09:14 Pyşyrdy | |
PYŞYRDY
Goşgular
Bir pyşyrdy geldi, ýerdenmi, gökden: "Besdir indi, çeniñ, çakyñ bil!"– diÿdi, Güwwüldisi parran geçdi ýürekden: "Täleýiñe berlen hakyñ bil!" diýdi. "Besdir, – diýdi – her ýylpylda ýanaşma, Söz manysyn bilmez bilen sanaşma!" Hemem: "Indi düşünjege garaşma — Wagty däldir seniñ hatyñ, bil!"– diýdi. Pyşyrdy söz açdy ÿene kän zatdan (Olañ köpüsini çykardym ýatdan), Söz açanda Kur'an, Injil, Töwratdan: "Sözlejek sözleriñ wagtyn bil!" diýdi. Sesem ýuwaş-ýuwaş goýaldy, güýjäp, Käte gazaplanyp, kem-kemden möwjäp: "Indi şu señ ýoluñ bor tä ölinçäñ, Ýokdur saña başga akym, bil!" diýdi. Diýdi, goýdy, Soramadam pikirmi, Özi gazdy, özem gömdi çukurmy; Günäme — tobamy, Derde — şükürmi Diñlemedem, "Ol señ bagtyñ, bil!" diÿdi. Öwüt berilende meni duýsalar, Men diñleÿän, Janym ýanýar, buýrsalar! "Şeyle şerti öz öñüñde goýsalar, Nätjek?– diÿsem, "Asla mümkin däl!" diýdi. Her taglymat geler başda pyşyrdap, Erkiñ berseñ, haýbat atar, paşyrdap! Adam kimmiş, pikir bolmasa azat?! Pikir: "Gerek ýene tämiz päl" diýdi. Çary ATAÝEW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |