03:10 Polýak kompozitorynyň türkmen bagşylaryna beren bahasy | |
POLÝAK KOMPOZITORYNYÑ TÜRKMEN BAGŞYLARYNA BEREN BAHASY
Aýdym-saz sungaty
Men Polşada gulluk etdim. Polşada bar bolan iki diwiziýa Gyzyl goşun soldatlarynyň Swentoşuw şäherinde bir diwiziýasy ýerleşýärdi. Jemi diňe şol şäherde 250-ä golaý türkmen oglan gulluk edýärdi. Otpusga giden soldatlara açyk bir aýdymly kassetany geçirmäge rugsat berilýärdi. Ýöne ugruny tapyp, iki-üç kasseta getirýänlerem bardy. Asla barlag edenlerinde juda gazap ofisere duşaýmasaň, artyk bolan aýdymly kassetany aljak bolubam duranokdylar. Gullugy tamamlan esgerlere aýdymly kassetasyny yzda galan türkmen oglanlara goýup gitmek däpdi. Artpolkuň koçegarynda hem iki sany türkmen soldaty işleýärdi. Şol koçegarda türkmen oglanlaň pul goşup alan magnitofony bardy. Ynha, şol ýerde türkmen bagşylarynyň kassetadaky aýdym-sazlaryny aram-aram türkmen oglanlar bolup diňleýärdik. Bir gün koçegarkaň ýylylyk berşi peseldi. 1987-nji ýylyň noýabrynyň başlarydy, aňzak gyşa taýynlyk görmelidi. Şol sebäpli bejerjek bolup, jan edildi, bolmady. Ahyry bir polýak ussasyny getirip, iki gün ussa köçegar peji bejerdi. Koçegarda türkmen soldat oglanlar işlänsoň, bizem şol köneje magnitofonda ýaňky on bäşden gowurak türkmen bagşylarynyň aýdymyny diňleýärdik. Köp bagşylaň aýdymy iki-üç kassetada bardy. Otpusgadan gelenler getirýärdi, arasynda ýazgy edibem köpeldýärdik. Polýak işini gutarandan soň biziň ýanymyza gelip, biz bilen tanyşdy. Nirelidigimiz, nähili aýdym diňleýändigimiz bilen gyzyklandy. Bizem, esasan men, Türkmenitanlydygymyzy, türkmen bagşylarynyň estrada aýdymlaryny diňleýändigimizi düşündirdim. Şonda ol polýak ussa özüniň Nikola diýen agasynyň bardygyny onuň kompozitor aýdym-saz öwrenijidigini türki halklarynyň aýdymyny isleýändigini aýdyp, bize şu kassetalary bermegi haýyş etdi. Ol on günden koçegara bejeren zatlaryny gaýtadan görmäge gelende, kassetanyň ýene bir bir ýazgysyny köpeldip getirmegem boýun aldy. Menem oňa şeýle şert goýdum: “Biz kassetalary bereli. Ýöne Nikola şu bagşylaryň, bolmanda göwnüne ýaran üç-dört sanysyna özünde galdyran täsirini aýtsyn. On günden agşam ýedide (agşam ýediden sekize esgerlere agşamlyk nahary berilýärdi. Şol wagt böwşeňlik bolup, bolmanda men naharhanamyzyň edil gapdalyndaky koçegara gelip bilýärdim.) duşmagy wadalaşyp, ussa berip goýberdim. On günden koçegara barsam, Nikola kompozitoryň özi gelip, elinde hem kassetalar maňa garaşyp dur eken. Ol kassetalarymyzyň hersinden ýene birini ýazgy edip getiripdir. Ol bagşylar hakynda pikir aýt diýen haýyşymyz üçin gelendigini aýtdy. Ynha, şol polýak kompozitor aýdym öwreniji Nikola on bäşden gowurak türkmen bagşylarynyň içinde şu bagşylara şeýle baha berdi (Ýöne şol kassetalarda diňe estrada-şol wagt ýaşlaryň ürç edip diňleýän bagşylary bardy): Rejep Ulugow halkyň içinden çykyp, halk aýdymlaryny aýdýan bolmaly. Kämil, ýetişen bagşy. Bally Hajyýew aýdym-sazyň ussady, diýseň kämil. Hindi aýdymlarynyň sözleriniň nähilidigini bilemmok. Bir siwilzator saz guraly bilen hindi sazyny hindi ansamlynyň original sazyndan ussat çalmasa pes çalanok. Aýdym-sazda gudrat. Atabaý Çarygulyýew sesi gaýnap dur, kämilden güýçli, sazlaram aýdymyna gelşip dur. Ussat bagşy. Akyş Saparow. Bu bagşyň sesem beýle güýçli däl, ýöne ussat. Sizde göreş bar. Beýleki sanan bagşylam daýaw göreşip biilýän ýeňilmezek pälwanlar. Bu bagşy daýaw pälwan däl. Ýöne emelli päliwany göz öňüňe getir. Sizde dyzymy, arkasymy haýsy bolsa-da, ýagyrnysy ýere degmedik ýeňilmezek päliwan bagşy bu. Bu bagşy aýdymyň emelini, tehnikasyny ele alypdyr. Hatda rus, ukrain (Iki sany rus, ukraýin: "Ty žy menýa pidmanula" aýdymy bardy. D.Ý.) aýdymlarynam origanaldan tapawutly gaty ussat aýdypdyr. Ukrainada, ine diňle, bu aýdymy hor bolup, başga äheňde klassyky aýdýarlar. Nikola maňa şol aýdymyň ukrain dilinde aýdylyşyny diňletdi. Dogrudanam, ol aýdym hor bolup aýdylýan eken. Ýöne bu aýdymda siziň bagşyňyzyň äheňem klassyka diýip çekinmän aýdyp biljek. Bu kompozitor bilen ussa inisi koçegara doly seredip çykynça, iki sagada golaý oturdym. Polýak dilem rus diline ýakyn, düşünip bolýardy. Men başardygymdan türkmen aýdym-saz sungatynyň halypalary barada gürrüň etdim. Ol gulaga öwrülip meni diňledi. Soňundan batareýa baranymda, “Nirede bolduň” diýip kambatymyz käýinjem berdi. Ýöne türkmen bagşylary barada eşiden janyma hoş ýakyjy gürrüňlem käýinç alanyma degýärdi. Şondan soňra türkmen aýdym-saz sungatyna hormatym hasam artdy. Bagşylar hakynda bolsa şeýle zady oýlandym. Şol wagt şol bagşylaryň hiç haýsynda halk ykraryndan başga döwletde sylag derejeleri ýokdy. Gaýtam olary dürli derejede tankyt edýärdiler. Edil häzir Atabaý Çarygulyýew hem Akyş Saparow –Türkmenistanyň Halk artist. Bally Hajyýew - Türkmenistanyň at gazanan artisti. (Oňa bu dereje iki-üç ýyllykda berildi). Ýalňyşmaýan bolsam, Rejep Ulugowda dereje ýok. Ýöne bir zady ynam bilen aýdyp biljek. Şol estrada bagşylaryň aýdymlary bilen dünýäniň islendik künjeginde hem ýüzümiz utanmaz. Elbetde, şol aýdymly kassetalaryň içinde Öwezgeldi Tekäýew, Jemal Saparowa, Leýla Şadurdyýewa (diňe estrada aýdymçylary hakynda aýdýaryn) ýaly ussat onlarça, belki ýüzlerçe halypalaryň aýdymlary ýokdy. Türkmen halypalarynyň aýdymlary bolan bolsa Nikola kompozitoryň türkmen aýdym-saz sungatyna hasam haýran galjakdygyna birjik-de şühbelenmeýärin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |