15:42 Poeziýa | |
POEZIÝA
Goşgular
Adam döräninde sen-de dörediň, Onuň bilen ösüp geldiň kemala. Duşman gabanynda degre- daşyny, Öwrüldiň gylyja, Döndüň kemana. Sende jemlenipdi döwrüň gaýgysy, Jemlenipdi sende şatlygy döwrüň. Tapladylar saňa çoýup kalbyny, Köp seniň aşygyň, Köp seniň höwrüň. Buýsanjaň gyzlaryň girip kalbyna, Gyjykladyň ygtyýaryna goýmadyň. Ýekelikde hemra bolduň ynsana, Aýdym bolduň, Bulak bolduň, gaýnadyň. Adamy ýylatdyň üşän çaglary, Penasyna aldy seň yşyklaryň. Sensiz göz öňüne getirip bolmaz, Gojaman taryhyň öwrülşiklerin. Mart, 1968 ý. ■ POEZIÝA. — Poeziýa nämekä? – diýip soraýaň, Ol bir hakykatdyr kalbyňa daman. Ýürekdäki söýgi barha köreýän, Ýa- ha poeziýadyr, Ýa oňa dogan. Älemgoşardyr ol. Ala öýmesi, Gyzlaň höwes bilen başlarna daňan. Ümirli ertiriň nurly öýlesi, Ýa- ha poeziýadyr, Ýa oňa dogan. Depesi gök bilen birleşen daglar, Göwsünde täze Aý çyzylyp dogan, Päkize asmandyr, Bilbilli baglar, Ýa- ha poeziýadyr, Ýa oňa dogan. Ak gundagy depip ýatan ak çaga, Enäniň göwsünden ak süýdün emen. Gülbaharda güwläp inen ak çagba, Ýa- ha poeziýadyr, Ýa oňa dogan. Ýapraklara düşen kümüşsöw çyglar, Ter, täze nowjuwan başyny bogan. Ak güneşden inen mylaýym çoglar, Ýa- ha poeziýadyr, Ýa oňa dogan. Ýer üstüniň ajap perizatlary, Hem süýji arzuwlar ýürekden çogan. Bu dünýäniň jadylaýjy zatlary, Ýa- ha poeziýadyr, Ýa oňa dogan. Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW. | |
|
√ Diňleseň... / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||
| ||