15:05 Resullar, Nebiler we mutanabbiler | |
RESULLAR, NEBILER WE MUTANABBILER
Taryhy makalalar
Nebi – arapça: habar getiriji, Nabiýu-Allah (Nebiulla) – Allanyň Habarçysy, bu Allanyň Wekiline – Resululla berlen kada-kanunlary halkyň arasynda wagyz edýän we özünden öňki resul pygamberiň üsti bilen ynsanlara ýetirilen dini berkarar etmek ugrunda jepa çekýän pygamberdir. Resul – arapça: wekil, Resul-Allah (Resululla), täze din, täze Mukaddes Kitap berlen Allanyň Wekilidir. Her bir Resul nebidir, ýöne her bir nebi Resul däldir. Al-ýul-Azym – arapça: Ruhy mäkäm, bu dereje Nuhata Alaýhyssalama, Ybraýym Alaýhyssalama, Musa Alaýhyssalama, Isa Alaýhyssalama we pygamberimiz Muhammet Alaýhyssalama, olaryň Allanyň özlerine beren Ylahy borçlaryny berjaý etmekde merdanalyklary hem gaýduwsyzlyklary, ähli kynçylyklara döz gelmekde çydamlylyklary sebäpli bagyş edilen hormatly derejedir. Hemme nebiler Allatagalanyň özlerine beren borjuny berjaý etmekde tutanýerlilik hem gaýduwsyzlyk görkezendir. Ýöne agzalan bäş pygamberiň edermenligi beýleki nebileriňkiden has ýokarydyr. Adamzadyň taryhynda Allanyň Resullary: 1. Adamata Alaýhyssalam; 2. Nuhata Alaýhyssalam; 3. Ybraýym Halylulla Alaýhyssalam; 4. Musa Kelamulla Alaýhyssalam; 5. Isa Ruhulla Alaýhyssalam; 6. Muhammet Resululla Alaýhyssalam. Ondan başga-da Hud Alaýhyssalam, Salyh Alaýhyssalam, Ysmaýyl Alaýhyssalam, Lut Alaýhyssalam, Şugaýp Alaýhyssalam, Ýunus Alaýhyssalam, Ylýas Alaýhyssalam hem Allanyň resullary diýlip bellenilýär. Şeýle hem Allanyň adyndan habarlary pygamberlere we halklara getiren perişdelerem Resul-Allah diýlip ykrar edilýär. Mysal üçin: Jebraýyl Alaýhyssalam. Kurany-Kerimde Allatagalanyň beýleki pygamberleri nebiler hökmünde atlary tutulýanlar: 1. Şis Alaýhyssalam; 2. Idris Alaýhyssalam; 3. Hud Alaýhyssalam; 4. Salyh Alaýhyssalam; 5. Ysmaýyl Alaýhyssalam; 6. Yshak Alaýhyssalam; 7. Lut Alaýhyssalam; 8. Ýakup Alaýhyssalam; 9. Ýusup Alaýhyssalam; 10. Eýýup Alaýhyssalam; 11. Şugaýp Alaýhyssalam; 12. Dawut Alaýhyssalam; 13. Süleýman Alaýhyssalam; 14. Ýunus Alaýhyssalam; 15. Harun Alaýhyssalam; 16. Ylýas Alaýhyssalam; 17. Jirjis Alaýhyssalam; 18. Zekeriýýa Alaýhyssalam; 19. Ýahýa Alaýhyssalam. Hadyslarda we yslam dininiň beýleki kitaplarynda nebiler hökmünde atlary tutulýanlar: 1. Danyýal Alaýhyssalam; 2. Eşmuýyl Alaýhyssalam; 3. Ermiýa Alaýhyssalam; 4. Şemgun Alaýhyssalam; 5. Hantala Alaýhyssalam; 6. Kahafa Alaýhyssalam; 7. Hydyr Alaýhyssalam. Ondan başga-da yslam dininde pygamberligine dürli yslam alymlaryň arasynda şübhe bolan, ýöne Mukaddes Kitapda – Kurany Kerimde ady geçýän Hezreti salyh ynsanlar bardyr: 1. Hezreti Lukman; 2. Hezreti Uzaýr; 3. Hezreti Zülkarnaýn; 4. Hezreti Zül-kefil. Şeýle-de yslam diniň dürli mezheblerine uýýanlar tarapyndan pygamberlik derejesine ýeten weliler (käbir akymlarda bolsa hatda pygamberlerem) diýlip ykrar edilýän, Kurany Kerimde agzalmasa-da hadyslarda ýa-da beýleki abraýly dini kitaplarda agzalýan ynsanlar bar: 1. Hezreti Şaýt (Set); 2. Hezreti Haleb (Halew); 3. Hezreti Ýuşa bin Nun (Iusus Nawin); 4. Hezreti Talut (Saul ýa-da Gideon); 5. Hezreti Imran (Ioahim). Allanyň pygamberleriniň esasy gözel häsiýetleri: - takwalyk; - mugjyza (gudrat) görkezmek ukyby; - sabyr-kanagaty wagyz etmek; - adamlaryň arasyndaky abraý we arassa gelip çykyşy. Pygamberlik mugjyza görkezmek ukyby, Allatagala tarapyndan pygamberiň wagyzlarynyň hakykatlygynyň subutnamasy hökmünde bagyş edilýär. Musulmanlarda pygamberleriň esasy bäş häsiýeti bar diýlip hasaplanýar: 1. Sydk – çynsözlülik, pygamberler diňe hakykaty gepleýär; 2. Amanat – wepadarlyk, pygamberlere hemme zady ynanybam bolýar, olaryň yzyna şübhesiz eýeribem, çünki olar iň lebizli ynsanlar; 3. Tablyg – Hiç bir kynçylyga garamazdan Allatagalanyň görkezmelerini we gadaganlyklaryny adamlara ýaýratmak ukyby; 4. Fetnatun – Paýhas hem üşük, pygamberleriň bu ukyby iň aňrybaşy zehinli adamlaryňkydanam kän ýokarydyr; 5. Ysmatun – hüý-häsiýetiniň päkizeligi hem günäsizlik, pygamberleriň hemmesi günäli iş etmekden daşda durupdyrlar. Nasyreddin Rabguzynyň “Kysasy Rabguzy (Kysasyl Enbiýa)” (Pygamberler kyssasy) atly kitabynda pygamberler hakynda şeýle bellenýär: Jemi ýüz ýigrimi dört müň pygamber bardyr (Muňa Muhammet Alaýhyssalamyň Abu Zerr Gifara: “Eý, Abu Zerr! Pygamberleriň sany bir ýüz ýigrimi dört müňdür» diýen sözi muňa esas edilip alynýar”. Muhammet Hüseýin Tabataýy “Шеизм в исламе”. Иран. 173 sah.). Olaryň üç ýüz on üçüsine pygamber mürsel (iberilen, ilçi pygamber, kitap iberilen pygamber) diýilýär. Olaryň içinde ýigrimi dördüsi pygamber afzaldyr (iň alym, iň ylymly). Jebraýyl Alaýhyssalamdan Allatagalanyň habaryny alan pygamberler mürseldir. Allatagala Jebraýyl Alaýhyssalamyň üsti bilen habar gelmedik pygamberler-nebidir. Allatagala ýedi pygambere bir ýüz on dört sahypa iberdi. Ol: - elli sahypany Şis Alaýhyssalama; - otuz sahypany Idris Alaýhyssalama; - ýigrimi sahypany Ybraýym Alaýhyssalama iberdi. Ol: 1. Töwraty Musa Alaýhyssalama; 2. Injili Isa Alaýhyssalama; 3. Zebury Dawut Alaýhyssalama; 4. Kurany-Kerimi (Furkany, Gurhany) Muhammet Alaýhyssalama iberdi. Emma hiç bir pygamber Muhammet Alaýhyssalamdan artyk däldir. Hiç bir kitap Gurhandan hormatly däldir (Nasyreddin Rabguzy. Kysasy Rabguzy (Kysasyl enbiýa). I jilt. Aşgabat: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. – 63 sah.). “Mutanabbi” diýmek arapça: “özüne pygamber diýýän”, ýagny “ýalan pygamber” diýmegi aňladýar. Ýalan pygamberler yslam dininde-de, hristian dininde-de bolupdyr. Töwratda birnäçe sany ýalan pygamberler ýatlanylýar: 1. Ananiýa (Hananiýa, Hananiah), Azuryň ogly bolup, ol patyşa Sedekiýanyň hem-de nebi Ermiýa Alaýhyssalamyň döwründe ýaşapdyr. Ananiýa Gibeon şäheriniň ýaşaýjysy bolup, ol Ermiýa Alaýhyssalamyň ýanynda Hudaýyň adyndan gepläp, Ýerusalim şäheriniň ilatyna ýene-de iki ýyldan olaryň ýesir alnan patyşasy Iehoniýa bilen bendi edilip sürlen ýehudy ilatynyň yzlaryna dolanjakdygy, şeýle hem Babylyň (Wawilonyň) rowaýaty patyşasy Nawuhodonosor tarapyndan Ýerusalimyň ybadathanasyndan ogurlanan mukaddes gaplaryň yzyna gaýtaryljakdygy hakyndaky weliligi aýan edipdir. Şonda-da ol Ermiýa Alaýhyssalamyň geljekki babyl bendiliginiň nyşany hökmünde öz boýnundan asyp ýören agaç boýunturygyny döwüpdir. Şol ýerde-de onuň ýalan pygamberdigi Ermiýa Alaýhyssalam tarapyndan subut edilipdir we Ananiýa şol ýyl aradan çykypdyr. Dini hekaýatlara görä Ananiýa ilki hakyky weli ekeni. Emma soňra şeýtanyň alyna gidip ol mutanabbi bolupdyr; 2. Sedekiýa Maahanyň ogly, ýehudy patyşasy Sedekiýanyň döwründe Babylda ýaşan ýalan pygamber. Olam Babylda ýesirlikde gezip ýören ýehudylary bahymrak öz ýurtlaryna dolanmaga yrjak bolup, ýalan welilikleri ýaýradyp, Ermiýa Alaýhyssalam tarapyndan onuň galp pygamberdigi ile äşgär edilipdir. 3. Ahab ben Kolaýýa (Kolaýyň ogly Ahab) hem Babylda ýehudy ýesirleriň arasynda dörän ýalan pygamberdir. Ol ýehudy bendileriň arasynda pitnäni öjükdirendigi üçin Babylyň patyşasy Nawuhodonosor tarapyndan diriligine oda gowrulyp jezalandyrylypdyr. 4. Henaawwaň ogly Sedekiýa, ýehudy patyşasy Ahawyň döwründe ýaşap, Ahaw patyşany siriýalylaryň üstüne ýörişe gitse ýeňiş gazanjakdygyna ynandyran ýalan pygamber. Ol öz weliligine has agram bermek üçin özüne demirden şah ýasanyp, Ysraýylyň patyşasy Ahawa: “Şu buýnuz bilen sen şamlylary (siriýalylary) ýok bolýançalar süsersiň” diýipdir. Onuň ýalan weliligine garşy çykan ýehudy pygamberi Miha ben Imla (Imlanyň ogly Miheýe) gaharlanyp, Sedekiýa Miheýiň ýaňagyna şarpyk çalypdyr. 5. Noadiýa ýalan pygamber-zenan. Ol miladydan öňki V asyrda ýaşan Pers şasy Artakserks Ysraýyly basyp alanda şol tarapyndan Ysraýylyň dikmesi edilip bellenen Neýemiýa döwründe ýaşapdyr. Noadiýanyň ady gadymy iwrit (ýewreý) dilinden terjime edeniňde “Hudaý tarapyn öňünden kesgitlenen” diýmegi aňladypdyr. Töwratda Noadiýanyň pers dikmesi Neýemiýany Ýerusalimiň daşyndaky diwary dikeltmez ýaly gorkuzjak bolup, ýalan welilikleri aýan edendigi aýdylýar. Emma Neýemiýa Nodiýanyň galp weliliklerinden gorkman, 52 günde Ýerusalimiň daşyndaky gorag diwaryny galdyrdypdyr. 6. Warisus (arapça ady Ýelima), ol Isa pygamberiň şägirdi, ymam (apostol) Paweliň döwründe ýaşan ýalan pygamberdir. Ol Pawel Kipr adasyna baranda şol ýerde Rim imperiýasynyň adyndan dikmelik edýän prokonsul Sergiýiň ýanyndaky adamlaryň biri ekeni. Ol Pawel hem-de Isa pygamberiň ýene-de bir şägirdi, ymam Warnawwaň wagyz edýän wagtynda, olary diňleýän prokonsul Sergiýni isaýy dine ynançdan ýüz döndertmäge dyrjaşypdyr. Şonuň üçinem Pawel oňa zabun darap, Hudaýyň gazaby bilen onuň gözleri gapylypdyr. 7. Fewda (Toda, Teuda, Teodard) – ýehudy ýalan pygamberi bolup, ol milady ýylynyň 45-nji ýylynda wagyz bilen çykyş edip, özüni gaýtadan dünýä gelen Mäti (Messiýa, Moşiah) diýip yglan edipdir. Soňam öz yzyna eýerýän ýehudy mähellesini Rime garşy pitne turuzmaga çagyrypdyr. Rimiň Ysraýyldaky dikmesi (prokuratory) Kuspiý Flad tarapyndan tutulyp saklanyp, soňra jezalandyrylypdyr. Onuň ady gadymy iwritden terjime etseň: “minnetdarlyk” diýmegi aňladypdyr. Yslam dünýäsinde ygtybarly hadyslary toplaýjylar hökmünde ykrar edilýän Abu Dawudyň hem-de Tirmiziň çeşmelerine görä, pygamberimiz Muhammet Alaýhyssalam mutanabbiler barada şeýle diýipdir: “Magşar Güni gelmez...tä meniň ymmatymda özlerini pygamber diýip atlandyrýan 30 sany galpýüzlüler peýda bolýança...”. Yslam dininde mutanabbiler heniz pygamberimiz Muhammet Alaýhyssalam dirikä Arabystan ýarym adasynda peýda bolmaga başlapdyr. Abhala ibn Kaab al-Aswad al-Ansi Olaryň biri Abhala ibn Kaab (632-nji milady ýylynda Ýemende ölüpdir), onuň ýene-de bir ady al-Aswad al-Ansi bolup, onuň ýüzüni hemişe gara perde bilen gizläp gezendigi sebäpli “Zülhimar” (Gara perdeli) bolupdyr. Ol Arabystan ýarym adasynda ýaşan al-Ansi arap taýpasynyň Mähij urugyndan ekeni. Ol öz taýpasynda we şol jelegaýlarda palçy hem-de sahyh (kahyn, jadygöý, tersokan) hökmünde ykrar edilipdir. Ol öz taýpasynyň serdary bolandan soň pygamberimiz Muhammet Alaýhyssalamyň ýaşynyň soňky ýyllarynda özüni pygamber diýip yglan edipdir we özüne asmandan inen “wahý-aýanlyklar” hökmünde öz düzen goşgularyny öz yzyna eýerýänlere ýatdan aýdyp beripdir. Al-Aswadyň yzyna eýerijiler Najran we Sanu şäherlerini basyp alanlaryndan soň bütin Ýemeniň çägini özlerine tabyn etmegi başarypdyrlar. Şonda-da olar şol çäkdäki musulman dikmesi Şahra ibn Bazany öldüripdirler. Al-Aswad bolsa Şahra ibn Bazanyň dul galan aýalyna öýlenip, özüni ýemeniň hökümdary diýip yglan edipdir. Emma biraz wagtdan soň musulmanlar Al-Aswadyň üstüne ýöriş edipdirler we ony ýeňip, onuň kellesini alypdyrlar. Abu Sumama Musaýlyma ibn Habyb al-Hanafi Abu Sumama Musaýlyma ibn Habyb al-Hanafiniň has meşhur ady Musaýlyma al-Kazab bolup, ol 634-nji milady ýylynda öldürilipdir. Musaýlyma Gündogar Arabystanyň oturymly, ekerançylyk çägi bolan Ýamamada ýaşan Banu Hanyfa taýpasyndan ekeni. Ol Muhammet Alaýhyssalama göriplikden özüni “Rahman” atly Hudaýyň iberen pygamberi diýip yglan edipdir. Şol Rahmanyň adyndanam ol ýalan aýanlyklary jar edip, araplardan özüni pygamber diýip ykrar etmegi talap edipdir. Ol Muhammet Alaýhyssalam diri wagtynda oňa gödek hat ýazyp, ondanam özüni pygamber diýip ykrar etmegi talap edipdir. Musaýlyma öz galp aýanlyklarynda şerap içmegi, bir oglanjykdan köp ogul dogurmagy gadagan edipdir hem-de öz yzyna eýerijileriň günde üç wagtyna sežde etmekleri hakynda borç girizipdir. Pygamberimiz Muhammet Alaýhyssalam aradan çykandan soň Musaýlymanyň işjeňligi artyp, ol täze döredilen yslam halypalygyna howp salmaga başlapdyr. Şonda-da 634-nji ýylda halypa, dört çaryýarlaryň biri Ab Bekir Syddyk Musaýlymanyň garşysyna Halyd ibn al-Walydyň serkerdeligindäki goşuny ýollapdyr. Arkab diýen ýerde bolan söweşde musulmanlar Musaýlymany ýeňip, sahabalaryň biri Wahş ibn Harb ony ýok edipdir. Sajah bint al-Haris Sajah bint al-Haris milady ýyl hasabynyň VII asyrynda Arabystan ýarym adasynda ýaşap geçen ýalan pygamber zenanlaryň biridir. Sajah Banu Taglyb arap taýpasyndan ekeni. Olam heniz Muhammet Alaýhyssalam diri wagtynda ýalan aýanlyklary yglan edip, özüniň “Bulutlaryň Jenaby” diýip atlandyrýan Hudaýynyň iberen pygamberidigi hakynda jar çekipdir. Ol özi üçin ýörite dikeldilen münberde öz ýalan aýanlyklaryny yglan edipdir we onuň özüniň muezzini, ýagny sežde etmäge çgyrýan jarçysy bolupdyr. Onuň muezzini belli bir wagtlarda: “Men şaýatlyk edýärin, hakykatdan Sajah – Allahyň nebisidir” diýip gygyrar ekeni. Ol öz aýanlyklaryny kapyýalaşdyrylan kyssa (saj) görnüşinde beýan edipdir. Biraz wagtdan soň Sajah öz yzyna eýerjiler bilen Yrakda ýaşaýan arap taýpasy Banu Tamymlaryň arasyna göçüp barypdyr. 633-nji ýylda bolsa Sajah şol ýerden Banu Tamymlaryň goşuny bilen Musaýlyma mutanabbiň ýaşaýan çägi bolan Ýamama çozupdyr. Ýöne Ýamama ýörişinden soň Sajah Yraga dolanyp gelipdir. Soň bolsa pälinden gaýdyp, yslam dinini kabul edipdir. Tulaýha ibn Huwaýlid al-Asadi Tulaýha ibn Huwaýlid al-Asadi, 642-nji ýylda ölüpdir. Ol Asad arap taýpasynyň harby baştutanlarynyň biri bolup, ýalan pygamberlige ýüz urupdyr. Ol musulmanlara garşy 626-627-nji ýyllardaky söweşlere gatnaşypdyr. 631-nji ýylda bolsa Tulaýha özüni pygamber diýip yglan edip, araplaryň geljekki ýeňişleri hakynda ýalan welilikleri aýan etmäge başlapdyr. Muhammet Alaýhyssalam aradan çykandan soň Tulaýha asad, fazad hem-de taýý arap taýpalaryny öz galp aýanlyklaryna ynandyrmagyň hötdesinden gelipdir. Onuň edýän hereketleri onuň garşysyna Halyd ibn al-Walydyň serkerdelik etmeginde musulman goşunynyň ýollanmagyna getiripdir. Söweşde Tulaýha ýeňlip gaçypdyr. Soňra ol uzagyndan pälinden gaýdyp, yslamy kabul edipdir we musulman goşunlarynyň ýörişlerine gatnaşyp, Yragyň, Şamyň basylyp alynmagyna işjeň gatnaşypdyr. Şol söweşleriň birinde-de, 642-nji ýa-da 645-nji ýylda wepat bolupdyr. Al-Mutanabbi Abu-Taýýib Ahmet ibn al-Huseýin al-Mutanabbi 915-nji ýylda El-Kufa (Yrak) şäherinde doglup, 965-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Numaniýanyň golaýynda aradan çykan arap şahyrydyr. Ol arap dilinde goşgulary ýazypdyr. Ol Kufa şäherinde suw daşaýjynyň maşgalasynda doglupdyr. Ýöne Al-Mutanabbiň özi özüni hemişe asly begzadalaň maşgalasyndan edip görkezmäge çalşypdyr. Ol 932-nji ýylda karmatlaryň gozgalaňyna baştutanlyk edipdir, şonda-da ol özüni pygamber diýip yglan edendigi sebäpli, onuň lakamy “ýalan pygamber” bolup galypdyr. Ol şol pitne basyp ýatyrylandan soň zyndana düşýär we zyndandan boşandan soň sergezdan şahyrçylyk etmäge ýüz urýar. Ol hakyna goşgy ýazyp bermek bilen ölmez-ödi gazanypdyr. 948-nji ýylda bolsa ol Halabyň hany Seýf ed-Döwläň köşgünde kabul edilýär. Onuň köp şygyrlary hut Seýf ed-Döwläň howandarlygyndan peýdalanýan döwründe ýazylandyr. Ol 957-nji ýylda köşk hilesine uçrap, Seýf ed-Döwläň ýanyndan gitmeli bolýar. Soňra ol Müsüriň dikmesi Abu al-Misk Kafuryň köşgüne ýerleşýär. Şol ýerde-de Sidonyň häkimi boljak bolýar. Emma ol wezipe bellenmändigine öýkeläp, Abu al-Misk Kafuryň üstünden gülüp goşgy ýazýar. Netijede-de 961-nji ýylda Müsürden gaçýar. 965-nji ýylda öz dogduk şäherine syýahata baranda-da, kimdir birini masgaralandygy sebäpli öldürilipdir. Otparazlaryň pygamberi we ýalan pygamberleri Bulardan başga-da, yslam dininden has gadymy döwürlerde Türkmenistanyň çäginde, gadymy Merwde otparazçylyk dininiň pygamberi Zarduşt (“Sary düýeli”, Zoroastr, Zaratuştra) ýaşap geçipdir we özüniň “Awesta” Mukaddes Kitabyny yglan edipdir. Soňra Sasanylaryň döwründe otparazçylyk dininde iki sany ýalan pygamber döräp, olar öz dini akymlaryny emele getiripdirler. Olar şu aşakdakylardyr: - maniheýçilik; - mazdakçylyk. Maniheýçilik we Mazdakçylyk zoroastrizmiň içinden dörän dini mezhepler bolup, olar soňra halk hereketine öwrülýär. Maniheýçilik Maniheýçilik mezhebini we onuň esasynda ýüze çykan halk hereketini döreden Mani 215-nji ýylda Wawilonda dogulýar. Ol 242-nji ýylda paýtagt şäher Ktesifonda öz taglymatyny wagyz edip başlaýar. Bu dini hereketi esaslandyryjynyň ady bilen “maniheýçilik”, oňa eýerijileri bolsa “maniçiler” diýip atlandyrýarlar. Maniniň taglymaty şäher ilatynyň, ylaýta-da, salgytlaryň artmagy zerarly we senetçiligiň hem-de söwdanyň pese düşmegi sebäpli, ýagdaýlary ýaramazlaşan gatlaklaryň arasynda ýaýrapdyr. Zoroastrizm dininiň esasynda emele gelen täze mezhebi esaslandyryjynyň pikiri boýunça, maniheýçilik taglymaty bütin dünýä üçin niýetlenen uniwersal – ählumumy din bolup, ol bar bolan ähli dinleriň ornuny tutmalydy. Maniniň bu pikirleri maniheýçiligiň köp dinleriň daşky sypatyny kabul edendigini görkezýär. Maniheýçilik hem zoroastrizmdäki ýaly iki gapma-garşylygyň, ýagny ýagtylyk bilen tümlügiň, ýagşylyk bilen ýamanlygyň arasyndaky dyngysyz göreş taglymatyna daýanypdyr. Zoroastrizm aňyýeti boýunça Sasanylar döwletinde dowam edýän jemgyýetçilik-syýasy düzgünler ýagşylygyň we ýagtylygyň diregi hasap edilen bolsa, maniheýçilik bu dünýäniň ýaşaýşyny, şu dünýäde ýaşaýan adamlary ýaman başlangyjyň (Hudaýyň) döreden zatlary diýip hasaplapdyr. Şol sebäpden hem maniçiler adamyň ruhuny diňe aýşy-eşreti, zynatly durmuşy we lezzetleri ýok etmek bilen arassalap bolar diýip düşündiripdirler. Ýagtylygy tümlükden, ýagşylygy ýamanlykdan arassalamagyň ýeke-täk serişdesi “ahyrzamanyň gelmegidir” diýip Mani düşündiripdir. Şonuň üçin hem her bir adam özüniň gündelik durmuşynda özündäki ýagtylygy we ýagşylygy daş-töweregi gurşap alýan ýaman dünýäden (tümlükden) azat etmäge, şeýdibem, ýagşylygyň ýamanlykdan üstün çykmagyna ýardam etmäge çalyşmaly bolupdyr. Munuň üçin adam bütin ömrüniň dowamynda et iýmekden ýüz öwürmeli, ýönekeý geýinmeli, arassa ahlakly durmuş ýörelgelerinden ugur almaly di ýlip wagyz edilipdir. Maniheýçilik boýunça ýörite saýlanan adamlara öýlenmek hem gadagan edilipdir. Maniheýçilige uýýanlar ýönekeý ýaşaýşy baýlyga garşy goýupdyrlar. Maniheýçileriň aýşy-eşretli durmuşa bolan ýigrençleri, olara jemgyýeti öz-gertmek üçin ol ýa-da beýleki bir talaplary bildirmäge ýol bermändir. Erkin adamlaryň ýowuz ezilişi, gulçulygyň galyndylary, durmuş gapma-garşylygynyň ýitileşmegi bu taglymata çykgynsyzlyk we göwnüçökgünlilik häsiýetini beripdir. Ezijilere bolan ýigrenç şeýle güýçli bolandygy sebäpli daýhanlar, senetçiler we gullar maniheýçiligiň bu dünýäniň ýumrulmagy ýa-da ahyrzamanyň gelmegi bilen baglanyşykly ynançlaryna duýgudaşlyk bildiripdirler. Başda sasanylar maniheýçiligiň ýaýramagyna päsgel bermändirler. Emma, haçan-da onuň döwlete we zoroastrizm dinine garşy meýilleri ýüze çykyp ugrandan soň, olary ýowuz yzarlap başlaýarlar. Mani tussag edilýär we 276-njy ýylda öldürilýär. Onuň tarapdarlary gizlenmäge mejbur bolup¬dyrlar. Bu taglymat günbatara – Wizantiýanyň mülklerine-de ýaýrapdyr, ýöne bu ýerde-de maniçiler ýowuz yzarlanylypdyr. Maniheýçileriň taglymaty şol döwrüň ýurtlarynyň ilatynyň aňyna uly täsir edipdir. Orta Aziýada maniheýçilik, esasan, Sogdyň şäherlerinde giňden ýaýrapdyr, bu ýerden bolsa Gündogar Türküstana, ondan hem aňyrlygyna – Hytaýa aralaşypdyr. Türkmenistanyň çäklerinde maniheýçiligiň ýaýrandygyna şaýatlyk edýän anyk subutnamalar saklanyp galmadyk bolsa-da, Maniniň taglymatyna eýerijileriň Nişapur, Hyrat, Balh ýaly sebitdeş şäherlerde bolanlygyndan çen tutup, Gü-norta Türkmenistanyň ilatynyň, hususan-da, Merwiň, Sarahsyň, Apawarktikenanyň, Nusaýyň we beýleki şäherleriň ilatynyň arasynda hem bu mezhebiň tarapdarlarynyň bolandygyny çaklamak mümkin. Mazdakçylyk Maniheýçilik köp wagtlap gizlinlikde ýaşaýar we sasany jemgyýetiniň durmuşyna täsir etmegini dowam etdirýär. Maniheýçilik giçkiräk döwürde başgarak görnüşde ýene-de döreýär. Ol hereket mazdakçylyk diýlip atlandyrylýar. Mazdakçylyk dini-filosofiki akym bolup, ol maniheýçilik we zoroastrizm bilen ýakyn baglanyşyklydyr. Bu taglymat öz gözbaşyny III asyryň ortalarynda dörän zaraduştakan dini akymyndan alyp gaýdýar. Ýöne soň bu akymyň ýolbaşçysy Mazdagyň ady bilen baglanyşdyryp, oňa «mazdakçylyk» diýip at beripdirler. Mazdakçylygyň maniheýçilikden tapawutlanýan ýeri, bu akyma uýýanlar ýagtylygyň tümlükden, ýagşylygyň ýamanlykdan üstün çykmagynyň ka-nunalaýykdygyny, adalaty şu dünýäde ýaşalýan wagty, ahyrzaman gelmezden amala aşyryp boljakdygyna ynanypdyrlar. Mazdakçylyga görä, ýagtylyk aňly-düşünjeli, tümlik bolsa tötänleýin we tertipsiz hereket edipdir. Şundan ugur alyp, mazdakçylar ýamanlyk bilen göreşmegiň doly mümkindigini we Ýer ýüzünden ýamanlygy ýok edip boljakdygyny belläpdirler. Tümlügiň we ýamanlygyň düýp mazmunyny mazdakçylar durmuş we emläk deňsizliginde görüpdirler. Şolary hem birinji nobatda ýok etmek göz öňünde tutulypdyr. Öz maksatlaryny amala aşyrmak üçin mazdakçylar barly gatlaklaryň ýerlerini we baýlyklaryny ellerinden alypdyrlar. Ýerleri oba je-magatlarynyň ygtyýaryna berip, baýlaryň emläklerini garyplaryň arasynda paýlapdyrlar. Şol döwürden galan taryhy çeşmeleriň birinde: «Eger-de kim-de kim artykmaç emläge, aýallara we gullara eýeçilik edýän bolsa, bir adam beýleki bir adamdan köp zada eýeçilik etmez ýaly, şol baýlyklary biz olaryň ellerinden alarys we beýlekilere bereris» diýlip ýazylypdyr. Mazdakçylar beýleki talaplar bilen bir hatarda «aýallaryň umumylygyny» hem talap edipdirler. Sebäbi V asyrda Sasanylar döwletinde ilatyň giň gatlaklary iňňän garyp durmuşda ýaşapdyrlar. Şol sebäpden hem erkek adamlaryň aglabasy üçin öýlenmek we maşgalaly bolmaklyk uly meselä öwrülipdir. Iri dehkanlaryň, begzadalaryň we azatlaryň öýlerinde bolsa onlarça aýallar saklanylypdyr. Sasanylar jemgyýetinde emele gelen bu ýagdaý mazdakçylaryň arasynda aýallaryň umumy, ýagny ortalyk bolmagy baradaky ahlaksyz talaplaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Emma şeýle ahlaksyz talaplar sasany jemgyýetiniň käbir böleginde mazdakçylara bolan ýigrenji hem oýarypdyr. Mazdakçylaryň gozgalaňy 491-nji ýylda – ýurtda açlyk bolan wagty başlaýar. Gozgalaňyň başynda Mazdagyň hut özi durupdyr. Ol ähli ammarlaryň açylmagyny talap edipdir. Sasany patyşasy Kawad (488–496-njy we 499–531-nji ýyllar) birnäçe ýyllap mazdakçylary goldapdyr we Mazdagy özüne maslahatçy edip alypdyr. Sebäbi patyşa mazdakçylaryň kömegi bilen boýunegmezek baý azatlary we ruhanylary özüne tabyn etmek isläpdir. Emma patyşanyň garşydaşlary güýçli bolup çykypdyrlar. Patyşanyň syýasatyndan nägile bolan ruhanylar, harbylar birleşipdirler we 496-njy ýylda olar Kawady häkimiýetden agdaryp, zyndana taşlaýarlar. Emma 499-njy ýylda Kawada tussaglykdan gaçmak başardypdyr we eftalylaryň kömegi bilen ýene-de Eýrana dolanyp gelýär. Bu gezek ol öz garşydaşlary bilen ylalaşypdyr we mazdakçylardan arany açýar. Kawad 529-njy ýyla çenli mazdakçylary doly derbi-dagyn edýär. Mazdakçylyk basylyp ýatyrylandan soň sasany hökümdary Hysrow I Anuşirwan (531–579) birnäçe özgertmeleri amala aşyrýar. Mazdakçylyk döwründe garyp düşen, emlägi talanan baýlara her hili kömekleri beripdir. Anuşirwan Adyl ruhanylaryň täsirini belli bir derejede peseldipdir. Öňki döwürlerde Mobedan mobet (Beýik ruhany) döwletde ikinji adam bolan bolsa, indi onuň ýerini döwletdäki wazurg-framadar (giçki döwürde – wezir) eýeläpdir. Çeşmeleri: 1. Nasyreddin Rabguzy. Kysasy Rabguzy (Kysasyl enbiýa). I jilt. Aşgabat: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. 2. Nasyreddin Rabguzy. Kysasy Rabguzy (Kysasyl enbiýa). II jilt. Aşgabat: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. 3. Türkmenistanyň taryhy. I tom. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty. Aşgabat: Ylym, 2017 4. https://ru.wikipedia.org/wiki/Лжепророки. 5. https://en.wikipedia.org/wiki/Nabuwat. 6. https://muntaqa.info/improrok/&l10n. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |