20:31 Pil söwdasy / hekaýa | |
PIL SÖWDASY
Hekaýalar
Pil uzak ýaşaýan jandar. Özem beýleki köp haýwanlara görä höwrüne juda ysnyşagan. Men hem bir gezek öz «Haýwanat bagymyz» üçin pil edinmekçi boldum. Ýöne ony söwdalaşan ýerimizden alyp gaýtmak başartmady. Ýogsam häzir biziň «Haýwanat bagymyza» gelýän tomaşaçylarymyz hindi pilini synlap hezil ederdiler. Şol döwürlerde Aşgabada «Göçme zoosirkler» köp gelerdi. Bir aý töweregi tomaşaçylara hezil bererdiler. «Gämiçiniň jany bir» diýlişi ýaly, olaryň işgärleri biziň «Haýwanat bagymyza» gelip görerdiler. Biz — işgärlerimiz bolup baryp, olaryň haýwanlaryny synlardyk, ot–iým kömek ederdik. Pikir alşardyk. Ine, bir gezek Nowosibirskiniň «Zoosirki» sapara gelende, bizde peleňiň çagalandygyny eşidip, şonuň çagasyny hem-de burma şahly dag tekesini bersek, üstüne-de birazajyk pul tölesek, özleriniň üç piliniň birini berjekdiklerini aýtdylar. Biz dessine ylalaşdyk. Sebäbi peleňiň iki çagasyndan birisi özümize galjakdy, dag tekesiniň-de biziň daglarymyzda köp döwrüdi. Eger «Haýwanat bagymyzdakylar» kesel-beýleki zerarly ýogalsa, täzesini tutup biljekdik. Pil edinmek welin juda kyndy. Onda-da pähimliligi babatda beýleki görnüşli pillerden görnetin tapawutlanýan hindi pilini. Sebäbi amatly bahadan pil tapmak kyndy. Dünýäniň «Haýwanat baglaryndan», «Zoobirleşiklerden» iş edinip gözlemelidi. Tapanyňsoňam, haýsydyr bir haýwana çalyşýarlarmy ýa-da pula satýarlarmy şony ylalaşmalydy. Ylalaşaňsoňam getirmelidi. Iň azaplysy-da şoldy. Şonuň üçinem pili üstümize özleri getirip, amatly alyş-çalşy teklip edip durkalar, ikirjeňlenmän ylalaşdyk. Olaryň pillerinden birini goýup gitmekçi bolmaklarynyň sebäbi, pilleri çekýän, üstleri ýaýbaň gozakly kuwwatly maşynlarynyň birisi hatardan çykypdyr. Üstesine-de, birbada üç pile esewançylyk etmek kyn düşýär ekeni. Olar sapara pilleriň üçüsini hem alyp çykandyklaryna juda puşman edýärdiler. Biz özara ylalaşyga gelemizsoň, «Haýwanat bagymyzyň» gün-dogaryndaky goşa örküçli düýedir žiraf saklaýan hem-de ot-bede basýan ýerimizi biraz gysyp, pil üçin agyl oňardyk. Şerte görä, olar pili öz ýörite maşynlaryna mündürip, bize getirip berip, dag tekesidir peleň çagasyny alyp gitmelidiler. Biz şowly söwdamyza öňünden begenýärdik. Pili bar «Haýwanat baglarynyň» hataryna goşulmak uly abraý, uly derejedi. «Haýwanat bagynyň» direktory hökmünde men muňa gowy düşünýärdim. Biz belleşilen gün agşamlyk, olaryň işgärleri bilen pili alyp gaýtmak üçin «Zoosirke» bardyk. Iş wagty tamamlanyp, iň soňky tomaşaçy hem gidensoň, pili gozakly maşyna ýüklemek işine başladylar. Biz pil bilen iş salşyp görmändigimiz, bu ugurdan tejribämiziň azdygy üçin bir çete çekilip, işleriň gidişini synlap durduk. Olar ene pil bilen kiçeňräk çaga pili özlerine alyp galyp, bize ata pili bermekçi bolýardylar. Bu söwdany pilleriň gözegçisi garryja adam oňlamaýan bolarly. Onuň ýolbaşçylarynyň niýetine ýok diýip bilmän, öwrenişen pili bilen aýrylyşmak hem agyr düşüp ejir çekýändigi sögünişinden duýulýardy. Ol piliň ýanyna baryp, onuň holtumyndan gujaklap: «Men bu söwda garşy. Bular seni maşgalaňdan jyda düşürmekçi bolýarlar. Ýöne meniň elimden gelýän zat ýok. Sen meni bagyşla!» diýip, onuň bilen hoşlaşýardy. Pil hem diýlene düşünýän ýaly, ullakan gözlerini balkyldadyp, «Nätsemkäm?» diýip, oýlanýana meňzäp, sarsman durdy. «Göçme zoosirkiň» direktory: — Kuzmiç, gözýaşly hoşlaşygyňy bes et-de, aýryl piliň ýanyndan. Wagt giç bolup barýar! Oglanlar pili ýüklesinler! –diýip, onuň üstüne azgyryldy. Kuzmiç welin, barybir piliň ýanyndan aýrylmady. Gahary gelen direktor: — Baryň, aýryň ony. Ol içipdirem öýdýän. Eltiň-de ýatyryň! Çykyp, päsgel bermez ýaly, daşyndanam gulplaň! – diýip, iki sany işgärine buýurdy. Işgärler baryp, Kuzmiçi piliň agylçasyndan çykarmaga synanyşdylar. Ol welin, piliň holtumyny golundan sypdyrarly däldi. Özem ýarym-ýaş bolup: — Bes ediň, şu söwdaňyzy. Siz pilleriň maşgalasyny bozýaňyz ahyryn! Şoňa düşünýäňizmi?! –diýip gygyrýardy. Ahyrsoňy, Kuzmiçiň elini piliň holtumyndan kynlyk bilen aýryp, çaklaňja wagon jaýlaryň birine salyp, gapysyny hem daşyndan kiltlediler. Şondan soň pili öňünden çekip, yzyndan itip, kynlyk bilen maşyna mündürdiler. Bizem «Hudaýa şükür, hemme zat şowuna bolaýjak ýaly» diýşip begendik. Pil bir zatlar aňyp, holtumyny gozagyň yş ýerinden çyrkardy-da, süýkdürip gygyryp ugrady. Muňa onuň beýlerägindäki aýry agylda saklanýan ene pil bilen çagasy hem tebil tapyp, ýerli-ýerden gygyryşyp başladylar. — Hany, basymrak ugraň! –diýip, direktor maşynyň sürüjisini gyssady. Sürüji agyr maşyny otlap, çykalga tarap ýöneldi. Şol barmana-da, pil, biri-birine seplenip kölege üçin oňarylan teläriň demrine holtumyny ildirdi. — Haý, ägä boluň! –diýip, işgärleriň biri gygyryp ýetişip-ýetişmänkä, sepleme telärler sökülip, jandarlaryň üstüne gaýtdy. Olaryň bir bölegi maşynyň öňüne düşüp, çykalgany hem bekledi. Üstüne telär ýykylan jandarlar gorkup, gygyryşyp, boldy bir gyk-da baklyk. — Jandarlary halas ediň! – diýip, direktor aljyraňňy buýurdy. Ýerli-ýerden üstüne telär gaçan haýwanlary halas etmäge girişdiler. Gowy ýeri, telärleriň ýapynjasy matadandy. Gorkdular diýmeseň, haýwanlara hiç hili zeper ýetmändi. Onýança-da bir ýeden elleri hem-de ýüzüniň ol ýer-bu ýeri çyzylyp, ganjaryp duran Kuzmiç peýda boldy. — Ol aýnany döwüp çykypdyr öýdýän. Elinde-de pyçakmy – bir zad-a bar –diýip, meniň bilen bile baran işgärimiz howsala düşdi. Başagaýlyk zerarly hiç kimiň özüne üns bermeýändiginden peýdalanyp, Kuzmiç ylgap bardy-da, elindäki ýiti zadyny üsti pilli maşynyň äpet tigirlerine sokup-çykaryp ugrady. Deşilen tigirlerden haşşyldap çykýan ýel tozan baryny turuzýardy. Haýwanlary halas etmäge kömekleşip ýören sürüji ylgap baryp ony tutýança, ol eýýäm gozagyň bir tarapynyň tigirlerini deşip ýetişipdi. Tigirleriň ýeli boşansoň, maşynyň gozagy piliň agramyna tap getirmän, bir tarapa gyşaryp ugrady. —Pil agýar! Pili basymrak düşüriň! –diýip, direktor gygyrdy. Gyşaryp duran gozakdan eýdip-beýdip pili düşürdiler. Eltip öňki agylyna saldylar. Işleriň garaşylmadyk derejede bulaşmagy bizi lapykeç etdi. «Holtumyny telärden ildirip, piliň tapan bu «hokgasy» başa baranja söwdamyzy puja çykarmasa ýagşy» diýip howsala düşdük. Başagaýlykdan ýaňa derläp, köýneginiň öňüdir yzy öljerip duran direktor işleri biraz ugrukdyransoň, biziň ýanymyza ýöneldi: — Zoosirk däl-de, sirk diýäýmeli boldy. Direktoryň biziň ýanymyzda duranyny görüp, ýüzüni boz-ýaz edip, Kuzmiç hem geldi. — Men sen haramzadany suda bererin, eşidýärmiň, suda bererin –diýip, direktor onuň üstüne gygyryp ugrady. — Bolýar, suda berseň beräý. Ahyr ýaşymy türmede geçiräýerin. Ýöne pilleriň maşgalasyny bozmasaň bolýar –diýip, Kuzmiç asuda jogap berdi. — Sen totuguş kimin şol bir diýeniňi gaýtlap dursuň. Bolduň meniň başyma pilleriň çyn hossary. Düşün ahyryn, men özüni zordan süýreýän döwük maşynda bu pili nädip äkideýin? Şoňa seniň akylyň çatanok-da! – diýip, direktor janykdy. — Düşünýän, juda-da düşünýän. Sürüji Wolodýa «Maşyny bejerip bilerin» diýýär. Men onuň bilen gürleşip gördüm –diýip, Kuzmiç: — Heý, Wolodýa, bärik gel hany –diýip, daýaw bir ýigidi çagyrdy. Elleriniň gara ýagdygyndan onuň döwlen maşyny bejerip ýörkä, bolan ahwalaty görüp, beýlekilere kömege gelendigini aňmak bolýardy. — Hany, aýt, sen maşyny bejerip bilersiň gerek? –diýip, Kuzmiç ondan janygyp sorady. — Elbetde, bejerip bilerin. Mundan ozal näme başga biri bejerýärmidi?! – diýip, ol pert jogap berdi. Kuzmiçiň garaşýany-da şol bolarly: — Ine, eşitdiňmi?! Birinji bahanaň-a geçmedi. Maşyny bejerip bolýar. Indi ikinji bahanaň barada: Eger piliň iýmitini gaýgy edýän bolsaň, onda meniň aýlygymy şoňa harçlaý! –diýip, Kuzmiç direktoryň alkymyna dykylyp ugrady. — Sen näme, öň-ä «Bir wagt ütüle tabşyrmaly waragy çykan maşyn, muny bejerip bolar ýaly däl» diýýärsiň. Indem «Bejerip bilerin» diýýärsiň? –diýip, direktor sürüjiniň al-petinden aldy. — Häzir men maşynyň «ýüregini» açyp gördüm. Ony bejerip boljakdygyna magat göz ýetirdim –diýip, Wolodýa kesgitli jogap berdi. — Seret, eger bejerip bilmeseň, şu pili Kuzmiç ikiňiziň ýagyrnyňyza ýükläp äkiderin! –diýip, direktor sürüjä pugtadan-pugta duýdurdy. Onuň sözüni eşiden Kuzmiç: — Hudaýa şükür! –diýdi-de, ylgap baryp, piliň holtumyndan gujaklady. — Eşidýärmiň, sen halas bolduň... Maşgalaňy bozup bilmediler... Bu tolgundyryjy pursady biraz synlap duransoň, direktor bize tarap öwrüldi: — Şu gün sähetli gün däl öýdýän. Asla-da, biziň bu söwdamyz başa barmajaga meňzeýär. Bizi bagyşlaň. «Uzynyň akyly giç geler» diýleni. Bu wakadan birnäçe wagt geçensoň, «Göçme zoosirk» Aşgabatdan gidensoň, «Şonda pili maşynly getirjek bolup azara galyp durman, «Haýwanat bagymyza» çenli ýöredip alyp gaýdybermelidik» diýen pikir kelläme geldi. Ýöne, dogrymy diýsem, şu söwdanyň başa barmandygyna kän bir gynanybam duramok, gaýtyp begenýän. Sebäbi Kuzmiç aýtmyşlaýyn, «Pilleriň maşgalasy bozulmady». | |
|
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |