07:24 Pursatlar | |
PURSATLAR
Ýatlamalar
Ýyllar geçýär. Bireýýäm yzda galan oglanlykdyr ýigitlik döwürlerinde başyndan geçiren wakalaryň birtopary ýadyňdan çykyşýar, birnäçesi bolsa häli-häzirem hakydaňda ýaşamagyny dowam edýär. Elbetde, bular seniň durmuşyň. Geçen ýoluň bir bölegi. Gizläp nätjek, olaryň käbirini mähribanlyk bilen ýatlaýarsyň, käbirlerini bolsa ýatlamak agyr düşýär. Hawa-da, haýsy röwüşde bolsa-da, hakyda ýaşasa gowy! Şahyr, žurnalist Allaýar Çüriýew hem soňky wagtda şol ömür wakalarynyň birnäçesini ýatlap, başardygyndan kagyza geçirýär. Ýadyna düşüşi ýaly ýazýar. Olary owadanlajagam bolanok, ýülmejegem. Belki, şeýle bolanda, wakalar öz tebigylygyny saklaýan bolsa gerek. Özi hem Allaýar Çüriýewiň ömür ýazgylar kitaby gitdigiçe galňap barýar. Sizi şol ömür pursatlarynyň biri bilen tanyş edýäris. Segseninji ýyllaryň ortalary bolmagam ahmal. Telewideniýede işleýärdim, «Kerim aga keselhanada ýatyr» diýseler, soramaga bardym. Şol günki täze çykan gazet-žurnallardan ýüklenipdim. Kompozitorlar Nury Halmämmedow hem ýaraman keselhanada ýatan ekeni. Eşitmändim. Kerim aganyň yzyndan eli zatly baryp, Nura-da boş baranyma utanmanam durmadym. Sebäbi bu kompozitor bilen ýetmiş birinji ýyldan bäri tanşlygym bardy. Soň soramaga baramda, bu säwligi düzetdimem-le. Nury Halmämmedow altynjy palatada akademik Tagan Berdiýew bilen bile bolýan ekeni. Ikisem obadaşdy. Garrygalanyň Daýna obasyndan. Ol biziň goňşy obamyzdy. Soň-soňlar baýry magaryf işgäri, obamyzda juda sylanýan Orazmämmet aga Öwezow Nurynyň çagalygy hakda bir gürrüň beripdi. Orazmämmet aga uruş ýyllary Daýna obasyndaky mekdebe ýolbaşçylyk edipdir. Şol günleriň birinde Nury we onuň doganlary bir günüň içinde ata-eneden jyda düşüpdirler. Nätmeli? Ýetim çagalara kim seretmeli. Her kim öz maşgalasyny oňarsa zor boldugy. Şol günleriň birinde oba ýaşulusy Taňryberdi aga Bäherdene iş bilen gitmeli bolýar. Şonda Orazmämmet aga ýaşajyk Nuryny hem etrap merkezindäki ýetimler öýüne tabşyrmagy ondan haýyş edipdir. Çaganyň egin-başyny oda atsaň tütejek däl. Şonda Orazmämmet aga çaga dözmän, işe geýýän ýeke-täk akja köýnegini çykaryp, oglanjyga geýdirip: «Bar gardaş, alnyňy hak açsyn. Bu günlerem geçer» diýip, oglana ak pata beripdir. Eşege artlaşyp münen ýaşuly bilen ýaş oglanjygyň uzak dag ýodasyny külterläp baryşlary, oglanjygyň bütin dünýäni unudyp, ilkinji sapar Tagarow daglarynyň gözelligini nebsewürlik bilen synlap barşy gözümiň öňünde. Onuň ömür başlangyjynyň Taňryberdi aga bilen başlanyp, ömür ýolunyň ahyrynyň hem şol maşgala bilen baglanyşykly bolandygyna haýranlar galýaryn. Ýaňy Nurynyň soňky gezek keselhanada akademik Tagan Berdiýew bilen bile bir palatada ýatandygyny aýdypdym. Olaryň «ýogalypdyr» ajy habarlarynyň arasyna onçakly uzak wagt düşmändi. Meşhur kompozitor jaýlanandan soň, onuň başujunda öz obasyndan getirip, ýaşajyk agaç nahallaryny ekipdim. Bu ýazgyny kompozitorymyzyň başujunda oýa gelen käbir şu setirler bilen tamamlasym gelýär. Beýik-beýik daglaryňa sygyndyň, Daglar boldy köňül beren syrdaşyň. Nazarym eglense dogduk diýarda, Ilki bilen ýada düşýäň gardaşym. Barmaklaryň hünärine boýun men, (Oňa boýun däl adamy aparyň!) Ýürek owazyňa diň salyp mydam, Ýalňyz çagym ýitigimi taparyn. Gezen daglaryňa seýil etdim men, Tagarowda gördüm aýak yzyňy. «Daýnanyň öňüniň beýik arçasy...» Saklapdyr oglankaň çalan sazyňy. Wagt boldy, gideýin men hoş indi, Ýürek köşeş, keç ykbaldan nalama. Bu gün ýene ýolagçy men daglara, Nury gardaş, Daýna barýan salama. «Edebiýat we sungat», 6.09.2002 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |