19:01 "Paltaň daşa degip, halyň teň wagty..." | |
PALTAŇ DAŞA DEGIP, HALYŇ TEŇ WAGTY...“
Goşgular
Paltaň daşa degip, halyň teň wagty, Sessiz şyňňyrdysy soňky teňňeleň. Yzasyndan asla çykabilmersiň Tükeniksiz agyr oýa çümmeleň. Gardaş gardaşyna bolmasa ýardam, Parhy näme onuň bir maçy hardan. Diýseler eliňde, asardym dardan, Girdabyna oklap gara gargyşyň. Kastyňa çykanda bir ýowuz ýagy, Ili öňe çykarýandyr Togruly. "a jan, ýa-da watan!“ diýilen çagy, Heýhat gördüm Dandanakan darkaşyn. Haýyn bolsa bir garyndan çykanyň, Haýry degmez jan-jigeriň ýakanyň. Diýdi iller: "Nä saýramyş dahanyň?“ Diýdim: “Meger hasratyndan gardaşyň!“ "Dokluk belasyndan saklasyn aman!“ Diýipdi bir goja öňde bir zaman. Pulmeslerin görüp diýdim: "Söz tamam!“ Haýrany men öwsen ýele gaýyşyn. Diýsem ýalan bilmäň, irdim ýaňradan, Ilden-ä däl, ejap etmez taňrydan. Anty ýalan, zandy ýalan zaňňardan Tama kylma, iýgin minnetsiz aşyň. Daýhanyň guwanjy bugdaýly meýdan, Bugdaýly meýdanda utýandyr haýdan. Niçeme tupandan, niçeme gaýdan Geçipdik kerwenli ýolun argyşyň. Ýol berdiler il gözünden düşene, Mekirligiň gazanynda bişene. Allaýar, çyn sözüň gelmez hoşuna, Barybir hoş eder alan alkyşyň. 26-29.08.2016. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |