07:15 Professional kesel / satiriki hekaýa | |
PROFESSIONAL KESEL
Satiriki hekaýalar
- Siz balykçylyk hojalygyna ýolbaşçylyk edýän ekeniñiz. Men redaksiýadan. Özüñizi okyjylara tanadaýsañyz. - Men "Görelde" balykçylyk hojalygynyñ başlygy. - Siziñ döwlet öñündäki plandyr borçnamalaryñyzy amal edişiñiz juda pes-le? - He, şeýleräg-ä boldy. Segsen dördünji hojalyk ýylyny biz bary-ýogy 24 prosent bilen tamamladyk. - Obýektiw ee subýektow sebäpleri bilen gyzyklanmaga rugsat ediñ. - Obýektiw sebäbi, geçen ýyl juda ygally ýyl boldy. Ýagyş diýseñ köp ýagdy. - Bagyşlañ, ygalyñ, ýagşyñ balyga näme zyýany bar? Gaýtam gowy bolmazmy? - Üstünden ýagyş guýlup dursa, halys ytygsap, saralyp soluberýär. Ösüşden galýar. Janawarlara yssy ýetmeýär. Gerşi ýylamaýar. - Geñ hadysa, täsin waka! 24 prosentde galmagyñyza başga nämeler sebäp boldy? - Balyklara mineral we ýerli dökünleri öz wagtynda agrotehnikanyñ görkezmesi boýunça bermelidik. Emma berip bilmedik. Mineral diýdigim azot, superfosfat, ýerli dökün hem-de ders-dä. Özüñ-ä daýhan ogluna meñzeýäñ?! - Be, bu nähili beýle bolýar? - Onsoñam balyklara wagtly-wagtunda suw tutup bilmedim. Näçe hepdeläp suwsuz solup oturdy. - Suwsuz balyk gyrlaýmazmy?! - Guran kartalar hem boldy! - Men-ä köp zada düşünýän däldirin. - Biz hatarlaryñ aralaryny bejermekde-de, sowuk-salalyga ýol berdik. - Hatar aralary?... - Haşal ota basdyrdyk. - Ak amur bilen kütimañlaý ot köp bolsa semreýär ahyry?! - Defolýasiýa irräk geçirildi. Balyklar gögräk galdy. - Defolýasiýa, defolýasiýa?! Siz gowaçanyñ ýapragyny düşürmek barada gürrüñ edýän ýalydyñy-la?! - Ýok meniñ balygyñ teññesini düşürmek barada aýdýan. Balyga sowka karadrin hüjüm etdi. Samolýot bilen derman pürküldi. ODN. Başlyk aga, şundan öñ siz nirede işläpdiñiz?! - Mundan öñ beg ýaly günüm bardy. Pagtaçylyk kolhozynda on-on bäş ýyl başlyk bolupdym. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |