01:32 Puşman ýüki / rowaýat | |
PUŞMAN ÝÜKI
Hekaýalar
Ir zamanlarda bir är-aýal zürýatsyzlygyň zaryny çekip, Allatagala köp mynajat edipdir. Günleriň birinde olaryň ýüreklerindäki arzuw-hyýallary hasyl bolup, döwletli ojakda ogul bäbek dünýä inipdir. Är-aýalyň begenjini asla hiç bir zat bilen deňär ýaly dälmiş. Onsoň olar sähetli gün uly toý berip, şatlygyny il-ulus bilen paýlaşypdyrlar. Är-aýal ýeke dikraryny hiç zada zar etmän, gözleriniň göreji ýaly eý görüp saklapdyrlar. Perzendiniň aýdan zadyny, isleg-arzuwyny kemsiz-kössiz berjaý edilmek olar üçin kada öwrülipdir. Diýeni bolýan çaga lellim ösüp, bikär we kelesaň ýigdekçe bolup ýetrişipdir. Pyragy atamyzyň: “Ulalonsoň iş hoş ýakmaz, ýaşlykda köýmän ýigide” diýşi ýaly, zähmete werziş bolmadyk ýetginjege işläp iýmek ýaramandyr. Daşyna özi ýaly kelpeňleri ýygnap, günde-günaşa şagal mesligini gurmagy gowy görüpdir. Keýpi-sapa pul çydaýarmy? Başyna giden ýetginjek obadaşlarynyň towuk-horazyny, mal-garasyny çilip balapdyr. Oglunyň beýle etmişleri barada ilkinji gezek eşidende, ýaşuly sepmeden ýykylan ýaly bolupdyr. Ol dogmasyny ýanyna çagyryp, berk käýäpdir. Emma eýýäm egri ýola düşen oglan telek işine ökünmän, gaýtam ata-enesine torsarypdyr. “Oglum, ata-enäniň öz ýüreginden önen perzendine ýamallygy bolarmy? Pis pişäňi taşla-da toba gel!” diýip, çal saçly atasy näçe ýalbarypsa-da, daşa aýdylan ýaly bolupdyr. Jany ýanyp, ini eze-bez bolan goja bir gezek ajysyny keýwanysyna pürküp, hamrak ýanýoldaşynyň nähak göwnüne degipdir. Ol hem ömründe ilkinji gezek ärine jogap gaýtaryp: “Nagaraňy maňa döwmäň näme? Meniň çekýänim seňkiden azmy? Aryňy menden çykarjak bolýaňmy, çal?!” diýip agy-hasrat çekipdir. Muňa gynanan gojanyň derdi hasam agralypdyr. Ol gaýdyp keýwanysyna azar bermejegine öz ýanyndan äht edipdir. Şondan soň ogry oglunuň binamys etmişi barada her gezek habar berenlerinde goja hiç kime kelam agyz söz aýtman, gapydaky goja daragtyň sütünine bir ullukan çüýi kakyp, hynjyny şol sessiz-üýnsiz ösümlikden çykarýarmyş. Şeýlelikde, ýeke ogullary ýetişensoň, saýasynda eşret görüp, agtyk söýüp oturjak iki sany ýumruk ýaly garra biri-biri bilen derdinişip oturmakdan başga çäre galmandyr. Ýigit çykyp, ýüňi ýetensoň ol oglan şeýle bir tüýkesme ogry bolupdyr welin, soňabaka obada daňdan gygyrmak üçin bir horaz hem galmandyr. Ýeke perzendi elinden çykyp, nalaç galan goja ajy-ajy gülüp: “Eý, Allam! Bir wagt zürýat diläp, nalyş edýärdim. Indi bolsa bir nadan ogul zerarly hem abraýdan düşdim, hem galyň bendäniň gargyşyna galdym” diýip, içini hümledip oturanmyş. Ýakasy gaýyşly ogry bir gün günäsiniň üstünde tutulyp, zyndana iberilipdir. Bu biabraýçylyk, ar-namys, gaýgy-gamdyr ahmyr gojanyň bilini büküp, kempirini hem ýegşerdipdir. Oglan bendilikde öz durmuş ýoly barada köp pikir edip, telek işlerine puşman edipdir, ak ýürekden toba gelipdir. Ol boşap gelende bireýýäm düşege ýykylan atasy ölüm ýassygynda ýatyr ekeni. Oglan onuň başujynda dyza çöküp: -- Kaka, meniň saňa we il-güne beren ezýetlerim çökderdir. Indi puşman etdim. Emma seniň hakyňy neneň halallap bilerin, kaka jan? – diýip aglapdyr. Goja soňky deminde zordan gürläp: -- Oglum! Gapydaky daragta seret. Şonuň sütünine kakylan çüýler seniň hupbatlaryň şayadydyr. Ýöne seniň il-günüň öňünde bize ýetiren biabraýlygyň olardan has çökderdir. Men gidenimden soň, oňarsaň il-güne ýagşylyk et-de, eden her haýyr işiň üçin şol daragtdan bir çüý sogur. Daragt şol çüýlerden doly azat bolanda, men senden razy bolup, hakymy halal ederin -- diýiýpdir-de gözlerini baky ýumupdyr. Onuň keýwanysy hem gojasynyň yz ýanyndan ahyrete göç edipdir. Toba gelen oglan bolsa şondan soň niýet-kalbyny ýagşylyga tutup, ýagşy işler bilen il-günüň köp alkyşyny alypdyr. Her gezek hem daragtdan çüýüň birini sogurýarmyş. Şeýlelik bilen ahyrsoňy ol çüýler sogrulyp gutarypdyr. Bir gün ol baýyrlykda gözýaşlaryny döküp otyrka, bir nätanyş aksakal goja onuň ýanyna sowlupdyr-da, ahy-nalanyň asyl sebäbini sorapdyr. Ýigit oňa ýüregini açyp, bolan wakalary gürrüň beripdir. -- Men sebäpli bagtygara ata-enemiň billeri wagtyndan öň büküldi. Namys-aryň astynda galdylar. Olaryň wesýetlerini berjaý edip, daragtyň sütünine kykylan çüýleri sogrup gutardym. Ýöne ol çüýleriň goýan yzlaryny neneň edip aýraýyn? Şonuň üçin hem men Kyblam bilen Käbämiň öňünde özümi ömürboýy etmişli hasaplaýaryn —diýip, ýüregi puşmanly perzent ýene-de gözýaş dökmäge başlapdyr. | |
|
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |