16:01 Rep goşgular | |
REP GOŞGULAR
Goşgular
Bu rep formasynda ýazylan goşgularyň geçen asyryň aýagynda ýaşap geçen şahyr Bapba Gökleňe bagyşlanýandygy okyjylar üçin geň görünmegi mümkindir. Emma tebigatyna görä, bir töwra adam bolan Bapba şahyryň goşgularynyň köpüsi rep aýdymlarynyň stiline gaty gabat gelýär. Öz döwründe köpler üçin düşnüksiz poeziýasy we gödekden hakykatçyl häsiýeti bilen ykrar edilen Bapba Gökleň pahyryň ruhuna bagyşlanýar. • Ötegçi Ötegçi bu dünýä, Ötegçi bary, Aýlanar-dolanar, Durar eglener, Ýöne geçer bary, Galmaz biri, At-abraý, şöhrat, Zat, baýlyk, gaýrat Mal-dollar, sowgat, Bar zat bolsada, Näçe gymmat, Geçmejek ýalydyr, Ýöne bil! Geçer. Bir geçmejek zat Hakykat! Düýbi boş, Ýalandan ýasalan, Emma köpleri Aldap başaran, Zyrryjym ýalançyň, Kezzabyň gepi, Bilýän, ynandyryp bilýändir köpi. Arassa adamy Hapa bulaýan, Häsýeti boýunça Möý ýa-da ýylan Ýöne adam sypat Ynsan keşpli. Bardyr kän betsyrat, Egin-eşikli, Olar kän ýaýradyp, Hapa gep-gybat, Ýagşy gürrüňlere bermezler nobat. Ýöne gör şonda-da, Her gün her sagat. Ýaşaýar, Ýaşaýar, Beýik hakykat! Hakykat hakynda, Dymyp durdular. Seretmejk bolup, Görmejek bolup, Batyl gözlerini ýumup gördüler. Bolmady. Ahyr hakykaty Ýedi gat ýere Gömüp gördüler. Emma ki şahyryň Aýdyşy ýaly. Hakykaty doly Bolmaýar gömüp. Eger bardy-geldi, Gömäýeňde-de, Hakykaty ýatyryp Gömüp bilmezler. Hakykat dik durup, Gömüler, ýöne Garamaň, üns bermäň, Ýalan-ýaşrygyň Sizden köplügne Hakykat gömlübem Durar dikligne. Ýene bir hakykat Aýdaýyn size, Hala ýalan diýiň, Hala çyn söze. Gulagynda galsyn, Her bir ynsanyň, Üç günden soň, Direlşi deý Isanyň, Hakykat çykjakdyr, Gömlen ýerinden. Galman bir sagat. Ine, şoň üçinem Ol hakykat, hakykat! • Nähak iýlen duz Her ýerde, her ýerde, Özüň ýaly kän. Namartlaryň merde Hile-aly kän. Kändir duzaklary, Ganly gapany. Namart gazaplydyr Hem terse ok atar Ýatla ýekegapany. Her ýerde, her ýerde, Kän özüň ýaly. Ulanyp bilýärsiň Sen duzuň-nanyň. Bu gün ýeke döwüm Berseň duz-çörek, Ertir bolar anyk Bogaza tegek. Seň ýalyň duzundan Datsaň bir gezek. Puşman etseň gerek Soňra müň gezek. • Çyraçy Nähili geň, gülkünç gelýär gulaga. Çyraçy at, aýt, näme zat? Gijelerne gazap bilen ulaga, Münýänler şat, A ýakyn-ýat, Haýran galýarlar oňa. Şeýler ýaşlar, Hem deň-duşlar, Çyraçy diýp bir-birsine at dakýar. Ýola çykyp, Gaza basyp, «Gijäniň gözünde gyzyl ot ýakýan», Altyn ýaşlar, Joşup has-da, Zor ulagly ýaňy- täze Ýola çykyp, Gaza basyp, Bakanoklar öňe Bakmazlar yza. Sebäbi olar çyraçy. Sebäbi olar çyraçy. Sebäbi olar çyraçy. Çyraçy! Nähili çyraçy, Nämäň çyrasy? Ynha awariýa Ýoluň gyrasy. Ýenjilen adamlar Mynjyran maşyn. Çyraçy diýilýän Zannyýamanlar Bigünä bendeleň Iýipdi başyn. Haram puldan Baýlyk, emläk At-mertebe Ülpet jemläp. Halkyň hakyny iýenleriň. Çagalaram Haram bolýar. Olar bilen Bolanlaram Ahyrynda harap bolýar. Ynha köçe, Tümlük gije Maşyn bilen Gör, täzeje Çyraçylar ýene birniň Çyrasyny söndürdiler. Sylapberdi MUHAMOW. 16.10.2021 ý. | |
|
√ Kytgalar / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Eý, Habybyňdan gelip, hamdyňda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Öwütlerim / Goşgular - 10.06.2024 |
√ Tomusda gar küýsemen / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Merhum dostumyñ gelnine / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Soňky sonet / Goşgular - 10.07.2024 |
√ Eý, nebiler serweri, eý, nury-aýnym, Mustapa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |