü teala, uly günäleri işländikleri sebäpli olary Jähenneme zyňmaz" diýip, nädogry ýola düşdüler. Olaryň käbirleri-de: "Görünişdäki ybadatlar ondan düşer. Onuň ybadaty diňe oý-pikir bolar" diýip aýtdylar. Bu sözler küpürdir, imansyzlykdyr. Çünki, ynsanlaryň iň mertebelileri bolan Pygamberler aleýhümüsselam, ylaýta-da Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem), Muhabbet we iman babatda ynsanlaryň iň kämilleri bolanlygyna seretmezden, Ol Allahü tealanyň emir we gadagan eden zatlaryna tabynlykda has köp jogapkärçilik duýupdy we muny has ajaýyp derejede berjaý edipdi. Kiçi bolsun, uly bolsun, tapawudy ýok, kesgitli delil bilen äşgär bolan günäni halal görmek, ony äsgermezçilik etmek, yslamyýet bilen oýun etmek, çirk ýetirmek küpürdir. Çünki bular inkäriň alamatlaryndandyr. Bu hususda ençeme fetwalar berlipdir. Bularyň käbirleri şeýleräkdir: Haramlygy kesgitli, anyk subutnamalar bilen bilinýän "Haram li-aýnihini", ýagny läş, doňuz eti, şerap ýaly özleri haram bolan zatlary halal görmek küpürdir. "Haram li-gaýryhy", ýagny başga bir zat sebäpli haram bolan bir zady (ogurlanan alma ýaly) ýa-da haramlygy anyk däl-de, çaklama deliller bilen äşgär bolan bir zady halal gören kişi kapyr bolmaz. Käbir alymlar, haram li-aýnihidir haram li-gaýryhynyň haýsydyr birini inkär etmekligiň küpür boljaklygyny aýdypdyrlar: "Kimde-kim Yslamyýetde haramlygy bilinýän bir zady halal görse kapyr bolar" buýrupdyrlar. Mysal üçin, zewil-erham (öýlenmegi haram bolan garyndaşlar) bilen öýlenmegi, goş birikdirmegi, içgi içmegi, zeruret bolmasa-da läş, gan, doňuz eti iýmegi halal saýmak küpürdir, imandan çykmaklykdyr, Bularyň hemmesiniň haramlygyna ynanyp-da, nebse we duýgulara bas gelnibilmän edilse, onda küpür bolmaz, fysk bolar, günä bolar. Beýle edýän adam pasykdyr, günäkärdir. Haram zada bilmezlikde, bilmän halal diýen kişi hem kapyr bolmaýar. Kimde-kim, Allahü tealany şanyna ýaraşmaýan bir zat bilen tanatjak bolsa, Allahü tealanyň atlaryndan biri bilen ýa-da buýruklaryndan biri bilen henek-oýun etjek bolsa, Allahü tealanyň wadini (sylagyny) we waidini (azabyny) inkär etse, imansyz bolar. Küpüre sebäp bolýan bir sözi aýdan adamyň bu sözünden hoşal bolup, göwnüne ýaranlygy üçin onuň bu küpür sözüne gülen adamyň hem, küpüri goldaýanlygy, bu söz bilen razylaşýanlygy üçin imany gider. Kimde-kim, başga birine Allahü tealany inkär etmegi buýursa ýa-da muny buýurmaga sebäp bolsa, şeýle etmegi ýüregine düwse, şerap içende ýa-da zyna iş edende "Bismillah" (bysymyllah) diýse imany gider. Bilgeşleýin täretsiz namaz okamak küpürdir. Küpüre sebäp bolşuna kän bir perwaý etmezlik we ynanmaklyk zerarly küpüre sebäp bolýan sözi aýtmaklyk küpürdir. Kahiniň gelejege dahylly berýän habarlaryny tassyk etmek, kabul etmek küpürdir. Bu barada Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Kimde-kim, bir kahiniň ýanyna gitse, onuň aýdanyny tassyk etse; Allahü tealanyň Muhammed aleýhisselama indirenini inkär etdigi bolar" buýrandyr. Kahin, gelejekde boljak wakalary habar berýändigini, syrlary bilýändigini, geljekden habardarlygyny öňe sürýän kişidir. Araplaryň içinde-de, gizlin zatlary we geljek bilen baglanşykly işleri bilýändiklerini öňe sürýän adamlar bardy. Olar jynlardan dostlarynyň bardygyny, özlerine habar ýetirýändiklerini öňe sürýärdiler. Olaryň käbirleri-de, özlerine berlen üşüklilik bilen işleri aňşyrýandyklaryny aýdýardylar. Ýyldyz ylymlary bilen meşgulanýan münejjimler, ýyldyzlardan peýdalanmak bilen gelejekde boljak wakalary bilýändiklerini öňe sürenlerinde, olaryňam kahinlerden parhy galmaýar. Meseläniň düýp özeni; geljegi bilmek, diňe Allahü tealaga mahsus bolan häsiýetdir. Gullaryň beýle zada asla güýçleri ýetmez. Gullar beýle zatlary, diňe Allahü tealanyň aýan etmegi bilen bilip bilerler. (Pygamberleriň (sallalahü aleýhi we sellem) görkezen mujizelerinde we öwlüýäniň görkezýän keramatlarynda bolşy ýaly, gullaryň gelejekden habar bermekleri-de, Allahü tealanyň aýan etmegi bilen amala aşýar). Dirileriň ölülere doga edip, aýat okap, sadaka bermeginiň ölülere peýdasy bar. Bu barada Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Bir jynazanyň namazyny ýüz kişilik musulman jemagaty okasa we oňa hüsni Şehadet (onuň gowy adamlygy barada şaýatlyk) etseler, Allahü teala olaryň şaýatlaklaryny kabul eder" buýrandyr. Eshaby kiramdan Sad bin Ubadäniň enesi dünýäden ötdi. Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) ýanyna gelip: "Enem üçin haýsy sadakamy berjaý etsem, has gowy bolarka?" diýip sorady. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) hem: "Suw" buýurdy. Ondan soňra Sad (r.a.) bir guýy gazdy. Musulmanlaryň peýdalanmagy üçin goýdy we: "Bu, Sadyň enesi üçindir" diýdi. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Doga, belany dep eder. Sadaka, Allahü tealanyň gazabyny söndürer". "Alym ýa-da talyp bir oba baranynda, Allahü teala bu obanyň gabrystanyndan kyrk günki azaby azaldar". Allahü teala, dogalary kabul eder we hajatlary giderer. Bu barada Kuran-y kerimde, Mü’min süresiniň altmyşynjy aýaty kerimesinde, mealen: "Maňa doga ediň, dogaňyzy kabul edeýin" buýrandyr. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) hem: "Rebbimiz haýa eýesidir we kerimdir. Guly özüne ellerini galdyran mahaly, olary yzyna boş gaýtarmakdan haýa eder" buýrandyr. Dogada esasy zat, niýetiň dogry bolmagy, içiň päk we kalbyň rahat bolmagydyr. Bu barada Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Allahü tealanyň kabul buýurjakdygyna kesgitli ynanyp, doga ediň. Allahü tealanyň, gapyl kalp bilen edilen dogany kabul etmejekligini bilip goýuň" buýrandyr. Sadeddin Teftazani (r.a.), Ymamy Nesewiniň (r.a.) "Hadys-ül-erbaýyn" eserindäki hadys-y şerifler üçin ajaýyp syn ýazdy. Bu gymmatly eserdäki hadys-y şerifleriň käbirleri şeýledir: Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Nirede bolsaň bol, Allahü tealadan gork. Ýamanlygyň yzyndan ýagşylyk hälki ýamanlygy ýok eder. Adamlara gözel ahlak bilen çemeleş". Syn (düşündiriş): "Allahü tealadan gork", ýagny Allahü tealanyň buýruklaryny berjaý etmek we gadagan eden zatlaryndan gaça durmak bilen Allahü tealadan gork. Sebäbi takwa, diniň diregidir. Takwa bilen belent derejelere ýeterler. "Nirede bolsaň bol", ýagny ha ýalňyz, ha adamlaryň arasynda, hala nygmat-eşret içinde, hala-da bela we nägehan içinde. Çünki, Allahü teala seniň daşky hallaryňy bilşi ýaly, gizli zatlaryň-da bilýär. Beýle bolsa, Allahü tealanyň buýruklaryny ýerine ýetirmek, razy bolýan işlerini etmek, gadagan eden we gazabyna sebäp boljak zatlardan saklanmak babatynda edebiň inçeliklerine üns bermek gerek. Dawudy Tay bir gabryň ýanyndan geçip barýarka bir ses gulagyna ildi. "Men zekat bermedimmi, namaz okamadymmy, men oraza tutmadymmy, pylan-pylan hili haýyrly işleri etmedimmi?" diýýärdi. Bir ses oňa jogap berip: "Hawa, etdiň eý Adüwullah (Allahü tealanyň duşmany)!. Emma, ýeke galanyňda, Allahü tealaga garşy geldiň. Allahü tealanyň seni görýänligi barada oýlanyp, Ondan gorkmadyň" diýdi. "Ýamanlygyň yzyndan ýagşylyk et": "Allahü teala, kalpdan ýa-da hafaza melekleriniň amallary (işleri) ýazýan depderlerinden, eden ýagşy işleriň sebäpli ýamanlyklaryňy öçürer. Eger, edilen ýamanlyk, gul bilen Allahü tealanyň arasynda bolsa, Allahü teala o ýamanlyklaryň ornuna ybadat ýazar. Eger, edilen ýamanlyk gullara degişli bolsa, o ýagşylygy ýamanlyk eden adamyna ýazar. Bu ýagşylyk, oňa edilen ýamanlygyň muzdy hökmünde berler. Salyhlardan bir kişi, dünýäden ötenden soňra düýsde görülýär. Allah tealanyň oňa nähili çemeleşenligi soraýar. "Allahü teala meni bagyşlady. Maňa yhsanlar eýledi. Ýöne, bir zatdan hasaba çekildim. O-da, roza tutup ýörkäm, bir gün agyzaçar wagty gelende, dostumyň dükanyndan bugdaý dänejigini aldym. Ony agzymda döwdüm. Birdenkä, bugdaýyň meniňki däldigi ýadyma düşdi. Derrew agzymdaky döwük dänäni öňki ýerine goýdum. Ynha şonuň üçin hem hasaba çekildim. Şol dänäniň mukdaryça ýagşylyklarymdan alyndy" diýip jogap berdi. Kazy Beýdawy (r.a.), tefsirinde şeýle buýurdy: "Kiçi-günäleriň we gizlin edilen uly günäleriň, edilen ýagşylyklar bilen bagyşlanýandygy aýan edilendir. Çünki Allahü teala "Kuran-y kerimde, Bekara süresiniň iki ýüz ýetmiş birinji aýaty kerimesiniň soňunda, mealen: "Eger, sadakaňyzy gizläp saklasaňyz, şeýle hem gizlinlikde garyplara berseňiz, bu siziň üçin has haýyrlydyr we günäleriňiziň bir bölegini örter. Allahü teala, eden her işiňizden geregiçe habardardyr" buýrandyr. "Adamlara gözel ahlak bilen çemeleş": Gözel ahlak; güler ýüzli bolmak, jomart bolmak, özgelere ezýet bermezlik, hiç kime duşmançylyk etmezlik, kynçylykda we arkaýynçylykda adamlary hoş etmekdir. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Allahü teala taýýibdir. Diňe taýýib bolan zady kabul eder. Allahü teala mü’minlere, Pygamberlerine emreden zatlaryny emretdi. "Eý, Resullar! Taýýib zatlary iýiň, amaly salih (ýagşy işler) işläň". (Mü’minun-51), "Eý, iman edenler! Size yrsgal hökmünde beren taýýib bolan zatlarymyzdan iýiň". (Bekara-172) buýurdy. Soňra -da: "Kän kişiler bar welin, iýýän we geýýän zatlary haramdyr. Soňra ellerini galdyryp: "Ýa Rebbi! Ýa Rebbi!" diýip doga edýärler. Beýle doga, neneň kabul ediler?" buýurdy. Syn: "Allahü teala taýýibdir". Ýagny, Allahü teala, nogsan sypatlardan we aýyplardan uzak galýan ähli kämil sypatlara eýedir. Kämil sypatlar, diňe Onda bolýandyr (bardyr): "Allahü teala, diňe taýýib bolan zady kabul eder". Ýagny, Allahü tealaga ýakynlaşmak, Onuň razylygyna gowuşmak, diňe tämiz we halal zatlary sarp etmek, Allahü tealanyň ýolunda harjamak arkaly mümkin bolar. Bu barada Kuran-y kerimde, Ali Imran süresiniň dogsan ikinji aýaty kerimesinde, mealen: "Söýýän zatlaryňyzdan sarp etmeseňiz, hiç wagt gowulyga we haýra (ýa-da Jennete) eýe bolup bilmersiňiz. Allah ýolunda näme harjasaňyz, Allahü teala ony bigüman biler we garşylygyny (sylagyny) berer" buýrulandyr. Allahü teala, faziletli ylym we amala bürenen, şübhelilerden saklanýan, nejasetlerden (hapalaryndan) arassalanan, kalby aýyplardan syýrylan gullaryny kabul eder. Bu ähli aýdylanlardan şeýle netije gelip çykýar: "Allah ýolunda berilýän zat, şübhe kirlerinden, Allahyň razylygyndan başga maksatlar bilen berilmekden daş bolmalydyr. "Taýýib zatlary iýiň, amaly salih işläň" mealyndaky aýaty kerimede, taýýib zatlary, ýagny halal we tämiz zatlary iýmek emri, salih amal işlemek emrinden öň gelýär. Çünki salih amalyň kabul bolmagy üçin, halal iýmek gerek. "Soňra ellerini galdyryp: "Ýa Rebbi! Ýa Rebbi!" diýip doga ederler" buýrulmagy, doganyň kabul bolmagy üçin, doga edýän adamyň nähili bolmalydygynyň yşaratydyr. Doga edilende iki eli galdyrmak mendubdyr. Çünki beýle etmek, ejizlik we mätäçligiň ykrary, pes-pälligiň we zilletiň şygarydyr. Şol sebäpli Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Allahü tealadan owuçlaryňyzyň içi bilen isläň, tersi bilen islemäň. Doga gutarandan soňra olar bilen ýüzüňizi mesh ediň, ýüzüňize sylyň" buýrandyr. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Kişiniň malaýany işleri terk etmegi, onuň musulmanlygynyň kämilleşenliginiň alamatydyr". Malaýany: kişi üçin möhüm bolmadyk, mätäçlik çekmeýän, özi üçin beýle bir zerurlygy bolmadyk, şonsuz hem günemasyny dolap bilýän işleridir. Bular biderek işlerden we gereksiz sözlerden ybaratdyr. Aslyýetinde ynsanyň, dünýä we ahyretde ýagdaýynyň gowy bolmagyna sebäp boljak işler bilen meşgul bolmagy zerurdyr. