06:04 Özüni dok görkezjek bolup agzyna ýag çalýan adam hakynda hekaýat | |
Özüni dok görkezjek bolup, agzyna ýag çalýan adam hakynda hekaýat
Goşgular
Gaty nanyñ zary bir garyp bende Agzyny ýag çalan bolýarmyş günde. Goñşy-golamlardan göräýse birin, Diýýärmiş: "Ýagdanam it ýaly irdim". Soñ agzynyñ ýagyn süpüren bormuş, Özem hondanbärsi gep uran bormuş. Sypaşdyryp hepbik ýaly garnyny. pañlan bolup geçirermiş her güni. Gyjalat berermiş oña aç garny: "How, eýäm, mundanam mydar bolarmy? Dilegçilik etseñ, pezzerip ýörmän, Beren tapylardy döwüm-dişlem nan. Rehimdar kişiler ýagdaýñy biler, Belki, käsi palawa-da çagyrar. Bagtyñy ýatyrýan öz ýalan gepiñ, Bu bolşuña basym açylar sepiñ..." Hakyky bolşuñy illerden gizläp, Boş gabaran bolup ýa ýalan sözläp, Ýagly görünse-de agzyñdyr murtuñ, Bil sen, uzak gitmän, açylar syrtyñ. Tokga gyzyl tapaýsañ-da eger sen, Olam ömürlik däl, bäş gün doýar sen. Goýup ýörkä özün doklañ deñinde, Şeýle waka ýüze çykdy öýünde: Bardy ol garypda ýag ýokly meşik, Ana, şony süýräp äkitdi pişik. Onuñ körpe ogly görüp bu haly, Uly goh turuzdy ot alan ýaly: "Waý, ogry pişigi tutalyñ basym! Indi kakam nädip agzyñ ýaglasyn?" Gopbam kişi galdy uly alada, Indi, agzyñ ýaglap bilseñ, ýagla-da. Ahmyr edip, gelse-de ol aglara. Meşigi ýok indi ili aldara. Kem-kem boýun alyp täze ýagdaýny, Öñküsi dek öwünmäge ýaýdandy. Ilki gülüşse-de goñşy-golamlar, Ol garyp biçäre rehim kylanlar. Onuñ oñar-oñmaz ýagdaýyn görüp, Kim öýne çagyryp, kimse nan berip. Gözden salmadyrlar ol pukarany, Garybyñam muña gönendi jany. Undup mundan öñki ýalançylygny, Bütinleýin üýtgetdi ol gylygny... Aldaw-hile bolmasa señ sözüñde, Bagtyýar adamsyñ ýeriñ ýüzünde. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |