08:25 Pil hakynda jedel | |
Pil hakynda jedel
Goşgular
Hind ýurdundan Pil getirip golaýda, Saklapdyrlar bir garañky saraýda. Henize çen görülmedik haýwany Göresi gelýänleñ artypdyr sany. Piliñ sakçysyna muzduny töläp, Görüp çykmak üçin rugsat diläp, Sermanişip ýörüşlerne tümlükde, Täsin jedel tutaşypdyr Pil hakda. Holtymyndan tutan gataldyp sesin, Diýen: "Pil-ä turba meñzeýär asyl". Garañkyda Piliñ gulagny ellän: "Ol-ýelpewaç-diýen-Gürleme bilmän". Aýaklarny elläp üçünji kişi: Diýen: "Pürse meñzeş. Agyrtmañ başy". Piliñ arkasyny sypalap gören Diýen: "Aýdanñyzyñ barysy ýalan, Beterden beterin tapýañyz gaýta, Meñzeş ahyryn ol ýap-ýasy tagta". Bu jedelde: "Ol ýeñdi, bu ýeñildi". Diýmek kyn. Onuñam sebäbi belli. Eger-de birinde bolan bolsa şem, Beýle samsyk dawa bolmazdy, belkem. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |