22:36 Öwrendim | |
ÖWRENDIM
Goşgular
Enemden öwrendim aldamazlygy, Atamdan öwrendim aglamazlygy, Agamdan öwrendim mertligin äriň, Uýamdan öwrendim söýgüde çägim. Dosty saýlamagy öwrendim dostdan, Duşman saýgarmagy öwrendim pisden. Ýarymdan öwrendim wepalylygy, Ussamdan öwrendim sapalylygy. Bir günem… Enemiň aldanyn görüp, Atamyň, bukulyp, aglanyn görüp, Agamyň kyn günde ejizlän wagty, Uýamyň birini nejislän wagty, Dostum kyn günümde taşlap gidende, Pis saýanym derde derman edende, Ýardan biwepalyk sapagyn alyp, Ussadymyň hapasyna garylyp, Ýuwaş-ýuwaş olaň baryn öwrendim, Şeýdip, onsoň, uly adama öwrüldim… Çary ATAÝEW. | |
|
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||