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem), Ebu Hüreýrä (r.a.): "Eý, Ebu Hüreýre! Galamyňyň sen barada ýazmazlygyny isleýärsiňmi?" buýranynda, ol: "Hawa, Ýa Resulullah!" diýdi. Resulullah-da (sallalahü aleýhi we sellem): "Parzlary berjaý et, Allahü tealanyň haram eden zatlaryndan el çek, malaýany (boş) gürlemegi goý" buýurdy. Ma’rufy Kerhi (r.a.), şeýle buýurdy: "Gul, malaýany (peýdasyz) zatlar bilen meşgul bolsa, Allahü teala oňa gazap eder. Peýdasyz zatlara gümra bolan adama Allahü teala kömek etmez". Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Kim-de kim, Allahü tealaga we ahyret gününe iman etse, ýa agzyny haýyr açsyn ýa-da dymsyn!" Kişi gürlejek wagty, aýtjak bolýan zady wajyp ýa-da mendup (dinimizde ündenýän) toparyna girýän bolsa, bu gepinden sogap gazanar. Mü’min, şeýle peýdaly zatlary sözlemelidir. Aýdyljak zat haram ýa-da mekruh bolsa, özüne haýyr getirmejek bolsa, ol sözi aýtmaly däldir. Mübah bolan sözüň, harama sebäp bolaryndan gorkulýan bolsa, bu sözüň hem terk edilmegi emr edilendir. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Allahü tealaga we ahyret gününe iman eden, goňşusyna hödür kerem etsin" buýurdy. Bu şeýleräk bolmlydyr; Mü’min, mü’min gardaşynyň mätäçliginde oňa kömek etmelidir, başyna iş düşende goltgy bermelidir. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Goňşy hakynyň nämedigini bilýärsiňizmi? Kömek sorasa kömek ediň, karz sorasa karz beriň, garyp bolsa hajatyny gideriň, näsag bolsa ýagdaýyny soraň, öläýse jynazasynyň yzyndan gidiň şatlananda şatlanyň, kyn günlerinde hal-hatyryny soraň, "gynanma" diýiň. Şemal geçerine päsgel bermezlik üçin, oňa seredip duran diwary beter ýokary galdyrmaň. Miwe iýeniňizde oňa iberiň, iberip bilmeseňiz gizlin iýiň. Çagaňyz eline iýer ýaly zat berip, daşary ibermäň. Goňşyňyzyň çagasy görüp dilemesin. Naharyňyzyň ysy bilen goňşyňyzyň ynjalygyny gaçyrmaň, bişiren naharyňyzdan oňa-da bir tabak iberiň". Ýene şeýle buýurdy: "Kimde-kim, Allahü tealaga we ahyret gününe iman etse, myhmanyna ykram (bir zat bersin) etsin. Ýagny güler ýüz görkezsin, onuň bilen süýji sözleşsin". Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Utanmasaň isläniňi et! (diýen söz), geçen Pygamberleriň sözünden (birkemsiz) ynsanlaryna ýeten habarlardan biridir". Ýagny, göwnüňe düwen işiň. Allahü teala we adamlaryň ýanynda seni utanja goýjak bolsa, o işi etme. Beýle däl bolsa, o işi amala aşyr. Ýagny, eger, edilende utandyrmajak iş bolsa, onuň edilmegi jaýyzdyr. Haýa; kalbyň, Allahü tealanyň özüni barlaýandygyny bilip, daşyny we içini, Allahü tea-lanyň emirlerine garşy çykmakdan goramak bilen mümkin bolar. Şeýle bolanda, başyna gelen bela-beterlere sabyr edip, bular üçin hiç kimiň ýanynda zeýrenmez. Ynsanlaryň işleri iki dürlüdir; edilen iş ýa utandyrar ýa-da munuň tersi bolar. Utandyrýanlar; haramlar we mekruhlardyr. Bulary terk etmek diniň geregidir. Munuň tersi bolanlar-da; parz, wajib, mendub we mübahlardyr. Bulary berjaý etmek hem diniň geregidir. Hadys-y şerifiň gorkuzmak maksadynyň barlygyny aýtmak mümkin. Ýagny, haýasy giden adam islänini etsin. Çünki Allahü teala, onuň eden işi üçin jezasyny berer". Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Taharet, imanyň ýarysydyr". Bu ýerde taharetden maksat, bedeniň boý täretsizlikden we täretsizlikden tämizlenmegi, geýimiň we namaz okaljak ýeriň arassa bolmagy, imanyň ýarysydyr. Iman diýlip bolsa namaz göz öňünde tutulýar. Çünki Allahü teala, Kuran-y kerimde Bekara süresiniň 143-nji aýaty kerimesinde, mealen: "Allahü teala, siziň imanyňyzy (namazyňyzy) zaýa etmez" buýurýandyr. Aýaty kerimede namaza iman buýrulmagy, namaz imanyň iň uly eseri we netijesi bolanlygy we namazyň Yslamyýetde örän ähmiýetli orun tutýanlygy sebäplidir. Namazyň sahih (kabul) bolmagy üçin, rüknler we şertler bardyr. Emma taharet (tämizlik), namazyň amal taýdan iň äşgär we köp bolan şerti bolanlygy üçin, hemme şertler bir ýana, taharet bir ýana bolup durýar. Tasawwuf ähli (sopy we takwa kişiler) bolsa: "Taharet diýmek bilen, nebsiň erbet ahlakdan arassalanmagy göz öňünde tutulýar" diýip aýdypdyrlar. Muňa görä, taharet, imanyň ýarysydyr. Imanyň beýleki ýarymy-da, nebsi faziletler we dogry ynanç bilen bezemeklikdir. Nebsi erbet gylyklardan tämizlemek, ony ýagşy gylyklar bilen bezemekden öňürti gelýär. Ymamy Gazaly (r.a.) şeýle buýurdy: "Taharetiň birnäçe derejesi bardyr. Daşyňy boý täreti we täret bilen arassalamak, soňra agzalary günälerden päklemek, soňra kalby erbet edähetlerden tämizlemek, soňra-da syryňy Allahü tealadan özge zatlardan tämizlemekdir". Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Elhamdülillah (diýmeklik) mizany doldurar" we "Sübhanallah we elhamdülillah, ýer bilen gögüň arasyny doldurar" buýurdy. Bu ýerde doldurmak diýmek bilen, bulary aýtmagyň sogabynyň gaty uludygy göz öňünde tutulýar. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Namaz nurdur" buýurdy. Yşyk bilen öňüň aýdyňlandyrylyp ýoluň tapylyşy ýaly, namaz hem ýamanlykdan saklaýar. Haka, ýagşylyga äkidýändir. Hadys-y şerifde meňzetme bar. Namaz, bigelik nurlarynyň parlamagyna, kalbyň bagtyýar urmagyna sebäp bolýar. Çünki kalp, Allahü tealaga ýönelýär. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Sadaka burhandyr" buýurdy. Ýagny, sadaka, muny beren adamyň imanynyň dogrulygynyň delilidir. Hasap zamanynda subutnamadyr. Sebäbi, bendesi, zadyny nirä sarp edenligi soralan wagty, berjek jogabyna sadakalary burhan boljak we bende: "Men ony sadaka berdim" diýjekdir. Ýa-da Allahü teala bolan söýgüsiniň dogrulygynyň, haklygynyň burhanydyr. Sebäbi, söýgülileriň bary, iň uly söýgüllileri üçin zatlaryny gaýgyrmaýarlar. Hut şu sebäpli, Ebu Bekri Syddyk ýaly ägirtlerimiz, ähli zatlaryny, mal-dünýäsini Allahü teala üçin sarp etdiler. Käbirleri zerur hajatlary üçin gerekli mukdary özlerine alyp, galan baryny Allah ýolunda harjadylar. Käbirleri bolsa, parz bolan zekaty bermek bilen çäklendiler. Iň gowy görülýän, iň faziletli sadaka; gizlin berlen we bereniňi minnet etmän, özüňi ýagşylyk eden adam hökmünde görüp, munuň üçin sagbol aýdylaryna garaşmakdan örän çeke durup berlen sadakadyr. Sadaka berlende, iň gowy zatlardan we Allahü tealaga gulluk wezipesini berjaý etmek üçin ulanjak adama, gülerýüz bilen bermelidir. Hadys-y şerifde: "Sabyr - röwşendir" buýruldy. Bu ýerde "Sabyr" sözi bilen, dinde hoş görülýän, öwülýän sabyr göz öňünde tutulýar. Bu, Allahü tealaga ybadatda we tagatda sabyr, pitneden gaça durmakda, nebsiň islemeýän zatlaryna we kynçylyklara sabyr-takat etmek we çydamaklykdyr. Ine, dinde öwülýän sabyr şeýledir. Şeýle sabryň hem dowamlygy, yzygiderliligi gerek. Hadys-y şerifde: "Kur’any kerim, seniň peýdaňa we seniň garşyňa delildir" buýruldy. Eger, Kuran-y kerimi okasaň, emirlerine boýun bolsaň, gadagan eden zatlaryndan çeke dursaň, seniň peýdaňa şaýatlyk eder. Gabyrda seniň üçin subutnama bolar. Kyýamat güni dürli jebir-azaplardan, horluklardan seni halas eder. Şehabeddin Ömer Sühreberdi (r.a.) şeýle diýýär: "Gul, Kuran-y kerimi kän okap, Alla-hü tealanyň ismi şerifini köp ýatlasa, dili bilen bilelikde kalbyna-da ykjam ornaşmagy üçin gaýrat etse, bu zikir kalby mesgen ediner, netijede kalp nurlanar we belent derejelere gowuşar. Yzýanyndan kalbyň nury, kalba, bedene ýaýrar. Guluň kän ajap işler etmegine sebäp bolar". Kuran-y kerimiň garşyňa delil bolşy barada aýtsak; Kuran-y kerimiň emirlerine boýun bolmasaň we gadagan eden zatlaryndan çekinmeseň, Kuran-y kerim seniň garşyňa güwä geçer, heläk bolarsyň. Bu ýerde, Kuran-y kerimiň belent derejelere gowuşmaklyga sebäp bolup durýan emirdir gadagan edilen zatlaryna boýun bolunmasa, Jähenneme gitmeklige we ynsanyň peselmegine sebäp bolýanlygyna yşarat edilýär. Beýik alym Hattaby şeýle buýurdy: " Hz. Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) artykmaç häsiýetlere eýe bolan eshabyndan (r.a.) bize gelen habara görä; Kuran-y kerimdäki aýaty kerimeleriň sany, Jennetdäki derejeleriň sanyna barabardyr. Kuran-y kerimdäki aýaty kerimeleriň hemmesini berjaý eden, hemmesiniň hakyny beren kişi, Jennet derejeleriniň iň belendine çykar". Mydama hakykaty aýdýan hakykatyň gözlegindäki alymlar şeýle buýurdylar: "Kuran-y kerimiň aýaty kerimeleriň hemmesiniň hakyny bermeklik, Kuran-y kerimiň aýan eden ahlagy bilen ahlaklanmak we onuň sypatlary bilen sypatlanmak (şol sypatlara eýe bolmak) bilen mümkin bolar". Adamlar ir ertir öýlerinden çykýarlar, baran ýerlerinde haýyr ýa-da şer işlere gümra bolýarlar. Haýyr işler bilen meşgul bolýanlar, Allahü tealanyň emirlerine uýup, gadagan eden zatlaryndan gaça durmak bilen, özlerini azapdan halas etmäge çalyşýan adamlardyr. Şer işler bilen meşgullanýanlar bolsa; nebsiň howaýylygyna we şeýtana uýanlardyr. Aslynda weli bu zatlar, şer işe gümra bolan adamyň heläk bolmagyna sebäp bolýar, ony heläkçilige we betbagytlyga äkidýär. Haýyr-sahawat bilen meşgul bolup, Allahü tealanyň emir we gadagan eden zatlary boýunça ýaşaýanlar bolsa, dünýäde we ahyretde haýyrlara gowuşýarlar, ahyretiň azabyndan gutulýarlar. Bendesiniň zerur etmeli işi; özüni heläk etmek isleýän, duşmanlaryna kömek edýän, başyna bela gelmegine sebäp bolýan nebsine garşy çykmagydyr. Nebsiň ýamanlyklaryndan diňe nebiler (a.s.) we syddyklar halas bolmagy başarypdylar. Nebisden başka hapysa zat dünýäde ýokdur. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Allahü teala: "Eý, Adamzat! Sen maňa doga et we umyt etmegiňi kesmeseň, seniň eden uly-kiçi ençe günäleriňi bagyşlaryn. Olaryň känligine perwaý etmerin, olaryň känligi maňa uly görünmez" buýurdy". Düşündiriş: "Eý Adamzat! Sen maňa doga etmegiňi kesmeseň" buýrulmak bilen, maňa ybadat edip, menden dilän mahalyň diýmekligi aňladýar. Çünki, tefsirçiler, Kuran-y kerimde doga sözüni "Allahü tealaga ybadat etmek we Ondan islemek" diýip tefsir edipdirler. "Menden umyt etmegiňi kesmeseň" sözüniň manysy; bagyşlajakdygymy umyt eden wagtyň, rehnedimden umydyňy kesmedik wagtyň we azabymdan gaty bir arkaýyn bolman heder eden halatyň diýmekligi aňladýar. "Perwaý etmerin" buýrulmagy bolsa; günäleriniň känligi, maňa uly we agyr gelmez. Çünki, gullaryň günäleri, Meniň beýik rehnedimiň ýanyn-da örän kiçi, hatda ondan has kiçi bolup galar, diýýändir. Hadysy kudsyda şeýle buýruldy: "Eý Adamzat! Eger sen, hiç zady (nebs, we mahluklaryň hiç haýsyny) maňa (zatyma, sypatlaryma we maňa ybadat etmekde) şärik goşman maňa gowuşaýsaň; saňa ýeri doldurjak geçirimlilik ederin". "Eý, Adamzat! Eger, Seniň günäleriň gökdäki bulutlar ýaly (ýa-da kelläňi ýokary galdyran wagtyň gören zatlaryňça) kän bolsady, soňra sen menden bagyşlamagymy we geçirimlilik etmegimi islesediň, men seniň günäňi öterdim". Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Kimde-kim bir mü’miniň dünýädäki gam-gussasyny dep edip oňa ýeňil dem aldyrsa, Allahü teala-da onuň kyýamat gününiň gaýgylaryndan birini giderer". "Kim, kyn güne galan bergidara ýeňillik görkezse, Allahü teala-da oňa dünýäde we ahyretde ýeňillik görkezer". "Kimde-kim bir musulmanyň aýbyny gizlese, Allah-da dünýäde we ahyretde onuň aýbyny gizlär". "Gul, (din) gardaşyna ýardam etdigiçe, Allah hem oňa hemeýat eder". "Kimde-kim, ylym öwrenmek üçin ýola düşse, şol sebäpli Allahü teala oňa Jennetiň ýoluny ýeňilleşdirer". "Haýsydyr bir jemagat, mesjitleriň birinde jemlenip, Kur’any kerim okasa we öz aralarynda söhbet etseler, olaryň kalbyna ýeňillik aralyşyp, olary rehnet gaplap alar, melekler olaryň daşyny gallap alar, jenaby Hak hem olary, ýanyndaky meleklere we pygamberlere zikr eder". "Amaly (işi), özüni yzda galdyran kişini, neberesi öňe äkidip bilmez". | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |