23:40 Pidaly maslahatlardan / ýumoreska | |
PIDALY MASLAHATLARDAN
Satiriki hekaýalar
Bir baýramçylykdy öz-ä, şol mynasybetli jemgyýetçilik iýmiti kärhanasynyň kollektiwi bilen duşuşdyk. Gepden gep çykanda, gürrüňiň arasynda degişmä salyp, men bir zady ýaňzytdym: «Özüňiz-ä, tüweleme, negözel zenanlar! Göz degmesin. Doga-tumar dakynýansyňyz-da hernä?! Ýöne weli, bişirýän naharlaryňyz o diýen tagamly däl» diýdim. «Içine oduk-buduk atyp, ne bir suwuň lezzetinem alýaňyz» diýip, degişmä salyp aýtdym. Iki-ýeke ýylgyranam boldy. Ýöne gyýma galam-gaşlar çytylýardy. «Göwher ýüzükli barmaklar, altyn bilezikli gollar, emma eliňiz süýji däl. Ýöne weli, şekim ýok, diliňiz süýji!» Zalda ses-seda ýok. Öňüme geçilmänsoň ötüşdirip başladym. «Naharyňyz soňundan çaý içirenok gowusy!» diýdim. Zenanlaryň arasynda bir dillijesem bar ekeni. «Şahyr aga, öwrediň-dä bilýän bolsaňyz, nädip süýji bişirmelidigini?!» diýdi. Il seniň ýalydan gep çekermi diýsene, edil kebzäňi ýere çüýlär. Dilimden bela galdym. Görgimi görüp, nahary nädip süýji bişirmelidiginiň resseptini aşakdaky ýaly tertipde beýan etmeli boldum. Belki, beýlekilere-de sapak, gollanma bolar. Iki sany kostrýuly alýaňyz (naharhanalarda gazan däl-de, kostrýul ulanylýar). Sag tarapdaka suwy köpräk guýmaly. Sebäbi ol köpçülik üçin bişirilmeli nahar. Çep tarapdaky kostrýula suwy az guýuň. Çünki ol az sanlyja adamlar üçin bişirilmeli naharyň suwy. Eti batar ýaly bolsa besdir. Sebäbi ony iýen adam soňundan çaý içmeli bolsun. Etiň süňküni sag tarapdaky kostrýula, jylka etini bolsa çepdäki kostrýula atarsyňyz. Duzy näçe atsaňyz atyberiň. Sebäbi ol mugt. Stollaryň üstünde-de duz goýuşdyryberiň. Nahar bir baş gaýnaram weli, sagdaky kostrýula atylan süňküň ýagy, ýülügi eräp garyşmanka çykaryp alyň. Suwa çalaja ysy, tagamy çykarça wagt bolandyr. Ýaňky süňkleri çepdäki kostrýula atyp gaýnadyberiň. Ýagy, ýülügi mazaly eräp, çorba garyşsa, nahar tagamly, kaloriýaly bolar. Gulagyňy kesselerem duýmarsyňyz. Soňra ýalaňaç süňkleri sagdaky kostrýula atyň, onsoň sagdaky kostrýula on alty bölek kartoşka atyň. Şeýtseňiz nahar tagamyna geler. Bellik: bir kartoşkany dört bölseň, ol alty bolar. Çepdäki kostrýula kartoşka atmaň. Beýtseňiz nahar süýji bolmaz. Etiň nebir tagamynyň işini görersiňiz. Sagdaky kostrýulyň suwy entek çorba reňkine gelip bilýän däldir. Oňa garalyp, zaýalanyp, zeňläp giden tomat pastasyndan birküç çemçe atarsyňyz. Göwdügip gelen işçi-u-gullukçylar, talyplar ony duýmazlar. Çepdäki kostrýula tomat atyjy bolaýmaň. Sogany, burçy, lawr ýapragyny çepdäki kostrýula atsaňyz bolar. Ukrop, petruşka, päne ýaly hoşboý ysly otlary hem diňe çepdäki kostrýula atyň. Zynhar sagdaka duzdan, kartoşkadan başga zat atyjy bolaýma. Sebäbi onsoň köpüň işdäsiniň öňünde durup bolmaz. Indi sagdaky kostrýulyň nahary taýýar. Ony stola äberiberseňizem bolar. Ýöne kiçijik bir problema bar. Olam nahara at goýmak. At dakmaga iýenler ökdedir. Siz at goýuň. Ol problemany çözmek kyn däl. Naharyň suwuny minýuda birinji blýuda hökmünde «kara şurpa» diýip goýaga-da satmaly, düýbüniň çökündisini bolsa «kartoşkaly kelem sousy» ikinji nahar hasabynda diýäge-de güzledibermeli. Bellik: witrinada naharlardan nusgalygy çepdäki kastrýuldan alyp goýarsyňyz. «Nesil» gazeti, 21.01.1995 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |