14:14 Küştdepdi | |
KÜŞTDEPDI
Goşgular
Aýaklar towsanda, Galganda eller, Owazyň süňňüme ýaýrap başlanda, Üýtgeşik bir duýgy döreýär tende, Göwnümem, seretmän näçe ýaşanma: " Bök, bök! — diýýär. — Bök şeýle! Küştdepdini dep şeýle!" Aýlanyp, aýlanyp, epersiň dyzyň, Bir eliň şapbadyn urarsyň ýere, Soňra iki eliň uzar Asmana Hem güwwüldi dolan ýalydyr sere: "Ho-op! Hop! Hop şeýle! Küştdepdini dep şeýle!" Üýtgeşik güýç bilen galarsyň ýerden, Ýene aýlanarsyň, ýene bökersiň, Hak dälisiň düşünerden, duýardan — Hem bökersiň, hemem dyza çökersiň: "Huw-w-w, hak, hop şeýle! Küştdepdini dep şeýle!" Daljygarsyñ, demiñ etmez demiñe, Bir dem hušuñ göçer, gözleñ zat görmez, Ortadan çykmaga çalşarsyñ, ÿöne Bu jadyly aýlaw seni goýbermez: "Hopba-na, hopba-na, hop şeÿle! Küştdepdini dep šeÿle!" Töwerege ýaýrar bir jady, Onsoñ Ýuwaş-ýuwaş daşyñ gallar halaýyk, Çawlanansoñ gözleñdäki ataşa, Olañam her biri bökmäge taÿyn: "Ho-op! Hop! Hop şeýle! Küştdepdini dep şeýle!" Bagşyñ sesi uzaklaşar, Bu sazam Indi seniñ durkuñ çalýan ýalydyr, Göwnüñe bolmasa, indi Ýer şaram Hut señ bilen deñ aÿlanÿan ýalydyr: "Ho-op! Hop! Hop şeýle! Küştdepdini dep şeýle!" ...Saz bireýýäm gutarandyr, Seň bolsa On iki süňňüňde — bütin durkuňda Aýlanyp durandyr agyly gülki Ýa gülküli agy, menzäp horkulda: "Ho-op! Hop! Hop şeýle! Küştdepdini dep şeýle! Ho-op! Hop! Hop şeýle! Hop-ba! Hop-ba ! Hop şeýle! Hop, hop, hop, hop, hop şeýle! Küştdepdini dep şeýle!.." Çary ATAÝEW. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |