18:42 Pyragynyñ ýörän ýolun yzarlap... | |
PYRAGYNYŇ ÝÖRÄN ÝOLUNY YZARLAP...
Ýol ýazgylary
Gyzylarbatdan Garrygala çenli aralyk ýüz kilometrlik ýol. Bu aralygy indi ýolagçylar ýeňil maşynda bir sagada ýeter-ýetmez wagtda geçýärler. Täze çekilen asfalt ýol eliň aýasy ýaly tekizligi bilen göwnüňi göterýär. Belent-belent dag eňňitlerinden göz açyp-ýumasy salymyň içinde inip-çykýan maşynlary göreniňde, gyzylarbatly ýol gurluşykçylarynyň bu gahrymançylykly işlerine ýene-de bir gezek haýran galýarsyň. Daş-töweregiňi keremli daglar gurşap dur. Şahyr aýtmyşlaýyn daglaryň üstünden daglar görünýär. Magtymgulynyň mekanyna aralaşdygyň saýy ýürek tolgunmaň artýar. Daşyňyzdan aýlanaýyn, Daşyňyzdan aýlanaýyn, Başyňyzdan aýlanaýyn Pyragyny gören daglar... Eýsem-de bolsa, beýik şahyryň mekanynda kimler myhman bolmady?! Olary bu ýere şahyryň dana setirleriniň güýji getiripdi. Galyberse-de, şeýle şygyrlary öz nesillerine ýadygärlik goýup giden adamyň dünýä inip kemala gelen diýaryny ine-gana synlamak, oňa baş egmek duýgusy öz erkine goýan däl bolsa gerek. Munuň şeýledigi ikuçsyzdyr. Geliň, gowsy ýarym asyr mundan ozal beýik Pyragynyň dogduk diýaryna syýahata gelen rus ýazyjylarynyň gözleri bilen seredeliň. Bu biziň her birimizde nähilidir bir gyzyklanma döretse gerek! Çünki ynsan ömri üçin ýarym asyr az möhlet däl-ä! ... Ine-de 1930-njy ýylyň 25-nji maýyndan 26-syna geçilýän gije. Nikolaý Tihonow bilen Wladimir Lugowskiý Pyragynyň mekanyna tagzym edenlerinden soň, Aşgabada tarap ýola düşýärler. Raýkompartiýanyň we raýispolkomyň jogapkär işgärleri bu gadyrdan myhmanlary ugratmagyň aladasynda. Olar myhmanlary raýon merkezindäki ýekeje maşyna mündürip ugradýarlar. Myhmanlar poltarka ýük maşynynda. Dag ýodalarynda tükeniksiz ýük çekýän maşynyň borty birsyhly yralanyp durmazlygy üçin ýüp bilen pugta dartylyp çekilipdir. Şofýoryň ýanynda Nikolaý Tihonow ýerleşipdir. Her niçigem bolsa onuň ýeri çaýlaşyklydy: hiç kimiň jübüsine sygmadyk bolsa şofýor bilen Tihonowyň arasynda iki ýana togalanýardy. Ony kimdir biri Gyzylarbatda bejertmek üçin şofýordan haýyş edipdir. Lugowskoý bolsa maşynyň boş kuzowyny ýeke özi eýeläpdi. Ol maşynyň aýylganç silkmelerine döz gelmelidi. Şonuň üçinem ol borta daňylan ýüpden berk ýapyşypdy. Onuň bu bolşy öz paraşýudyna çolaşan paraşýutçyny göz öňüne getirýärdi. Maşynyň silkmesi çydamsyzdy. Ýöne muňa garamazdan, ýolagçy myhmanlar gijäniň içinde bir topar zatlary synlamaga ýetişýärler. Adamlaryň ýol ugrunda çem gelen ýerde ýatyşlary ýazyjylarda geňirgenme döretmänem duranok. Garaňkynyň içinde garantga ýaly bolup görünýän maşynlar bolsa sährada bakylýan sygry ýadyňa salýardy. Myhmanlar Gyzylarbada gelenlerinde daň mazaly ýagtylypdy. Olary bu ýerde ýol uprawleniýesiniň jogapkär işgärleriniň biri garşylaýar. – Ýolda ýatdyňyzmy, ýatypsyňyz, ukyňyzam almansyňyz? Men görenden bildim-ä. Hawa-da biziň ýollarymyz şeýle-dä. Aýly dag sizde nähili täsir galdyrdy? – O nähili Aýly dag? – diýip, myhmanlaryň ikisi iki ýerden dillenýär. – Biz muny täze kitabymyz üçin oýlap tapdyk. – Kitap üçin diýýäňizmi? Bul-a onuň öz hakyky ady. Diýseň gorkunç ýerler. Ajal zawyndan nähili geçdiňiz? Baý, silkendir-ä? – «Ajal zawy». – Bul-a bulwar romanlardan alnan. Ýadyňyza düşýärmi, «...Ajal zawyda kümüşleç gülki ýaňlanyp gitdi». – Roman diýýäniň näme. Degişme ýadyňyza düşýärmi? Hakykatdanam aýyglanç ýerler. Ýetmiş altynjy werstdaky öwrümde golaýda biziň «Amo» maşynymyz güwläp gitdi. Şo gidişi-gidişidi. Çykarmak hakda pikirem etme. – Ine, ýarym asyr gowrak mundan ozal şeýleräk gürrüň bolupdy. Men bolsa şol geçen ýyllaryň üstaşyry söhbetdeşleriň seslerini aňlajak bolýaryn, olaryň çaň-tozan siňen ýüzlerine äňetmäge çalyşýaryn. Ýollar... Şo-ol uzalyp barýar, uzalyp barýar. Dürli kysymly maşynlar meniň deňimden waz ýasap geçip barýarlar. Birdenem ýüregimi guwanç duýgusy gaplap alýar. Neneň guwanmajak! Taryhy gysga wagtyň içinde özgeren mekana neneň guwanmajak! Onuň edermen adamlarynyň elleriniň gudratyna neneň buýsanmajak! Birdenem meniň gözümiň öňünde rus ýazyjylary Nikolaý Tihonowdyr Wladimir Lugowskiý peýda bolýarlar. Olar Pyragynyň dogduk diýarynda täze durmuş gurýan daýhanlaryň arasynda. Oba adamlary olara janygyp bir zatlary düşündirjek bolýarlar: – Özüňiz bir pikir edip görüň-ä! Biz Garrygaladan Duzludepä çenli aralykdaky ýoly özümiz saldyk, hemme zady öz ellerimiz bilen ýerine ýetirdik. Bu salan ýolumyzdan maşyn gatnasyn diýdik. Indi bu ýoldan maşynam gatnaýar weli, birem biziň ýanymyzda saklananok. Ýogsam, ýol bir salyň, maşynda gatnatmak biziň bilen diýýärdiler. Indi weli ýekeje maşynam duranok... Obamyzda ýekeje adamam heniz maşyna münüp görenok. Heý bolmanda, kolhoz başlygynyň işi çykanda Garrygala maşynly gitse. Ýogsam ýol salýan biz, ýol bejerýän biz. Bize weli ýekeje jinnegem peýdasy ýok. Şofýorlar deňimizden ellerini salgap geçip gidýärler. Raýon merkezinde şu zatlar hakynda aýdyberiň... Elbetde Magtymgulynyň şu günki nesli ýaňky söhbeti okap, ýylgyrsalar gerek. Ýöne bu şol döwrüň hakykatydy. Elbetde, ýönekeý söhbetdeşleriniň gürrüňlerini diňläliň, rus ýazyjylary hem ýylgyrypdylar. Olar öz gürrüňdeşlerini köşeşdirip, «Ine, wagt geler, siziň hemmäňizem maşynly bolarsyňyz!» diýip aýdypdylar. Olar bu ýönekeý adamlaryň gözel jülgesi hakda, olaryň myhmansöýerlikleri hakda goşgy ýazman bilmändirler. Ine, Wladimir Lugowskiý alçak Nury milisionere bagyşlap ýazan goşgusynda şeýle diýipdi. Nury aýdym aýdýar atyň üstünde, Okaýar öz hatlaryny kämahal. Däli Sumbar garşy alyp gijäni, Şaglaýar, güwleýär, edýär galmagal. Ýabynyň dyzyna ýetýär gülälek, Dagdaky gülälek edil köz ýalak. Atyň jylawyny goýberýär Nury, Sykylyklap dar jülgede at çapýar. Wäşi ol, daýaw ol – biziň Nurymyz, Aýtjak sözlerini ýylgyryp aýdýar. Eziz ýoldaş! Bu durmuşa belet biz, Kän görüldi ozal beýle howp-hatar. Raýispolkom seni işe belledi, Eliňe berdiler täze bäşatar. Säher bilen atlanýarys barymyz, Synlaýas nar ýaly gyzaran gögi. Biziň bilen barýar milisioner Nury, Şemal gelýär syryp berk araçägi. Nikolaý Tihonowy Aýderýa jülgesiniň gözelligi, ak gaýalaryň arasyndan syzyp çykýan durna gözli çeşmeleri, garaz, oňa tebigatyň sahylyk bilen eçilen baýlygy haýran galdyrýar. Ol ülkämiziň bu gözel künjegi hakda uly söýgi bilen ýazýar. Ol «Aýdere jülgesinde» atly goşgusynda bu hakda örän çeperçilik bilen suratlandyrýar. Başga bir ýazgysynda bolsa ol ýene-de bu jülgä dolanýar: «Şeýle jülgä aýak basanyňdan tisginip gideniňi özüň hem duýmaýarsyň. Wamberi hem birwagtlar uzak Maryny aýlanyp çykypdyr. Şol ýerde eşidilen bir rowaýat adamlarda täsin haýran galdyrma döredýän ekeni. Bu onda-da şeýle täsir döredipdir. Ondan bäri ep-esli wagt geçipdir. Jülgedäki sowhozda, miweli daragtlary zaýalamazlygy üçin oba mallaryny uzaklara kowýarlar. Bu meniň pikirimçe, şu günki güne muwapykdyr. Sowhoz ýekeje-de jülgäniň gözelligine zeper ýetirenok. Dogry, onuň jülge bilen goňşulykda ýaşamagy gömülgeni başga bir sözlüge geçirýär. Ony indi birtopar başdan geçirmeleriň dünýäsiniň esasy gahrymanlygyndan, badygowşak, sandan galan bir jandara öwrülýär. Haçanda Aýderede tokaýçylaryň öz başyna ýörite jaýlary bolan döwründe, bu gömülgenleriň gadyry artsa-da artar. Ine şonda olary Mişkadyr Waska diýip atlandyrylmagy-da ahmal. Merduwanyň aşagyndan «hany, Waska, aşak düş!» diýip gygyrarlar»... Hawa, Aýdere öz gözelligi bilen syýahatçylary haýran galdyrypdy. Soňra ülkämiziň bu künjeginiň gözelligi, onuň adamlary hiç haçan iki ýazyjynyň ýatlaryndan çykmaz. Olar birek-birege ýazan hatlarynda-da bu hakda ýatlap durarlar. Nikolaý Tihonowyň 30-njy ýyllaryň başynda Wladimir Lugowskaýa ýazan hatlarynyň biri okyjylar üçin gyzykly bolsa gerek: «... Men «Izwestiýada» seniň «Türkmendöwletneşirýat» üçin niýetläp ýazan ekiş hakdaky goşgularyňy okadym. Görýän weli, ýaryşmaga ýol açylan bolsa gerek: «Dänewdir beýleki ýerler okyjylaryň göz öňünde janlanar». Menem onlarça goşgy ýazdym. Ýöne, dogrymy aýtsam, türkmen bolmak gaty kyn ekeni. Munuň üçin men Hywa bazaryndan alnan dona-da girdim – kömek edenok. Munuň üstesine-de papirosam ýok. Saman şlýapanyň hem-de düşegiň içindäki ýonuşgalardan ýasalan bir zatlara çekýän. Moskwalylara gözüm gidýär. Sizde hatda papirosyň nobaty-da ýok. Kitapdaky goşgularyň birini («Aýdere jülgesinde» – A.Ç.) saňa bagyşlaýaryn. Boýun gaçyrma... Seniň aşgabatly şahyrlaryň goşgularynyň terjimesini nätjegiňi bilemok weli, menä-hä Kerbabaýewiň goşgularynyň üstüne azap baryny çekdim. Öz ýazan goşgularymyň içinde diňe ikisi «Şiramyň adamlary» bilen «Garry türkmene öýkünme» atly goşgularym göwnüne ýaraýar. Men olary şu gün irden «Türkmendöwletneşire» iberdim, näme diýseler görüberýäs-dä, maňa ýazyşlary ýaly, saňa-da ähtimal çlenlik biletine söz berýärler, indi islesek-islemesek, biz türkmen bolmaly bolarys...». Olar öz ýürekleriniň emri boýunça türkmen ülkesine, onuň zähmetsöýer we ýönekeý halkyna has ýakyn durupdylar. Olaryň Berdi Kerbabaýewdir Gara Seýitliýew, Durdy Haldurdy, Kerim Gurbannepesow, Kakaly Berdiýew bilen ýyllaryň synagyndan geçen mizemez dostluklary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýyllar geçer. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nikolaý Tihonow gözel Aýderäni, Sumbar jülgesini ýatlap, Moskwada Magtymguly Pyragynyň 225 ýyllyk toýuny dabaraly bellenilen günleriniň öňüsyrasynda ýazypdy: «Magtymgulynyň goşgulary hem, onuň özi ýaly, diňe bir mähriban Türkmenistan topragyna «keşt etmek» bilen çäklenmän, Sowet Soýuzynyň hemme halklary tarapyndan okalýar, onuň şan-şöhraty indi bütin dünýä ýüzüne doldy. Şahyryň toýuna Gündogaryň we Günbataryň köp ýurtlaryndan şahyrlar gelerler, çünki ol «Keşt eýledip, gezdim yşkyň dagynda» diýip, ähli halklar, ähli adamlar üçin çykalga gözläpdir, çünki ol: Türkmen ilim, eý adamzat, Azat il, güzer gözlär men – – diýipdir. Ine, şu setirlerde Magtymgulynyň hakyky keşbi görünýär. Çärýek asyr mundan öň aýdylan bu sözler beýik şahyryň 250 ýyllyk toýunyň belleniljek wagtynyň öňüsyrasynda hasam guwançly ýaňlanýar. Çärýek asyr şundan öň bu ganatly sözleri aýdan uly sowet şahyry bu gün biziň aramyzda bolmasa-da, Pyragynyň 250 ýyllyk toýuny bile toýlar, onuň beýemçisi bolar. Şu ýazgynyň bolsa Wladimir Lugowskoýyň 1935-nji ýylda Pyragynyň dogduk diýaryny wasp eden «Garrygala» atly goşgusynyň bentleri bilen tamamlamagy göwnemakul bildim: Zawlardan bug çykýar, Sumbar derýasy Aşakda towlanýar gök ýylan ýaly. Derýanyň sakasy salkyndy örän. Syh-syh bolup durlar ol ýerde daşlar. Tokaýa seredýän üç sany adam. Badam ekmek üçin çukur gazyp ýör. Gowur baýyrlaryň ýüzünde bolsa, Sargylt hozlar ýele daranyp otyr... «Ýaş kommunist» gazeti, 1987 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |