20:39 Periler şadyýan kakar... | |
PERILER ŞADYÝAN KAKAR...
Edebi makalalar
Saz. Ol Hakyñ kalbyndan adamzada peşgeş berlen iñ owadan duýgy. Sazyñ dili ýok. Ol hemmelere düşnükli. Ol her kimiñ öz dilinde gürläp, kalbyna şildiräp akýar. Halk näçe gadymy bolsa, onuñ dili, medeniýeti, däp-dessurlary öz köküni gadymylykdan alyp gaýdýan ýaly saz gurallary hem gadymylyk bilen halkyñ añyna siñýär. Halk döredijiliginde gadymy saz gurallarynyñ adyna örän köp gabat gelsem-de, bu barada ýörite makala ýazaryn öýdemokdym. Ýöne arada weli, nazarly, kalby sazly mähriban Türkmenbaşymyzyñ döredijilik işgärleri bilen bolan duşuşygynda aýdan dürdäne sözleri meniñ kalbymda şu makalanyñ pikirlerini oýardy. Biziñ Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy sungata uly sarpa goýýar. Ol döwlet derejesindäki aýdym-sazly märekelere, toý-meýlise öz gözel ili bilen deñ derejede gatnaşýar, dynç alýar. Şonuñ üçin türkmen sungaty barha ösýär, kämilleşýär. Ýöne, saz göwünli Türkmenbaşy şol märekelerde diñe bir aýdym-saz diñläp oturmady, ony inçelik bilen synlady. Saz gurallaryndan köp zatlary ýitirenimizi, edil biziñ gadymy ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy gaýtaryp getirişimiz ýaly, milli saz gurallarymyzy hem gaýtaryp getirmelidigimize göz ýetirdi. Şeýdip, suhanwer Prezidentimiz geçmişiñ tümünde agzy gulplanyp galan hazynanyñ açaryny tapdy. Şol hazyna gidýän ýollara paýhas çyragyny ýakdy. Dogrudan hem, türkmen saz älemine bir öçmejek şamçyragy lowurdadyp hödür eden biziñ Türkmenbaşymyzyñ aýdyşy ýaly, türkmeniñ şabram perdeli dutaryndan, şirin dilli tüýdüginden, gyz göwünli gyjagyndan başga-da örän köp saz gurallary bolupdyr. Muña biz gadymyýete üns berip, taryhy çeşmelere, halk döredijiligine, klassyk şahyrlaryñ şygyrlaryna üns berenimizde-de göz ýetirýäris. Bar bolan maglumatlara görä, Soltan Sanjaryñ şol gadymy saz gurallary bilen üpjün bolan nagmagärleri (sazandalary) bolupdyr. Ol sazandalar örän şirin sazlary bilrn şanyñ göwnünden turupdyr. Onuñ söýgüli aýaly bolsa, öz ýarynyñ edermenligine, şa mertebesine, şöhrat-şanyna bagyşlap şygyr ýazypdyr. Sazandalar şol şygyrlary saza geçiripdirler, aýdymçylar bolsa, şol gözel aýdymlary aýdypdyrlar. Soltan Sanjaryñ şirin dilli şahyr aýaly kanun saz guralyny oñat görüpdir. Hakykatdan hem şu döwürde kanun diýip atlandyrylýan saz guraly türkmende ulanylypdyr. Ony biz klassyk şahyrlaryñ şygyrlaryna ser salyp, nygtap bileris. Bar bolan maglumatlara görä, kanun kirişli saz guralyny ilkinji gezek al Faraby IX asyrda oýlap tapypdyr. Geliñ, Nurmuhammet Andalybyñ bir şygrynyñ iki setirine üns bereliñ: - Geldi ýarym gije, eligde surahy birle meý, Ýanynda mutrup çalyp, tanbur, kanun birle naý. Şu iki setir şygryñ soñky bendinde üç sany saz guralynyñ ady agzalýar. Geliñ, olara üns bereliñ! Tanbur ~ kirişli saz guraly. Tanbur gitara meñzeş saz guraly bolupdyr. Tanbur hakynda Burhanetdin: "Çal bu nowa perdesinde nagmaýy - tanbur" diýse, Kätibi: Salsa ýüwrük tazylaryny, elmydama gyşy-ýaz, Bagşylar tanbura birle kylsa äheñgi owaz diýen setirleri miras galdyrypdyr. Naý bolsa häzirki gargy tüýdügine meñzeş, ýöne has kämil üflenip çalynýan saz guraly bolupdyr. Saz gurallarynyñ naýbaşy hasaplanypdyr. Şonuñ üçin "naýbaşy" diýen söz türkmeniñ iñ oñat saýlantgy zatlary hakynda ulanylypdyr. "Gyzlaryñ naýbaşy Aýjemal", "Naýbaşy bedew", "Naýbaşy saz" ýaly sözleriñ düşünjesi öz gözbaşyny gadymyýetden alýar Türkmenlerde rubap (bandura) kirişli saz guraly bolupdyr. Bu barada Seýdi şahyr şeýle diýipdir: Saz edilse çün gyjak, dutar hem çengu-rubap, Hoş owaz göýende bolsa, nagmadan istär köñül - diýse, Abdysetdar Kazynyñ "Jeñnamasynda": "Çalyp şeýpur, ile çengu-rubabyn" diýen setirler bar. Gadymyýetde "Çeñg" diýen hem saz guraly bolupdyr. Çeñg arfanyñ bir görnüşinde bolan saz guralydyr. Onuñ kirişleri ziýa-ziberdi çekilipdir. Çeñg barada klassyk şahyrlarynyñ şygyrlarynda örän köp gabat gelinýär. Gaýyby bu barada: Gaýyby ýandykça her lahza pyrakyñ oduna, Nalaýp-dilsuzy-ul çeñg sazym eritdi ýar - diýse, Söz ussady Magtymgulynyñ ünsünde: "Gulgula düşdi gopuz hem jyñ-jyña düşdi çeñ" diýen görnüşde beýan edilipdir. Türkmenlerde nagma diýen saz guraly hem bolupdyr. Ony çalýanlara bolsa nagmagär diýipdirler. Bu barada Magtymgulydan: "Bag içre bilbil olup, okyr nagma, hezar saz", Burhanetdinden: "Daglary egşetmedimi nagmaýy - Dawut", Aryfdan: "Köp bolar behiştiñ nagmagärleri, mydam sazu-söhbet gursa gerekdir" diýen setirleri görmek bolýar. Mundan başga hem saz çalyp, hem aýdym aýdýanlara türkmenler gadymyýetde "mutryp" diýer ekenler. Bu barada "Zöhre-Tahyr" dessanynda Zöhre dünýä inende at dakjak bolanda ýyldyznama seredýärler. Geliñ dessandaky şol pursada ser salalyñ. "...Ýene bir ýyldyz bardyr, ol dokuzynjy pelegiñ ýüzünde dogýar: adyna Zöhri-Jeññi diýerler. Özi mutryp-bazygär bolan yşky belent sazandadyr, ýüzüniñ şöhlesi aý-günüñ şöhlesinden ýedi esse zyýadadyr. Bu gyzyñ adyna Zöhre goýalyñ - diýdi". Saza goşup hem aýdym aýdýan, hem saz çalýanlara "bazygär" diýipdirler. "Şeýpur" diýen turba saz guraly hem türkmenlerde örän ýörgünli eken. Mundan başga-da hernaý, surnaý diýen üflenip, köpçülikleýin çalynýan saz gurallary bolupdyr. Ol, esasan, goşunlarda, goşun sazandalary tarapdan ýerine ýetirilipdir. Bu barada "Görogly" eposynda örän köp ýerlerde ýatlanyp geçilýär. Şonuñ üçin "Bäş ýüz surnaý, üç ýüz kernaý çekmedi" diýen setirleri ýatlap geçeliñ. "Görogly" eposyna üns beren adam "Görogly goluna saz alyp, bir nagma aýdar erdi" diýen ýaly setirlere örän kän gabat geler. Emma şeýle uly eposda ýekeje ýerde-de "dutar" diýen söz ýok. "Türkmen klassyk edebiýatynyñ sözlügi" diýen kitapda "Saz ~ saz guralynyñ ady" diýip düşündirilýär. Türklerde dutardan has uly "Saz" diýen saz guraly bolupdyr. Dogrudan hem, Görogly ýaly pälwanyñ göwresine dutar däl-de, "Saz" diýen guraly gelşer. Mundan başga-da "Saz" diýen saz guraly hakynda "Saýatly-Hemra" dessanynda hem köp gezekler agzalýar. Mundan başga-da zenanlaryñ oturyp çalýan arfa meñzeş "şadyýan" diýen saz guraly bolupdyr. Bu barada Keminäniñ "Aýsoltana garşy" diýen şygrynda "Periler şadyýan kakar" diýen setirleri mysal getirmek bolar. Türkmenleriñ läleler, dessanlar, monjugatdylar, öleñler ýaly žanrlary bilen birlikde "Bo:ý bo:ýlamak" žanry hem bolupdyr. Ol esasan kyssa hem nagma görnüşinde beýan edilipdir. Öwgi häsiýetleri güýçli bolupdyr. Muña "Gorkut ata" eposyndaky "Bo:ýlary" mysal getirip bolýar. Ýöne biz kiçiräk wagtlarymyz "Men şu gün enemi gördüm bo:ýeý", "Aç gujagyñy, bas bagryña, sowuk alýar-la bo:ý Bibi" diýen ýaly aýdymlar aýdylýardy. Halk döredijiligindäki beýleki žanrlaryñ dikeldilişi ýaly biziñ "Bo:larymyz" hem dikeldilse türkmen sungaty ýene bir mertebe baýardy. Sazy söýmeýän ýokdur. Menem sazy söýüji hökmünde gadymy saz gurallarynyñ gaýdyp gelmegine ýagty ýol açan mähriban Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşa minnetdarlyk bildirýärin. Goý, onuñ saz göwnünde hemişe ýaz gülsin. Sebäbi saz gurallary Beýik Ruhnamanyñ ruhundan aýra däldir. Ruhnama adamlaryñ söz bilen kalbyna girse, gadymy saz gurallarymyz mukam bilen ruhumyzy galdyrar. Sözümiñ soñunda "Adamlar, begeniñ, indi biziñ söz sungatymyza şirin sözli Ruhnama gelse, saz sungatymyza şirin owazly saz gurallary geler" diýesim gelýär. Oguljemal ÇARYÝEWA, ruhyýeti öwreniji. "Edebiýat we Sungat" gazeti, 26.03.1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |