PISSE
Biz Sandykgaçyda ýaşaýarys. Kakam pisse bagynyň bagbany bolup işleýär.
Pisse bagy diýsem, ol adaty bag ýaly tekiz ýerde hatarlanyp ekilen, düýbüne keş edilip, wagtal-wagtal suwarylyp durulýan bag däl. Ol ýarym ýabany, öz peýwagtyna ösýän bag.
Kakamyň ol baga esewançylygy: baharda atyň biline ýeterli bolup ösýän ot-çöpler tomsuň petişinde guranda, olara birden ot düşüp, pisse tokaýlygynda ýangyn turmazlygynyň öňüni almakdan, pisse bişende, ogryn ýygmaga gelýänlerden goramakdan, pisse nahallaryny täze ýerlere ekip, bagy giňeltmekden ybarat. Ol iş köp bolanda, agam ikimizi hem ýany bilen alyp gidýär. Biz oňa pisseleriň düýbünde ösen ýandakdyr syrkynlary kätmen bilen çapyp, arassalamaga kömekleşýäris.
Baýyrlaryň ýapgyt ýüzünde biten pisse tokaýlygynda bolmagy gyzykly görýäris. Ol ýerde her tikeni bir garyş oklukirpä-de, gyýaja gözli tilkä-de, kellesi şyr takyr, ullakan guşlar —kelhemeçlere-de, al-asmanda sessizje gaýmalap ýören bürgütlere-de gabat gelýäris.
Pisse beýleki agaçlar ýaly, ekeniňden üç ýyl soň hasyla durmaýar. Ol haýal ösýän agaç. Diňe on bäş–on alty ýyldan soň getirip başlaýar. Özem, şahasy miweden düzüm-düzüm bolýar.
Bir gezek kakama kömekleşmäge gidenimizde şeýle boldy. Göräýmäge, bu bir üýtgeşik waka hem däl. Ýöne meniň ýadymdan welin çykanok.
Kakam:
—Siz howpsuz ýerde biten pisseleriň düýbüni tämizläýiň –diýip, bizi baýryň depesindäki tekiz ýere goýberdi. Özi bolsa, jaryň ýapaşak raýşynda gögeren pisseleriň ýanynda galdy. Ol ýerde işlemek gorkulydy. Juda ätiýaçly bolmasaň, aýagyň taýyp, jara togarlanyp gitmegiň mümkindi. Onuň düýbünde bolsa läheň-läheň daşlar ýatyrdy. Badyňy saklap bilmän, baryp urulsaň, işiňi görjekdi.
Biz kakamyň salgy beren ýerine çykdyk-da, işe başlamazdan öňürti, töweregimizi synlamaga durduk. Ol ýerden pisse tokaýlygynyň aňrybaşlary hem gowy görünýärdi.
Biraz aşakda, köp ýaşan pisse agaçlarynyň ýanynda bir adamyň pisse ýygyp ýörendigine gözümiz düşdi. Ol ak sakgally garryja gojady. Gapdalynda eşegi daňylgy durdy. Egnine atan horjunynyň gözüne elýeter ýerdäki şahalary egip, pisse ýygýardy.
Biz:
—Kaka, hol ýerde bir adam pisse ýygyp ýör –diýip, gygyrdyk.
—Hany? –diýip, kakam biziň ýanymyza geldi.
Ol ony synlady-da:
—Ýaşuly adam ekeni. Zat diýmegi, bir hili, gelşiksiz görýän. Özünden bilip gaýdar –diýip, yzyna öwrüldi.
Biz işe girişdik. Agaçlaryň düýbüniň guran otuny çapyp, aýryp başladyk.
Ýaşuly birazdan soň, bizi görüp, eşegini iýdip, bärik ýöneldi.
Salam bererimize mähetdel:
—Gurgunmysyňyz, köşekler? –diýdi.
Oňa gözi düşüp, kakam hem ýokaryk çykdy:
—Salawmaleýkim!
—Waleýkim –diýip, ýaşuly kakamyň salamyny gadyrly aldy. —Maňa Gulmyrat mergen diýýärler. Jahylkam, şu ýerlerden aw ederdim. Ol döwürde bu jelegaý goralmaýardy. Pisseler bişip, dökülişer ýatardy. Şu gün «Bir wagt aw alan ýerlerime aýlanaýyn» diýip geldim. Bişip duran pisseleri görüp, agtygyma iki-üç goşawuç ýygdym...
—Gowy edipsiňiz, ýaşuly. –diýip, kakam oňa mylaýym jogap berdi.
—Sag bol, ogul –diýip, ýaşuly hoşlaşdy–da, ýola düşdi.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar