02:16 Paganini | |
PAGANINI*
Goşgular
"Ýagşynyñ gadry il bilmez, Ýagşy uzakda bellidir". Magtymguly. Maestro Paganini, Sen adammy, Ýa-da jynmy?! Ýeke tarda Gyjagyñy Agladyp bileniñ çynmy?! Çynmy göriplikden ýaña Tarlaryñy gyranlary?! Çynmy saña Dindarlaryñ Kän muşakgat berenleri?! Çynmy ähli at-tituly, Baýraklary ret edeniñ?! Korolyñ çakylygyna Gitmän, meýhana gideniñ?! "Meniñ pirim pişik!" diýip Pişige uýanyñ çynmy?! Napoleonyñ iki sany Uýasyn söýeniñ çynmy?! Çynmy söýen gyzlaryñy, Jadylap, telbe edeniñ?! Çynmy çalan sazlaryñy, O dünýä alyp gideniñ?! Çynmy nota geçirmäniñ, Özgeler ogurlap öýdüp?! "Jynyñ" ýazan sazlaryny Ynsan eşitmezmi gaýdyp?! Buthananyñ öleniñsoñ, Kyrk ýyl jaýlatmany çynmy?! ...Maestro Paganini, Sen beýik adammy, jynmy?! _______________________ * Nikolo Paganini (1782-1840) - belli italýan gyjakçysy, kompozitor. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Obama geliñ / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Ol ki maňa ýary dilnowaz, göründi... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Öwütlerim / Goşgular - 10.06.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Gaýnene / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Ene gudraty / Goşgular - 01.07.2024 |
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |