21:19 Sonetler | |
SONETLER
Goşgular
• Utulyş Kepeýärmi köňülleriň gussasy? Şarpykmy bi hökmirowan durmuşdan? Ýa durmuşyň endik bolan kyssasy Ýadadymy bu ataşly gurluşdan? Darydan kän günler darykdymy ýa Bütin ömre dowam etjek heserden? Duýgulaň öz göwni galypdymy ýa, Göwün edip, ýazylmadyk esrden? Görmez gözi güýçli saýan aýralyk Uzap barýar, boýun bolup durmuşa; Duýgularmyz, güýz gelmäkä saralyp, Ýesir düşdi belki gelmejek gyşa. … Pursatlar … sagatlar … günler … hepdeler Goşgy bolup gaçyp durlar depdere… • Aýdym Owaz bolup siňen günüň aňyma, Ýürekde ýaňlandy üýtgeşik aýdym; Şondan soň kän goşgy ýazdym şanyňa, Ýone ol aýdymy özüme goýdum. Oň sözlerni dözmedim hiç kagyza, Hiç bir sazyň notalarna dözmedim (Belki, şoldur meň ýeke-täk ýazygym — Men özümem düşünerden özgedim). Ahyrynda bar zat bolarmyş äşgär, Käşgä menem şol aýdyma ýaň bolsam! Seň ýüregňem daş däl, dag bolsa käşgä, Menem onda aýdym bolup ýaňlansam! — Hem-ä gymmat, dözerimden ýada ol, Hemem adam düşünerden sada ol… • Oýun Kimmişim men, ýene saňa aldansam?! Ýene saňa aldanmasam, kimmişim?! Gülki bilen agyň bagryn daglasam, Näm edeýin gülküleriň jümmüşin?! Heňňam içre heserlenen hyýaldan Daglara ýaň düşse! Daşlar çat açsa!.. Saňa näme gerek şeýle ykbaldan? Saňa näme lezzet bar ol ataşda? Oýun saýyp oýnan oýnuň oýun däl (Geçen günler — saňa ýalan, Maňa — çyn!) — Men henizem şo-ol güzeriň boýunda, Diňe, ýary düşüp, çalardy saçym… Utuldymmy aýdymymda, oýnuňda: Huşda kim bar, düýşde kim bar goýnuňda?.. • Gar (goşa sonet) Ynha, seret, Ine, diňle, šu ýerde Diňe seniň adyň bilen saz galdy; Pikirlenip bilýän bolsa eger-de, Bir çak çašyp gidäýmegem ahmaldy. Ynha, seret, Ine, diňle, şu ýerde Diňe bir söz bir saz bilen urunýar; Bir-birine sazlašygy ýetmese, Bir dem durýar, soňam täzeden urýar. Ynha, seret! Seret! Seret! Şularda Diňe seň suratyň! Diňe seň kešbiň! Olar šondan bašga görenok hiç zat — Šondan bašga hiç zat küýsänok çeşmim. Ýöne ýene üýtgešik bir görnüş bar: Nämüçindir hemme ýere gar ýagýar. Ho:onha, seret, bir bulut ýok asmanda, Ýöne, seret, yzyn üzmän gar ýagýar! Šeýlebir saz çalýar hemem asmana Hem ýeriň ýüzüne adyňy ýazýar! Beýniň jümmüšine, gözleň içine Gar ýagýar! Saz ýagýar! Saz çalýar ak gar! Ak saz ýagýar ýüregmiň her künjüne Hemem gaçan ýerne adyňy ýazýar! Sen diňläp gördüňmi garyň sazyny? Diňläp gördüňmi sen ýüregin garyň?! Ynha, seret! Ine, diňle! Gör, ynha: Men gar bolup, Ak saz bolup ýagýaryn! Bir hadysa siňen diňe bir söz bar Hemem bir mukam bar… … gar… gar… gar… Çary ATAÝEW. | |
|
√ Watan / Goşgular - 25.11.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Мама, туркмена я люблю / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 30.09.2024 |
√ Üçlemeler / Goşgular - 14.07.2024 |
√ Görüp göçmeli dünýedir / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Öýlenmek / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Söýgime ynanyň / Goşgular - 16.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |