13:44 Her kimiñ öz dünýäsi bar dünýäde... | |
HER KIMIÑ ÖZ DÜNÝÄSI BAR DÜNÝÄDE...
Goşgular
Her kimiň öz dünýäsi bar dünýäde (Täleýden, kysmatdan, ykbaldan başga), Parhy ýok: şu günmi, ertir, düýn ýa-da Sensiz ýaşap bilýänimi bagyşla; Bagyşla kalbyma, aňyma siňen Perişde deý durkuň bilen oňýanym — Gazanmadym, ýüz müň dürli öwsübem, Birje gezek eden işim oňlanyň. Tas özümi ýitiripdim ýoluňda, Tas elden gidipdi kelebiň ujy. Duýdum: perişde-de galmaz ornuňda, Özüm bilen deň ýitirsem hyrujy. Düşün meň düşünip bilmeýänime, Kesgitlemäň ýokdugyna heserme, Özüm ýazyp, özüm geňleýänime, Özüň kürsäp urşuň her bir eserme; Düşün ahyr: men düşünip bilemok, Zäherlenýän, başga güli ysgasam, Seň bilenem degşip-gülşüp bilemok — Artyk sözleň uzynlaram, gysgasam. Öz-özüme artýan ýigrenjiň ujy Ýeter öýdüp gorkýan senli dünýäme; Ol bolsa şeýlebir, şeýlebir süýji — Meň nähili söýýänimi bilýäň-ä!.. Parhy ýok oň: sogapdamy, günäde — Her dünýäň öz dünýäsi bar dünýäde… 20.07.2018. Çary ATAÝEW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |