PUBLISISTIK POEMA
GIRIŞ
Eziz respublikam, Türkmenistanym,
Kuwwatly sen - sende, Lenin paýhasy,
Mukaddes sen - sende Lenin baýdagy,
Sen neneñ mähriban, neneñ döwletli!
Söweşlerde ata-babalarymyz
Bize senjñ nämedigiñ öwretdi.
"Biz ýaşarys Watan ýaşasa" - diýip,
Señ üçin janyny gurban etdiler, -
Olar ölüp - saña dönüp gitdiler.
Kakalarmyz söweş sowduny geýip,
Basyl faşistleriñ bäbenegine,
Faşizmi sürenine dykdylar,
A biz ýetim bolup,
horlanyp, Watan,
Akyl ýetirdik señ nämedigiñe!
Olar janyny däl,
gorady seni;
"Watan bolsa bor" - diýp dökdüler derin,
Watan güýçlensin diýp goýdular güýjün,
Seniñ düýnüñ
seniñ döreýşiñ bile,
Bize iñ mukaddes sapakdyr düýnüñ!
Gör, nähili ajap zamanymyz bar!
Gör, nähili ajap gurluşymyz bar!
Ýaýnap ýaşap ýörmeli,
baýnap ýaşap ýörmeli,
Söýüp-söýşüp ýörmeli,
işläp eşret görmeli,
Gör, nähili ajap zamanamyz bar!
Eý, sen meniñ ene kimin dözmezim!
Ata kimin geçirimli, Watanym,
Seniñ waspyñ meniñ dilimde dessan,
Seniñ nogsanlarñam ýazýaryn, sebäp,
Ýer ýüzünde buýsanjym sen ýeke-täk.
* * *
Başlyk!
Siziñ bilen tamamlandy ýoldaşlyk,
Indi biz aç-açan ederis söhbet.
Elbetde, bilýärin ýadaýanyñyz
Işden
ýa-da iýişden hem içişden.
Gygyrmañ - "Töhmet!"
Gygyrmañ, men diñe
ýatladýan size
Haýsy zamanada ýaşaýanyñyz!
Siz atly başlyk,
Raýonda däl, oblastda-da görelde.
Zordan göterýäñiz şöhrat-şanyñyz,
Kimler zagyrdamaz sizi görende.
Göwni çykyp giden hökmürowan siz,
Edýänñizi edýärsiñiz zowalsyz,
Atasyny sylamaýan deýýusam
Sizi göreninsw salam-helikli.
Okap görüñ siz kolhozyñ Ustawyn
Ýadyñyzda galan bolsa elipbiý!
Okamak mydama peýda edýändir:
Başlyk diýmek asla han diýmek
däldir!
Gazaplanmañ,
ýüregiñiz düşüşsin
Hem köşeşsin esräp giden göwnüñiz.
Gaharlanmañ başlyk,
Beýle söhbetden
ýaýaplap, ýüz görüp näçe ýyl gaçdyk!
A siz hatda kimdigiñiz unudyp,
Unudyp döwrüñiz,
Degirmen ýöredip demiñiz bile,
Küräni küredip emriñiz bile
döndüñiz kime?
Ýok, ganyñyz gyzmasyn!
(Kolhozyñ hyzmatyn etmeli başlyk,
Kolhoz etdi başlygynyñ hyzmatyn!)
A sen kim diýýäñmi?
Men bir mugallym.
Şu obada kemal tapdym, ulaldym,
Sapak berdim, körpeleri okatdym.
Olaryñ ýarym şar beýnilerinde
Bütin şaryñ aladasyn oýatdym.
Hawa, mekdebmizem salyp berdiñiz,
Raýonda iñ uly, iñ kaşañ mekdep.
- Onda nämä gerek demiñi çekmek!
- Päkligi körpeleñ kalbyna guýup,
Kemala getirdim olañ ynsabyn.
Belentligme,
çuñlugyna,
giñligne,
Geñligine äkitdim men ynsanyñ.
Emma başlyk, olar sizi görende
Ýylgyrýarlar bize müñ bir manyly.
Siz görelde!
Siz olaryñ añyny
Ýüz segsen gradus öwürip terse
Berýäñiz hupbat.
Başlyk, siz ters nusga,
garşy siz dürse,
Garşy siz ylyma
bilime,
derse.
Biz býurokrat ýok diýýäris!
A siz bar!
Biz parahor ýok diýýäris!
A siz bar!
Ýaşlar bilýäninden kän zady syzýar.
Gyzmañ!
Haýyş edýän,
nerwiñiz aýañ!
Makullaýan: çärýek asyrdan bäri
Kolhozy göterip beýik derejä
Özgelere göz etdiñiz,
bolçulygy döretdiñiz,
Ýöne diñe şan getirmän kolhoza
Getirdiñiz garyndaşlygy,
ýaranjañlygy,
Getirdiñiz parany,
Getirdiñiz dymmany,
Infarkty ýene-de gör lähedi.
Geliñ, biz geçmişi salalyñ ýada,
Yza garap, oýlanalyñ gaýtadan.
Gündizler ýer sürüp,
per bermän ýada
Gijelerine çozanynda galtaman,
Çozanynda basmaçy,
Biz atyşdyk,
biz tutluşdyk,
göreşdik.
Kolhozmyzy - beýik binýadymyzy
Gurduk jennet guran deý,
guran ýaly aryş biz.
Janymyzdan eziz gören kolhozmyz
Gelip-gelip size aldyrmarys biz!
Besdir, başlyk!
Bes, hangyraw gardaşjyk!
* * *
Redaktor:
- Beýle başlyk tipiki däl durmuşda,
Beýle başlyk bir-iki.
- Ol nämüçun bolmalymyş tipiki?
Ol nämüçun bolmalymyş bir-iki!?
Nämüçin bolmaly olar aslynda!?
Näme diýip iýmelimiş satyjy,
Üstünden gum sowrup jöwzañ astynda
Gara köýük bolan daýhan hakyny!
Seret, hanha murtunyñ her çetinde
Elguş müneninde göterjek gerçek,
Döwlet harydyny däl-de, hamana,
Satýan ýaly atasynyñ zadyny,
Gaýtargy sorasañ ýumrugy bile
Gaýtargy berjek.
Bakmasy ýok harama ýa halala,
Göbegi pul bilen kesilen ýaly,
Diñe pul,
diñe pul,
diñe pul derdi!
Aç gözleri dikilipdir köpüge.
Gadymy türkmende "gedaý" diýlerdi
Ilden günün görjek bolýan süpüge.
Gapak döşli ýigitler
dükanlarda satyjy,
Restoranda ofisiant
ýa-da aşpez uly naharhanada.
Ýada otyr AZS-leñ* pultunda.
Benzinmi ýa pul ýuwdunýar gultunsa...
Kabul edýär tara,
çalýar gitara...
Kiýewde satýarlar Guşgynyñ gülün.
Eger ýaşan geçen asyrda
Meger atardylar tamdyryñ külün.**
Galam gaşly gözeller
Jaý gurýarlar,
mähnet kran sürýärler.
Kerpiç örýärler.
Bagbanlyk edýärler şäher baglarna
Hüwjük saçly ýigitler
Olaryñ duşundan biperwaý geçip,
söwedeñleşip,
Bikärligiñ eşretini görýärler,
Çigit çigitleşip teke bazarda...
Barymyz tanaýas şeýle adamy, -
Şlýapa,
galstuk,
gülüm hem ýalym.
Ýüz-gözi adaty,
dilinde şerbet.
"Jan" diýil janyñ aljak,
"jan" diýp jan berjek.
Bir menzilden alýar ysyny puluñ.
Bu dünýäniñ ähli deşigne belet,
Tanşy-bilşi otyr onuñ bar ýerde;
Hut wezipe üçin dograndyr ony
Al däl,
aýal dogran bolsa egerde.
Sypjyklarda taý däldir ol balyga;
Sapalakdan sapak berýändir tilkä.
Guýrugyndan tutuldygy
ýylan deý
Kellesin guýrugna ýetirip bilýä.
Garny gara ýerdir -
giñdir doýardan,
Akyydyr - iýmez asla ýekeje.
"Iýýär" diýip aýyrsalar bu ýerden,
Başga ýerde oturandyr ýene-de.
Onuñ başarmaýan wezipesi ýok,
Edara bolsa - bes!
Başlyk bolsa - bes!
Diagnozy: ol iýmese bolanok
Hem bolanok oña ýaşamasa mes!
Agajam,
asfaltam,
betonam iýýär,
Demirmi,
polatmy - bakmaz parhyna,
Iýýär kombikorm,
fosfor
gerbisid,
Zapçastam,
garažam,
awtoparky-da!
Pagtamy,
tagtamy,
nebitmi,
gazmy,
Himikatmy, MAZ-my...
geler hoşuna.
Ýerem ýumurta deý ýuwtjak bogazy, -
Eger mesge çalyp bilse daşyna.
Hakyt damagyndan alnan pillesem
Sypýar iýip ýoldaşynyñ kellesin.
Barymyz tanaýas şeýle adamy -
BÖWEN!
Pikir etmändiris emma biz:
Olar bir bolsa,
iki bolsa,
üç bolsa
Ony asla tanamazdyk hemmämiz!
* * *
Şeýle sowal inýär seniñ başyñdan:
- Nirede işleýäñ?
- Şol öñki ýerde?
- Diñe aýlygyñmy?
Näme bar daşyndan?
- Kwartallyk baýragy bar,
on üçünji aýlyk hem-de...
- Hah-hah-ha! Nalajedeýin bende!
- Nirede işleýäñ?
- Pismidan ýerde.
- Otyrmyñ şol gaty stoluñ saklap?
Pulmy nä oklad?
Daşyndan düşmeýän bolsa egerde,
Bilýämiñ bir çaga-çugañy ekläp?..
Durmuşymyza,
gurluşymyza,
garşy bu sowal
Zandy zaýa sowal geldi nireden?
Nirden geldi bu sowal?
Kimden sorasañ,
Durmuşy hakda däl,
düşewünt hakda
Gürleýär hem akyl berýär mugtuna:
- Bilýärmkñ bal tutan barmagyn ýalar,
Ýanaşan ýapyşar!
Wagt diýmek altyn,
A sen baýlyk edinjek bol muzduna.
Diplomatyñ törüne oklap sandygyñ,
Hiç bolman şofýor bol, düşen kireýi
düldüreder bir öýi.
Santehnik bol - ele açar aldygyñ,
alarsyñ puly,
Hiç bolmanda bejer dostum "Žiguli".
Gyrp-çyrpa ýa her kes mugta düşünse,
Bu gün onuñ hasabatyn almaly.
Haýran, nirden geldi beýle düşünje -
Näme üçin işleýän hor bolmaly!!!
* * *
Biz baýlary ýok etdik
Baýamak keseli nireden geldikän?
Belli däl!
Mugthorlary ýok etdik.
Söwdagär-u-dellal nirden geldikän?
Belli däl!
JYGYLLYK.
Gygyrýarlar çygylşyp:
- Ýapon panbarhaty,
hindi parçasy,
Fin ädigi,
çeh possuny, penjegi...
Her kim harydyny şeýle bir öwýä.
Bu mahsus söwda!
Emma durmuş bazar däl ahyr,
emma
Kimse ynsap satýar, kim satýar wyždan,
Kim wezipe satýar,
a kim dereje.
Derege geçseñ eger, geçýär diýip satýarlar,
Geçenok diýp satýarlar - geçmeseñ sen derege.
Kimse alýar satyn abraýy-ady -
Tölemän hakyn.
Kimse ylym satýar "bäşlige" dolap,
Öwüp satmak söwdagärleñ kadasy,
Emma lüýge bulap, palçyga bulap
Satýar Adam Adamy!
Kimse akyl satýar: "Gerekdir baýlyk!
Derýa iki ýana çaýkanyp akýar,
Diýmek, derýa görä ýüzmeli balyk!"
Biziñ döwre ýat,
jemgyýete ýat -
Bu hapa ahlak -
baýamak keseli
nireden geldi?
Belli...
* * *
Haram iýseñ çykar bir gün iniñden
Haramdüwürtik bolup.
Haram iýseñ çykar bir gün iliñden
Durmuşyñ bozup.
Bir zaman tebibe baranmyş arryk?
Semräl bilmändir ol iýse-de artyk.
Tebip oña diýenmişin: "Haram iý!"
Daýhan oñalmaga gidýär kurorta,
Oña horlanmaga gidýär haramy.
Gazanyñ halaly,
iýiñ halaly.
Haramyñ hesibi bardyr yzynyñ.
Gördük käbir-käbir puldar kişileñ
Sandan çykanyny loty oglunyñ.
Uslyp däl kim bolup gidenni aýtmak
Olañ gyzynyñ!
* * *
Watan seniñ ojagyñdan başlasa,
Ynsapdan başlaýar Adam diýeniñ.
Meniñ ýurdum ullakan bir maşgala,
Ýeke-täk ölçegiñ - ynsabyñ seniñ.
Baýlygy-da,
bähbidi-de umumy,
Döwleti-de sygmaz serhetlerine.
Baý ol!
Emma kanagatsyz saçakçy
Öz hakyna kany däldir,
ýapyşýar
Saçagyña -
iñ mukaddes ýeriñe!
Ägirt,
örän ägirt meniñ Watanym,
Duýan bolmaz almytyny çybynyñ.
Emma deýýus sorman diñe ganyñy,
Deregine pürküp gaýdýar awusyn.
Meniñ ýurdum ullakan bir maşgala,
Mukaddesdir bize bar zady onuñ,
Edilýändir il içinde masgara
Öz öýüñe gözün dikende ogul!!!
* * *
Gurluşykçylaryñ öñünde çykyş edenimse olar maña: "Soñky wagtlar näme ýazýañyz?" diýip sorag berdiler. "Geçen ýyl jaý aldym" diýdim. Ýylgyrdylar...
Ýylgyrdylar -
Ýumor: menem ýylgyrdym,
Çünki soñky wagtlar ähli oýnagym
Sement,
asbest,
oboý,
çüý hem-de çekiç.
Aýlanyp şäherde dükan goýmadym.
Tapsam tagta çekip,
tapsam reñk çekip,
Ýakýan janymy.
Soñky wagar gurluşykçy boldum men,
Remont edýän täze alan jaýymy!
* * *
Ynha, howalaly münbere çykyp,
Gaşlaryny çytyp gürleýär ketde,
güwleýär ketde.
Gygyrýar hem haýbat atýar!
Çydap bilmän kepjebaş dek mikrofon
Kellesin herýana sypajakladýar.
Üşerilýär,
heşerilýär mähelle,
Işçiler öz ketdesini geñleýär.
Gark bolanyñ elleri deý elleri
Zalyñ depesinde kelemenleýär.
...Düýn-öññindi,
ol gujaklap münberin
Käte zala wäşi sözleri oklap,
Meýmiräp dowamly çykýan çapaga,
Ol dabara bilen ederdi doklad.
Ne-hä säwlik bardy,
ne bir kemçilik...
Edara ýygnakdan ýygnaga sary
Ýeñiş bilen barýardy.
Ol sözlärdi gujaklap öz münberin,
Ýylçyr kelle görünerdi çalaja
Jeset kimin arasynda gülleriñ.
...Ynha, ol gürleýär ak köpük saçyp,
Garyndaşparaz hem dostparaz hakda.
Ýere sokýar öz oglunyñ bölümin,
Düşýär körekenniñ üstünden hatda.
Gürleýär: - Trestde dolanok plan,
Aljysy ýok öndürilýän önümiñ.
Gürleýär: - Trestde düzgün-nyzam ýok,
Kemçilik,
kemçilik,
diñe kemçilik!
Dabaradan, şan-şöhratdan nyşan ýok.
- Ýoldaşlar, öwüsýär täze öwüsgin!
Bessir, köne heñiñizi goýuñ-da,
Tijeniñ siz, başarmaýan öwüssin!
Biz bilýäris, trestimiz şäherde
Meşhur brak önüm bermek boýunça...
Soñra çykyp geplemeler başlanýar,
Haýran galýan: şol bir çykyp gepleýän,
Zala däl-de; ketdä bakyp gepleýän
Kişiler
bat berip her bir sözüne
Ençe ýyl duýmadyk kemçiliklerin
Bazyrdadyp basýarlar öz ýüzüne.
Öz-özlerin tankyt edýär
ýyllaryñ
Dowamynda şu münberde öwenler
Hem öwnenler: önümçilik ýygnagyn
Baýramçylyk dabarasna öwrenler.
Gürleýärler: - Trest ogryñ mesgeni!
Trest - mesgen geldi-geçer bikäre.
Trest eýle...
Ýañlanyp dur sesleri...
Wah-wah, trest biçäre!
"Intensiw" diýen söz örän intensiw
Gaýtalanýar, türgenledip dilini.
Haýran: ketdelermiz işlemän nädip
Bilip bilýärlerkä kemçiligini?
Işlesegem erbet güne düşdük biz...
Trest beýle bolsa, siziñ entegem
Kürsülerde oturýanñyz düşnüksiz!!!
* * *
Gözlegimiz - import mata-marlygy,
Import geýim-gejim, import harydy.
Aljysyz kostýumy tikýän fabrigiñ
Ähli ITI-sinden*** direktorna çen
Import kostýum geýinýäni hakyky,
Ret bol perwaýsyzlyk,
ret bol harsallyk,
Ýogsam olar kem-kem iniñe,
ganyña,
janyna siñýär.
Men hudaýam bolsa, import geýimli
Watanparazlary edýärin inkär!
* * *
Dymdyk!
Derwaýys pursatda,
görüp dursak-da,
Gözümiz ýumduk,
Sesimiz ýuwdup, dymdyk.
Görýän kän-de, bolmaýşy deý şaýadyñ
Görsek-de edilýän jenaýaty biz,
Dymdyk hem mertlerçe dymşymyz bile
Berdik deýýuslara hemaýaty biz!
Ýetişdi hut gözümiziñ öñünde
Galstukly feodal,
Köne mazmun,
täze forma býurokrat.
Kabul jaýda geçirersiñ hepdäni:
Ol islese kepjebaş dek şatladar.
Seniñ işiñ etmäni-hä etmäni,
Ol seni-de işden goýar, gatnadar.
Ýetişdirdik juda kämil formalist,
Öz işine ezber - ýekeje günjük
Pursat berseñ, planyny dolar ol.
Dokumentde bar zat gülala-güllük.
Sygra derek berip biler süýdi-de,
Goýun bolup guzam berer, owlagam.
Has belent wezipä geçer ertesi
Zora tutup wezipeden kowsañam.
Ýetişdirdik aýy,
Ýetişdirdik as,
Mekiir gözboýagçy - ekstra-klass!
Posta, çine, partbilede duwlanyp,
Goýberer edarañ için juwladyp.
Ýetişdirdik könemöwrit Karuny, -
Açgözlügi bilen geçen asyryñ
Ýigriminji asyrdan
Ol ogurlap bolýär örän kanuny!
Ýetişdirdik kütüje hem çeýeje,
lotuja hem çemeje,
titije hem ş.m. je
ş.m. -äni.
Bessir!
Çüýrän dişi sogrup zyñmaly.
Wagtynda kesmeli köriçegän!..
Ret bol, tireparazlyk!
Garyndaşparazlyk!
Tanyşparazlyk!
Ejizje kişileñ şeýtan halkasy.
Meniñ beýin halkym bir jan-u-bir ten
TÜRKMEN - ine, onuñ beýik sarpasy!
Ret bol wezipesin berim-peşgeşde, -
Arakda saklan!
Wyždanyn hapalap,
şahsy delosyn
Arassa saklan!
Ret bol, döwre mähnet kölgesin salyp
Ösüşiñ öñüni beklän!
Bize az görünýä wagtyñ tizligi,
döwrüñ tizligi,
Bize derkar bu gün göwnüñ tizligi,
Gerekmeýär düýnki depgin düýbünden.
Bize raketalañ tizligi derkar
Çykar ýaly durgunlygyñ,
haýal-ýagallygyñ,
köneçilliguñ
dartyş güýjünden.
Öwüs sergin şemal,
täze öwüsgin,
Ýygnak bile aý-gününi aýlaýan,
Göz ülpünse, bähbidini peýleýän
Kürsüsinden öwüssin!
Halys ýüzsüz galdyk ýüz göre-göre,
Eginlermiz çökdi eglişik edip,
Bolmaz indi beýle ýol bile gidip!
Serediñ ýollara!
Çakyr-da-çukur,
Gazganak-bozganak, gaçýarsyñ haldan,
Maşynyñ içinde çaýkanýar başlar.
Aýna ýaly edilmese, bu ýoldan
Kommunizme baryp bolmaz, ýoldaşlar!
Bu gün etmeli biz täzeçe pikir,
Özüñe, işiñe täzeçe seret.
Bu gün bize gözýetimi görýän däl, onuñ añyrsyny görýänler gerek!
* * *
Ene mekan, men bir gezende ogluñ:
Salgym bolup çölleriñde bozladym,
Tüweleý deý aýlandym men gollaryñ,
Bulduñ bolup şerbet berdim, meý berdim.
Seniñ gurluşyñy synlap, diýarym,
Başym gök diredi,
Müñ gez beýgeldim.
Depginiñden göge galyp buýsanjym,
Joşýar ylhamym-da,
daşýar bagtym-da.
Nogsanyñy görsem, elhenç bir sanjy
Gelip lorsuldaýar meniñ bagrymda.
Men ümüş-tamyşda -
Sarygamyşda
Synlaýan asyryñ emeli deñzin,
Tolkun gögüñ buldy bilen çakyşsa,
Haýran galman nädersiñ.
Asmana sepleşýär deñziñ serhedi,
Deñiz pitjiñ atýar.
Deñizmi ýa ol
Topragyñ göwsünden akýan jerhedi?!
Eý, mele topragym, nowjuwan ene,
Gerek her bir daban ýeriñe eýe,
Tapylşy deý altyn-zeriñe eýe,
Biz bolsa eñe
Tarpdan tarpa zabt etdik,
Tarpdan tarpa zarp etdik,
Kän alyp az sarp etdik,
Kän alyp az harç etdik,
Ýeri suwa gark etdik,
Ýeri täji-tagt etdik,
Plan,
plan,
plan... Täzesini aýaman,
Gezen toý-baýramda geýýändir köne,
Garagumyñ jümmüşinde, eý aman,
Edil betbagtlyk deý sataşdym köle.
Plan,
plan,
plan...
Az sarp etdik, tarp ekdik,
Az harç etdik, tarp ekdik,
Ertämizi şorladyp,
Diñe şu günmüziñ gaýgysyn etdik.
Eý, owadan gelin ýaly topragym,
Seni zorladyk,
Seni şo-ol başlygyñ şöhrady üçin
Aýamadyk, zora tutduk, horladyk.
Gadymy Ürgençde gojalar kimin
Garagaçlar ölýär,
Güjümler ölýär.
Elhenç ýeriñ keseli.
Hatda gara ýere dulap bulanok
jesedi.
A biz parsyz bakýas, göýä keseki.
Ýylgyn bitýär gara bagly Tejende,
Gark bolarsyñ zeý kanala gaçdygyñ.
Hanhowuzda üç aýdan soñ tapdylar
Gamyşlykda ýiten kolhoz başlygyn...
Zeý ornaýar mele ýeriñ süññüne,
Diñe suwsuz däl-de, hatda suw bile
Ýeri weýran edýär
Emelisiz mirap!
Har bolan ýer üçin, kim jogap berjek!
Şor alan ýer üçin, kim jogap berjek!
Boýun alaýalyñ:
Ýagdaýmyz erbet!
Žurnalist dost, a biz bolsa ýazýarys,
Gülzara öwürdik diýip diýary.
Ýerlerde kesewi kimin ýanýarys,
Ol ýerde saýaly alleýa barmy?!
Mawy kanal ýylan ýaly ýalañaç,
Ýap-salmalar ýalañaç
Ýa ýalñyz agaç
Hellewlenip gönendirmez nazaryñ.
Agaç ekmeli diýp plan bermeseñ,
Şo-ol başlyg-a dürtmez agaç nahalyn.
Kartalañ ýakasna ekilse agaç,
Ýaba-salma nahal oturdylaýsa,
Tokaýlyga öwrülerdi diýarym
Ýaşyl öwüserdi
Misli bir taýga.
Tomusda ot-ýalyn öwsen epgekde
Ekinlermiz duş gelmezdi jebire.
Agaç satyn alman uzak Sibirden,
Meger agaç satardyk biz Sibire.
Gowaça-da,
ýorunja-da ekmeli.
Daragtam ekmeli - olam borjumyz.
Diýarymyz baýam etmeli weli,
Owadanam etmeli biz ýurdumyz!
* * *
Gelip sklada hüjüm edýän ýok,
Sklady urdular öz içinden,
gorkman garawuldan,
gorkman itinden.
Gelip magaziniñ talap gidýän ýok,
Barsañ seni talaýarlar dükanda.
Sapagyny däl-de, olar iýmäni
okan ýaly okanda.
Seret, bu gün bar-a islän harydyñ,
Içinden gar gan geçse-de müdir,
Nätsin, düýn bäşlikden ýelmän mesgesin
Üç ýarym manatdan satypjyk otyr.
Emeli gytçylyk ýok ahyr asla,
Seret, magazinleñ zada baýdygyn.
Düzelmezmi bilse olar ýokarda
Garaw bardygyn!
Dünýä bilýär, ýeñşiñ bize ýardygyn
Ýene ýeñişlere hemra bolarys.
Rast bilýäsmi kemçigiñ bardygyn,
Diýmek, ony düzedibem bileris!
* * *
Düýpli öwrülişik!
Öñi bilen añymyzda başlasyn!
Öñi bilen kalbymyzda başlasyn!
Dokuzdan alta çen sagadyn sanan,
Hile bakman, diñw sanyna sanan,
Gobsun!
Iýesiñ gelýärmi gowsun?
Geýesiñ gelýärmi gowsun?
Gobsun!
Bessir, bu gün köl deý durman hanada,
Derýa deýin daşyp akmagmyz gerek!
Köñül heñlän guýyñ suwy deý,
Guýy deýin çöwrüp dökmegmiz gerek!
Biz nähili söýýän bolsak Watany
Şoñ ýaly-da zähmet çekmegmiz gerek!
Söýüñ zähmetiñiz öwrülsin söýgä,
Ýigreniñ ebedi,
Söýüñ ebedi.
Düşüniñ bize ýöne-möne kişi däl,
Biz - ümmülmez şu döwletiñ eýesi!
* * *
Türkmenistanym!
Seniñ baýdagyna tagzym edýärin.
Ýürek däl,
kalbymda göterdim gerbiñ.
Senden beýik keramatym ýok meniñ.
Başyñda ak silkmäñ - garly Köpetdag,
Mele Garagumuñ - agar çäkmeniñ,
Kanalym - biliñde zerrin guşagyñ.
Sen dostluga gerdiñ gyzgyn gujagyñ,
Doganlyga berdjñ gyzgyn gujagyñ.
Giñäp gitdi senin araçäkleriñ,
Çägi kimin dostlugyñ.
Sen bu gün göter-de merdana göwräñ.
Gollaryñy çermäp,
Başla kyn işe.
Guraly biz munda has ajap döwran,
Berimsiz bolsun ol müñ bir behişde.
Galkyn, eý, gujurly diýarym meniñ,
Ýörn hany, egnjñe iş geýmiñ geý-de.
Seni bagtly edip, bolarys bagtly,
Belende göterip
Galarys beýge!
___________________________________
* AZS - Awtozaprawka stansiýa.
** Geçmişde türkmenler söweşden gaçan ýigide tamdyr külüni atdyrýan ekenler.
*** ITI - Inžener-tehniki işgärler.
Poemalar